Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/7 sah. 4—9
  • Ýehowanyň halky kazyýetde ýeňiş gazanýar!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň halky kazyýetde ýeňiş gazanýar!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • JENAÝAT DERŇEWI BAŞLANÝAR
  • KAZYÝETDE MUKADDES ÝAZGYLARA SEREDILÝÄR
  • DELILSIZ AÝYPLAMALAR
  • BIZ ÝEŇIŞ GAZANSAK-DA, GÖREŞ DOWAM EDÝÄR
  • KAZYÝET BIZE GARŞY KARAR ÇYKARÝAR
  • HÜJÜM GÜÝÇLENÝÄR
  • KAZYÝETDE «GÜWÄLIK» BOLDY
  • Hudaýa erkin sežde etmek üçin göreşýäris
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Patyşalygyň wagyzçylary kazyýete ýüz tutýar
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/7 sah. 4—9

Ýehowanyň halky kazyýetde ýeňiş gazanýar!

1991-nji ýylda Ýehowanyň Güwäçileriniň dini Sowet Soýuzynda resmi taýdan hasaba alyndy. Sowet Soýuzy ýykylanda, täze Russiýa hökümeti Ýehowanyň Güwäçilerini hem Russiýadaky resmi dinleriň hataryna goşdy. Täze hökümet, öňki hökümetiň doganlarymyzy yzarlandygyny boýun aldy. 1993-nji ýylda Moskwa şäheriniň Adalat ministrligi Güwäçileri «Ýehowanyň Güwäçileriniň Moskwadaky jemgyýeti» hökmünde kanun taýdan hasaba aldy. 1993-nji ýylda Russiýa täze Konstitusiýany kabul etdi. Şol Konstitusiýada her bir adamyň öz dinine uýmaga haklydygy aýdylýar. Muňa ençeme ýyl garaşan dogan-uýalarymyz örän begendiler.

Şondan soň Russiýadaky dogan-uýalar hoş habary has yhlasly wagyz edip başladylar we köp adamlar hakykaty bildi (2 Tim. 4:2). 1990-njy we 1995-nji ýyllar aralygynda Moskwadaky Güwäçileriň sany 300-den 5 müňe ýetdi! Muňa Ýehowanyň Güwäçileriniň duşmanlary gaty gaharlandylar. Wagtyň geçmegi bilen, olar kazyýet arkaly Ýehowanyň halkyna hüjüm edip başlady.

JENAÝAT DERŇEWI BAŞLANÝAR

Ilkinji hüjüm 1995-nji ýylyň iýun aýynda başlandy. Russiýanyň Prawoslaw buthanasynyň öjükdirmegi bilen Moskwada bir gurama doganlarymyzy jenaýatçylykda aýyplady. 1996-njy ýylyň iýun aýynda sülçüler Ýehowanyň Güwäçilerine garşy hiç hili deliller tapmandygyny aýtdylar. Emma Moskwadaky şol gurama doganlarymyzy şol bir zatda dört gezekden hem köp aýypladylar. Her sapar hem sülçüler delil gözlese-de, Ýehowanyň Güwäçilerine garşy hiç zat tapmady. Ahyry 1998-nji ýylyň 13-nji aprelinde kazyýet işi ýapyldy.

Prokuraturanyň sülçüsi Ýehowanyň Güwäçileriniň jenaýat kodeksini bozandygyny subut edýän deliliň ýokdugyny aýtdy. Ýöne soňra şol wekil Güwäçileriň wagzyny togtatmak üçin olara garşy graždan talap arzasyny ýazmagy maslahat berdi. Graždan talap arzasy polisiýa tarapyndan däl-de, adamlar tarapyndan ýazylýan arz-şikaýat. Emma Moskwa şäheriniň Demirgazyk Administratiw etrabynyň prokurory doganlara garşy graždan talap arzasy bilen kazyýete ýüz tutdy. Şeýlelikde, 1998-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Moskwa şäheriniň Golowinsk etrap kazyýetinde kazyýet işi başlandy.

KAZYÝETDE MUKADDES ÝAZGYLARA SEREDILÝÄR

Bu sapar prokuror Tatýana Kondratýewady. Ol Güwäçilere hüjüm etmek üçin 1997-nji ýylda çykan kanuny ulandy. Şol kanuna laýyklykda, prawoslaw, yslam, iudaizm we buddizm ýaly dinler döwletiň ykrar eden dinleri hasaplanýar. Bir gazetde aýdylyşy ýaly, Russiýanyň prawoslaw buthanasy hökümete şol kanuny çykartmak üçin köp tagalla etdi, sebäbi buthana hökümetiň Ýehowanyň Güwäçilerini gadagan etmegini isleýärdi («Associated Press», 25-nji iýun, 1999 ý.). Kazyýet şol kanun boýunça adamlaryň arasynda ýigrenç döredýän dini gadagan edip bilýär. Prokuroryň aýtmagyna görä, hökümet Ýehowanyň Güwäçilerini gadagan etmeli, sebäbi olar adamlary ýigrenmegi öwredýär we maşgalany bozýar.

Doganlary goraýan aklawçy: «Moskwadaky ýygnaklardan kim şu kanuny bozup, adamlary ýigrenmegi öwredýär?» diýip sorady. Prokuror hiç kimiň adyny aýdyp bilmedi. Ýöne ol Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatynda, olaryň dini hakyky din we başga dindäki adamlary ýigrenmek öwredilýär diýdi.

Bir aklawçy doganymyz kaza we prokurora Mukaddes Ýazgylary berip, Efesliler 4:5-i okaýar. Bu aýatda: «Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir» diýilýär. Kazynyň, prokuroryň hem-de aklawçynyň elinde Mukaddes Ýazgylar bardy we olar käbir aýatlar, şol sanda Ýahýa 17:18 hem Ýakup 1:27 barada gürrüň etdiler. Soňra kazy: «Şu aýatlar başga dindäki adamlara ýigrenç döredýärmi?» diýip sorady. Prokuror Mukaddes Ýazgylardan başy çykmaýandygy üçin, pikiriniň wajyp däldigini aýdýar. Soňra aklawçy Russiýanyň prawoslaw buthanasynyň Ýehowanyň Güwäçilerine garşy ýazan edebiýatyny görkezip, şeýle sorag berdi: «Şu aýdylýanlar kanuna garşy dälmi?» Prokuror ýene-de din boýunça spesialist bolmandygy üçin, pikiriniň ähmiýetsizdigini aýtdy.

DELILSIZ AÝYPLAMALAR

Prokuror Güwäçileri maşgalalary bozmakda aýyplap, olaryň baýramçylyklary bellemeýändigini delil hökmünde getirdi. Onsoňam, ol Güwäçileriň çagalaryna dynç almaga we göwün açmaga rugsat bermeýändigini aýtdy. Soňra ol Russiýanyň kanunlarynyň baýramçylyklary bellemegi talap etmeýändigini boýun aldy. Şol prokuror hiç haçan Ýehowanyň Güwäçileriniň çagalary bilen gürleşmändigini we olaryň ýygnagyna baryp görmändigini aýtdy.

Prokuror psihiatriýa boýunça professory çagyryp, kazyýetde pikirini aýtmagy haýyş etdi. Professoryň aýtmagyna görä, biziň edebiýatymyz adamlaryň aňyna zyýan ýetirýär. Ol şu kazyýet işi barada ýazanlarynyň köpüsini Moskwanyň prawoslaw buthanasynyň ýolbaşçylarynyň ýazan dokumentlerinden göçürip alandygyny boýun aldy. Şeýle-de ol Ýehowanyň Güwäçilerini hiç haçan bejermändigini aýtdy. Kazyýete çagyrylan başga lukman Moskwadaky 100-den gowrak Güwäçini barlandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, şol Güwäçiler akyl taýdan sagdyn, olar Ýehowanyň Güwäçisi bolup, başga diniň wekillerine öňküden has köp hormat goýup başladylar.

BIZ ÝEŇIŞ GAZANSAK-DA, GÖREŞ DOWAM EDÝÄR

1999-njy ýylyň 12-nji martynda kazy ýene-de Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatyny barlamak üçin, bäş adamy belläp, kazyýet işine seredilmegi biraz soňa goýdy. Emma mundan öň, Russiýanyň Adalat ministrligi hem edebiýatymyzy barlamagy hünärmenler toparyna tabşyrypdy. 1999-njy ýylyň 15-nji aprelinde şol topar edebiýatlarymyzda hiç hili erbet zadyň ýokdugyny aýtdy. Şeýlelikde, 1999-njy ýylyň 29-njy aprelinde Adalat ministrligi Ýehowanyň Güwäçileriniň Russiýada resmi taýdan hasaba alnan din hökmünde işini dowam etdirip biljekdigini aýtdy. Şonda-da Moskwa şäheriniň kazyýeti saýlan bäş adamy edebiýatymyzy barlamaly diýdi. Bu ýagdaý geň galdyrýardy. Sebäbi Russiýanyň Adalat ministrligi Ýehowanyň Güwäçileri kanuna gulak asýar we resmi din diýipdi. Şol wagt Moskwa şäheriniň Adalat ministrligi hem Güwäçileri kanuny bozmakda aýyplanýandygy üçin barlaýardy!

Iki ýyldan Moskwada kazyýet işi ýene-de gozgaldy. 2001-nji ýylyň 23-nji fewralynda kazy Ýelena Prohoryçewa Moskwada Ýehowanyň Güwäçileriniň işini gadagan etmäge hiç hili esas ýok diýen karara geldi. Ahyry kazyýet doganlarymyza garşy ähli aýyplamalaryň ýalandygy hakynda karar çykardy! Ýöne prokuror şeýle karar bilen ylalaşmady we Moskwa şäher kazyýetinden işe gaýtadan seretmegi haýyş etdi. Üç aýdan, ýagny 2001-nji ýylyň 30-njy maýynda kazyýet kazy Prohoryçewanyň kararyny ýatyrdy. Kazyýet başga işi gozgady, şol işe öňki prokuror gatnaşdy, ýöne başga kazy bellendi.

KAZYÝET BIZE GARŞY KARAR ÇYKARÝAR

2001-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ýene-de kazyýet işi gozgaldy. Bu gezek bolsa, kazy Wera Dubinskaýady. Prokuror Kondratýewa ýene-de Ýehowanyň Güwäçileri adamlaryň arasynda ýigrenç döredýär diýip aýyplady. Emma soňra ol Ýehowanyň Güwäçileriniň öz bähbidi üçin hökümet tarapyndan gadagan edilmelidigini aýtdy! Muny eşiden Moskwadaky 10 müň Ýehowanyň Güwäçileriniň ählisi kazyýete arza ýazyp, beýle «goragyň» gerek däldigini aýtdy. Geň galaýmaly, mundan edil on ýyl öň hem, 1991-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Sowet hökümeti Ýehowanyň Güwäçilerini dini sebäpli yzarlandygyny açyk boýun alypdy.

Prokuror Güwäçileriň erbet zat edýändigini tassyklamagyň geregi ýok, sebäbi kazyýetde Ýehowanyň Güwäçileriniň edýän işlerine däl-de, olaryň edebiýatlaryna we ynançlaryna seredilýär diýdi. Ol kazyýete şaýat hökmünde prawoslaw buthanasyndan adam çagyrmakçydygyny aýtdy. Diýmek, Ýehowanyň Güwäçilerini gadagan etmek isleýän, aslynda, Russiýanyň prawoslaw buthanasynyň ýolbaşçylary eken. 2003-nji ýylyň 22-nji maýynda kazy Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatlaryny dini taýdan barlamagy ýene-de hünärmenler toparyna tabşyrdy.

2004-nji ýylyň 17-nji fewralynda kazyýet barlagyň netijesini diňlemek üçin ýygnandy. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, biziň edebiýatlarymyz adamlara bagtly maşgala gurmagy öwredýär. Olar adamlaryň arasynda ýigrenç döredýän hiç bir zady tapmandyrlar. Munuň bilen beýleki hünärmenler hem ylalaşdy. Kazy dini taryh boýunça professordan: «Eýsem, Ýehowanyň Güwäçileri näme üçin wagyz edýär?» diýip sorady. Professor her bir mesihçiniň wagyz etmelidigini aýtdy. Ol Mukaddes Ýazgylarda wagyz etmeli diýilýändigini, Isa Mesihiň hem şägirtlerine ähli ýurtlarda wagyz etmegi tabşyrandygyny aýtdy. Şeýle delillere garamazdan, 2004-nji ýylyň 26-njy martynda kazy Moskwadaky Ýehowanyň Güwäçileriniň işini gadagan etdi. 2004-nji ýylyň 16-njy iýunynda Moskwa şäher kazyýeti şol karary goldady. Indi Moskwadaky ýygnaklaryň resmi guramasy ýokdy. Biziň duşmanlarymyz doganlara kynçylyk döretse, olar wagyz etmegini bes ederler öýdýärdi.

Doganlar näme etdi? Moskwadaky doganlarymyza duşmanlar päsgel berip bilmedi. Olar hoş habary wagyz etmegi dowam etdi (1 Pet. 4:12, 16). Olar Ýehowanyň kömek etjekdigini bilýärdi. Doganlar Ýehowa sežde etmek hukugyny kanun arkaly goramaga taýýardy.

HÜJÜM GÜÝÇLENÝÄR

2004-nji ýylyň 25-nji awgustynda doganlarymyz Russiýanyň şol wagtky prezidenti Wladimir Putina arza ýazdylar. Olar şol arzada Moskwa kazyýeti tarapyndan işiniň gadagan edilmegi sebäpli, ýüze çykan kynçylyklary barada aýtdylar. Şol arza 76 tomdan ybarat bolup, oňa 315 müň adam gol çekdi. Şol wagt hem Russiýanyň prawoslaw buthanasynyň ýolbaşçylary: «Biz Ýehowanyň Güwäçileriniň işine garşy» diýdiler.

Käbir adamlar Ýehowanyň Güwäçileri barada aýdylan ýalan aýyplamalara ynanyp, olara topulyp başladylar. Olar Moskwada wagyz edýän Güwäçileri urýardy we ýençýärdi. Bir adam gaharlanyp, uýany wagyz edip ýören jaýyndan kowup, aýagy bilen arkasyndan şeýle depýär welin, uýa ýykylyp, kellesi ýere degýär. Ol keselhanada bejergi almaly bolýar. Ýöne polisiýa şol adamy tussag etmedi. Şeýle-de polisiýa işgärleri ençeme Güwäçileri jenaýatçylar ýaly tussag edip, daňdana çenli sakladylar. Ýygnak geçirmäge zal berýän adamlar hem işini ýitirmekden gorkup, doganlara zaly kärendesine bermediler. Ýygnaklaryň köpüsiniň duşuşyk geçirere ýeri ýokdy. Meselem, 40 ýygnak bir binada ýerleşýän dört sany Patyşalyk zalyny ulanmaly boldy. Şol ýygnaklaryň biri Jemagat duşuşygy üçin sekiziň ýarynda duşuşýar. Bir aýlanýan gözegçiniň aýtmagyna görä, wagyzçylar ýygnaga barmak üçin sagat bäşde tursa-da, olar şadyýandy. Olar bir ýyldan gowrak şeýle duşuşmaly boldy.

KAZYÝETDE «GÜWÄLIK» BOLDY

Güwäçiler Moskwada wagyz işiniň gadagan edilmeginiň kanuna garşydygyny subut etmek isleýärdiler. Şeýlelikde, 2004-nji ýylyň dekabr aýynda biziň aklawçylarymyz Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetinden kömek soradylar. Kazyýet ähli aýyplamalary öwrenip, alty ýyldan, ýagny 2010-njy ýylyň 10-njy iýunynda Güwäçileriň günäkär däldigi hakynda karar çykardy! Kazyýet aýyplamalaryň düýbünden ýalandygyny aýtdy. Şeýle-de kazyýet Russiýa hökümetiniň Güwäçileri gadagan etmek barada çykaran kararyny ýatyrmagy we ýagdaýy düzetmek üçin ähli zady etmelidigini tabşyrdy. Şeýle karary eşidip, Russiýa hökümeti karara täzeden seredilmegini isledi. Şol sebäpli olar kazyýetdäki iň ýokary organa, ýagny Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetiniň Ýokary palatasyna ýüz tutdular. Emma 2010-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Ýokary palatanyň bäş kazysy bu işe seretmek zerur däl diýen karara geldi. Şeýlelikde, 2010-njy ýylyň 10-njy iýunynda çykan karar gutarnykly we berjaý edilmelidi. («Kazyýetiň karary» diýen çarçuwa seret).

Kazyýet Ýewropanyň adam hukuklary baradaky konwensiýasy (halkara şertnama) Ýehowanyň Güwäçileriniň işini goraýar diýen netijä geldi. Şol karar diňe Russiýa degişli däldi. Ol Ýewropa sowetiniň agzasy bolan beýleki 47 döwlete hem degişlidi. Şu karar adam hukuklaryny öwrenýän ençeme kazylary, hukukçylary we beýleki adamlary gyzyklandyrdy. Näme üçin? Sebäbi kazylar karara gelmek üçin, kazyýetiň Ýehowanyň Güwäçileriniň peýdasyna öňki çykaran sekiz kararyna esaslandy. Onsoňam, olar Argentinanyň, Kanadanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Günorta Afrikanyň, Ispaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we ABŞ-nyň Ýokary kazyýetleriniň Ýehowanyň Güwäçileriniň peýdasyna çykaran dokuz kararyna esaslandylar. Indi bütin dünýäde ýaşaýan Ýehowanyň Güwäçileri Kazyýetiň kararyna esaslanyp, sežde etmek hakyny gorap bilýär.

Isa şägirtlerine: «Milletlere güwälik bolar ýaly... hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltilersiňiz» diýdi (Mat. 10:18). Soňky 15 ýylyň içinde Russiýada bolan kazyýet işleri Moskwada we başga ýerlerde ýaşaýan adamlara Ýehowa barada has-da köp eşitmäge mümkinçilik döretdi. Şol kazyýet işlerinde bolan wakalar «güwälik» boldy we «Hoş Habaryň ýaýramagyna» ýardam etdi (Flp. 1:12). Bize Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge hiç kim we hiç zat päsgel berip bilmez. Biz Russiýadaky söýgüli we batyrgaý dogan-uýalarymyza kömek eder ýaly, Ýehowa doga edýäris.

[6-njy sahypadaky çarçuwa]

Kazyýetiň karary

Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetiniň çykaran käbir kararlary.

Ýehowanyň Güwäçileri maşgalalary bozýar diýip aýyplandy. Kazylar bu aýyplama ýalan diýip karar çykardy. Olar şeýle diýdi:

«Dawa-jenjel iman edýän adamyň dine uýmaýan maşgala agzalary sebäpli döreýär. Çünki olar oňa (Güwäçä) garşy bolýar we öz dinine uýmaga, dini işlerine gatnaşmaga päsgel berip, erkinligine hormat goýmaýar» (abzas 111).

Şeýle-de Ýewropanyň kazyýetiniň kazylary Ýehowanyň Güwäçileri «adamlaryň aňyna zyýan ýetirýär» diýen aýyplama hiç hili delil tapmady. Olar şeýle diýdi:

«Ýewropa kazyýeti şeýle usullaryň ulanylmagy netijesinde, wyždan azatlygyna hukugy bozulan hiç bir adamyň adyny (Russiýadaky) kazyýetleriň görkezmändigine aýratynam üns berýär» (abzas 129).

Ýene-de bir aýyplama görä, Ýehowanyň Güwäçileri gan goýbermäge rugsat bermän, imandaşlarynyň saglygyna zyýan ýetirýär. Ýewropanyň kazyýetiniň kazylary bu aýyplamany kabul etmedi. Olar şeýle diýdi:

«Öz ykbalyňy çözmek we özbaşdaklyk prinsiplerine eýermek üçin, belli bir bejergä razy bolmak, ondan ýüz öwürmek ýa-da gansyz bejergini saýlamak erkinligi örän ähmiýetlidir. Aňly-düşünjeli, kämillik ýaşyna ýeten syrkaw, meselem, operasiýa, bejergi, şol sanda ganly bejeriş barada özi karara gelmäge haklydyr» (abzas 136).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş