Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/9 sah. 32
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Ölen dogan-garyndaşlarymyz üçin hakyky umyt
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Isa Lazary direldýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ölen adama näme bolýar?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/9 sah. 32

Okyjylaryň sowallary

Isa Lazary direltjekdigini bilse-de näme üçin aglady? (Ýahýa 11:35).

Ýakynlarymyzdan biri aradan çyksa, biz dogrudan-da, biygtyýar gözýaş dökýäris. Isa Lazary gowy görýärdi, ýöne Ýahýanyň 11-nji babyna görä, ol dostunyň ölümi sebäpli däl-de, onuň hossarlarynyň hasrat çekişini görüp aglady (Ýahýa 11:36).

Isa Lazaryň syrkawlandygyny eşiden badyna, olaryň öýüne gitmäge howlukmady. Ýahýa kitabynda şeýle diýilýär: «Onuň syrkawdygyny eşidende, Isa şol bolýan ýerinde iki gün galdy» (Ýahýa 11:6). Isa näme üçin eglendikä? Munuň sebäbi bardy. Ol şeýle düşündirýär: «Bu syrkawlyk ölüm üçin däl-de, Hudaýyň Ogly ol arkaly şöhratlanar ýaly, Hudaýyň şöhraty üçindir» (Ýahýa 11:4). Isa Lazaryň ölümi arkaly Hudaýy şöhratlandyrmak isleýärdi. Nädip? Isa gadyrly dostuny direldip, täsin bir gudrat görkezmekçidi.

Isa şägirtleri bilen bu waka barada gürrüň edende, ölümi uky bilen deňeşdirdi. Şol sebäpli olara: «Şony (Lazary) oýarmak üçin barýaryn» diýdi (Ýahýa 11:11). Isanyň Lazary ölümden direldişini ata-eneleriň çagasyny ukudan oýaryşyna meňzetse bolar. Diýmek, Isa Lazaryň ölümi sebäpli hasrat çekmändir.

Onda Isa näme üçin gözýaşyny saklap bilmändir? Ol Lazaryň uýasy Merýemiň we beýleki hossarlarynyň aglaýşyny görende, «çuňňur gynanyp, ýüregi gyýyldy». Olaryň hasrat çekişini görüp, durup bilmedi. Ine, şonuň üçin hem «Isa aglady». Hawa, Isany ýakyn dostlarynyň gama batmagy örän gynandyrdy (Ýahýa 11:33, 35).

Bu waka Isanyň aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy täze dünýäde direldip, olara ýaşaýyş berip biljekdigini görkezýär. Şeýle-de hossary aradan çykan adamlara Isanyň duýgudaşlyk bildirýändigini görse bolýar. Biz hem ýakynlarynyň ölümi sebäpli hasrat çekýän adamlaryň gynanjyny paýlaşmaly.

Isa Lazary direltjekdigini bilýärdi. Muňa garamazdan, ol ýakyn dostlarynyň hasrat çekişini görüp aglady. Biz hem «aglaýanlar bilen aglaň» diýen maslahata eýermek üçin duýgudaşlyk bildirmeli (Rim. 12:15). Şeýle hasrat çekmek direlişe ynanmaýandygyňy aňlatmaýar. Muny Isa bilen bolan waka aýdyň görkezýär. Ol Lazary direltmekçi bolsa-da, onuň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirip, ýürekden aglady.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş