Tüýs ýygnak üçin çykýan žurnal!
Biz «Garawul diňiniň» ýygnak üçin niýetlenen sanynyň daşy has göze ýakymly we Ýehowanyň gyzyldan gymmatly Sözündäki hakykaty öwrenmek peýdaly bolar ýaly, oňa käbir üýtgeşiklik girizdik (Zeb. 1:2; 119:97).
Dört ýyl mundan öň «Garawul diňiniň» iki sany çap edilip başlandy. Olaryň biri giň okyjylar köpçüligi üçin, beýlekisi bolsa, biz, ýagny Ýehowanyň Güwäçileri we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, üstünlikler edýänler üçin çap edilýär.
Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän bir dogan ýygnak üçin niýetlenen san barada şeýle ýazdy: «Garawul diňiniň» ýygnak üçin niýetlenen ilkinji sany diýseň ajaýyp we ýüregiňe jüňk bolýar. Mukaddes Ýazgylardaky wajyp hakykatyň çuňňur düşündirilişi maňa has ýarady. Täze ajaýyp neşir üçin size örän minnetdar». Başga bir dogan: «Men «Garawul diňiniň» ýygnak üçin niýetlenen sanyny we Mukaddes Ýazgylary elime alyp, öwrenmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýip ýazdy. Şu žurnal size-de gowy täsir edýändir.
Bilşiňiz ýaly, «Garawul diňi» žurnaly Ýehowanyň ruhy we ak patasy bilen 1879-njy ýyldan bäri çap edilýär (Zak. 4:6). 133 ýylyň dowamynda žurnalyň daşy birnäçe sapar üýtgedildi. 2012-nji ýyldan başlap «Garawul diňiniň» ýygnak üçin niýetlenen sanynyň daşynda wagyz edýän dogan-uýalarymyzyň reňkli suraty bolar. Bu bize Ýehowanyň Patyşalygy hakynda wagyz etmeli diýen Hudaýyň beren ýumşuny ýatladar (Res. iş. 28:23). Žurnalyň ikinji sahypasynda daşynda çekilen surat ýerleşer hem-de nirede we näme surata düşürlendigi gysgaça düşündiriler. Şeýdip, bize ýylyň dowamynda Ýehowanyň halkynyň hoş habary «dünýäniň ähli ýerinde» wagyz edýändigi ýatladylar (Mat. 24:14).
Žurnala ýene-de nähili üýtgeşiklik girizildi? Gaýtalamak üçin soraglar indi öwrenilýän makalanyň başynda getiriler. Bu makalany okanda we öwrenende, şol soraglaryň jogabyny tapmaga we aňsatlyk bilen esasy pikirlere üns bermäge kömek eder. Elbetde, «Garawul diňi» duşuşygy geçirýän dogan, duşuşygyň ahyrynda şol soraglary berip, geçilen makalany gaýtalar. Siz žurnalyň gyrasynda köpräk ýer goýulandygyna we sahypalaryň hem abzaslaryň belgileri ulalandygyna üns berersiňiz.
Şu sanda «Arhiwimizden» diýen täze bölüm çap edildi. Biz ondan Ýehowanyň Güwäçileriniň häzirki taryhynda bolan uly özgerişikler barada bileris. Şeýle-de käwagt «Olar özüni meýletin hödür etdi» diýen bölümde dogan-uýalaryň durmuşynda bolan wakalar çap ediler. Bu bölümden bolsa, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän dogan-uýalaryň şatlyk we kanagat tapyp, özüni bagtly duýýandygyny bileris.
Şu žurnal arkaly Hudaýyň Sözüni öwrenmek, goý, size ýakymly we peýdaly bolsun.
Neşirýatçylar
[3-nji sahypadaky surat]
1879
[3-nji sahypadaky surat]
1895
[3-nji sahypadaky surat]
1931
[3-nji sahypadaky surat]
1950
[3-nji sahypadaky surat]
1974
[3-nji sahypadaky surat]
2008