Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/07 sah. 1
  • «Garawul diňine» girizilen ajaýyp özgerişik!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Garawul diňine» girizilen ajaýyp özgerişik!
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Tüýs ýygnak üçin çykýan žurnal!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sada dilde ýazylan «Garawul diňi» žurnaly
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sada dilde ýazylan «Garawul diňi» seniň üçin peýdaly bolarmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Biziň žurnallarymyz hemmelere gyzykly
    Hudaýa gullugymyz — 2011
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 7/07 sah. 1

«Garawul diňine» girizilen ajaýyp özgerişik!

1 Şu ýylyň başynda ýygnak duşuşyklarynda ruhlandyryjy täzelik aýdyldy: 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýyndan başlap «Garawul diňi» iki sany aýratyn žurnal bolup neşir ediler. Olaryň biri daşary okyjylar üçin bolup, beýlekisi ýygnak duşuşyklarynda öwreniler. Mümkin, sizi şeýle soraglar gyzyklandyrýandyr: «Ol iki žurnal näme bilen tapawutlanar? Şeýle özgerişigiň nähili peýdasy bar? Olaryň täze aýratynlyklary bolarmy?»

2 Tapawudy. «Garawul diňiň» aýyň 1-inde çykýan sany wagyz gullugynda hödür etmek üçin ulanylar. Ondaky makalalaryň ählisi giň okyjylar köpçüligi üçin taýýarlanylar. Aýyň 15-inde çykýan sany ýygnak duşuşygynda öwrenmek üçin niýetlenip, wagyz gullugynda ulanylmaz. Ondaky makalalar ýygnakda bir aýyň içinde öwrenmek üçin taýynlanyp, galany esasan suwda çokundyrylan mesihçilere peýdaly bolar. Žurnalyň hödürlenýän sany diňe bir Güwäçiler üçin däl-de, esasan, Mukaddes Ýazgylara ynanýan adamlar üçin gyzykly bolar. «Oýanyň!» žurnaly bolsa öňküsi ýaly giň okyjylar köpçüligi, hatda Hudaýa ynanmaýan we hristian dinine uýmaýan adamlar üçin niýetlener.

3 Peýdasy. Žurnalyň ýygnak üçin niýetlenen sanynda Güwäçi däl adamlara düşnükli bolar ýaly «pioner» ýaly sözleri düşündirmek gerek bolmaz. Onda ýörite Ýehowanyň Güwäçileri we Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ruhy taýdan ösýän adamlar üçin makalalar çap ediler. Žurnalyň hödürlenýän sany barada näme diýse bolar? Güwäçi däl adamlar ony başdan-aýak höwes bilen okar ýaly, ondaky mowzuklar giň okyjylar köpçüligi üçin saýlanyp, beýan ediler. Elbetde, Ýehowanyň Güwäçileri onuň her sanyndan köp peýdaly zatlary taparlar. Indi her aý wagyz gullugynda diňe bir «Garawul diňi» bilen bir «Oýanyň!» žurnallaryny hödürläris, şol sebäpli netijeli teklipleri taýýarlap bileris.

4 Täze aýratynlyklary. «Garawul diňiň» hödürlenýän sanyna birnäçe täze aýratynlyklar giriziler. Olaryň biri, Ýazgylardaky taglymatlar ýönekeý dilde beýan ediler. Ikinjisi, Mukaddes Ýazgylaryň maşgalalara nädip kömek edýändigi görkeziler. Şeýle-de ýaşlara Mukaddes Ýazgylary aýratyn meýilnama boýunça öwrenmek teklip ediler. Žurnalyň her sanynda Mukaddes Ýazgylara esaslanan Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny bilmäge kömek edýän makala bolar.

5 «Garawul diňe» girizilen täze özgerişe Ýehowa ak pata berer ýaly biz doga edýäris. Goý, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallary arkaly hoş habar mynasyp adamlaryň ýene köpüsine ýetsin! (Mat. 10:11).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş