«Men siziň bilen bolaryn»
«Köp adamlar eýläk-beýläk ýörär we hakyky bilim artar» (DAN. 12:4).
1, 2. a) Isanyň häzir şägirtlerine kömek edýändigini we geljekde-de kömek etjekdigini nireden bilýäris? b) Daniýel 12:4-e laýyklykda, Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenen adamlar nähili bereketler alar?
ÖZÜŇI Jennetde göz öňüne getir. Sen her gün irden dynjyňy alyp turýarsyň, täze güne höwes bilen başlaýarsyň. Hiç ýeriň agyrmaýar, hiç bir keseliň ýok. Seniň görşüň, eşidişiň, ys alşyň we tagam duýşuň juda gowy. Sen sagdyn, edýän işiňi halaýarsyň, dostlaryň köp we hiç zadyň aladasyny etmeýärsiň. Sen Hudaýyň Patyşalygy astynda ýer ýüzünde boljak Jennetde şeýle ýaşap bilersiň. Patyşamyz Isa Mesih adamzada şeýle bereketleri berer we ýer ýüzünde ýaşajak her bir adama Ýehowa barada bilim almaga kömek eder.
2 Şol döwür wepaly adamlar ýakynlaryna hakyky Hudaý barada öwreder. Olara Ýehowa we Ogly kömek eder. Ýehowa we Isa bu babatda mesihçilere hemişe-de kömek edýärdi. Göge galmanka, Isa şägirtlerine: «Men... siziň bilen bolaryn» diýdi, sebäbi olara kömek edesi gelýärdi (Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň). Isanyň beren wadasyna ynamy berkitmek üçin, geliň, Daniýel pygamberiň 2500 ýyl munda ozal Babylda ýazan pygamberligine seredeliň. Ol biziň günlerimiz barada: «Köp adamlar eýläk-beýläk ýörär we hakyky bilim artar» diýdi (Dan. 12:4). Şu aýatda «eýläk-beýläk ýöremek» diýip terjime edilen ýewreý sözi bir zady çuňňur öwrenmegi aňladýar. Pygamberlikden görnüşi ýaly, Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýän adamlar Hudaýyň Sözünden hakyky, ýagny dogry bilimi tapýarlar. Onsoňam, pygamberlikde: «Hakyky bilim artar» diýilýär. Diýmek, hakyky bilimi tapan adamlar ony kabul edip, hakykaty başgalara-da öwretmelidi. Şeýlelikde, ähli ýerdäki adamlar hakykaty eşitmelidi. Biz şu pygamberligiň ýerine ýetişine serederis. Şonda Isanyň şu günlerem şägirtlerine kömek edýändigine we Ýehowanyň ähli wadalaryny berjaý edýändigine ynamymyz artar.
MESIHÇILER «HAKYKY BILIMI» TAPÝAR
3. Resullar aradan çykansoň, «hakyky bilime» näme boldy?
3 Resullaryň aradan çykmagy bilen, hakyky dinden dänen adamlar köpeldi we ýalan taglymatlar ot kimin çalt ýaýrady (Res. iş. 20:28—30; 2 Sel. 2:1—3). Asyrlaryň dowamynda Mukaddes Ýazgylar barada hiç zat bilmeýänler hem, özüne mesihçi diýýänler hem «hakyky bilimi» bilmediler. Dini ýolbaşçylar Mukaddes Ýazgylara ynanýandygyny aýtsalar-da, adamlara «jynlaryň taglymatlaryny» öwredip, Hudaýy masgaralaýardylar (1 Tim. 4:1, 2). Netijede, köp adamlar Hudaý barada hakykaty bilmeýärdi. Gaýtam, olar adamyň ruhy ölmeýär we olar dowzah odunda ýanýar diýen ýalan taglymatlara ynanýardylar.
4. 1870-nji ýyllarda mesihçileriň kiçi topary nädip «hakyky bilimi» gözläp başlady?
4 Emma 1870-nji ýyllarda — «soňky günleriň» başlamagyna takmynan 40 ýyl galanda — Pensilwaniýada (ABŞ) ýaşan ak ýürekli mesihçileriň kiçi topary bilelikde Mukaddes Ýazgylary yhlasly öwrenip, «hakyky bilimi» agtarmaga başladylar (2 Tim. 3:1). Olar özüne «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler» diýýärdiler. Olar Isanyň aýdan «akyldar, düşünjeli» adamlary däl-de, Hudaýyň islegini ýürekden berjaý etmek isleýän kiçigöwünli adamlardy (Mat. 11:25). Olar Hudaýa doga edip, Mukaddes Ýazgylary dykgatly okaýardylar, pikir alyşýardylar we oýlanýardylar. Onsoňam, olar aýatlary deňeşdiripdirler we hakykaty gözlän beýleki adamlaryň kitaplaryny okapdyrlar. Olar köp adamlaryň asyrlaryň dowamynda bilmedik hakykatyny kem-kemden tapdylar.
5. «Köne taglymat» atly kitapçalar näme maksat bilen çap edildi?
5 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hakykaty tapandygyna begenseler-de, özüni hondan bärsi alyp barmaýardylar ýa-da täze bir zat tapandyrys öýtmeýärdiler (1 Kor. 8:1). Gaýtam, olar «Köne taglymat» diýen birnäçe kitapçalary çap etdiler. Şeýdip olar okyjylaryny Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlar bilen tanyşdyrmak isleýärdiler. Ilkinji kitapça okyjylaryny «ynsanlaryň ýalan däp-dessurlaryndan» ýüz öwrüp, Isanyň we resullaryň öwreden hakyky taglymatlaryny, ýagny «köne taglymaty» kabul etmek üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge çagyrypdy («Köne taglymat», No. 1, aprel 1889 ý., sah. 32).
6, 7. a) 1870-nji ýyldan başlap, Ýehowanyň Güwäçileri haýsy hakykaty bildiler? b) Haýsy hakykatlary öwrenendigiňe has-da begenýärsiň?
6 1870-nji ýyllardan bäri, Ýehowanyň Güwäçileri nähili ajaýyp hakykatlary öwrendiler!a Biziň öwrenýän hakykatlarymyz ýöne bir boş sözler däl. Olar adamlaryň durmuşyny üýtgedýär. Olar bizi bagtly edýär we gelejege umyt berýär. Şol hakykatlar söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa bilen tanyşdyrýar we onuň islegini düşündirýär. Olar bize Isanyň kimdigini, onuň näme üçin ýer ýüzüne gelip, ölendigini we häzir näme edýändigini düşündirýär. Biz şol hakykatlaryň kömegi bilen Hudaýyň näme üçin erbetlige ýol berýändigine, näme üçin ölýändigimize, nädip doga etmelidigimize we bagtly bolmak üçin näme etmelidigimize düşündik.
7 Indi biz köp wagtlap syr bolan, ýöne biziň günlerimizde ýerine ýetýän pygamberliklere düşünip bilýäris (Dan. 12:9). Şeýle pygamberlikler, esasanam, Injilde we Ylham kitabynda ýazylypdyr. Ýehowa bize hatda gözümize görünmeýän wakalara-da düşünmäge kömek etdi. Meselem, Isanyň patyşalyk tagtyna çykandygy, gökde bolan uruş we Şeýtanyň ýer ýüzüne zyňylmagy barada bildik (Ylh. 12:7—12). Onsoňam, Hudaý bize göze görünýän wakalaryň manysyny düşündirýär. Hawa, biz uruşlaryň, ýertitremeleriň, gyrgynçylyklaryň, açlyklaryň näme üçin bolýandygyna we häzirki «kyn pursatlarda» hudaýsyz adamlaryň näme üçin köpelýändigine düşünýäris (2 Tim. 3:1—5; Luka 21:10, 11).
8. Biz hakykaty görüp we eşidip bilýändigimiz üçin kimi şöhratlandyrmaly?
8 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler ne bagtly! Size aýdýaryn, köp pygamberler, patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler» (Luka 10:23, 24). Hakykaty görüp we eşidip bilýändigimiz üçin Hudaýy şöhratlandyrýarys. Şeýle-de Isanyň şägirtlerine «bütin hakykata tarap ýol görkezer» ýaly mukaddes ruhuny iberendigi üçin Ýehowa minnetdar! (Ýahýa 16:7, 13-nji aýatlary okaň). Geliň, «hakykat biliminiň» gadyryny bilip, adamlara höwes bilen gürrüň bereliň!
«KÖP ADAMLAR» «HAKYKY BILIMI» KABUL EDÝÄR
9. 1881-nji ýylyň aprel aýynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky çakylykda näme aýdyldy?
9 1881-nji ýylyň aprelinde «Garawul diňi» žurnalynyň çykyp başlanyna iki ýyl hem bolmanka, «1000 wagyzçy gerek» diýen makala çap edildi. Makalada şeýle diýilýärdi: «Kimiň ýarym gününi ýa-da köpräk wagtyny Hudaýyň işine bagş etmäge ýagdaýy bolsa, uly we kiçi şäherlere gidip, kitap paýlaýan ýa-da hoş habarçy bolup gulluk etmegi teklip edýäris. Şeýle hem hemme ýerlere aýlanyp, hakyky bilimi bolmadyk, ýöne Hudaýy söýýän ak ýürekli adamlary gözläp, Hudaý we Mukaddes Ýazgylar barada hakykaty öwretmekligi haýyş edýäris».
10. «1000 wagyzçy gerek» diýen çakylygy okan adamlar nähili seslendiler?
10 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň şeýle çakylyk bilen ýüzlenmeginiň sebäbi, olar hakyky mesihçileriň hoş habary wagyz etmelidigine düşünýärdiler. Şol wagtlar Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin ýygnaga birnäçe ýüz adam gatnaşýardy. Şol sebäpli 1000 sany wagyzçy ýygnamak aňsat däldi. Emma kitapçany ýa-da žurnallary okanlar hakykaty bilip, başgalara kömek etmek islediler. Mysal üçin, 1882-nji ýylda londonly bir okyjy Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň çap eden kitapçalaryny we «Garawul diňini» okap, şeýle ýazdy: «Hudaýyň islegine laýyk gelýän işi ýerine ýetirer ýaly, nädip we näme barada wagyz etmelidigimi maňa öwrediň».
11, 12. a) Kitap paýlaýanlaryň biziň maksadymyz bilen näme meňzeşligi bar? b) Kitap paýlaýanlar «klaslary», ýagny ýygnaklary nädip döretdiler?
11 1885-nji ýylda takmynan 300 sany Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler kitap paýlaýanlar boldular. Şu günki mesihçiler ýaly, olaryň maksady hem şägirt taýýarlamakdy. Ýöne olaryň ulanýan usullary biziňkiden tapawutlanýardy. Adatça biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny her adam bilen aýratynlykda geçýäris. Soňra ony eýýäm döredilen ýygnaga çagyrýarys. Ýöne öňler kitap paýlaýanlar edebiýatlary ýaýradyp, soňra gyzyklanýan adamlary Mukaddes Ýazgylary topar bolup öwrener ýaly ýygnaýardylar. Hersi bilen aýratyn okuw geçmegiň ýerine, olar «klaslary», ýagny ýygnaklary döredipdirler.
12 Meselem, 1907-nji ýylda kitap paýlaýanlaryň bir topary «Müňýyllyk şapagy» (oňa «Mukaddes Ýazgylary öwrenmek» hem diýilýär) kitaby bar adamlary bir şäherden gözläpdirler. «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Gyzyklanýanlary çagyryp, biriniň öýünde kiçiräk topar döredipdirler. Ýekşenbe güni tutuş gün kitap paýlaýan dogan Hudaýyň adamzat üçin niýeti barada gürrüň berdi we indiki ýekşenbe güni ýygnaklary yzygiderli geçirmäge höweslendirdi». 1911-nji ýylda doganlar bu düzgüni üýtgetdiler. 58 sany ýörite aýlanýan gullukçylar Kanadada we ABŞ-da jemagat dokladlary bilen çykyş etdiler. Olar doklady diňlemäge gelen adamlaryň atlaryny we adreslerini alyp, hususy öýlerde ýygnanyşar ýaly, olardan täze «klaslar» döredýärdiler. 1914-nji ýylda bütin ýer ýüzi boýunça ýygnaklaryň sany 1200-e ýetdi.
13. Biziň günlerimizde «hakyky bilimiň» ýaýraýşy sizi näme üçin haýran galdyrýar?
13 Şu günler bütin dünýäde takmynan 109 400 ýygnak bar we 895 800 töweregi dogan-uýalar pioner bolup gulluk edýärler. Adamlaryň sekiz milliona golaýy «hakykat bilimini» alyp, durmuşynda ulanýarlar (Işaýa 60:22-ni okaň)bc. Bu sanlar bizi haýran galdyrýar, sebäbi Isa şägirtlerine: «Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener» diýipdi. Şeýle hem şägirtleriniň yzarlanjagyny, tussag ediljegini, hatda öldüriljegini öňünden aýdypdy (Luka 21:12—17). Şeýtanyň, onuň jynlarynyň we adamlaryň garşylygyna garamazdan, Ýehowanyň halky şägirt taýýarlamak işinde ägirt uly üstünlik gazanýarlar. Biziň günlerimizde olar «dünýäniň ähli ýerinde», ýagny ok geçmez jeňňellerden başlap, demirgazyk giňişliklerine çenli, daglarda, çöllerde, şäherlerde we iň çetki obalarda wagyz edýärler (Matta 24:14). Hudaýyň kömegi bolmadyk bolsa, beýle işleri amala aşyryp bolmazdy.
«HAKYKY BILIM» KÖPELÝÄR
14. «Hakyky bilimiň» köpelmegine kitaplar we žurnallar nädip kömek etdi?
14 «Hakyky bilim» hoş habaryň wagyz edilmegi netijesinde we kitap-žurnallar arkaly köpeldi. 1879-njy ýylyň iýul aýynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «Garawul diňi» žurnalyny çap edip başladylar. Şol wagtlar bu žurnala «Sionyň garawul diňi we Isanyň barlygynyň buşlukçysy» diýilýärdi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler iňlisçe çykan ilkinji žurnalyň 6000 nusgasyny hususy çaphanada çap etdirdiler. 27 ýaşly Çarlz Teýz Rassell redaktor bellendi, ýene-de bäş tejribeli dogan bolsa žurnalda çykýan makalalary ýazdylar. Şu günler «Garawul diňi» žurnalynyň her sany 195 dilde 42 million 182 müň nusga bilen çap edilýär. Bu ýer ýüzünde iň giňden ýaýran žurnaldyr. Dünýäde ikinji iň giňden ýaýran žurnal «Oýanyň!» žurnaly. Onuň her sany 84 dilde 41 million 42 müň nusga bilen çap edilýär. Mundan başga-da, her ýyl takmynan 100 milliondan gowrak Mukaddes Ýazgylar we kitaplar çap edilýär.
15. Biziň edebiýatlarymyz nämäniň hasabyna çap edilýär?
15 Bu ägirt iş meýletin berilýän pullaryň kömegi bilen amala aşyrylýar (Matta 10:8-okaň). Neşirýat işi bilen meşgullanýan adamlar muňa haýran galýarlar, sebäbi olar tehnikanyň, kagyzyň, reňkleriň we beýleki gerek zatlaryň juda gymmatdygyny bilýärler. Beýtel çaphanalary üçin zat satyn alýan dogan şeýle diýýär: «Çaphanalary görmäge gelýän işewür adamlar öňdebaryjy we ýokary öndürijilikli tehnologiýany diňe meýletin berlen pula satyn alnandygyna geň galýarlar. Onsoňam, Beýtelde işleýänleriň ýaş hem şadyýandygyna haýran galýarlar».
ÝEHOWA BARADA BILIM BÜTIN ÝER ÝÜZÜNI DOLDURAR
16. Ýehowa «hakyky bilimi» näme maksat bilen köpeltdi?
16 Ýehowa «hakyky bilimi» köpeltdi, sebäbi «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändir» (1 Tim. 2:3, 4). Ýehowa adamlaryň hakykaty bilip, dogry sežde etmegini we bereketler almagyny isleýär. Onsoňam, Ýehowa «hakyky bilimi» köpeltmek bilen mesh edilen mesihçileriň wepaly galyndysyny ýygnady. Şeýle-de Hudaý «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden» «uly märekäni» ýygnady. Olar ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler (Ylh. 7:9).
17. Ýehowanyň gullukçylarynyň gitdigiçe köpelmegi näme aňladýar?
17 Soňky 130 ýylyň dowamynda bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň gullukçylarynyň sany gitdigiçe köpelýär. Diýmek, Ýehowa we bellenen Patyşa Isa Mesih ýer ýüzündäki gullukçylaryna kömek edýär, ýol görkezýär, goraýar, tertip-düzgüne salýar we bilim berýär. Bu ösüş Ýehowanyň geljekde beýleki wadalaryny hem berjaý etjekdigini subut edýär. «Bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar» (Iş. 11:9). Şonda adamzat başga-da köp bereketler alar!
a Köpräk bilmek üçin «Ýehowanyň Güwäçileri — imanyny iş ýüzünde görkezýän adamlar. 1-nji bölüm. Nur parlasyn» hem-de «Ýehowanyň Güwäçileri — imanyny iş ýüzünde görkezýän adamlar. 2-nji bölüm. Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn» atly (rus.) DVD-filmlere serediň.
b Işaýa 60:22 Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men — Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.
c «Işaýanyň pygamberligi — ähli adamzat üçin nurdur» atly kitabyň II tomunyň (rusça) 320-nji sahypasyna seret.
[6-njy sahypadaky surat]
Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Hudaýyň islegini ýürekden berjaý etmek isleýän kiçigöwünli adamlardy
[7-nji sahypadaky surat]
Hudaý barada «hakyky bilimi» ýaýratmak üçin edýän tagallaňy Ýehowa gymmat saýýar