Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/11 sah. 3
  • Sen pioner bolup görüpmidiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen pioner bolup görüpmidiň?
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Siz «iş bitiriji bir [açylan gapydan]» girip bilermisiňiz?
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Sen gowy pioner bolarsyň!»
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 3/11 sah. 3

Sen pioner bolup görüpmidiň?

1. Köpler nähili hormatly mümkinçilikden peýdalanýar we käbirlere näme hakynda pikirlenmek gerek?

1 Ýyllar boýy müňlerçe wagyzçylar pioner bolup gulluk edip, «ders bermegi, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegi» uly hormat saýýar (Res. iş. 5:42). Ýöne käbiri dürli sebäpler boýunça pioner gullugyny bes etdi. Sen öň pioner bolup gulluk eden bolsaň, oňa ýene-de başlamak üçin häzirki ýagdaýlaryňy barlap bilermiň?

2. Öň pioner gullugyny bes edenler näme üçin häzirki ýagdaýlaryny barlap görmeli?

2 Ýagdaýlar üýtgeýär. Belki pioner gullugyny bes etmegiňe sebäp bolan zat indi ýokdur. Meselem, sen öň her aý 90 sagat tabşyryp bilmändigiň sebäpli pioner gullugyňy bes eden bolsaň, ol tabşyrygyň indi 70 sagat bolandygy hakynda oýlanyp bilermiň? Pioner gullugyny bes edeniň bäri işde ýa-da maşgalaňda jogapkärçiligiň öňküsinden azaldymy? Saglygy sebäpli öň pioner gullugyny bes eden 89 ýaşly bir uýa ýagdaýyny täzeden barlap gördi. Onuň keselhana ýüz tutmanyna bir ýyldan gowrak wagt bolupdy. Şonuň üçin, onuň saglygy indi täzeden pioner bolup gulluk etmäge päsgel bermeýändigine düşündi.

3. Maşgala agzalary maşgalasynda biriniň pioner bolmagyna nädip ýardam edip biler?

3 Sen öň pioner bolmadyk bolsaň, belki-de maşgalaňda başga biri, meselem, gartaşan ata-enäň aladasyny etmek üçin pioner gullugyny bes edendir (1 Tim. 5:4, 8). Eger şeýle bolsa, onda sen ýa-da maşgalaň başga agzalary oňa has köpräk kömek edip bilermidi? Bu meseläni bile ara alyp maslahatlaşsaňyz gowy bolar (Sül. tym. 15:22). Maşgala agzalary maşgaladakylaryň birine pioner bolmaga ýardam etse, hemmeler öz goşandyny goşýandygyny duýar.

4. Pioner bolmaga mümkinçiligiň bolmasa näme etmeli?

4 Häzir pioner gullugyna ýene-de başlamaga mümkinçiligiň bolmasa, ruhdan düşme. Ýehowa seniň yhlaslydygyňa örän begenýär (2 Kor. 8:12). Häzirki ýagdaýyňda Hudaýyň beren ukybyny pioner ýaly ulanyp bilersiň. Bu barada Ýehowa doga et we ýagadaýyňy üýgeder ýaly mümkinçilik dörese, ony elden gidirme (1 Ýahýa 5:14). Belki-de, wagty gelende ýene-de pioner bolup gulluk edip, şatlyk duýar ýaly, Ýehowa seniň üçin «uly, iş bitiriji bir gapyny açar»! (1 Kor. 16:9).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş