Ökünçsiz gulluk ediň
«Yzda galan zatlary unudyp, öňdäkilere ýetmäge ymtylýaryn». FLP. 3:13
1—3. a) Ökünmeklik näme we ol bize nähili täsir edýär? b) Hudaýa ökünçsiz gulluk etmek üçin Pawlusdan näme öwrenip bileris?
KÄBIR adamlar bir mahal eden işlerine ökünýärler. Olar: «Şol günleri yzyna dolap bolsady, men başgaça ederdim» diýip ahmyr çekýärler. «Ökünmeklik» bu nämedir bir zady edeniňe ýa-da etmäniňe puşman edip, pikiriňde gynanmagy we agyry duýmagy, «gaýta-gaýta aglamagy» aňladýar. Biziň ählimiz şeýle ýalňyşlyk goýberenimizde, wagty yzyna dolap, başgaça edesimiz gelýär.
2 Käbirleri durmuşda uly ýalňyşlyk goýberip, hatda agyr günä etdiler. Başgalar bolsa, hiç hili erbet işleri etmeseler-de, durmuşda gelen käbir kararlaryny üýtgedip bolsady, has gowy karara geljekdiklerini aýdýarlar. Käbir adamlar şeýle duýgulary ýeňip bildiler we hiç zada ökünmän ýaşaýarlar. Başgalary bolsa: «Wah, şeýle etmeli däldim» diýip, geçmişde bolan zatlara ahmyr çekýärler (Zeb. 51:3). Sen özüňi şularyň haýsysyna meňzedýärsiň? Sen hiç zada ökünmän Hudaýa gulluk etmek isleýärmiň? Biz bu babatda kimiň göreldesine eýerip bileris? Elbetde, Pawlus resulyň!
3 Pawlus durmuşynda uly ýalňyşlyk-da goýberdi, paýhasly karara-da geldi. Ol geçmişde eden işlerine örän ökündi, emma Hudaýa wepaly gulluk etmek üçin durmuşynda uly özgerişleri etdi. Geliň, ökünçsiz gulluk eder ýaly, Pawlusyň göreldesinden näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.
PAWLUSYŇ AHMYRLY GEÇMIŞI
4. Pawlus resul nähili ökünçli işleri etdi?
4 Pawlus ýaş fariseý wagty öküner ýaly işleri etdi. Meselem, ol Mesihiň şägirtlerini yzarlaýan topara ýolbaşçylyk etdi. Injilde Stefanusy gynap öldürenlerinden soňra, «Saulyň (soň Pawlus ady bilen tanalan) öýden-öýe girip, ýygnaga ezýet berendigi, erkekdir aýallary süýräp zyndana salyp» başlandygy barada aýdylýar (Res. iş. 8:3). Albert Barnz alymyň aýtmagyna görä, «ezýet bermek» diýen grek sözi «güýçli jümle bolup, Saulyň yhlasly hem-de zalymlyk bilen yzarlandygyny görkezýär». Şol sebäpli Barnz şeýle diýýär: «Saul wagşy haýwan kimin ýygnaga (mesihçilere) topuldy». Saul akýürekli ýehudydy we ol mesihçileri ýok etmeklige Hudaýyň tabşyrygy hökmünde garady. Ol mesihçileri rehimsiz yzarlap, «erkek diýmän, aýal diýmän» olara «ölüm howpuny salýardy» (Res. iş. 9:1, 2; 22:4)a.
5. Isa Mesih barada wagyz edýän şägirtleri yzarlan Saulyň nädip bu işden el çekendigini gürrüň beriň.
5 Pawlus Şama baryp, Isanyň şägirtlerini öýünden süýräp çykarmakçydy. Onuň maksady olary Iýerusalime, Mejlisiň öňüne getirmekdi. Emma onuň işi başa barmady, sebäbi mesihçiler ýygnagynyň Başy oňa päsgel berdi (Efes. 5:23). Saul Şama barýarka Isa gabat gelýär. Şonda Saul gökden inen nur arkaly kör bolýar. Soňra Isa onuň Şama baryp, indiki berjek görkezmesine garaşmalydygyny aýdýar. Biz bu wakanyň näme bilen gutarandygyny bilýäris (Res. iş. 9:3—22).
6, 7. Pawlusyň eden işlerine ökünendigini näme görkezýär?
6 Pawlus gerekli özgerişleri edip, tizden mesihçi boldy. Ol indi mesihçileri gazaply yzarlaman, gaýtam, hakykatyň yhlasly tarapdary boldy. Muňa garamazdan, ol özi barada şeýle diýdi: «Siz meniň ýehudylaryň dinindekäm ýaşan durmuşym barada eşidensiňiz: men Hudaýyň ýygnaklaryny güýçli yzarlap, olary ýok etmekçidim» (Gal. 1:13). Soňra ol ýene-de geçmişde eden ýalňyşlyklary üçin ökünýändigini Korintoslylara, Filipililere we Timoteosa ýazan hatynda aýdýar (1 Korintoslylar 15:9-y okaň; Flp. 3:6; 1 Tim. 1:13). Pawlus eden işleri barada ýazmaga çekinmedi, ýöne ol özüni hiç zat bolmadyk ýaly-da alyp barmady. Pawlus agyr günä edendigine düşünýärdi (Res. iş. 26:9—11).
7 Frederik Farrar alym şeýle diýýär: «(Saul) gazaply yzarlamalarda esasy orny tutupdyr». Onuň aýtmagyna görä, Pawlusyň şol agyr, gam-gussaly döwri barada oýlansak, diňe şonda «biz Pawlusyň ökünmekden ýaňa nähili agyr ýük göterendigini we zalym duşmanlar tarapyndan ýaňsylanandygyny göz öňüne getirip bileris». Käte Pawlus ýygnaklary ideg edende, belki-de, ilkinji sapar gören doganlar oňa şeýle diýendirler: «Bizi yzarlap ýören Pawlusmy şu?!» (Res. iş. 9:21).
8. Pawlus Ýehowa bilen Isanyň bildiren merhemetine hem-de söýgüsine nähili garady we biz mundan näme öwrenip bileris?
8 Pawlus Hudaýa gulluk etmek mümkinçiligine Onuň merhemeti arkaly berlendigine düşünýärdi. Ol Hudaýyň bu häsiýetini Mukaddes Ýazgylary ýazan beýleki adamlardan has köp belläp geçýär, ýagny onuň 14 sany hatynda merhemet sözi 90 gezek agzaýar (1 Korintoslylar 15:10-y okaň). Pawlus özüne bildirilen merhemet üçin örän minnetdardy we ol tekepbirlige ýol bermek islemeýärdi. Şol sebäpli ol beýleki resullardan «köp zähmet çekdi». Pawlusyň göreldesine eýerip, biz-de günälerimizi boýun alsak we özgersek, Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowa biziň agyr günälerimizi hem bagyşlar. Mesihiň gurbanynyň berýän peýdasyna ynanmaýan adamlara, bu örän gowy sapakdyr! (1 Timoteos 1:15, 16-njy aýatlary okaň). Pawlus Mesihi güýçli yzarlasa-da, ol şeýle ýazýar: «Hudaýyň Ogly... meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi» (Gal. 2:20; Res. iş. 9:5). Hawa, Pawlus Hudaýa ökünçsiz gulluk etmegi öwrendi. Siz ondan nähili sapak edinip bilersiňiz?
SIZ EDEN IŞIŇIZE ÖKÜNÝÄRMISIŇIZ?
9, 10. a) Näme üçin Ýehowanyň käbir gullukçylary biynjalyk bolýarlar? b) Geçmişde eden işleriňe ahmyr çekmeklik näme üçin nädogry?
9 Siz hem öňki eden işleriňize ökünýärmisiňiz? Nädogry zatlary gazanmak üçin gymmatly wagtyňyzy hem güýjüňizi biderek harçladyňyzmy? Başgalara zyýan ýetirýän işleri etdiňizmi? Belki-de, siz başga sebäplere görä ökünýänsiňiz. Şeýle ýagdaýda siz näme edip bilersiňiz?
10 Köp adamlar biynjalyk bolýarlar. Munuň üçin adamlar öz-özüne temmi hem ezýet berip, öz-özünden irýärler. Şeýle ýagdaý adamy örän alada goýýar. Alada edip kynçylyklaryny çözen adam barmy? Ýok! Öz guýrugynyň yzynda ylgaýan güjügi göz öňüne getiriň. Ol bar güýjüni biderek sarp edýär! Şol sebäpli biynjalyklanmagyň deregine, siz peýdaly boljak işleri ediň. Siz göwnüňize degen adamy bagyşlasaňyz, bu size onuň bilen gowy gatnaşygy dikeltmäge köme eder. Gelejekde boljak kynçylyklaryň öňüni almak üçin, erbetlik etmekden gaça duruň. Käte siz goýberen ýalňyşlyklaryňyz zerarly öz üstüňizde işlemeli bolarsyňyz. Hiç zadyň aladasyny etmäň, ýogsam, Hudaýa doly gulluk etmäge güýjüňiz galmaz. Biynjalyklanyp, heý-de üstünlik gazanan barmy?!
11. a) Biz Ýehowanyň merhemetini we wepaly söýgüsini nädip gazanyp bileris? b) Günä eden bolsak, Hudaýyň haýsy görkezmesine eýermeli?
11 Käbirleri eden işleri üçin özüni günäkärläp, Hudaýa mynasyp görmeýärler. Olar Hudaýyň ýolundan gaty uzaklaşandygy ýa-da köp günä edendikleri üçin, Onuň merhemetini gazanyp bilmeris öýdýärler. Emma olar nähili günä edendiklerine garamazdan, toba edip, dönüp, ötünç sorap bilerler (Res. iş. 3:19). Ýehowa başgalara merhemetini we wepaly söýgüsini bildirişi ýaly, olara-da söýgüsini bildirer. Ýehowa kiçigöwünli, dogruçyl we ýürekden toba edýän adamlara mähribandyr. «Başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin» diýen Eýýuba Hudaý şeýle häsiýetlerini bildiripdi (Eýýup 42:6). Kalbymyz rahatlyk tapar ýaly, biziň ählimiz Hudaýyň şu görkezmesine eýermeli: «Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler» (Sül. tym. 28:13; Ýakup 5:14—16). Şeýlelikde, biz etmişimizi boýun alyp, Hudaýa doga etmeli we ýalňyşlyklarymyzy düzetmek üçin güýjümizi gaýgyrmaly däl (2 Kor. 7:10, 11). Eger biz şeýle ädimleri ätsek, «gaty geçirimli» Hudaýymyzyň merhemetini gazanyp bileris (Iş. 55:7).
12. a) Ynsabymyz ezýet berende Dawut bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bileris? b) Ýehowa haýsy manyda ökünýär we muny bilmegiň nähili peýdasy bar? (Çykgyda serediň).
12 Siz doga-dilegiň güýjüni inkär etmäň, çünki bu Hudaý üçin örän wajypdyr. Dawut doga edip, özüniň çuň duýgularyny Hudaýa aýtdy. Onuň bu mezmury Mukaddes Ýazgylarda ýazyldy (Zebur 32:1—5-nji aýatlary okaň). Hawa, Dawut ezýet berýän ynsaba gulak asmalydygyna düşündi. Ol etmişini gizlejek bolanda, örän ejir çekdi we şatlygyny ýitirdi. Dawut günäsiniň ötülmegi we rahatlanmagy üçin näme etmelidi? Ol etmişini Hudaýyň öňünde boýun almalydy. Ýehowa Dawudyň dogasyna jogap berdi we onuň yza seretmän, mynasyp işleri etmegi üçin berkitdi. Eger siz-de ýürekden doga etseňiz, Ýehowa dilegiňizi hökman eşider. Eden nädogry işleriňiz üçin ejir çekýän bolsaňyz, düzelmek üçin eliňizde baryny ediň we Ýehowanyň bagyşlajakdygyna ynanyň! (Zeb. 86:5).
ÖŇE WE GELEJEGE SEREDIŇ!
13, 14. a) Biz häzir esasan näme barada oýlanmaly? b) Häzirki ýagdaýymyzy barlamaga nähili soraglar kömek edip biler?
13 Ýaşaýşa düşünmek üçin yzyňa ser salmaly, emma ýaşamak üçin öňe seretmeli. Şonuň üçin eden işlerimiz barada biynjalyk bolman, häzirki we gelejekki ýaşaýşymyzyň aladasyny etmeli. Özümize şeýle soraglary bereliň: «Häzir edýän ýa-da etmeýän zatlaryma birnäçe ýyldan ökünerinmi, ýa-da başgaça etsem gowy bolardy diýerin? Gelejekde hiç zada ökünmez ýaly, Hudaýa wepaly galmak üçin jan edýärinmi?»
14 Uly muşakgat golaýlaşyp gelýär! Şoňa görä-de, biz özümize şeýle soraglary berip, ahmyr çekmek islemeýäris: «Men Hudaýa köpräk gulluk edip bilermidim? Mümkinçiligim bolanda näme üçin pioner bolmadym? Gulluk hyzmatçysy bolmaga maňa näme päsgel berdi? Mesihçi häsiýetlerini ösdürmek üçin çynlakaý jan etdimmi? Täze dünýäni miras almaga Ýehowa meni mynasyp görermi?» Biz bu soraglary özümizi kösemek üçin däl-de, barlamak we Ýehowa gulluk edenimizde iň gowy zatlarymyzy berýändigimize göz ýetirmek üçin berýäris. Ýogsam, biz ökünçli işleri has köp ederis (2 Tim. 2:15).
HUDAÝA HYZMAT EDÝÄNDIGIŇIZE ÖKÜNMÄŇ
15, 16. a) Köp adamlar Hudaýa gulluk etmegi durmuşynda birinji orunda goýmak üçin näme etdiler? b) Öňürti Patyşalygy agtarmak üçin jan aýaman gullug edendigimize näme üçin ökünmeli däl?
15 Ýehowa doly wagtly gulluk edýän mesihçiler barada näme diýse bolar? Mümkin, siz Patyşalygy birinji orunda goýmak üçin wezipä kowalaşmakdan ýa-da has gowy gazanç etmekden el çekensiňiz. Belki-de, Beýtelde gulluk etmek, halkara gurluşyk işine gatnaşmak, etrap gözegçisi ýa-da missioner bolmak üçin maşgala gurmakdan, çaga edinmekden boýun gaçyransyňyz. Sebäbi gullugyň bu görnüşlerine maşgala guran ýa-da çagalary bolan mesihçiler gatnaşyp bilmeýär. Indi siz gartaşan wagtyňyz, Ýehowa köpräk gulluk edeniňize ökünmelimi? Janaýamazlyk bilen eden gullugyňyzy akylsyzlyk saýyp, biderek wagtymy ýitiripdirin öýtmelimi? Elbetde, ýok!
16 Siz Ýehowany çuňňur söýýändigiňiz we Oňa ýakynlaşmak isleýän adamlara ýürekden kömek etmek üçin şeýle kararlara geldiňiz. Indi «başgaça ýaşan bolsam gowy bolardy» diýip, pikir etmek nädogry. Gaýtam, siz dogry karara gelendigiňize ýürekden begenip bilersiňiz. Ýehowa hyzmat etmek üçin eliňizde baryny edendigiňize şatlanyň. Ol siziň janaýamazlyk bilen eden hyzmatyňyzy ýatdan çykarmaz. Geljekki hakyky ýaşaýyşda bolsa, Ýehowa size has-da ajaýyp bereketleri berer. Siz ony göz öňüne-de getirip bilmersiňiz! (Zeb. 145:16; 1 Tim. 6:19).
NÄDIP ÖKÜNMÄN GULLUK EDIP BOLÝAR?
17, 18. a) Hudaýa ökünçsiz gulluk etmäge Pawlusa haýsy prinsip kömek etdi? b) Siz geçmişde, häzirki döwürde we gelejekde Ýehowa gulluk etmekde nähili karara geldiňiz?
17 Hudaýa ökünçsiz gulluk etmäge Pawlusa haýsy prinsip kömek etdi? J. B. Filipsiň terjimesine görä, Pawlus şeýle ýazdy: «Men geçmişi yzda galdyryp, her näme bolsa-da, maksadyma tarap diňe öňe ýöreýärin» (Filipililer 3:13, 14-nji aýatlary okaň). Pawlus ýehudy dininde eden nädogry işleri üçin ezýet çekip ýaşamady. Gaýtam, ol gelejekde ebedi ýaşaýyş sylagyny alar ýaly, öz üstünde işlemäge bar güýjüni sarp etdi.
18 Biziň ählimiz Pawlusyň göreldesine eýerip bileris. Geçmişde eden we edip bilmedik zatlarymyza gynanmagyň deregine, öňe tarap ýöräliň. Elbetde, biz goýberen ýalňyşlarymyzy ýatdan çykarmak islemeýäris, ýöne olar üçin özümize ezýet bermegiň peýdasy-da ýok. Biz geçmişi yzda goýup, iň gowy zatlarymyz bilen Hudaýa gulluk etmeli we şöhratly gelejege seretmeli!
a Pawlus mesihçileri yzarlanda aýallaryň ady ençeme gezek agzalýar. Bu I asyrda ýaşan aýallaryň şu günki uýalar ýaly mesihçi dininiň ýaýramagynda uly orun eýeländigini görkezýär (Zeb. 67:12, MK, 2012).