Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/3 sah. 29
  • Muny, hakykatdanam, Iosif ýazdymyka?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Muny, hakykatdanam, Iosif ýazdymyka?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/3 sah. 29

Muny, hakykatdanam, Iosif ýazdymyka?

Taryhçy Iosif Flawiý «Ýehudylaryň gadymiýeti» diýen 20-nji kitabynda «Mesih diýip atlandyrylan Isanyň dogany Ýakubyň» ölümi barada ýazdy. Alymlaryň köpüsi munuň hakykatdygyna ynanýar. Emma käbir alymlar onuň şol kitabyndaky Isa barada aýdylan başga sözlerine şübhelenýärler. «Flawiýniň güwäligi» (Testimonium Flavianum) diýlip atlandyrylan parçada şeýle diýilýär:

«Şol döwürde eger oňa aslynda ynsan diýip bolýan bolsa, paýhasly adam Isa ýaşaýardy. Ol gudratlar görkezýärdi we hakykaty höwes bilen diňleýän adamlaryň mugallymy boldy. Ysraýyllylardan we başga milletlerden bolan adamlaryň köpüsi Isanyň yzyna eýerdiler. Ol Mesihdi; Pilatus mejlis ýolbaşçylarynyň teklibi boýunça ony pürse çüýledi. Isany başda söýen adamlar häzirem ony terk etmediler. Isa üçünji gün direlenden soň olara göründi. Şeýlelikde, Hudaýyň pygamberlikleri we onuň bilen bagly on müň täsin zatlar berjaý boldy. Onuň adyny göterýän mesihçiler şu günlerem bar» (Josephus — The Complete Works).

XVI asyryň ahyryndan başlap bu parçanyň hakykatdygyna ynanýanlaryň we ony Iosifiň ýazandygyna şübhelenýänleriň arasynda güýçli jedel turdy. Fransuz taryhçy we edebiýat klassigi Serž Barde soňky dört asyrdan gowrak wagta çeken jedeli çözmek üçin barlag geçirdi. Ol «Flawiýniň güwäligi» diýen parçany taryhy taýdan barlag geçirip, kitabyny çap etdi (Le Testimonium Flavianum Examen historique considérations (historigraphigues).

Iosif mesihçi däl-de, ýewreý taryhçysydy. Esasanam, onuň Isa «Mesih» diýendigi hakynda uly jedel edýärler. Bardeniň aýtmagyna görä, grekçe adam adynyň öňünde hemişe artikl goýulýar. Ýewreý mesihçileriň garaýşyna görä, Iosifiň «Mesih» diýen sözi ulanmazlygy mümkin däldi, çünki Isa, hakykatdanam, ýaşapdy. Tankytçylar bu jikme-jiklige üns bermelidi.

Belki, bu parçany kimdir biri soň Iosifiň stilinde ýazyp goşandyr? Barde taryhy subutnamalary we tekstiň özüni öwrenip, ony hiç kim Iosifiň stilinde ýazyp bilmeýär diýdi.

Onda näme üçin alymlar bu parçanyň hakykatdygyna şübhelenýär? Bardeniň aýtmagyna görä, başga gadymy tekstlere garanyňda, alymlaryň bu parça şübhelenmeginiň sebäbi, olaryň köpüsi Isanyň Mesihdigine ynanasy gelmeýär.

Bardeniň geçiren barlagy alymlaryň «Flawiýniň güwäligine» bolan garaýşyny üýtgetjekdigini ýa-da üýtgetmejekdigini wagt görkezer. Bardeniň geçiren barlagy iudaizmi we I asyryň mesihçiler dini boýunça ökde hünärment Pýer Žoltreni hem ynandyrdy. Ol köpden bäri «Flawiýniň güwäliginiň» ýoýlandygyna ynanyp, hatda oňa ynanýanlaryň üstünden gülýärdi. Emma ol Bardeniň kitabynyň esasynda garaýşyny üýtgedendigini aýdýar. Žoltren: «Indi, hiç kim mundan beýläk bu parçany Iosifiň ýazandygyna şübhelenmez» diýdi.

Ýehowanyň Güwäçileri has degerli subutnama, ýagny Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, Isanyň Mesihdigine ynanýarlar (2 Tim. 3:16).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş