«Bize aýt, bu zatlar haçan bolar?»
«Ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» MAT. 24:3
1. Resullar ýaly biz hem nämäni örän bilmek isleýäris?
ISANYŇ ýerdäki gullugy tamamlanyp gelýärdi. Şägirtler bolsa gelejekde boljak wakalary bilmek isleýärdi. Şol sebäpli olar Isanyň ölümine birnäçe gün galanda, ondan: «Bu zatlar haçan bolar?... ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar (Mat. 24:3; Mar. 13:3). Isa olaryň soragyna jogap berip, Matta kitabynyň 24-nji we 25-nji baplarynda ýazylan çuň manyly pygamberligi aýtdy. Şol pygamberlikde ençeme wakalar öňünden aýdylýar. Onuň sözleriniň biziň üçin uly ähmiýeti bar, sebäbi gelejekde boljak wakalar bizi-de örän gyzyklandyrýar.
2. a) Ýehowanyň gullukçylary ençeme ýyllap haýsy pygamberlige has gowy düşünmek üçin tagalla etdiler? b) Biz haýsy üç soraga serederis?
2 Ýehowanyň gullukçylary Isanyň soňky günler baradaky pygamberliginiň haçan ýerine ýetjekdigine has gowy düşünmek üçin, ýürekden doga edip, ony ençeme ýylyň dowamynda çuňňur öwrendiler. Biz şu makalada Isanyň pygamberligine degişli üç soraga serederis. «Uly muşakgat» haçan başlar? «Goýunlara» we «geçilere» haçan höküm çykarylar? Isa haçan «geler»? (Mat. 24:21; 25:31—33).
ULY MUŞAKGAT HAÇAN BAŞLAR?
3. Biz uly muşakgat barada näme pikir edýärdik?
3 Biz ençeme ýyllap 1914-nji ýylda Birinji Jahan urşunyň başlanmagy bilen uly muşakgat başlandyr öýdýärdik. Şeýle-de mesh edilenleriň galyndysy ähli milletlere hoş habary wagyz edip biler ýaly, Ýehowa 1918-nji ýylda urşy «gysgaltdy», ýagny ony togtatdy diýip pikir edýärdik (Mat. 24:21, 22). Wagyz işi gutaranda, Şeýtanyň dünýäsi ýok edilmelidi. Şeýlelikde, biziň pikirimize görä, uly muşakgatyň üç tapgyry bolmalydy: ol 1914-nji ýylda başlamalydy, 1918-nji ýylda togtamalydy we Armageddon urşy bilen tamamlanmalydy.
4. Biz Isanyň soňky günler baradaky pygamberligi babatda nämä göz ýetirdik?
4 Biz Isanyň soňky günler baradaky pygamberligini çuňňur öwrenip, onuň käbir bölekleriniň iki gezek ýerine ýetýändigine göz ýetirdik (Mat. 24:4—22). Birinji gezek ol b. e. I asyrynda Ýahudada ýerine ýetdi. Ikinji gezek bolsa, häzirki döwürde bütindünýä möçberinde ýerine ýetýär. Şol sebäpli biziň düşünjämiz biraz aýdyňlaşdya.
5. a) 1914-nji ýylda nähili kyn döwür başlandy? b) I asyrda şeýle «burgular» haýsy ýyllar aralygynda boldy?
5 Biz uly muşakgatyň birinji tapgyrynyň 1914-nji ýylda başlamandygyna düşündik. Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere görä, uly muşakgat halklar arasyndaky uruş bilen däl-de, ýalan dine topulmak bilen başlar. Diýmek, 1914-nji ýylda başlan wakalar uly muşakgatyň däl-de, «burgularyň başlangyjydyr» (Mat. 24:8). Şeýle «burgular» b. e. 33-nji we 66-njy ýyllary aralygynda Iýerusalimde we Ýahudada bolupdy.
6. Biz uly muşakgatyň başlandygyny nädip bileris?
6 Biz uly muşakgatyň başlandygyny nädip bileris? Isa şeýle diýdi: «Danyýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde (okyjy düşünsin), Ýahudadakylar daglara gaçsyn» (Mat. 24:15, 16). Ýigrenjiniň «mukaddes ýerde durmagy» baradaky pygamberlik birinji gezek b. e. 66-njy ýylynda ýerine ýetdi. Şonda rim goşuny («ýigrenji») Iýerusalime we ol ýerdäki ybadathana (ýehudylar üçin mukaddes ýere) çozdy. Has uly möçberde bolsa, Birleşen Milletler Guramasy (BMG, häzirki ýigrenji zat) hristian dünýäsine (hristianlar üçin mukaddes zada) we Beýik Babylyň galan bölegine topulanda ýerine ýeter. Ol hüjüm barada Ylham 17:16—18-nji aýatlarda aýdylýar. Bu waka uly muşakgatyň başlandygyny görkezer.
7. a) I asyrda mesh edilen mesihçiler nädip halas boldy? b) Biz gelejekde nämä garaşyp bileris?
7 Şeýle-de Isa: «Ol günler gysgaldylar» diýdi. Bu sözler ilkinji gezek b. e. 66-njy ýylynda ýerine ýetdi. Şonda rim goşuny hüjümini «gysgaltdy», ýagny Iýerusalimden yza çekildi. Iýerusalimde we Ýahudada ýaşaýan mesh edilen mesihçiler gaçyp, janyny halas etdiler (Matta 24:22-ni okaň; Mal. 3:17). Eýsem, biz geljekki uly muşakgatda nämä garaşyp bileris? Ýehowa BMG-niň ýalan dine bolan hüjümini «gysgaldar», ýagny hakyky seždäniň ýalan din bilen ýok edilmegine ýol bermez. Şeýdip, Hudaý öz halkyny halas eder.
8. a) Muşakgatyň birinji tapgyryndan soň nähili wakalar bolar? b) 144 müňleriň iň soňkusy haçan gökdäki sylagyny alar? (Sözsoňa serediň).
8 Uly muşakgatyň birinji tapgyryndan soňra näme bolar? Isanyň sözlerine görä, Armageddon başlaýança biraz wagt geçmeli. Şol aralykda nähili wakalar bolar? Muňa Ezekiýel 38:14—16-njy aýatlar we Matta 24:29—31-nji aýatlar (okaň) jogap berýärb. Soňra uly muşakgat Armageddon urşy bilen gutarar. Bu b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalimiň weýran edilmegine gabat gelýär (Mal. 4:1). Armageddon urşy bilen tamamlanjak uly muşakgat ýaly waka «dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli bolanam däldir, bolmazam» (Mat. 24:21). Şondan soň Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygy başlar.
9. Isanyň uly muşakgat baradaky pygamberligi Ýehowanyň halkyna nähili täsir edýär?
9 Uly muşakgat baradaky pygamberlik imanyňy berkidýär. Näme üçin? Sebäbi nähili kynçylyklar bolsa-da, Hudaýyň halky uly muşakgatdan sag-aman geçer (Ylh. 7:9, 14). Ýöne bizi Ýehowanyň Armageddonda höküm sürmäge haklydygyny subut edip, beýik adyny mukaddes etjekdigi has hem begendirýär! (Zeb. 83:18; Ezek. 38:23).
ISA «GOÝUNLARA» WE «GEÇILERE» HAÇAN HÖKÜM ÇYKARAR?
10. Biz «goýunlara» we «geçilere» haçan höküm çykarylar öýdýärdik?
10 Indi bolsa, Isanyň pygamberliginiň başga bir bölegine, ýagny goýunlar we geçiler tymsalynyň haçan ýerine ýetjekdigine seredeliň (Mat. 25:31—46). Biz öň Isa 1914-nji ýyldan başlap, adamlardan kimiň goýundygyny ýa-da geçidigini kesgitläp, olara höküm çykarar öýdýärdik. Biziň pikirimizçe, Patyşalyk baradaky habary kabul etmän, uly muşakgat başlamanka aradan çykan adamlar geçi hökmünde ölýärdi we direlişe umydy bolmaýardy.
11. Näme üçin 1914-nji ýylda adamlara goýunlar we geçiler hökmünde höküm çykarylmandyr diýse bolar?
11 1995-nji ýylda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynda Matta 25:31-e gaýtadan seredildi. Aýatda şeýle diýilýär: «Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar». Şol makalada Isanyň 1914-nji ýylda «şöhratly tagtynda» «ähli milletleriň» Kazysy hökmünde däl-de, Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde «oturandygy» aýdyldy (Mat. 25:32; Danyýel 7:13-i deňeşdiriň). Emma Isa goýunlar we geçiler tymsalynda Kazy hökmünde suratlandyrylýar (Matta 25:31—34, 41, 46-njy aýatlary okaň). Eger Isa 1914-nji ýylda ähli milletleriň Kazysy hökmünde hereket edip başlamadyk bolsa, ol şol ýyl «goýunlara» we «geçilere» höküm çykaryp bilmezc. Onda Isa haçan höküm çykarar?
12. a) Isa ilkinji gezek haçan ähli milletleriň Kazysy hökmünde hereket eder? b) Matta 24:30, 31-nji we Matta 25:31—33, 46-njy aýatlarda nähili wakalar beýan edilýär?
12 Soňky günler baradaky pygamberlige görä, Isa ýalan din ýok edilenden soň, ilkinji gezek ähli milletleriň Kazysy hökmünde hereket edip başlar. 8-nji abzasda aýdylyşy ýaly, şol döwürde boljak wakalaryň käbiri Matta 24:30, 31-nji aýatlarda beýan edilýär. Şol aýatlara üns berseňiz, Isa goýunlar we geçiler tymsalyndaka meňzeş wakalary agzap geçýär. Meselem, Ynsan Ogly şöhrat içinde we perişdeleri bilen geler; ähli taýpalar we milletler ýygnanar; goýunlar «başyny galdyrar», sebäbi olara «ebedi ýaşaýyş» garaşýard. Geçiler bolsa, hemişelik ýok ediljekdigini bilip, «perýat ederler» (Mat. 25:31—33, 46).
13. a) Isa adamlardan kimiň goýundygyny ýa geçidigini haçan kesgitlär? b) Bu wagyz gullugymyza nähili täsir etmeli?
13 Biz nähili netijä gelýäris? Isa uly muşakgatda adamlardan kimiň goýundygyny ýa geçidigini kesgitläp, olara höküm çykarar. Şondan soň, ýagny Armageddonda geçi kimin adamlar hemişelik ýok ediler. Bu biziň wagyz gullugymyza nähili täsir etmeli? Bu wagyz işine çynlakaý garamalydygymyzy görkezýär. Uly muşakgat başlaýança, adamlarda garaýşyny özgerdip, «ýaşaýşa getirýän» insiz ýola düşmäge mümkinçilik bar (Matta 7:13, 14). Elbetde, adamlar häzir özüni goýun ýa geçi ýaly alyp barýandyr. Ýöne kimiň goýun ýa geçidigi uly muşakgatda gutarnykly çözüler. Şol sebäpli biz Patyşalyk baradaky habary başardygymyzdan köp adamlara gürrüň berip, ony kabul etmäge ýardam etmeli.
ISA HAÇAN GELER?
14, 15. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy aýatlarynda Isanyň Kazy hökmünde geljekdigi dört gezek aýdylýar?
14 Isanyň pygamberliginde başga-da wajyp wakalar gürrüň berilýär. Olaryň haçan ýerine ýetjekdigi baradaky düşünjämizi hem üýtgetmelimi? Geliň, muny bilmek üçin şol pygamberlige seredeliň.
15 Isa Matta 24:29—25:46-njy aýatlarda, esasan, soňky günlerde we uly muşakgatda boljak wakalara üns berýär. Şol aýatlarda Isa özüniň sekiz gezek «geljekdigi» barada aýdýar. Ol uly muşakgat barada şeýle diýdi: «Bütin taýpalar... Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda... gelýänini görer». «Siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz». «Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler». Şeýle-de Isa goýunlar we geçiler tymsalynda: «Ynsan Ogly öz şöhraty içinde... geler» diýdi (Matta 24:30, 42, 44; 25:31). Bu dört aýadyň hersinde Isanyň Kazy hökmünde geljekdigi aýdylýar. Isa pygamberligiň ýene niresinde özüniň dört gezek gelmegi barada agzaýar?
16. Mukaddes Ýazgylaryň ýene haýsy aýatlarynda Isanyň gelmegi barada aýdylýar?
16 Isa sadyk hem akylly hyzmatkär barada: «Agasy gelende, şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr!» diýdi. On gyz tymsalynda bolsa: «Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, giýew gelýär» diýdi. Amanat pul tymsalynda: «Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň agasy gelýär» diýdi. Bu tymsalda agasy: «Men-de gelip, ony peýdasy bilen alardym» diýdi (Matta 24:46; 25:10, 19, 27). Isanyň gelmegi baradaky şu dört aýat haýsy döwre degişli?
17. Biz Matta 24:46-daky Isanyň gelmegine nähili düşünýärdik?
17 Isanyň gelmegi baradaky sereden soňky dört aýadymyz öň biziň edebiýatymyzda 1918-nji ýyla degişli diýilýärdi. Meselem, Isanyň «sadyk hem akylly hyzmatkär» baradaky sözlerini alyp göreliň (Matta 24:45—47-nji aýatlary okaň). Biz öňki düşünjämizi göz öňünde tutsak, 46-njy aýada görä, Isa 1918-nji ýylda mesh edilen mesihçileriň ruhy ýagdaýyny barlamaga «geldi», 1919-njy ýylda Agasy bütin mal-mülküni hyzmatkäre ynandy (Mal. 3:1). Emma indi Isanyň pygamberliginde agzalýan wajyp wakalaryň ýerine ýetjek wagty babatda düşünjämizi üýtgetmelidigimize göz ýetirdik. Näme üçin?
18. Isanyň pygamberliginden onuň gelmegi babatda nähili netije çykarsa bolýar?
18 Matta 24:46-nyň öňündäki aýatlarda agzalýan «gelmek» sözi Isanyň uly muşakgatda hökümi yglan etmäge we ony ýerine ýetirmäge geljekdigini aňladýar (Mat. 24:30, 42, 44). 12-nji abzasda aýdylyşy ýaly, Matta 25:31-de agzalýan Isanyň «gelmegi» hem şol höküm döwrüne degişlidir. Diýmek, Matta 24:46, 47-nji aýatlara görä, Isa bütin mal-mülkini sadyk hyzmatkärine gelejekde, ýagny uly muşakgatda ynanar. Şeýlelikde, Isanyň pygamberliginden görnüşi ýaly, onuň gelmegi barada sereden sekiz aýadymyzyň hemmesi uly muşakgatda boljak höküm döwrüne degişlidir.
19. Biz bu makalada nämeleri bildik we indiki makalalarda haýsy soraglara serederis?
19 Biz bu makalada üç wajyp soragyň jogabyna seretdik. Ilkibaşda, uly muşakgatyň 1914-nji ýylda başlamandygyny bildik. Ol Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Beýik Babyla topulanda başlar. Şeýle-de Isa 1914-nji ýyldan başlap däl-de, uly muşakgatda goýunlary geçilerden saýlap, olara höküm çykarar. Mundan başga-da Isanyň sadyk hyzmatkäre bütin mal-mülküni 1919-njy ýylda däl-de, uly muşakgatda ynanjakdygy barada gürrüň edildi. Görşümiz ýaly, üç soragyň jogaby-da gelejekde boljak uly muşakgat bilen baglanyşykly. Onda sadyk hyzmatkär baradaky tymsala düşünişimiz babatda näme diýse bolar? Täze düşünjämiz döwrüň soňunda ýerine ýetýän Isanyň beýleki tymsallary babatdaky düşünjämize täsir edýärmi? Şu wajyp soraglara indiki makalalarda serederis.
a 4-nji abzas: Köpräk bilmek üçin 1994-nji ýylyň 15-nji fewralynda (sah. 8—21) we 1999-njy ýylyň 1-nji maýynda (sah. 8—20) çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnallaryna serediň.
b 8-nji abzas: Şu aýatlarda agzalýan wakalaryň biri — «saýlananlaryň... ýygnalmagy» (Mat. 24:31). Şoňa görä-de, uly muşakgatyň birinji tapgyryndan soňra, ýer ýüzünde galan ähli mesh edilen mesihçiler Armageddon urşy başlamanka göge alnar. 1990-njy ýylyň 15-nji awgustynda (sah. 30) çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň «Okyjylaryň sowallary» diýen makaladaky düşündiriliş üýtgeýär.
c 11-nji abzas: 1995-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda (sah. 18—28) çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyna serediň.
d 12-nji abzas: Şeýle-de Luka 21:28-e serediň.