Olary daglaryň kölegesi gorady
BIR AÝAL ertir irden öýünden çykanda, gapysynyň öňünde duran sumka gözi düşýär. Ol sumkany alyp, daş-töweregine seredýär, ýöne hiç kimi görmeýär. Muny gije bir nätanyş adam goýup giden bolmaly. Ol aýal sumkany çalaja açyp, içine seredýär we şol bada öýüne dolanyp gapysyny ýapýar. Geň galaýmaly! Mukaddes Ýazgylara esaslanan, gadagan edilen edebiýatlar! Aýal sumkany gujaklap, gymmatly ruhy iýmiti üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirip, sessiz doga edýär.
1930-njy ýyllarda şuňa meňzeş wakalar Germaniýada köp bolýardy. 1933-nji ýylda faşistler höküm sürüp başlanda, Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi bütin ýurtda diýen ýaly gadagan edilipdi. 100 ýaşlaryndan geçen Riçard Rudolfa şeýle gürrüň berýär: «Biz hiç bir ynsanyň çykaran kararynyň Ýehowanyň adynyň yglan edilmegine bökdenç bolup bilmejekdigine ynanýardyk. Ruhy taýdan ösmek we wagyz etmek üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar örän wajypdyr. Emma şol döwürde şeýle edebiýatlaryň gadagan edilendigi sebäpli, olar elýeterli däldi. Biz bu işiň nädip dowam etjekdigi bilen gyzyklanýardyk». Tizden Riçard bu babatda kömek edip biljekdigine düşündi. Bu iş örän üýtgeşik ýol bilen — daglaryň kölegesinde amala aşmalydy (Ser. 9:36).
GIZLIN ÝOLLAR
Eger siz Elba (ýa-da Labe) derýasynyň boýy bilen, suwuň akymynyň ugruna däl-de, garşysyna ýöreseňiz, kem-kemden Krkonoşe daglaryna baryp ýetersiňiz. Ol Çeh respublikasy bilen Polşanyň araçäginde ýerleşýär. Bu daglara çykmak üçin bary-ýogy takmynan 1 600 metr geçmeli bolsa-da, oňa Ýewropanyň merkezindäki arktika adasy diýilýär. Daglaryň gerşi ýarym ýyllap 3 metre golaý galyňlykda gar bilen örtülip durýar. Kimdir biri howanyň durnuksyzlygyna biperwaý garasa, ol duýdansyz bürelen ümürde galmagy ahmal.
Bu daglar asyrlar boýy welaýatlaryň, patyşalyklaryň we döwletleriň arasynda tebigy serhet bolup hyzmat edip gelýär. Şeýle howply ýerde garawul esgerleri goýmak kyn bolýardy. Şol sebäpli geçmişde bu daglaryň üstünden gadagan edilen harytlary geçirýärdiler. 1930-njy ýyllarda Krkonoşe daglary Çehoslowakiýa bilen Germaniýany bölýärdi. Şonda Ýehowanyň Şaýatlary öň kontrabandaçylaryň ulanan ýollaryny peýdalanyp başladylar. Näme maksat bilen? Olar Mukaddes Ýazgylara esaslanan gymmatly edebiýatlary geçirmekçidiler. Ýaş Riçard şol Şaýatlaryň biridi.
HOWPLY «SYÝAHAT»
Riçard şeýle ýatlaýar: «Biz dynç günleri ýedi-sekiz sany ýaş doganlar bolup syýahatçylar ýaly geýnip, ýola düşýärdik. Germaniýadan daglaryň üsti bilen Çehiýanyň Şpindleruw-Mlin atly kurort şäherine barmak üçin üç sagat töweregi wagt gerekdi». Bu şäher 16,5 km uzaklykda ýerleşýärdi. Ol ýerde köp nemesler ýaşaýardy. Bir daýhan adam doganlara kömek etmäge razylaşdy. Ol demir ýol arkaly Pragadan iberilýän edebiýatly gutulary alyp gaýtmak üçin, golaýda ýerleşýän şähere gidýärdi. Munuň üçin ol dynç alýan adamlaryň atly arabalaryny ulanýardy. Ol edebiýatly gutulary getirip, olary bede saklanylýan jaýda gizleýärdi, soňra edebiýat almak üçin gelýän germaniýaly doganlara garaşýardy.
Riçard şeýle dowam edýär: «Biz ferma gelenimizden soň, ýörite agyr ýük üçin niýetlenen torbalarymyzy doldurýardyk. Her birimiz 50 kg golaý ýük alýardyk». Doganlar ele düşmezlik üçin gün batandan soň ugraýardylar we bütin gije ýöräp, gün dogmanka öýlerine barýardylar. Şol döwür Germaniýada aýlanýan gözegçi bolup gulluk eden Ernst Wisner görlen ätiýaçlyk çäreleri hakda şeýle gürrüň berýär: «Iki dogan öňden gidýärdi, eger olar birini görseler, şol bada el fonary bilen yşyk berýärdiler. Bu olaryň 100 metr yzlaryndan gelýän agyr ýükli doganlar üçin duýduryş bolýardy. Soňra öňde giden iki dogan yzyna gelip, tä özara şertleşilen sözi aýdýança, olar gyrymsy agaçlaryň arasynda gizlenip oturýardylar. Şertleşilen söz her hepde üýtgedilýärdi». Emma diňe bir gök eşikli nemes polisiýasy howp salmaýardy.
Riçard şeýle ýatlaýar: «Men bir gün agşam uzak wagt işledim. Şol sebäpli Çehiýa gitmeli doganlardan gijä galyp, olardan soň ýola düşmeli boldum. Daşary garaňky we ümürlidi, men gar gatyşykly ýagyşda galyp, sowukdan ýaňa titreýärdim. Men pessejik boýly sosna agaçlaryň içinde azaşdym we birnäçe sagatlap ýoly tapyp bilmedim. Syýahatçylaryň köpüsi şeýle ýagdaýda ölýärdiler. Men doganlara ertir irden yzlaryna dolanyp gelýärkäler duşdum».
Kiçi topardan ybarat bolan batyrgaý doganlar takmynan üç ýyllap her hepde daglara gatnadylar. Olar gyşyna gymmatly ýükleri üçin lyžalary ulanypdyrlar. Käte 20-ä golaý dogan syýahatçylar hökmünde serhetden gündiz geçýärdiler. Olar özlerini hakyky syýahatçylar ýaly görkezmek üçin, uýalary hem ýanlaryna alýardylar. Uýalaryň käbiri öňden ýöreýärdi we howpuň bardygyny duýsalar, başgabyny ýokaryk zyňýardylar.
Doganlar gijeki syýahatyndan dolanyp gelenlerinden soň näme edýärdiler? Olar edebiýatlaryň çaltlyk bilen paýlanylmagynyň aladasyny edipdirler. Nädip? Edebiýatlar sabyn ýaly gaplanyp, Hirşbergiň demir ýol menziline ugradylýardy. Soňra edebiýatly sumkalar Germaniýanyň dürli künjeklerine iberilýärdi. Şu makalanyň başynda gürrüň berlişi ýaly, dogan-uýalar olary seresaplylyk bilen imandaşlaryna ýetirýärdiler. Bir-biri bilen berk baglanyşykly bu gizlin işiň üsti açylsa, örän kyn ýagdaýa eltip bilerdi. Hawa, günlerde bir gün şeýle hem boldy.
1936-njy ýylda Berliniň golaýynda ýerleşýän edebiýatly ammary tapýarlar. Edebiýatlaryň arasynda hirşbergli bir nätanyş adamyň iberen üç sumkasy-da bardy. Polisiýa işgärleri el yzlaryny barlagdan geçirip, «kontrabandaçy» toparynyň esasy agzasyny tutýarlar. Biraz wagtdan has köp güman edilýän iki sany dogany hem tussag edýärler. Olaryň biri Riçard Rudolfdy. Bu doganlar ähli jogapkärçilikli işleri ýerine ýetirýärdiler. Şol sebäpli başgalara belli bir wagtlap şeýle syýahata gitmek örän howpludy.
BIZIŇ ÜÇIN SAPAK
Krkonoşe daglarynyň üstünden getirilýän ýükler Germaniýada ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary üçin örän wajypdy. Şeýle ýükler Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlaryň gymmatly hazynasy hasaplanýardy. Emma munuň üçin diňe bir Krkonoşe daglary ulanylmandyr. 1939-njy ýylda Germaniýa Çehoslowakiýany basyp almanka, goňşy döwletlerde ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary başga-da şuňa meňzeş ýollary ulanypdyrlar. Meselem, Fransiýa, Niderlandiýa we Şweýsariýa ýaly Germaniýa bilen araçäk döwletlerde ýaşaýan Şaýatlar hem imandaşlaryny ruhy iýmit bilen üpjün edipdirler. Germaniýadaky mesihçiler ýaly, olar hem yzarlanýan dogan-uýalary üçin janlaryny howp astyna salypdyrlar.
Şu günler Mukaddes Ýazgylara esaslanan ençeme edebiýatlar, şol sanda audio-wideo görnüşli edebiýatlar hem bar. Olary Patyşalyk zalynda ýa-da jw.org Internet sahypasyndan alsa bolýar. Biz bu edebiýatlaryň elýeterli bolmagy üçin nähili işleriň edilýändigi barada oýlansak gowy bolmazmy? Belki-de, olar gar bilen örtülen daglaryň gerşinden aşyp getirilen däldir. Ýöne ençeme doganlaryň ak ýürekden agyr zähmet çekendigi şübhesizdir.
[Çykgyt]
a Ol Sileziýanyň Hirşberg şäherindäki ýygnakda gulluk edýärdi. Häzir oňa Ýelenýa Gura diýilýär. Ol Polşanyň günorta-günbatarynda ýerleşýär.
[3-nji sahypadaky surat]
[Awtor barada maglumat]
Surat: Pavel Taclík
[4-nji sahypadaky surat]
Dogan-uýalar syýahatçylar ýaly geýnip, Krkonoşe daglarynyň üsti bilen, Germaniýa edebiýat getirýärdiler
[5-nji sahypadaky surat]
Gar bilen örtülen Krkonoşe daglaryndan geçmek howpludy