Sada dilde ýazylan «Garawul diňi» seniň üçin peýdaly bolarmy?
Häzir «Garawul diňi» žurnalynyň sada iňlis dilinde çykýan sanyny öwrenip bilýäris. Bu sada dilde ýazylan jurnal 1) iňlis dilinde gepleýän bilimi çäkli bolan wagyzçylara düşnükli bolar ýaly; 2) iňlis dili ene dili bolmadyk wagyzçylara; 3) başlangyç we orta mekdeplerde okaýan ýaşlara; 4) Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler aňsatlyk bilen, ruhy zatlara düşüner ýaly niýetlenen.
Sada dilde ýazylan jurnalyň abzaslarynyň sany, soraglary we sözbaşylary beýleki sany bilen gabat gelýär. Ondaky maglumat hem meňzeş, ýöne sözleri sadalaşdyrylan. «Garawul diňini» geçirýän we okaýan dogan şeýle-de ýygnaga gatnaşýanlaryň köpüsi beýleki sanyny ulansa-da, sada dildäki sanyny ulanýanlar, aýatlaryň hem-de suratlaryň meňzeşdigini görüp, okalýan abzaslary yzarlap, jogap berip bilerler.
Olaryň ikisinde-de abzaslaryň sany birmeňzeş. Soraglary, suratlary we gaýtalamak üçin soraglary hem meňzeş.
Şu žurnal kimdir birine peýdaly bolsa, žurnallara jogapkär dogana hemişe sargap durmaly.