Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/10 sah. 32
  • Çagalardan gelen ruhlandyryjy hat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Çagalardan gelen ruhlandyryjy hat
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Olar höwes bilen gulluk edýärler. Russiýa
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ýehowanyň halky kazyýetde ýeňiş gazanýar!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Çagalara Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/10 sah. 32

Çagalardan gelen ruhlandyryjy hat

2009-njy ýylyň dekabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Kazyýeti Taganrogdaky (Russiýa) ýerli Ýehowanyň Güwäçileriniň guramasyny ýatyrmak baradaky karary goldady. Olaryň Patyşalyk zaly döwlet haýryna geçirildi we biziň 34 sany edebiýatymyz gadagan edildi. Bu karar Ýehowanyň Güwäçilerine we olaryň çagalaryna täsir etdi. Olaryň suratlary we bu erbet täzelik Ýehowanyň Güwäçileriniň resmi Internet sahypasynda çap edildi.

[32-nji sahypadaky suratlar]
Awstraliýadaky çagalar

[32-nji sahypadaky suratlar]

Birnäçe aý geçenden soň, Russiýadaky Ýehowanyň Güwäçileriniň merkezi Dolandyryş edarasyna Kwinslend ştatynda (Awstraliýa) ýaşaýan Ýehowanyň Güwäçileriniň maşgalasyndan hat bilen sowgat geldi. Olar kazyýetiň kararyny okap, şeýle hat ýazdylar: «Gadyrly doganlar! Biziň çagalarymyza, ýagny Kodi bilen Larisa Russiýadaky doganlaryň synaglarda çydamlylygy we imany diýseň täsir etdi. Olar birnäçe otkrytka we hat ýazdylar. Şeýle-de biz Taganrogdaky çagalar üçin sowgat ýolladyk. Biz olaryň özlerinden gaty uzakda Ýehowa wepaly gulluk edýän we olary ýatlaýan çagalaryň bardygyny bilmegini isledik. Kodi bilen Larisa çagalaryň ählisini berk gujaklap, öz söýgüsini bildirýärler».

Awstraliýadaky çagalar

Taganrogdaky çagalar sowgatlary kabul edip, Awstraliýadaky maşgala minnetdarlyk haty bilen bilelikde surat çekip ýolladylar. Russiýadaky filialdan bir dogan «çagalaryň... agzyndan» çykan ruhlandyryjy sözlere tolgunyp, Kodi bilen Larisa şeýle hat ýazdy: «Etmedik işiň üçin jeza almaklyk, hem çagalara, hem ululara agyr degýändigini göz öňüne getirýän bolsaňyz gerek. Biziň Taganrogdaky dogan-uýalarymyz hiç hili erbet iş etmeseler-de, olaryň Patyşalyk zalyny elinden aldylar. Muňa olar örän gynandylar. Ýer şarynyň beýleki künjeginde kimdir biriniň olar hakda oýlanýandygyny bilenlerinde, dogan-uýalar örän begenerler. Siziň bildiren söýgiňiz we jomartlygyňyz üçin, biz köp sagbolsun aýdýarys!» (Zeb. 8:2).

Awstraliýadaky çagalardan (sagda) sowgat alan Russiýadaky çagalar (çepde)

[32-nji sahypadaky suratlar]
Awstraliýadaky çagalardan (sagda) sowgat alan Russiýadaky çagalar (çepde)

[32-nji sahypadaky suratlar]

Hakykatdan-da, biz bütindünýä doganlygyň agzalary we biziň birek-birege bildirýän söýgimiz, ählimize synaglara hem-de kynçylyklara hötde gelmäge kömek edýär. Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatlaryna bolan ýigrenç we kazyýet dawalary möwjese-de, biziň çagalarymyz biri-biriniň abadançylygynyň aladasyny edýärler. Olara döwlet serhetleri we medeniýetiň dürli-dürliligi päsgel bermeýär. Bu Isanyň sözleriniň hakykatdygyny subut edýär: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:35).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş