Siz «iş bitiriji bir [açylan gapydan]» girip bilermisiňiz?
1. Biziň öňümizde nähili «iş bitiriji gapy açyldy»?
1 «Iş bitiriji bir gapy açylanda», Pawlus resul mümkinçilikden peýdalanyp, garşylyklaryň köpdügine garamazdan, Patyşalygyň bähbitlerini ilerlemäge jan edýär (1 Kor. 16:9). Şu günler bütin dünýäde 642 000-e golaý Patyşalygyň wagyzçylary açylan gapydan girip, pioner bolup gulluk edýärler.
2. Näme üçin wagtal-wagtal ýagdaýymyzy gözden geçirip durmaly?
2 Ýagdaýyňyzy özgerdiň. Mümkin, häzir ýagdaýymyz çäklidir, emma ony özgerdip bolar. Şol sebäpi amatly pursada garaşman, wagtal-wagtal ýagdaýymyzy gözden geçirip durmaly (Wag. 11:4). Sen tizara mekdebi gutarýarmyň? Belki, çagalaryň tizden mekdebe barýandyr? Mümkin, sen tizara zähmet rugsadyna çykýansyň? Şeýle özgerişler wagtyňyzyň köp bölegini boşadyp, pioner gullugyň gapysyndan girmäge mümkinçilik döredýär. Saglygy ýaramaz bir uýa 89 ýaşynda pioner bolmagy maksat edinýär. Näme üçin? Sebäbi onuň keselhana düşmändigine bir ýyldan gowrak wagt geçipdir.
3. Mesihçileriň käbiri pioner bolup gulluk etmek üçin nähili özgerişler etdiler?
3 Bir gezek Pawlus Korintosdaky doganlaryň ýanyna barmakçy bolýar. Emma soňra hoş habary wagyz etmek üçin maksadyny üýtgedýär. Şu günler hem mesihçileriň köpüsi pioner bolup gulluk etmek üçin durmuşyny özgertdiler. Käbirleri durmuşyny sadalaşdyrmak üçin ýarym gün işläp, çykdajylaryny azaltdylar. Olar Ýehowa gulluk etmekden lezzet alýarlar (1 Tim. 6:6—8). Käbir maşgalada aýaly pioner bolup gulluk eder ýaly, diňe äri işleýär.
4. Talap edilýän sagady tabşyryp bilmerin öýtsek näme etmeli?
4 Talap edilýän sagady tabşyryp bilmerin öýdüp, pioner gullugyndan ýüz öwürmäge howlukma. Munuň üçin her gün bary-ýogy iki sagatdan biraz köp wagyz etmek ýeterlikdir. Eger başarmaryn öýtseň, onda bir-iki aý kömekçi pioner bolup gulluk edip, 70 sagat tabşyrjak bol. Bu saňa pioner gullugyň getirýän şatlygyny dadyp görmäge mümkinçilik berer (Zeb. 34:8). Pioner bolup gulluk edýän wagyzçylar bilen gürrüňdeş bol. Mümkin, olar hem seniňki ýaly kynçylyklary ýeňendir (Sül. tym. 15:22). Köpräk wagyz etmek üçin edýän tagallaňa bereket berer ýaly Ýehowa doga et (1 Ýahýa 5:14).
5. Näme üçin pioner gullugy degerli maksat?
5 Degerli maksat. Pioner bolup gulluk etmek bol bereket getirýär. Sen köp berýändigiň üçin özüňi has bagtly saýyp bilersiň (Res. iş. 20:35). Şeýle-de pioner gullugy hakykat Sözüni dogry ulanar ýaly ukybyňy ösdürmäge ýardam edýär (2 Tim. 2:15). Bu saňa gullukda Ýehowanyň goldawyny görmäge mümkinçilik berer (Res. iş. 11:21; Flp. 4:11—13). Şeýle-de pioner gullugy çydamlylyk ýaly ruhy häsiýetleri ösdürip, Ýehowa ýakynlaşmaga kömek eder (Ýakup 4:8). Siz iş bitiriji bir açylan gapydan girip, pioner bolup bilermisiňiz?