«Sen gowy pioner bolarsyň!»
1. Kete uýamyz pioner gullugy hakynda näme aýtdy?
1 Kete Palm uýamyz şeýle diýýär: «Başga hiç bir zat şunuň ýaly şatlygy we ruhy bereketleri berip bilmez». Ol janaýamaz ruhy bilen özüni pioner gullugyna bagyş edip, Günorta Amerikanyň Çili respublikasynyň bir çetinden beýleki çetine çenli hoş habary wagyz edýärdi. Pioner gullugynyň bereketleri hakynda oýlanyp, megerem kimdir biri saňa: «Sen gowy pioner bolarsyň!» diýendir.
2. Hakyky şatlyk näme üçin ruhy işlere bagly?
2 Şatlyk berýän ýol. Bize görelde galdyran Isa gökdäki Atasynyň islegini berjaý etmekden janyna rahatlyk tapýardy (Ýahýa 4:34). Ol Ýehowa gulluk edip, hakyky şatlyk tapyp bolýandygyny aýdýardy. Eger biz elmydama Ýehowany begendirýän iş bilen meşgul bolsak, bu bize hem şatlyk berer. Şeýle-de öz wagtymyz, güýjümiz we serişdämiz bilen dogan-uýalara kömek etsek, şatlygymyz öňküden-de artar (Res. iş. 20:31, 35).
3. Köpräk wagyz etseň nähili şatlyk taparsyň?
3 Eger köpräk wagyz etsek, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamaga-da mümkinçilik döreýär. Adamlaryň köpüsi hoş habara parhsyz garaýan ýaly bolup görünse-de, wagyz etseň tejribäň we ussatlygyň artar hem-de hoş habara seslenýänleriň bardygyna göz ýetirersiň. Bir ýyl pioner bolup gulluk etseň, pionerleriň mekdebine çagyrarlar. Soňra mekdepde öwrenen zatlaryňy gullukda ulanyp bilersiň (2 Tim. 2:15). Eger biz yhlasly wagyz etsek, ekýän hakykat tohumymyz öz wagtynda hökman miwe berer (Wag. 11:6).
4. Mekdebi tamamlajak ýaşlar näme barada oýlanyp bilerler?
4 Ýaşlar. Siz basym orta mekdebini tamamlarsyňyz. Öz gelejegiňiz hakda çuňňur oýlanýarsyňyzmy? Şu wagta çenli siziň gün tertibiňiz mekdebe bagly bolandyr. Emma ony tamamlansoň, wagtyňyzy nämä sarp edersiňiz? Wezipä kowalaşmagyň deregine pioner gullugy hakynda oýlansaňyz gowy bolmazmy? Dürli häsiýetli adamlara wagyz etmegi we olary okatmagy, kynçylyklary ýeňip geçmegi, tertip-düzgünli bolmagy öwrenseň, seniň bütin ömrüňe peýdasy deger.
5. Ene-atalar we dogan-uýalar nädip pioner gullugyna höweslendirip bilýär?
5 Ene-atalar, siz çagalaryňyzy pioner bolmaga höweslendirýärsiňizmi? Edýän gürrüňleriňiz we gowy göreldäňiz olara Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaga kömek eder (Mat. 6:33). Mekdebi tamamlap, pioner gullugyna başlan doganymyz Reý şeýle diýýär: «Meniň ejem pioner gullugyny durmuşyň iň şatlyk berýän ýoly hasaplaýardy». Ýygnakdakylaryň ählisi öz gürrüňleri we edýän kömegi bilen pioner gullugyna höweslendirip bilýär. Ispaniýaly Hose şeýle diýýär: «Ýygnagymyzdaky dogan-uýalarymyz pioner gullugyny gymmat hasaplaýardy. Olar pioner gullugy üçin minnetdar bolup, ýygnakda berýän jogaplary we içgin gyzyklanmaklary maňa pioner gullugyna başlamaga kömek etdi».
6. Pioner bolmaga islegimiz bolmasa biz näme edip bileris?
6 Kynçylyklary ýeňip geç. Eger seniň ýüregiňde pioner bolmaga höwes bolmasa näme edip bilersiň? Ýehowa doga edip, ondan kömek sora. Oňa öz duýgularyňy we onuň islegini berjaý etmek isleýändigiňi aýt (Zeb. 62:8; Sül. tym. 23:26). Soňra onuň Sözünden we guramasyndan görkezme gözle. Ençeme pionerler ilkibaşda kömekçi pioner gullugyny «dadyp görüp», ondan şatlyk tapdylar. Bu bolsa olary pioner gullugyna ymtylmaga höweslendirdi (Zeb. 34:8).
7. Sagat sany bilen bagly kynçylygy nädip ýeňip bolar?
7 Pionerler her aý 70 sagat wagyz etmeli. Bu tabşyrygy ýerine ýetirip biljegiňe ynamyň bolmasa, şeýle ýagdaýy başdan geçiren pionerler bilen gürrüňdeş bolup bilersiň (Sül. tym. 15:22). Soňra gün tertibiňi ýazga geçir. Zerur bolmadyk işleri soňa goýsaň, wagyz üçin wagt tapmagyň kyn däldigine göz ýetirersiň (Efes. 5:15, 16).
8. Näme üçin bize wagtal-wagtal öz ýagdaýymyz barada oýlanmak gerek?
8 Ýagdaýyňy barlap gör. Durmuşyň ýagdaýy tiz-tizden özgerip durýanlygy sebäpli, wagtal-watal oýlanmak gerek. Belki-de, seniň pensiýa çykmaly wagtyň golaýlandyr. Pensiýa ir çykan Rendi şeýle diýýär: «Meniň gelen kararym maňa aýalym bilen pioner gullugyna başlamaga we wagyzçylaryň azlyk edýän ýerinde gulluk etmäge mümkinçilik döretdi. Meniň saýlan ýolum meni sansyz bereketleriň eýesi etdi. Olaryň iň beýigi bolsa, päk ynsap berekedi boldy».
9. Är-aýallar näme barada oýlanyp biler?
9 Är-aýallaryň käbirisi öz ýagdaýlaryna göz aýlap, uzakly gün işlemegiň hökman däldigine göz ýetirýärler. Belki-de, siz ýaşaýşyňyzy ýönekeýleşdirmeli bolarsyňyz, ýöne şeýle karara gelendigiňize hiç haçan ökünmersiňiz. Jonyň aýaly pioner gullugyna başlamak üçin uzakly gün işlemesini goýýar. Jon şeýle diýýär: «Aýalymyň uzak gün ruhy işler bilen meşgullanýanyny görüp, men gaty begenýärin».
10. Mesihçileri pioner gullugy hakynda oýlanmaga näme höweslendirýär?
10 Söýgiňi we imanyňy bildir. Ýehowa barada wagyz etmek biziň her birimiz üçin wajypdyr. Basym bu köne dünýäniň soňy geler we diňe Ýehowanyň adyny çagyranlar halas bolar (Rim. 10:13). Eger Ýehowanyň ähli eden zatlary üçin minnetdar bolsak, bu bizi onuň Ogluna gulak asyp, erjellik bilen wagyz etmäge höweslendirer (Mat. 28:19, 20; 1 Ýahýa 5:3). Şeýle-de biz soňky günlerde ýaşaýanlygymyza düşünsek, bu dünýäden doly peýdalanman, eýsem, wagt barka wagyz etmek üçin elimizden gelenini ederis (1 Kor. 7:29—31).
11. Kimdir biri seni pioner gullugyna höweslendirse, näme edip bilersiň?
11 Pioner bolup gulluk etmek ýöne bir sagat tabşyrmagy aňlatmaýar; bu biziň Ýehowa wepalylygymyzy görkezýär. Eger-de kimdir biri «Sen gowy pioner bolarsyň» diýse, muny öwgi hökmünde kabul et. Doga edip, bu şatlyk berýän gulluk hakynda oýlanyp gör.
[4-nji sahypadaky surat]
Ene-atalar, siz çagalaryňyzy pioner gullugyna höweslendirmek üçin näme edýärsiňiz?
[5-nji sahypadaky surat]
Ýehowa biziň her birimiz üçin wagyz işini iň wajyp iş edip belledi.