Wagyz üçin teklipler
«Siz, köp adamlaryň nämäniň gowy we nämäniň erbetdigini özüniň çözýändigi bilen ylalaşýarmysyňyz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylaryň şu aýadynda üýtgemeýän prinsip berlen». (Matta 7:12-ni oka we Mukaddes Ýazgylardaky ahlak kadalar boýunça ýaşamagyň peýdalydygyny düşündir).
«Ýaşamak üçin biziň hemmämize pul gerek. Siziň pikiriňizçe, adam bar ünsüni pul gazanmaga berse, durmuşyna zyýan ýetirip bilermi? (Jogap bersin). Baýlyga kowalaşmagyň nähili netije getirýändigine ünsüni çek (1 Timoteos 6:10-y oka). Az çykdajy edip, ýönekeý ýaşap bolýandygy barada Mukaddes Ýazgylardan netijeli maslahatlary tapyp bolýar». Soňra Matta 6:20-ä esaslanyp, gürrüňdeşligi dowam etse bolar.
«Siz nähili pikir edýärsiňiz, näme üçin jynsy, milleti başga ýa-da başga dilde gepleýän adamlara erbet garaýarlar? (Jogap bersin). Şu aýada ünsüni çek (1 Ýahýa 4:20-ni oka). Mukaddes Ýazgylar dürli milletdäki adamlaryň arasynda agzybirligiň bolup biljekdigine ynandyrýar». Soňra Ylham 7:9-a esaslanyp, tizara Hudaýyň Patyşalygynyň näme etjekdigi barada gürrüňi dowam edip bilersiň.
«Haýwanlardan tapawutlylykda adamlar nädip ýaşamalydygyny özleri saýlaýar. Siziň pikiriňizçe, ynamly görkezmäni nireden tapyp bolar?» (Jogap bersin. Soňra Zebur 119:105-i oka we ynamly görkezmäni Mukaddes Ýazgylardan tapyp bolýandygyny düşündir).