Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/9 sah. 27—31
  • Pioner gullugy Hudaý bilen dostlugyňy berkidýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pioner gullugy Hudaý bilen dostlugyňy berkidýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DOLY WAGTLY GULLUK HUDAÝ BILEN DOSTLUGYŇY BERKIDÝÄR
  • DOLY WAGTLY GULLUGY DOWAM EDIŇ
  • SIZ PIONER GULLUGYNA BAŞLAP BILERMISIŇIZ?
  • «Sen gowy pioner bolarsyň!»
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Kimlere pioner diýilýär?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/9 sah. 27—31

Pioner gullugy Hudaý bilen dostlugyňy berkidýär

«Hudaýymyza nagma aýtmak gowudyr». ZEB. 147:1

ŞU SORAGLARYŇ ÜSTÜNDE OÝLANYŇ

  • Pioner gullugy Ýehowa bilen dostlugyňyzy nädip berkidip bilýär?

  • Size pioner gullugyňyzy dowam etmäge näme kömek eder?

  • Size pioner gullugyna başlamaga nähili özgerişlikler kömek eder?

1, 2. a) Gowy görýän adamyň barada oýlanmagyň we ol hakda başgalara gürrüň bermegiň nähili peýdasy bar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Biz nähili soragalara serederis?

BIZ bir adamy gowy görenimizde, ol barada oýlanýarys we başgalara gürrüň berýäris. Bu bolsa onuň bilen dostlugymyzy has berkidýär. Hudaý bilen dostlugymyzy hem şeýdip berkidip bileris. Dawut çopançylyk eden döwri gijelerine ýyldyzly asmana seredip, olary Ýaradan şahsyýet barada oýlanýardy. Ol şeýle sözleri ýazdy: «Gökleriňe, Seniň barmaklaryň işlerine, Seniň guran Aý we ýyldyzlaryňa seredenimde diýýärin: Sen adama üns berer ýaly, ol näme? Sen ony idär ýaly, ynsan ogly näme?» (Zeb. 8:3, 4). Pawlus resul Ýehowanyň mesh edilen mesihçiler babatdaky niýetiniň ýerine ýetişine haýran galyp, şeýle diýdi: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur!» (Rim. 11:17—26, 33).

2 Biz wagyzda Ýehowa barada pikir edýäris we Ol barada gürrüň berýäris. Bu bize örän gowy täsir edýär. Doly wagtly gulluga başlamaga mümkinçiligi bolan wagyzçylaryň köpüsi Patyşalyk işine köpräk gatnaşmagyň Hudaýa bolan söýgiňi artdyrýandygyna düşündiler. Şu makalada getirilen soraglar pionerlere we pioner bolmak isleýänlere kömek eder: «Doly wagtly gulluk Ýehowa bilen dostlugyňy nädip berkidip biler? Eger siz pioner bolup gulluk edýän bolsaňyz, bu wajyp gullugy dowam etmäge näme kömek eder? Bu gulluga başlamagy maksat edinen bolsaňyz, pioner bolmak üçin nähili özgerişlikler edip bilersiňiz?» Geliň, doly wagtly gullugyň nädip Hudaý bilen dostlugyňy berkitmäge kömek edýändigi barada gürrüň edeliň.

DOLY WAGTLY GULLUK HUDAÝ BILEN DOSTLUGYŇY BERKIDÝÄR

3. Adamlara Patyşalygyň berjek bereketleri barada wagyz edenimizde, bu bize nähili täsir edýär?

3 Adamlar bilen Patyşalygyň berjek bereketleri barada gürrüň edenimizde, biz Hudaýa has-da ýakynlaşýarys. Siz öýden-öýe wagyz edeniňizde haýsy aýatlary okamagy gowy görýärsiňiz? Belki-de, siz Zebur 37:10, 11; Danyýel 2:44; Ýahýa 5:28, 29 ýa-da Ylham 21:3, 4-nji aýatlar hakda gürrüň etmegi halaýansyňyz? Adamlara şu aýatlardaky wadalary her gezek gürrüň berenimizde, jomart Hudaýymyzyň «ähli oňat, kämil sowgatlary» eçilýändigini özümize ýatladyp durýarys. Bu bolsa bizi Ýehowa has-da ýakynlaşdyrýar (Ýakup 1:17).

4. Adamlaryň ruhy taýdan gözgyny ýagdaýdadygyny görenimizde, Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna näme üçin minnetdarlygymyz artýar?

4 Wagyzda duş gelýän adamlaryň ruhy taýdan gözgyny ýagdaýyny görenimizde, biz hakykaty bilýändigimize örän begenýäris. Adamlaryň köpüsi üstünlik gazanmak we bagtly ýaşamak üçin ygtybarly görkezme tapyp bilmeýärler. Olar gelejegi barada alada edýärler, ýöne hiç hili umyt tapmaýarlar. Olar durmuşyň manysynyň nämedigini biljek bolýarlar. Hatda hudaýhon adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylar barada köp zat bilmeýärler. Gynansak-da, olar gadymy Ninewäniň ýaşaýjylaryna meňzeýärler (Ýunus 4:10-y okaň)a. Wagza köpräk gatnaşanymyzda, Hudaýyň halky bilen bu dünýäniň adamlarynyň arasyndaky tapawudy has aýdyň görýäris (Iş. 65:13). Emma Ýehowa diňe öz halkynyň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaýar. Ol ähli adamlary teselli tapmaga we hakyky umyt bilen ýaşamaga çagyrýar. Bu bize Ýehowanyň merhemete baý Hudaýdygyny ýatladýar (Ylh. 22:17).

5. Biz başgalara ruhy taýdan kömek edenimizde öz kynçylyklarymyza nähili garaýarys?

5 Biz adamlara ruhy taýdan kömek edip, öz kynçylyklarymyz barada çendenaşa aladalanmaýarys. Pioner bolup gulluk edýän Trişa atly uýamyz munuň dogrudygyna öz durmuşynda göz ýetirdi. Onuň ata-enesi aýrylyşýar. Trişa şeýle diýýär: «Bu meniň durmuşymda iň erbet wakalaryň biri boldy». Bir gün ol gam-gussa batyp, öýden çykmazlygy ýüregine düwýär, ýöne şonda-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge gidýär. Ol üç çaga bilen sapak geçýärdi. Bu çagalar kyn durmuşda ýaşaýardylar. Kakasy olary taşlap gidipdi, agasy bolsa olara ýowuz daraşýardy. Trişa şeýle gürrüň berýär: «Meniň durmuşyma garanyňda, olar has kyn günleri başdan geçirýärdi. Men şol gün çagalar bilen sapak geçenimde, olaryň gözleri nurlandy we şatlanyp gülüşdiler. Şol gün bu çagalar Ýehowanyň maňa beren sowgady boldy».

6, 7. a) Adamlara hakykaty öwredenimizde nädip öz imanymyzy berkidýäris? b) Adamlaryň Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanýandygyny görenimizde, biz Hudaýyň akyldarlygyna nähili garap başlaýarys?

6 Biz adamlara Mukaddes Ýazgylary öwredip imanymyzy berkidýäris. Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynda käbir ýehudylaryň goýberýän ýalňyşlygy barada şeýle diýdi: «Başgasyna taglym berýän sen indi özüňe taglym bermeýärmisiň?» (Rim. 2:21). Elbetde, pionerler beýle etmeýärler. Olar köp adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, ondaky hakykaty öwredýärler. Bu işi gowy ýerine ýetirmek üçin olar her sapaga taýýarlyk görýärler we berlen soraglara jogap tapmak üçin gözleg geçirýärler. Janin atly pioner uýa şeýle diýýär: «Men adamlara Mukaddes Ýazgylary her gezek öwredenimde, hakykat meniň öz aňyma we ýüregime çuňňur ornaşýar. Şeýlelikde, meniň öz imanym berkeýär».

7 Biz sapak geçýän adamyň Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler arkaly durmuşyny özgerdişini görenimizde, Hudaýyň akyldarlygyny has-da gymmat saýyp başlaýarys (Iş. 48:17, 18). Bu bizi Hudaýyň prinsiplerini öz durmuşymyzda mundan beýläk-de ulanmaga höweslendirýär. Adriana atly pioner uýa şeýle diýýär: «Adamlar öz düşünjesine bil baglap, köp kynçylyklara uçraýarlar. Emma olar Ýehowanyň akyldarlygyna bil baglap başlanda, bu şol bada bereketler getirýär». Fil atly dogan hem şeýle diýýär: «Adamlara sapak geçeniňde, Ýehowanyň olara özgermäge kömek edýändigini görýärsiň».

8. Dogan-uýalar bilen wagyz edenimizde, bu bize nähili täsir edýär?

8 Biz wagyzda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup, özümizi ruhy taýdan abatlaýarys (Sül. tym. 13:20). Köp pionerler wagtyny imandaşlary bilen gulluk edip geçirýärler. Bu bolsa «bilelikde teselli tapmaga» mümkinçilik döredýär (Rim. 1:12; Süleýmanyň tymsallary 27:17-i okaň). Liza atly pioner uýa şeýle belläp geçýär: «Iş ýeriňde köplenç adamlaryň bäsdeşlik we göripçilik edýändigine duş gelýärsiň. Olar her gün seniň gybatyňy edip, saňa hapa sözler aýdýarlar. Olar her hili ýol bilen üstünlik gazanmak barada gürrüň edýärler. Olar käte mesihçi häsiýetlerim sebäpli meniň üstümden gülýärler. Emma men işden soň dogan-uýalar bilen wagyz edenimde, bu meni hakykatdan-da abatlaýar. Men günüň ahyrynda ýadaw bolsam-da, özümi ruhy taýdan gowy duýýaryn».

9. Är-aýalyň bilelikde pioner bolup gulluk etmegi «üç tar ýüpe» nähili täsir edýär?

9 Är-aýalyň bilelikde pioner bolup gulluk etmekligi «üç tar ýüpi» berkidýär (Wag. 4:12). Ýanýoldaşy bilen pioner bolup gulluk edýän Madelin atly uýa şeýle gürrüň berýär: «Biz günüň dowamynda bolan wakalar hakda we Mukaddes Ýazgylardan okan zatlarymyzy wagyzda nädip ulanyp biljekdigimiz barada gürrüň edýäris. Biz her ýyl bilelikde pioner gullugyna gatnaşyp, birek-birege has ýakynlaşýarys». Trişa atly uýa hem şeýle gürrüň berýär: «Ýanýoldaşym ikimiz karz almazlygy ýüregimize düwdük, şonuň üçin biz pul hakda dawa etmeýäris. Biz birmeňzeş gün tertibine görä gulluk edýäris, şol sebäpli bilelikde adamlary ikilenç ideg edýäris we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýäris. Bu bizi birek-birege has-da ýakynlaşdyrýar».

10. Patyşalygy birinji orunda goýanymyzda, Ýehowanyň goldaýandygyny görmeklik bize nähili täsir edýär?

10 Biz Patyşalyk işlerini birinji orunda goýanymyzda, Ýehowanyň goldaýandygyny we dogalarymyza jogap berýändigini görýäris, şonda Oňa has-da köp bil baglaýarys. Elbetde, bu sözleriň hakykatdygyna ähli mesihçiler göz ýetiren bolsa gerek. Dogan-uýalar pioner gullugyny dowam etmek üçin diňe Ýehowa bil baglamalydygyna düşünýärler (Matta 6:30—34-nji aýatlary okaň). Kurt atly dogan aýlanýan gözegçiniň kömekçisi we aýaly bilen pioner bolup gulluk edýär. Doganlar ondan iki ýarym sagat uzaklykda ýerleşýän ýygnagy ideg etmegi haýyş edýärler. Şonda ol razylaşýar. Emma onuň ulagynyň ýangyjy diňe şol ýere barmaga ýetýärdi. Kurtyň aýlygyny alanyna-da bir hepde geçipdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men şol ýere gitmek babatdaky gelen kararyma şübhelenip başladym». Şonda Kurt aýaly bilen doga edip, bu ýumşy ýerine ýetirmegi ýüregine düwýär we olar Hudaýyň gerekli zatlar bilen doly üpjün etjekdigine ynanýarlar. Olar ýola düşjek bolup durkalar, bir uýa jaň edip, olara sowgat taýýarlandygyny aýdýar. Bu sowgat ýygnakdan gaýtmaga ýeterlikli puldy. Kurt şeýle diýýär: «Şeýle ýagdaýlarda Ýehowanyň eli aýdyň görünýän ekeni».

11. Pioner gullugy nähili bereketler berýär?

11 Pionerler Ýehowa yhlasly gulluk edip, Onuň bilen dostlugyny berkidýärler we ençeme bereketleriň eýesi bolýarlar (Kan. tag. 28:2). Emma pionerlerde-de kynçylyklar bolýar. Hudaýa gulluk edýän her bir adam bikämilligiň we bu zalym dünýäniň täsirinden ejir çekýär. Şonuň üçin käbir dogan-uýalar kynçylyklar sebäpli pioner gullugyny goýmak barada pikirlenýärler. Ýöne olar gullugy bes etmän hem kynçylyklaryň hötdesinden gelip bilerler. Pionerlere hormatly gullugyny şatlyk bilen dowam etmäge näme kömek eder?

DOLY WAGTLY GULLUGY DOWAM EDIŇ

12, 13. a) Sagat sanyny dolup bilmeýän pionerler näme etmeli? b) Mukaddes Ýazgylary her gün okamaga, şahsy okuwyny geçirmäge we okan zatlaryň barada oýlanmaga wagt sarp etmek näme üçin wajyp?

12 Pionerler her gün gulluk etmegi planlaşdyrýarlar, şol sebäpli olaryň gün tertibi doly bolýar. Olar ähli işlerine ýetişmek üçin guramaçylykly hereket edýärler (1 Kor. 14:33, 40). Eger pioner sagat sanyny dolup bilmeýän bolsa, onda wagtyny nämä sarp edýändigini barlamaly bolýar (Efes. 5:15, 16). Ol özüne şeýle soraglary berip biler: «Men göwün açmaga we dynç almaga näçeräk wagt sarp edýärin? Men bu babatda özüme erk edýärinmi? Men dünýewi işe sarp edýän wagtymy azaldyp bilerinmi?» Elbetde, ähli mesihçiler käte gün tertibine wajyp bolmadyk zatlaryň goşulýandygy bilen ylalaşsalar gerek. Şol sebäpli doly wagtly gulluk edýänler hemişe gün tertibini barlap durmaly we zerurlyk dörän ýagdaýynda ony özgertmeli bolýar.

13 Hawa, pionerler Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly, şahsy okuwyny geçirmeli we okan zatlary barada oýlanmaly. Olar şu zatlary ýerine ýetirmek üçin wajyp däl zatlara wagt sarp etmez ýaly, özüne erk etmeli (Flp. 1:10). Göz öňüne getireliň, pioner uzak gün gulluk edip, öýüne gelýär we agşamyna şol hepdede boljak ýygnak duşuşygyna taýýarlanmakçy bolýar. Ilki, ol poçtasyna gelen hatlary okap, olara jogap berýär we Internetden satyn aljak zatlarynyň bahasynyň pese düşendigini barlap görýär. Ol bu işlere gümra bolup, iki sagada golaý wagtynyň geçendigini özi-de duýman galýar. Şeýdip, ol ýygnak duşuşygyna taýýarlanmaly wagtyny başga işlere sarp edýär. Bu ýagdaýa näme üçin çynlakaý garamaly? Ussat türgen üstünlik gazanmak üçin hemişe türgenleşip durmaly bolýar. Şonuň ýaly-da, pionerler doly wagtly gullugyny dowam edip bilmek üçin şahsy okuwyny yzygiderli geçirip, ruhy taýdan iýmitlenip durmaly (1 Tim. 4:16).

14, 15. a) Pionerler näme üçin sada ýaşamaga çalyşmaly? b) Pionerler kynçylyga duş gelenlerinde näme etmeli?

14 Dogan-uýalar pioner gullugyny dowam etmek üçin sada ýaşamaga çalyşýarlar. Isa-da şägirtlerini sada gözli bolmaga höweslendiripdi (Mat. 6:22). Isa wagyz etmäge hiç zadyň päsgel bermezligi üçin ýönekeý ýaşaýardy. Ol şeýle diýipdi: «Tilkileriň süreni, gök guşlarynyň höwürtgesi bardyr; ýöne Ynsan Oglunyň başyny ýassyga goýara-da ýeri ýokdur» (Mat. 8:20). Pionerler Isanyň göreldesine eýermäge jan etseler paýhasly bolardy. Pionerler, goş-golamyňyz näçe köp bolsa, olary aýap saklamaga we bejermäge şonça-da köp wagt gerek bolýandygyny unutmaň.

15 Pionerler hormatly gulluga gatnaşýarlar, emma bu olaryň özlerini beýleki wagyzçylardan ýokary tutmalydygyny aňlatmaýar. Olar bu gulluga Ýehowanyň merhemeti, ýagny sowgady hökmünde garamaly. Diýmek, dogan-uýalar pioner gullugyny dowam edip biler ýaly, Ýehowa bil baglamaly (Zeb. 121:1, 2). Elbetde, pionerleriň dürli kynçylyklara duş gelmekleri mümkin (Zeb. 34:19). Emma şeýle ýagdaýlarda olar bu hormatly gullugyny bes etmegiň deregine, Ýehowanyň görkezmesini agtaryp, Ondan kömek soramaly (Zebur 37:5-i okaň). Olar Hudaýyň söýgi bilen kömek edýändigini görenlerinde, gökdäki aladaçyl Atasyna has-da ýakynlaşarlar (Iş. 41:10).

SIZ PIONER GULLUGYNA BAŞLAP BILERMISIŇIZ?

16. Siz pioner bolup gulluk etmek isleýän bolsaňyz näme etmeli?

16 Siz pioner gullugynyň berýän bereketlerini durmuşyňyzda görmek isleseňiz, bu hakda Ýehowa doga ediň (1 Ýahýa 5:14, 15). Şeýle-de pionerler bilen gürrüňdeş boluň we pioner gullugyna başlamaga kömek edýän maksatlar goýuň. Kit bilen Erika hem şeýle edipdiler. Olar uzakly gün işleýärdiler. Olar durmuş guranlaryndan soňra öý we täze ulag satyn aldylar. Bu çatynjalar şeýle gürrüň berýär: «Biz bulary satyn alyp, kanagat taparys öýdüp pikir edýärdik. Emma eden tamamyz çykmady». Kit işden çykarylýar, şonda ol kömekçi pioner gullugyna başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Pioner gullugy maňa wagyz etmegiň köp şatlyk berýändigini ýatlatdy». Olar pioner bolup gulluk edýän är-aýal bilen dostlaşdylar we sada ýaşap, pioner bolmagyň şatlyk getirýändigine düşündiler. Şonda Kit bilen Erika näme etmegi ýüregine düwdüler? Olar şeýle diýýär: «Biz ruhy maksatlarymyzy kagyza ýazyp, sowadyja berkidip goýduk we ýeten maksatlarymyzyň aşagyny çyzdyk». Wagtyň geçmegi bilen, olar pioner gullugyna başladylar.

17. Pioner bolmak üçin gün tertibiňizi we durmuşyňyzy özgertmek hakda oýlansaňyz näme üçin paýhasly bolar?

17 Siz pioner gullugyna başlap bilermisiňiz? Siziň şu wagt mümkinçiligiňiz ýok bolsa, onda wagza köpräk gatnaşyp, Ýehowa has-da ýakynlaşmak üçin eliňizde baryny ediň. Doga edip, ýagdaýyňyzy barlap görüň. Belki-de, şonda pioner gullugyna başlamak üçin gün tertibiňizde we durmuşyňyzda käbir zatlary özgerdip biljekdigiňize göz ýetirersiňiz. Pioner gullugyna başlasaňyz aljak şatlygyňyz eden tagallaňyza degýändigine düşünersiňiz. Patyşylyk işlerini öz islegleriňizden ileri tutup, kanagat taparsyňyz (Mat. 6:33). Siz bermegiň almakdan has bagtly edýändigine göz ýetirersiňiz. Şeýle-de Ýehowa hakda pikirlenmäge we Ol barada gürrüň etmäge mümkinçiligiňiz köpeler. Bu bolsa Ýehowa bolan söýgiňizi artdyrar we Onuň göwnünden turmaga kömek eder.

a Ýunus 4:10 Reb oňa şeýle diýdi: «Öz zähmetiň siňmedik, bir gijäniň içinde ösüp, bir gijäniň içinde-de guran ösümlige seniň nebsiň agyranda, sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adama we köp mal-garasy bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş