Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/7 sah. 3
  • Sada dilde ýazylan «Garawul diňi» žurnaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sada dilde ýazylan «Garawul diňi» žurnaly
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Sada dilde ýazylan «Garawul diňi» seniň üçin peýdaly bolarmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Sadalaşdyrylan «Garawul diňi» näme üçin çap edildi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • «Garawul diňine» girizilen ajaýyp özgerişik!
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Tüýs ýygnak üçin çykýan žurnal!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/7 sah. 3

Sada dilde ýazylan «Garawul diňi» žurnaly

BIZ «Garawul diňi» žurnalynyň sada iňlis dilinde ilkinji sanynyň çykandygy barada şatlyk bilen habar berýäris. Bu täze žurnal bir ýylyň dowamynda synag hökmünde çap ediler. Eger dogan-uýalara has amatly bolsa, ony çykarmagy dowam ederis. Ol ýygnaklara «Garawul diňiniň» adaty neşiri bilen bile iberiler.

Ýygnakda her hepde «Garawul diňinden» öwrenilýän makalalary her kimiň düşünmegi örän wajypdyr. Sebäbi şu günler «sadyk hem akylly hyzmatkär» Hudaýyň halkyny, esasanam, «Garawul diňi» arkaly öwredýär (Mat. 24:45). Eýsem, sada dilde ýazylan «Garawul diňi» näme üçin gerek boldy?

Bütin dünýäde dogan-uýalaryň köpüsi iňlis ýygnaklara barýarlar. Emma olar «Garawul diňindäki» iňlisçä hemişe düşünmeýär. Munuň birnäçe sebäbi bar. Meselem, Afrikanyň, Aziýanyň we Ýuwaş okeanda ýerleşýän köp ýurtlarda iňlis dilini bilýärler. Şol ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar ýygnakda we wagyzda iňlisçe, emma öýünde bolsa, ene dilinde gepleşýärler. Şeýle-de olaryň gepleýän iňlis dili «Garawul diňiniň» iňlisçesinden tapawutlanýar. Käbir dogan-uýalarymyz başga ýurda göçýärler, olar diňe iňlis ýygnagyna barmaly bolýar. Iňlis dili olaryň ene dili bolmansoň, «Garawul diňine» düşünmek kyn bolýar. Käbir ýaşlaryň ene dili iňlis dili bolsa-da, käte olara-da «Garawul diňine» düşünmek kyn bolýar. Şol sebäpli, sada iňlis dilinde ýazylan «Garawul diňi» žurnaly bütin dünýädäki dogan-uýalarymyza düşünmäge has aňsat bolar we öwrenilende peýdaly bolar.

Bu žurnal adaty žurnala garanyňda sada iňlis dilinde ýazylsa-da, olaryň ikisi-de Mukaddes Ýazgylardaky şol bir hakykaty öwredýär. Olaryň ikisinde-de abzaslaryň sany birmeňzeş. Soraglary, suratlary we gaýtalamak üçin soraglary hem meňzeş. Diýmek, «Garawul diňi» öwrenilende, mesihçi ikisinden haýsysyny ulanasy gelse, ulanyp bilýär.

Biz sada iňlis dilinde ýazylan žurnalyň köp dogan-uýalara, şol sanda ýaşlara her hepde «Garawul diňi» öwrenilende, taýýarlyk görmäge aňsat boljakdygyna umyt edýäris. Biz Ýehowanyň «doganlary söýýändigine» we «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly gerekli zady wagtynda berýändigine ýürekden minnetdar (1 Pet. 2:17).

Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahaty

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş