Wagyz üçin teklipler
«Adamlaryň köpüsi dünýädäki dinler dürli ýollar bilen Hudaýa eltýär diýip ynanýarlar. Bu barada siz näme pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin.) Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine üns beriň. (Matta 7:21—23-i oka.) Şu makalada dinimiziň hak Hudaýa eltýändigini bilmek üçin, her birimiz ony barlamalydygymyz barada ygtybarly subutnamalar getirilýär» (w09-U 1.6. 12).
«Biz adamlaryň ölýändigini bilýäris. Siziň pikiriňizçe, olar bize gaharlanar ýa-da zyýan ýetirer diýip gorkmalymy? (Jogap bersin. Soňra Zebur 146:3, 4-i oka.) Bu makalada siz teselli beriji pikirleri taparsyňyz» (g09-U 06).
«Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylara düşünmek kyn diýýärler. Siz hem şeýle pikir edýärsiňizmi? (Jogap bersin. Soňra Zebur 119:130-y oka.) Şu aýada görä, Mukaddes Ýazgylaryň Awtory onuň ýazan Sözüne düşünmegimizi we peýda almagymyzy isleýär. Bu žurnalda bize Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek edýän üç maslahat berilýär» (w09-U 1.7).
«Şu günler köp adamlar göwnüçökgünlikden horluk çekýärler. Siziň pikiriňizçe, Hudaý olaryň aladasyny edýärmikä?» (Jogap bersin. Soňra Zebur 34:18-i oka.) Bu žurnalda şeýle adamlar bejergi almaly bolsalar-da, bolmasalar-da, Hudaýdan kömek alyp biljekdigi barada aýdylýar. Şeýle adamlary biziň nädip goldap biljekdigimiz barada-da maslahatlar berilýär» (g09-U 07).