Wagyz üçin teklipler
«Siziň pikiriňizçe, şu howsalaly döwürde kalbymyzda rahatlyk tapyp bolarmyka? (Jogap bersin.) Mukaddes Ýazgylaryň Filipililer 4:6, 7-nji aýatlardaky sözlere üns beriň. (Oka.) Bu sözler Hudaýyň berýän parahatlygyny nädip duýup bolýandygyny görkezýär». (Gürrüňdeşligi dowam eder ýaly «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji iýulda çykan sanynyň 10-njy sahypadaky makala seret.)
«Şu günler köp adamlar göwnüçökgünlikden ejir çekýärler. Siziň pikiriňizçe, olara nädip kömek edip bolar? (Jogap bersin.) Mukaddes Ýazgylar şeýle adamlara göwünlik berýär. (Zebur 116:3—6-njy aýatlary oka.) Bu sözler şeýle kynçylyklaryň tizden bolmajakdygyny hem görkezýär». («Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň iýul aýynda çykan sanyna seret.)
«Käte maşgalada pul sebäpli agzalalyk döreýär. Siziň pikiriňizçe, şeýle agzalalygy nädip çözüp bolar? (Jogap bersin.) Mukaddes Ýazgylarda şeýle meseleler barada är-aýal aç-açan gürrüňdeş bolmaly diýilýär. (Süleýmanyň tymsallary 13:10-y oka.)» («Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji awgustda çykan sanyna seret.)
«Biziň ählimiz adalatsyzlyga uçraýarys. Meselem, hukuklarymyz kemsidilýär. Siziň pikiriňizçe, Hudaý şeýle adalatsyzlyga nähili garaýar? (Jogap bersin. Resullaryň işleri 10:34, 35-nji aýatlary oka.) Mukaddes Ýazgylar adalatsyzlyga döz gelmäge we bizde-de döreýän şeýle ters pikirleri aýyrmaga kömek edýär». («Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň awgust aýynda çykan sanyna seret.)