Ýehowany söýýänlere «bökdençlik bolmaz»
«Seniň kanunyňy söýýänlere uly parahatlyk bar, olara bökdenç bolmaz». ZEB. 119:165
1. Türgen bilen bolan waka biziň ruhdan düşmeli däldigimizi nädip görkezýär?
MERI DEKKER ýetginjekkä ylgamakda dünýä belli sportsmen boldy. Ol 1984-nji ýylyň tomusky Olimpiadasynda 3 000 metr ylgawda altyn medalyň eýesi bolmalydy. Emma ol başga bir türgeniň aýagyna çolaşyp ýykylýar we oňa zeper ýetýär. Şeýlelikde, ol pellehana ýetip bilmeýär, ýöne ol ruhdan düşmeýär. Mundan bir ýyl hem geçmänkä, ol aýal-gyzlaryň arasynda ylgamakda birinji orna eýe bolýar.
2. Mesihçiler haýsy manyda ylgaýarlar we biz ünsümizi nämä gönükdirmeli?
2 Göçme manyda aýdanyňda, biz, mesihçiler ylgaýan türgenlere meňzeýäris. Biz ünsümizi baýrak almaga gönükdirmeli. Bu ýol — gysga aralyga çalt ylgap, ýeňiş gazanylýan ýol däl. Bu ýoly kä haýal ýöräp, käte dynç alyp geçirmeli hem däl. Emma bu ýol uzak aralyga ylganylýan we ýeňiş gazanmak üçin jan çekmeli ýoldur. Pawlus bu meňzetmäni Korintosda ýaşaýan mesihçilere ýazan hatynda ulanypdy. Sebäbi ol ýerde köplenç sport ýaryşlary geçirilýärdi. Pawlus şeýle ýazdy: «Siz ylgaw meýdanynda ylgaýanlaryň hemmesiniň ylgap, ýöne baýragy biriniň alýanyny bilmeýärsiňizmi?» (1 Kor. 9:24).
3. Türgenleriň ählisi nädip ebedi ýaşaýyş sylagyny alyp bilerler?
3 Mukaddes Ýazgylarda mesihçileriň ýoly türgeniň ylgaw ýoluna meňzedilýär (1 Korintoslylar 9:25—27-nji aýatlary okaň). Bu ýoldan ylgaýanlar ebedi ýaşaýyş sylagyny alarlar, ýagny mesh edilen mesihçiler gökde ýaşarlar, beýleki adamlar bolsa ýer ýüzüni miras alarlar. Emma ýaryşýan türgenlerden tapawutlylykda, bu ýolda ylgaýan we jan çekýänleriň ählisine baýrak berler (Mat. 24:13). Olar diňe görkezmä eýermedik ýa-da pellehana ýetmedik ýagdaýynda ýeňiş gazanyp bilmezler. Bu ýol — ebedi ýaşaýyş sylagyny berýän ýeke-täk ýoldur.
4. Bize ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga näme päsgel berip biler?
4 Hawa, pellehana ýetmek aňsat däl. Munuň üçin özüňe erk etmeli we belli bir maksadyň bolmaly. Ynsanlaryň arasynda diňe Isa Mesih büdremän pellehana ýetip bildi. Ýakup şägirt imandaşlaryna: «Hemmämiz köp büdreýäris» diýip ýazdy (Ýakup 3:2). Dogrudan-da, biz özümiziň we başgalaryň bikämilligi sebäpli haýal ylgamagymyz ýa-da ylgaw ýoluny bes etmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýda ylgaw ýolundan çykmaz ýaly, bize kömek gerek. Şonuň üçin biz käte büdräp, käte ýykylyp bileris (1 Pat. 8:46).
BÜDRESEŇIZ-DE ÝOLDAN SOWULMAŇ
5, 6. a) Näme üçin mesihçilerde «bökdençlik bolmaz» we olara ýerinden «galmaga» näme kömek eder? b) Näme üçin käbirleri büdränden soň ýerinden galmaýarlar?
5 Belki-de, siz adamyň ruhy ýagdaýyny suratlandyrmak üçin «büdremek» we «ýykylmak» sözlerini ulanansyňyz. Emma käbirleri büdräp ýa-da ýykylan ýagdaýlarynda-da, ruhy taýdan dikeldiler we Hudaýa gulluk etmegini dowam etdiler. Süleýmanyň tymsallary 24:16-da şeýle diýilýär: «Dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, ýaramazy betbagtlyk ýykýandyr» (Sül. tym. 24:16).
6 Biz hem büdrän ýa-da ýykylan ýagdaýymyzda dikelip bileris. Munuň üçin biz kynçylyklara uçranymyzda ýa-da ýalňyşlyk goýberenimizde, Ýehowa bil baglamaly. Biz Ýehowanyň ýerimizden «galmaga» kömek etjekdigine ynanýarys we biz Oňa wepaly gullugymyzy dowam ederis. Bu Ýehowany çyn ýürekden söýýänlere teselli berýär. Zalym adamlar ýerinden «galmak» islemeýärler. Olar Hudaýyň mukaddes ruhuna we Onuň halkynyň kömegine bil baglamaýarlar; hatda olar şeýle kömegi kabul hem etmeýärler. Ýehowanyň «kanunyny söýýänlerde» bolsa bökdençlik ýokdur, ýagny olar ýaşaýşa eltýän ýola dolanyp bilýärler (Zebur 119:165-i okaň).
7, 8. Adam «ýykylsa-da» Hudaýyň ak patasyny nädip alyp biler?
7 Käbirleri ten ejizlikleri sebäpli günä edýärler. Eger olar ýerinden «galmak» üçin jan etseler, ýagny ýürekden toba edip, dogry iş etseler, Ýehowa olary dogry adam hasaplaýar. Biz muny ysraýyl halky bilen bolan wakadan bilýäris (Iş. 41:9, 10). Süleýmanyň tymsallary 24:16-da aýdylyşy ýaly, diňe etmişimiz barada däl-de, rehimdar Hudaýymyzyň kömegi bilen ýerimizden «galyp» biljekdigimiz barada oýlanmaly (Işaýa 55:7-i okaň)a. Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesih bize ynanýar we ýerimizden «galmaga» höweslendirýär (Zeb. 86:5; Ýahýa 5:19).
8 Eger büdrän ýa-da ýykylan türgen çalt hereket etse, onuň ýerinden turmaga wagty bolar we pellehana ýetip biler. Biz ebedi ýaşaýşa barýan ýolumyzyň tamamlanjak «gününi hem... sagadyny» bilmeýäris (Mat. 24:36). Ýöne biz büdremezlige jan etsek, pellehana üstünlikli ýetmek üçin tizligimizi gowşatman ylgarys. Biz büdremez ýaly näme etmeli?
BÖKDENÇLIGE SEBÄP BOLÝAN ZATLAR
9. Biz bökdençlige sebäp bolýan haýsy zatlara serederis?
9 Geliň, häzir bökdençlige sebäp bolýan bäş zada seredeliň: ejizlik, ten höwesleri, ýygnakda bolýan adalatsyzlyk, kynçylyklar ýa-da yzarlamalar we başgalaryň bikämilligi. Bökdençlik dörände, Ýehowanyň örän sabyrlydygyny unutmalyň! Ol bizden ýüz öwürmäge howlukmaýar.
10, 11. Dawut nähili ejizlik bilen göreşdi?
10 Biziň ejizligimizi ylgaw ýolundaky daşlara meňzetse bolýar. Geliň, Dawut patyşanyň we Petrus resulyň durmuşynda bolan wakalara seredip, adamda bolýan iki sany ejizlik barada gürrüň edeliň: özüňe erk etmezlik we adamlardan gorky.
11 Dawut patyşa özüne erk edip bilmän, Batşeba bilen zyna etdi. Şeýle-de bir gezek Nabal Dawudy kemsidende, ol gahar-gazaba mündi. Dawut özüne erk edip bilmese-de, Ýehowanyň göwnünden turmaga hemişe jan edýärdi. Ol ýalňyşlyk goýberse-de, beýlekileriň kömegi bilen ýene-de ýerinden «galmagy» başardy (1 Şam. 25:5—13, 32, 33; 2 Şam. 12:1—13).
12. Petrus ýalňyşsa-da ýoluny nädip dowam etdi?
12 Petrus adamlardan gorkup, birnäçe gezek büdredi. Emma ol Isa bilen Ýehowa wepaly galdy. Meselem, ol ähli adamlaryň arasynda Mugallymyny bir gezek däl-de, üç gezek inkär etdi (Luka 22:54—62). Bir sapar ol özge milletlerden bolan mesihçileri ýehudy mesihçilerinden peseldip, özüni nädogry alyp bardy. Şonda Pawlus resul imandaşlarynyň toparlara bölünýändigini gördi. Petrusyň garaýşy nädogrudy. Pawlus bu ruhuň başgalara-da täsir etjegini bilip, oňa göni maslahat berdi (Gal. 2:11—14). Petrus gaharlanyp, ýaşaýşa eltýän ýoldan sowuldymy? Ýok. Ol Pawlusyň beren maslahaty barada çynlakaý oýlanyp, garaýşyny üýtgetdi we hakykat ýoluny dowam etdi.
13. Biziň ýarawsyzlygymyz nädip bökdençlik döredip biler?
13 Adamyň saglyk ýagdaýy hem ejizlik bolup biler. Ol bökdençlik döredip, biziň ruhy tizligimize päsgel berer we ýoldan sowup biler. Meselem, Ýaponiýada ýaşaýan bir uýa suwda çokundyrylandan soň, 17 ýyl bäri ýarawsyzlykdan ejir çekýär. Ol saglygy barada aşa köp alada edip, ruhy taýdan gowşap başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol ruhy işlere gatnaşmagyny-da goýýar. Şonda iki sany ýygnak ýaşulusy ony görmäge barýar. Olaryň mähirli sözleri uýany ruhlandyrýar we ol ýene-de ýygnak duşuşygyna baryp başlaýar. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Doganlaryň dostlukly gürrüňdeşligi maňa güýçli täsir etdi». Şeýlelikde, uýamyz ylgaw ýoluna dolandy.
14, 15. Erbet höwesler dörände näme etmeli? Mysal getiriň.
14 Köp adamlara ten höwesleri bökdençlik döredýär. Eger bizde şeýle höwesler dörese, onda pikir, ahlak we ruhy taýdan arassa bolmaga jan etmeli. Bu babatda Isanyň şu aýdan sözlerini unutmalyň: «Eliň ýa aýagyň günä etmäge sebäp bolsa, ony kes-de, özüňden taşla». Muňa ýaşaýyş ýolundan sowýan ahlaksyz pikirler we işler hem degişli dälmi näme?! (Matta 18:8-i okaň).
15 Mesihçi maşgalada terbiýe alan bir dogan hemişe gomoseksuallyk höwesine garşy göreşendigini ýatlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men özümi hemişe oňaýsyz we dereksiz duýýardym». Soňra ol 20 ýaşynda doly wagtly pioner gullugyna başlaýar we ýygnagyň gulluk hyzmatçysy bolýar. Emma ol agyr günä edýär we oňa Mukaddes Ýazgylaryň esasynda temmi berilýär. Ol ýygnak ýaşulularynyň kömegini kabul edýär we doga edip, Hudaýyň Sözüni öwrenmek hem-de başga adamlara kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Bu zatlar oňa dikelmäge we ruhy ýoluny dowam etmäge kömek edýär. Birnäçe ýyl geçenden soň, ol şeýle diýýär: «Öňki erbet höwesler häzirem käte mende döreýär, ýöne men indi olara üstümden agalyk etmäge ýol bermeýärin. Men Ýehowanyň güýjümden öte synaga ýol bermejekdigine düşündim. Hudaý meniň bu zatlary başarjakdygyma ynanýar». Doganymyz sözüni jemläp, şeýle diýýär: «Meniň häzir edýän tagallalarym täze dünýäde ýerine düşer. Häzirlikçe bolsa, men göreşmegimi dowam edýärin!» Ol ýoldan sowulmazlygy berk ýüregine düwdi.
16, 17. a) Adalatsyzlykdan ejir çeken bir dogana näme kömek edýär? b) Büdremez ýaly ünsümizi nämä gönükdirmeli?
16 Ýygnakda bolýan adalatsyzlyk bökdençlik döredip biler. Fransiýada ýaşaýan we öň ýygnak ýaşulusy bolup gulluk eden bir dogan adalatsyzlykdan ýaňa ejir çekýär. Şeýlelikde, ol gaharlanyp, ýygnaga barmagyny goýýar we ruhy taýdan gowşaýar. Şonda ýygnagyň iki ýaşulusy ony görmäge barýarlar we onuň sözüni bölmän ünsli diňleýärler. Ýaşulular oňa ähli ýüküni Ýehowa tabşyrmagy maslahat berýärler we Hudaýa ýaranmak üçin etmeli wajyp zatlary ýatladýarlar. Ol berlen maslahaty kabul edip, ruhy ýola dolanýar we ýygnagyň işlerine yhlasly gatnaşyp başlaýar.
17 Biziň ählimiz bar ünsümizi bikämil adamlara däl-de, ýygnagyň Başy bolan Isa Mesihe gönükdirmeli. Isanyň gözleri «ot ýalny ýalydyr»; ol ähli zatlara dogry düşünýär we has köp zatlary görýär (Ylh. 1:13—16). Meselem, ol adalatsyzlyk ýaly bolup görünýän zatlaryň ýalňyşlyk ýa-da düşünişmezlikdigini bilýär. Ol ýygnagyň zerurlyklaryny hem aladasyny öz wagtynda we hemmelerden gowy edýär. Şoňa görä-de, biz imandaşlarymyzyň eden işleri we gelen kararlary sebäpli bökdençligiň döremegine ýol bermeli däl.
18. Biz kynçylyklarda ýa-da synaglarda nädip berk galyp bileris?
18 Kynçylyklar ýa-da yzarlamalar we başgalaryň bikämilligi ýaly zatlar hem bökdençlik döredip biler. Isa «daýhan» hakdaky tymsalynda «kynçylyklaryň ýa-da yzarlamalaryň» käbir adamlara bökdençlik boljakdygyny aýdypdy. Maşgala agzalary, dost-ýarlary ýa-da döwlet işgärleri tarapyndan bolýan yzarlamalar «köki» bolmadyk, ýagny ruhy taýdan berkemedik adama täsir edýär (Mat. 13:21). Eger biz dogry garaýşy saklasak, Patyşalyk tohumy biziň ýüregimizde köp urar we imanymyzy berkider. Biz kynçylyklara uçranymyzda hormata mynasyp zatlar hakynda doga edip, oýlanmaga çalyşmaly (Filipililer 4:6—9-njy aýatlary okaň). Ýehowa bize synaglarda goldaw berer we biz ylgaw ýoluny bökdençsiz dowam ederis.
19. Biziň göwnümize degenlerinde büdremez ýaly näme etmeli?
19 Gynansak-da, käbirleri kimdir biriniň bikämilligi zerarly hakykat ýolundan sowuldylar. Olar ynsaba bagly meselelerde dürli garaýyşlar sebäpli büdrediler (1 Kor. 8:12, 13). Biz kimdir biriniň göwnümize degendigi üçin hakykatdan giderismi? Mukaddes Ýazgylar bize başgalaryň üstünden höküm çykarmaly däldigimizi, olary bagyşlamalydygymyzy we öz diýenimizi gögertmekden gaça durmalydygymyzy maslahat berýär (Luka 6:37). Göwnüňize degenlerinde özüňize şeýle soraglary beriň: «Men başgalary öz garaýşyma görä ýazgarýarynmy? Dogan-uýalaryň bikämilligi sebäpli hakykat ýolundan sowlarynmy?» Eger biz Ýehowany söýsek, pellehana ýetmäge hiç kim päsgel berip bilmez.
ÇYDAMLYLYK BILEN YLGAŇ — BÖKDENÇLIKDEN GAÇA DURUŇ
20, 21. Siz ýaşaýşa eltýän ylgaw ýolunda näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
20 Siz «ýaryşy bitirmek» isleýärsiňizmi? (2 Tim. 4:7, 8). Onda şahsy okuwyny geçiriň. Eger siz Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okap, oýlansaňyz, barlag geçirseňiz, size nämäniň bökdençlik döretjekdigini bilersiňiz. Ruhy taýdan berk bolmak üçin, Ýehowadan mukaddes ruh diläň. Ylgap barýan türgen büdrese ýa-da ýykylsa, ol ýerinden galyp, ylgaw ýoluny dowam edip biler. Hatda ol goýberen ýalňyşlaryndan wajyp sapak ediner.
21 Mukaddes Ýazgylara görä, biz ebedi ýaşaýyş sylagyny almak islesek, onda hemişe pellehana tarap ylgamaly. Biz ylgamagymyzy dowam etsek, Ýehowa bize «uly parahatlyk» berer (Zeb. 119:165). Ol häzir bize kömek edýär; eger pellehana ýetsek, gelejekde ebedi bereketler eçer (Ýakup 1:12).
a Işaýa 55:7 Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir