Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/3 sah. 30—32
  • Hiç haçan umydyňy üzme!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hiç haçan umydyňy üzme!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • WEPALY BOLMAK WAJYP
  • HÄSIÝETIŇI ÜÝTGETMEK WAJYP
  • TOHUM BIRNÄÇE ÝYLDAN HASYL BERÝÄR
  • Size gulak asýanlary Hudaý halas eder
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Söýgi ýigrenjiň üstünden ýeňiş gazanar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/3 sah. 30—32

Hiç haçan umydyňy üzme!

Sen ençeme ýyl Ýehowanyň Güwäçisi bolup, ýanýoldaşyň bilen bile Ýehowa gulluk etmek isleýärmiň?

Ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam başda has gyzyklanyp, indi hakykat ýolunda ýöremeýändigine gynanýarmyň?

Britaniýaly birnäçe dogan-uýalaryň mysalyndan hiç haçan umydyňy üzmeli däldigine göz ýetirersiň. Şeýle-de sen «nany suwa atyp», ýagny köp zähmet çekip, gowy netijesini görersiň (Wag. 11:1).

WEPALY BOLMAK WAJYP

Hudaýa wepaly bolmak wajypdyr. Siz hakykata ýapyşyp, Ýehowa wepaly bolmaly (Kan. tag. 10:20). Georgina bilen bolan waka seredeliň. Ol 1970-nji ýylda Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary okap başlanda, äri Kiriakosyň gaty gahary gelýär. Kiriakos aýalyny okatmajak bolup, Ýehowanyň Güwäçilerini öýüne salmaýar we tapan edebiýatlaryny zyňýar.

Georgina ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp başlanda, Kiriakos gahar-gazabyna atlandy. Bir sapar ol Patyşalyk zalyna baryp, jedel edip başlady. Bir uýa onuň iňlisçeden grekçe has gowy gürleýändigine düşünip, başga ýygnakdaky grek dogana gelip kömek eder ýaly jaň etdi. Doganyň özüni mähirli alyp barşy Kiriakosa gowy täsir etdi, hatda ol onuň bilen bile birnäçe aý Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçdi. Emma soňra Kiriakos okuw geçmegini goýýar.

Ol üç ýyldan gowrak Georgina garşy boldy. Eger Georgina suwda çokundyrylsa, Kiriakos ony taşlap gitjekdigini aýdýar. Georgina suwda çokundyrylmaly güni Kiriakos taşlap gitmez ýaly, Ýehowa gyzgyn doga etdi. Ýehowanyň Güwäçileri etrap kongresine gitmek üçin aýalynyň yzyndan gelende, Kiriakos olara: «Siz gidiberiň, biz hem yzyňyzdan maşynly bararys» diýdi. Ol irdenki programma gatnaşyp, aýalynyň suwda çokundyrylyşyny gördi!

Kiriakos şondan soň aýalyna kän garşy bolmady we kem-kemden uly özgerişikler etdi. Georgina Ýehowanyň Güwäçileriniň duşuşygyna ilkinji gezek baranyna 40 ýyla golaý wagt geçensoň, äri hem suwda çokundyryldy! Kiriakosa näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Men Georginanyň erjel bolandygyna örän begenýärin». Georgina bolsa şeýle diýýär: «Ärimiň garşylygyna garamazdan, Hudaýyma gulluk etmegimi goýmadym. Men hemişe Ýehowa doga edip, hiç haçan umydymy üzmedim».

HÄSIÝETIŇI ÜÝTGETMEK WAJYP

Häsiýetiňi gowulandyryp hem ýanýoldaşyňa kömek edersiň. Petrus resul mesihçi aýallara şeýle maslahat berýär: «Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Pet. 3:1, 2). Kristina şu maslahata eýerip, ençeme ýyldan ärini gazandy. Ol mundan 20 ýyl gowrak öň, Ýehowanyň Güwäçisi bolanda, äri Jon Hudaýa ynanmaýardy. Jon dine uýasy gelmese-de, Kristina üçin iman edýän zatlarynyň wajypdygyna düşünýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men onuň Hudaýa bolan imanynyň bagtly edendigine göz ýetirdim. Ol mert hem dogumly boldy we maňa-da kän kyn pursatlarda kömek etdi».

Kristina hiç haçan ärine mejburlyk bilen Hudaýa ynandyrjak bolmady. Jon şeýle diýýär: «Kristina başdan maňa dini barada gürrüň bermese gowy boljakdygyna düşünýärdi. Ol sabyrlylyk bilen ugrumy tapyp, maňa öwredýärdi». Kristina «Garawul diňi» we «Oýanyň!» atly žurnallardan ylym we tebigat ýaly Jona gyzykly bolaýjak makalalary görende, oňa görkezip: «Meniň pikirimçe, muny sen höwes bilen okarsyň» diýýärdi.

Wagtyň geçmegi bilen Jon pensiýa çykyp, bagban bolup işe girdi. Onuň wagty köp bolany üçin käbir çuňňur soraglar barada köp oýlandy. Ol: «Ynsan tötänden döredimi ýa-da belli bir maksat bilen ýaradyldymy?» diýen soraglaryň üstünde oýlanýardy. Bir sapar Jonuň gürleşmegi halaýan dogany, ondan: «Siz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isleýärmisiňiz?» diýip sorady. Jon: «Men Hudaýa ynanyp başlanym üçin okuw geçmäge razylaşdym» diýýär.

Kristinanyň hiç haçan umydyny üzmändigi örän wajypdy! Ol 20 ýyllap doga edenden soň, Jon hakykaty kabul edip, suwda çokundyryldy. Indi, olar bile Ýehowa yhlasly gulluk edýärler. Jon şeýle diýýär: «Esasanam, Ýehowanyň Güwäçileriniň mähirligi we dostlugy maňa örän täsir etdi. Şeýle-de aýalyň Ýehowanyň Güwäçisi bolsa, onda ol wepaly, ynamdar we janyny aýamaýar». Dogrudan-da, Kristina 1 Petrus 3:1, 2-nji aýatlardaky sözleriň täsir edýändigine göz ýetirdi!

TOHUM BIRNÄÇE ÝYLDAN HASYL BERÝÄR

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamyň käbir sebäplere görä başdaky höwesi gaçsa näme etmeli? Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň» (Wag. 11:6). Käwagt hakykat tohumy adamyň ýüreginde ençeme ýyllap kök urýar. Şeýle ýagdaýlarda adam iň soňy Hudaýa ýakynlaşmagyň wajypdygyna düşünýär (Ýakup 4:8). Sen hem muňa günleriň bir güni haýran galarsyň.

Hindistandan Angliýa göçen Alisiň mysalyna seredeliň. Ol 1974-nji ýylda Mukaddes Ýazgylar okuwyny öz hindi ene dilinde däl-de, iňlis dilinde geçip başlady. Sebäbi iňlis dilini has gowy öwrenesi gelýärdi. Ol birnäçe ýyl sapak geçip, iňlis ýygnagynyň käbir duşuşyklaryna barýar. Alis öwrenýän zadynyň hakykatdygyny bilse-de, onuň wajypdygyna düşünmeýär. Şeýle-de ol pula gyzýardy we oturyşlyga gitmegi gowy görýärdi. Iň soňy, Alis okuwyny goýýar.

30 ýyldan soňra, Alis bilen sapak geçen Stella ondan hat alýar. Hatda şeýle diýilýär: «1974-nji ýylda seniň bilen okuw geçen adamyň soňky welaýat kongresinde suwda çokundyrylandygyny bilip, haýran galjakdygyňy bilýärin. Sen meniň durmuşyma uly täsir etdiň. Sen ýüregime hakykat tohumyny ekseň-de, şonda Hudaýa özümi bagyş etmäge taýyn däldim, ýöne hakykat tohumy aňymda we ýüregimde galdy».

Alisa näme bolduka? Ol 1997-nji ýylda äri aýrylansoň, örän göwnüçökgün bolandygyny aýdýar. Ol Hudaýa doga edýär, on minut geçip geçmänkä, panjabi ýygnagyndan iki Ýehowanyň Güwäçisi gapysyny kakyp, «Söýgüli ölenlerimiz üçin nähili umyt bar?» diýen kitapçany berýär. Alis Ýehowanyň dogasyny eşidendigine düşünip, Ýehowanyň Güwäçilerini tapmagy ýüregine düwýär. Emma olary nädip tapyp bolarka? Ol köne depderçesinde, Stelllanyň beren panjabi ýygnagynyň adresini tapýar. Alis Patyşalyk zalyna baranda, panjabili dogan-uýalar ony mähirli garşy aldylar. Alis: «Olaryň maňa bildiren söýgüsi, göwnümi göterdi» diýýär.

Alis ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşyp başlaýar we panjabi dilinde gowy gürlemegi hem okamagy öwrenip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny täzeden geçip başlaýar. 2003-nji ýylda ol suwda çokundyryldy. Ol Stella ýazan hatyny şeýle jemleýär: «29 ýyl mundan öň ýüregimde ekilen tohumlar üçin saňa örän minnetdar. Sen maňa gowy görelde galdyrdyň».

«29 ýyl mundan öň ýüregimde eken tohumlaryň we gowy göreldäň üçin saňa örän minnetdar». Alis

Biz şu mysallardan näme öwrenip bileris? Adamyň ýüreginde hakykatyň ösüşi tama eden wagtymyzdan uzaga çekse-de, ol Hudaý barada bilmek islese, dogruçyl we kiçigöwünli bolsa, Ýehowa onuň ýüreginde hakykaty ösdürer. Isanyň aýdan şeýle tymsalyny ýadyňa sal: «(Tohum sepýän adam) gije-gündiz ýatar, turar; tohum biter, öser. Ol munuň nähili bolýanyny bilmez. Toprak öz-özünden hasyl berer. Öňürti baldagy, soňra başy, soňra-da başdaky doly däneleri berer» (Mar. 4:27, 28). Şeýle ösüş kem-kemden we «öz-özünden» bolýar. Hakykatdanam, her bir wagyzçy munuň nähili ösýändigini bilmeýär. Şol sebäpli jomartlyk bilen ekseň, jomartlyk bilen hem orarsyň.

Doga etmegiň wajypdygyny hem unutma. Georgina we Kristina hemişe Ýehowa doga edýärdi. Sen «dogada erjellik etseň», umydyňy üzmeseň, «birnäçe günden» suwa atan «nanyňy» ýene-de taparsyň (Rim. 12:12; Wag. 11:1).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş