Bu biziň ruhy mirasymyzdyr
«Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur». IŞ. 54:17
1. Ýehowa adamlar üçin näme etdi?
ÝEHOWA «Hudaý diri, müdimidir» we Ol adamlara ýaşaýyş berýän habary gorap saklady. «Rebbiň sözüniň ebedi galýandygy» şübhesiz (1 Pet. 1:23—25). Ýehowa biziň aladamyzy edip, bu wajyp habary Sözüne, ýagny Mukaddes Ýazgylara ýazdyryp, gorap saklady. Biz muňa örän minnetdar!
2. Hudaý halky üçin nämäni gorap saklady?
2 Hudaý Öz adyny biziň bilmegimizi isleýär. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda ilkinji sapar Hudaýyň ady «gök we ýer ýaradylanda» aýdylýar (Gel. çyk. 2:4, TD). Gudrat bilen daşyň ýüzüne ýazylan «On tabşyrykda» Hudaýyň ady ençeme gezek agzalýar. Meselem, birinji tabşyryk şeýle sözler bilen başlaýar: «Hudaýyň Ýehowa Mendirin» (Müs. çyk. 20:1—17, TD). Gudratygüýçli Ýehowa Şeýtanyň eden ähli garşylyklaryna garamazdan, Sözüni we adyny gorap saklady, şol sebäpli Hudaýyň ady hiç haçan ýitmez (Zeb. 73:28).
3. Ýalan diniň giňden ýaýrandygyna garamazdan, Hudaý nämäni gorady?
3 Şeýle-de Ýehowa Öz Sözünde hakykaty gorap saklady. Dünýäde ýalan diniň giňden ýaýrandygyna garamazdan, biz Hudaýyň ruhy taýdan berýän nuruna we hakykatyna minnetdar! (Zebur 43:3, 4-nji aýatlary okaň). Adamlar garaňkylykda gezýärler, biz bolsa Hudaýyň berýän ruhy nurunda gezýäris (1 Ýahýa 1:6, 7).
BIZIŇ GYMMATLY MIRASYMYZ
4, 5. Biz 1931-nji ýylda nähili hormata eýe bolduk?
4 Mesihçileriň gymmatly mirasy bar. Nesilden-nesle geçýän zada miras diýilýär. Biziň ruhy mirasymyza Mukaddes Ýazgylardaky dogry bilim hem-de Hudaý we Onuň niýetleri baradaky hakykata aýdyň düşünmek degişlidir. Şeýle-de ol aýratyn hormaty öz içine alýar.
1931-nji ýylda bolan kongresde biz Ýehowanyň Güwäçileri diýen ady höwes bilen kabul etdik
5 Biz bu aýratyn hormata 1931-nji ýylda Kolumbus şäherinde (ABŞ-nyň Ogaýo ştaty) geçirilen kongresde eýe bolduk. Şonda kongrese gelen adamlara iki sany sözüň diňe ilkinji harplary ýazylan meýilnama berildi. Käbirleri bu iki harpyň näme aňladýandygyny biljek bolýardylar, käbirleri bolsa oňa düşündiler. Bu harplar biziň täze adymyzy aňladýardy! Biz öň Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler diýen ady göterýärdik, ýöne 1931-nji ýylyň 26-njy iýulynda, ýekşenbe güni Ýehowanyň Güwäçileri diýen ady kabul etdik. Mukaddes Ýazgylara esaslanan ady götermek örän tolgundyryjydy! (Işaýa 43:12- ni okaň)a. Bir dogan şeýle ýatlaýar: «Şowhunly el çarpmalardan ýaňa oturan ýerimiz ýaňlanýardy. Bu meniň hiç haçan ýadymdan çykmaz». Dünýäde hiç bir din Hudaýyň adyny götermek islemedi, ýöne Hudaý bizi 80 ýyldan bäri Öz adyny götermegimizi mynasyp görýär. Ýehowanyň Güwäçisi bolmak, gör, nähili uly hormat!
6. Biziň ruhy mirasymyza nähili anyk maglumatlar degişli?
6 Biziň ruhy mirasymyza geçmiş babatda baý, wajyp we anyk maglumatlar degişli. Geliň, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen bolan waka seredeliň. Bu pygamberler Ýehowanyň göwnünden turmak babatda öz maşgala agzalary bilen maslahatlaşan bolmaly. Şol sebäpli Ýusubyň «Hudaýyň öňünde günä» etmejek bolup, ahlaksyzlykdan gaça durmagy geň galdyrmaýar (Gel. çyk. 39:7—9). Şeýle-de mesihçi däp-dessurlary dilden-dile ýa-da galdyrylan göreldeler arkaly nesilden-nesle geçipdir. Meselem, Pawlus resul Rebbiň Agşam naharyny nädip bellemelidigini hat üsti bilen mesihçiler ýygnagyna ýazypdyr (1 Kor. 11:2, 23). Şu günlerem Hudaýa «ruhda, hakykatda» sežde etmelidigi baradaky jikme-jiklikler Mukaddes Ýazgylarda ýazylan (Ýahýa 4:23, 24-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylar hemme adamlara tälim berýär, emma bize, Ýehowanyň gullukçylary hökmünde has köp zatlar aýan bolýar.
7. Biziň ruhy mirasymyza nähili ruhlandyryjy wada degişli?
7 Şeýle-de biziň döwrümizde bolup geçýän ençeme wakalar hem ruhy mirasymyza degişli bolup, Ýehowanyň biziň «bilendigini» subut edýär (Zeb. 118:7). Muny bilmeklik bize yzarlamalara sezewar bolanymyzda, özümizi rahat duýmaga kömek edýär. Biziň gün-günden artýan ruhy mirasymyza şu ruhlandyryjy wada hem degişli: «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn» diýýär Reb» (Iş. 54:17). Hatda Şeýtanyň hiç bir ýaragy bize düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmez.
8. Biz şu we indiki makalada nämä serederis?
8 Şeýtan Mukaddes Ýazgylary we Ýehowanyň adyny ýok etmäge, hakykaty gizlemäge jan edýär. Emma bu oňa başartmaz, çünki Ýehowa onuň ähli tagallasyny puja çykardy. Biz şu we indiki makalada 1) Ýehowa Öz Sözüni, 2) adyny nädip gorap saklandygyny hem-de 3) gökdäki Atamyzyň hakykatyň Gözbaşy hem Goragçysydygyny bileris.
ÝEHOWA SÖZÜNI GORAÝAR
9. Mukaddes Ýazgylary ýok etmek üçin näme etdiler?
9 Ýehowa dürli garşylyklara garamazdan, Öz Sözüni gorady. Katolik ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «1229-njy ýylda Tuluzdaky mejlis albigeýslere we waldenslere garşy çykyp, olary (ýagny halk dilinde ýazylan Mukaddes Ýazgylary) ulanmagy gadagan etdi... 1234-nji ýylda Ispaniýada Tarragon mejlisi-de, Ýakowyň ýolbaşçylygy astynda şeýle gadagany yglan etdi... Rim ilkinji gezek bu meselä 1559-njy ýylda goşuldy. Şonda Pawel IV indeksinde mukaddes palatadan rugsatsyz çap etmäge we satmaga gadagan edilen kitaplaryň sanawy bardy».
10, 11. Mukaddes Ýazgylara garşy näçe hüjüm edilse-de, ony ýok edip bilmändiklerini haýsy wakalar görkezýär?
10 Mukaddes Ýazgylara garşy näçe hüjüm edilse-de, ony ýok edip bilmediler. Takmynan 1382-nji ýylda Jon Uiklif we onuň ýoldaşlary Mukaddes Ýazgylary ilkinji gezek iňlis diline terjime etdiler. Mukaddes Ýazgylary terjime edenleriň ýene-de biri Uilýam Tindal. Ol 1536-njy ýylda aradan çykdy. Tindal pürse daňylgy duran ýerinde: «Rebbim, Angliýanyň patyşasynyň gözlerini aç» diýdi. Soňra ony bogup öldürdiler we onuň jesedini oda ýakdylar.
11 Mukaddes Ýazgylar her hili garşylyklara garamazdan saklanyp galdy. Meselem, 1535-nji ýylda Maýlz Kowerdeýliň iňlis diline terjime eden Mukaddes Ýazgylary çap edildi. Kowerdeýl Tindaliň işlerinden, ýagny «Täze Ähtinden» we «Köne Ähtiň» «Gelip çykyşyndan» tä «Taryhlar» kitabyna çenli peýdalandy. Başga bölümlerini bolsa, latyn dilindäki Mukaddes Ýazgylardan we Martin Lýuteriň nemes diline terjime eden Ýazgylaryndan terjime etdi. Şu günler biz «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesini» gymmat saýýarys, sebäbi ol aýdyň hem düşnükli we ony wagyzda ulanmak aňsat. Hawa, Ýehowanyň Sözüni ne jynlar, ne ynsanlar ýok edip bildi!
ÝEHOWA ADYNY GORAÝAR
Tindal ýaly adamlar Hudaýyň Sözi üçin janyny gurban etdiler
12. Hudaýyň adynyň saklanyp galmagynda «Täze Dünýä terjimesi» nähili orun tutýar?
12 Hudaý Öz adyny Mukaddes Ýazgylarda gorap saklady. Bu babatda «Täze Dünýä terjimesi» uly orun tutýar. Kitabyň başynda terjimeçiler komitetiniň şeýle sözleri getirilýär: «Bu terjimäniň esasy aýratynlygy: Hudaýyň ady dikeldildi we ol ýazylmaly ýerinde-da ýazyldy. Onuň «Ýehowa» ady ýewreý ýazgylarynda 6 973 gezek we grek ýazgylarynda 237 gezek ulanylýar». Häzir «Täze Dünýä terjimesi» doly ýa-da onuň käbir kitaplary 116 dilde terjime edilip, 178 million 545 müň 862 sanysy çap edildi.
13. Hudaýyň ady näme üçin ynsan ýaradylany bäri belli diýse bolar?
13 Hudaýyň ady ynsan ýaradylany bäri bellidi. Adam ata bilen How ene Hudaýyň adyny tutupdyrlar we onuň dogry aýdylyşyny anyk bilýärdiler. Tupandan soň Nuh şeýle diýdi: «Samyň Hudaýy Rebbe (Ýehowa, TD) alkyş bolsun!» (Gel. çyk. 4:1; 9:26). Hudaýyň özi-de: «Men Biribardyryn (Ýehowadyryn, TD), bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese... bermerin» diýdi. Şeýle-de Ol: «Men Rebdirin (Ýehowadyryn, TD), başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur» diýdi (Iş. 42:8; 45:5). Ýehowa Öz adynyň saklanyp galmagynyň we ony bütin ýer ýüzünde adamlaryň bilmeginiň aladasyny etdi. Ýehowanyň adyny tutmak we Onuň Güwäçisi bolup gulluk etmek, gör, nähili uly hormat! Dogrudan-da, biz: «Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris» diýip, batly ses bilen aýdýarys (Zeb. 20:5).
14. Hudaýyň ady Mukaddes Ýazgylardan başga ýene nirede duş gelýär?
14 Hudaýyň ady diňe bir Mukaddes Ýazgylarda duş gelmeýär. Meselem, Öli deňziniň gündogar tarapyndan 21 km uzaklykda ýerleşýän Dibonda tapylan Mowap daşyny alyp göreliň. Ol daşda Ysraýylyň patyşasy Omry we Mowap patyşasy Mesanyň Ysraýyl ýurduna garşy turzan gozgalaňy barada aýdylýar (1 Pat. 16:28; 2 Pat. 1:1; 3:4, 5). Emma bu daşda has üýtgeşik bir aýratynlyk bar. Onda Hudaýyň ady ýewreý harplary bilen ÝHWH, ýagny tetragrammaton görnüşinde ýazylan. Şeýle-de tetragrammaton lahis hatlarynda, ýagny toýundan ýasalan döwük gaplarda duş gelýär. Olary häzir Ysraýylda görse bolýar.
15. Septuaginta näme we onuň terjime edilmegine näme sebäp boldy?
15 Mukaddes Ýazgylaryň gadymky terjimeçileri Hudaýyň adynyň saklanyp galmagynyň aladasyny etdiler. B. e. öň 607-nji ýylda ýehudylar Babyla sürgün edildi. Olar b. e. öň 537-nji ýylda azat boldular, emma ýehudylaryň köpüsi Ýahuda we Ysraýyla dolanmadylar. B. e. öň III asyrda ençeme ýehudylar Müsüriň Iskender şäherinde mesgen tutdular. Olara ýewreý ýazgylaryň grek diline terjime edilen görnüşi gerekdi. Sebäbi grek dili halkara diline öwrülipdi. B. e. öň II asyryň ahyrynda Septuaginta terjime edildi. Onuň käbir nusgalarynda Ýehowanyň ady ýewreý harplary bilen ýazylandy.
16. 1640-njy ýylda ilkinji meşhur bolan kitapda Hudaýyň adynyň bardygyny görkezýän mysal getiriň.
16 Angliýanyň amerikan koloniýalarynda ilkinji meşhur bolan edebi eserde Hudaýyň adyna duş gelse bolýar («Bay Psalm Book»). Onuň asyl nusgasynda (1640-njy ýylda çap edildi) mezmurlar getirilýär; olar ýewreý dilinden şol döwrüň iňlis diline terjime edildi. Ençeme mezmurlarda Hudaýyň adyna duş gelse bolýar. Meselem, Zebur 1:1, 2-nji aýatlarda: «Erbetleriň maslahatyna gitmedik... adam bagtlydyr; Onuň keýpi diňe Ýehowanyň kanunyndadyr» diýilýär. Hudaýyň ady barada köpräk bilmek üçin «Hudaýyň ady ebedi galar» (rus.) diýen broşýura seredip bilersiňiz.
ÝEHOWA RUHY HAKYKATY GORAÝAR
17, 18. a) Siz «hakykat» sözüni nähili düşündirersiňiz? b) «Hoş Habaryň hakykaty» nämäni öz içine alýar?
17 Biz «Reb, hakykat Hudaýyna» şatlyk bilen gulluk edýäris (Zeb. 31:5). Bir sözlükde şeýle diýilýär: «Hakykat bu haýsydyr bir zat hakda oýlanylyp ýa-da toslanyp çykarylan däl-de, çyn we dogry zatlary öz içine alýar («Collins Cobuild English Dictionary»). Ýewreý dilinde ýazylan Mukaddes Ýazgylarda «hakykat» sözi köplenç dogry, ygtybarly we takyk manyny aňladýar. Grek dilindäki Mukaddes Ýazgylarda «hakykat» sözi nämedir bir zadyň anyk we dogrudygyny görkezýär.
18 Ýehowa ruhy hakykaty gorap saklady we onuň bize elýeterli bolmagynyň aladasyny edýär (2 Ýahýa 1, 2). Hakykat gitdigiçe aýdyňlaşýar, çünki «dogrularyň ýodasy... ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar» (Sül. tym. 4:18). Isa Hudaýa doga edende: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýdi. Biz onuň bu sözleri bilen doly razylaşýarys (Ýahýa 17:17). Hudaýyň Sözünde «Hoş Habaryň hakykaty» bar. Ol mesihi taglymatlaryň ählisini öz içine alýar (Gal. 2:14). Meselem, oňa Ýehowanyň ady, Onuň hökümdarlygy, Isanyň töleg gurbany, direliş we Patyşalyk baradaky hakykat degişlidir. Geliň, häzir Şeýtanyň hüjümlerine garamazdan, Hudaýyň hakykaty nädip gorandygyna seredeliň.
ÝEHOWA HAKYKATA EDILÝÄN HÜJÜMI PUJA ÇYKARÝAR
19, 20. Nimrot kim we onuň nähili maksady başa barmydy?
19 Tupandan soň «Rebbiň huzuryndaky Nimrot ýaly batyr — awçynyň» bolandygy barada aýdylýar (Gel. çyk. 10:9). Ýehowa Hudaýyň duşmany bolan Nimrot Şeýtana sežde edýärdi. Ol Isanyň: «Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol... hakykatyň tarapdary bolmady» diýen adamlaryna meňzeýärdi (Ýahýa 8:44).
20 Nimrot Babyla, Tigr hem Perat derýasynyň aralygyndaky şäherlere agalyk edýärdi (Gel. çyk. 10:10). B. e. öň 2269-njy ýylda Babyl hem-de onuň diňi gurlup başlandy. Oňa Nimrot ýolbaşçylyk etdi. Ýehowa ýer ýüzüniň adamlardan dolmagyny isledi. Emma gurluşykçylar Onuň islegine garşy gidip: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly, geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran diň guralyň» diýişdiler. Emma olaryň maksady başa barmady, sebäbi Hudaý «ähli ynsanlaryň dilini garjaşdyrdy» we gurluşykçylar ýer ýüzüne dargadylar (Gel. çyk. 11:1—4, 8, 9). Şeýtan din arkaly adamlary özüne sežde etdirmek islese-de, onuň niýeti puç boldy. Bütin adamzat taryhynyň dowamynda Ýehowa edilýän sežde üstün çykýar we ol gün-günden ösýär.
21, 22. a) Näme üçin ýalan din hakyky seždä hiç haçan düýpli zyýan ýetirip bilmez? b) Biz indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
21 Ýalan din hakyky seždä hiç haçan düýpli zyýan ýetirip bilmedi. Näme üçin? Sebäbi biziň Beýik Mugallymymyz Sözüni, adyny gorady we Ol ruhy hakykatyň tükeniksiz Gözbaşysydyr (Iş. 30:20, 21). Hudaýa hakykatda sežde etmeklik bize şatlyk getirýär. Ýöne mundan beýläk-de, biz ruhy taýdan oýa bolmaly, Ýehowa doly bil baglamaly we mukaddes ruhuň görkezmesine eýermeli.
22 Biz indiki makalada käbir ýalan taglymatlaryň nädip ýaýrandygyna serederis. Biz olary Mukaddes Ýazgylar bilen deňeşdirsek, olaryň ýalançylygy paş bolar. Galyberse-de, hakykatyň Goragçysy Ýehowa Hudaýyň bize hakyky taglymatlara düşünmäge kömek berýändigine göz ýetireris. Biz olary ruhy mirasymyz hökmünde gymmat saýýarys.
a Işaýa 43:12 Reb diýýär: «Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok, siz Meniň şaýatlarym»