Ýadyňyzdamy?
Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.
Isa haçan «tussagdaky ruhlara wagyz etdi»? (1 Pet. 3:19)
Isa zalym perişdelere ruhy şahsyýet bolup direlensoň wagyz etdi, ýagny olara garaşýan adalatly hökümiň boljakdygyny habar berdi (15.6. sahypa 23).
1914-nji ýyldan başlap nähili wajyp wakalar boldy?
1914-nji ýylda orak döwri başlandy. Şol ýyl Isa Patyşalyk tagtyna çykdy we ol 1914—1919-njy ýyllar aralygynda Atasy bilen bilelikde ruhy ybadathanany barlap, ony arassalady. Soňra 1919-njy ýylda bugdaý ýygymy başlandy we ruhy iýmiti paýlajak topary bellemegiň wagty geldi (15.7. sahypa 19).
Isa «goýunlara» we «geçilere» haçan höküm çykarar? (Mat. 25:32)
Isa uly muşakgatda ýalan din ýok edilenden soň, adamlardan kimiň goýundygyny ýa geçidigini kesgitläp, olara höküm çykarar (15.7. sahypa 6).
«Haşal ot» tymsalynda agzalýan nähak iş edýänler haçan aglap, dişini gyjarlar? (Mat. 13:36, 41, 42)
Olar uly muşakgatda hiç hili gutulyp bilmejekdigine göz ýetirip, aljyrap aglarlar we gahardan ýaňa «dişini gyjarlar» (15.7. sahypa 13).
Isanyň sadyk hem akylly hyzmatkär hakdaky sözleri haçan ýerine ýetdi? (Mat. 24:45—47)
Bu sözler b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni däl-de, 1914-nji ýyldan soň ýerine ýetip başlady. Isa 1919-njy ýylda sadyk hyzmatkäre öýdäki hyzmatkärlere gözegçilik etmegi tabşyrdy. Olara ruhy iýmiti kabul edýän mesihçileriň ählisi degişli (15.7. sahypa 21—23).
Isa bütin mal-mülküni sadyk hyzmatkäre haçan ynanar?
Isa uly muşakgatda zalym dünýäni ýok etmäge gelende, sadyk hyzmatkäre gökdäki sylagyny berer we şonda olara bütin mal-mülküni ynanar (15.7. sahypa 25).
Mukaddes halk bolup galmaga haýsy zatlar kömek edýär?
1. Ýaman ýaranlardan gaça durmaly. 2. Teokratik işlerini goldamaly. 3. Ruhy zatlary birinji orunda goýmaly. 4. Ýehowanyň Şaýadydygymyzy unutmaly däl (15.8. sahypa 3).
Zaksenhauzen konslagerinden çykan 230 sany Şaýada uzak ýörişde diri galmaga Hudaýyň güýjünden başga ýene näme kömek etdi?
Olar açlykdan we keselçilikden ýaňa güýçsüz bolsalar-da, biri-birini elmydama goldapdyrlar (15.8. sahypa 18).
Wada edilen diýara girmek üçin ysraýyllylaryň Iordan derýasyndan geçişi baradaky waka bizi näme üçin ruhlandyrýar?
Iordan derýasy ýazky ýagyş sebäpli dolup-daşypdy. Ysraýyllylar ondan geçip biler ýaly, Ýehowa derýanyň akymyny togtadýar. Bu halkyň imanyny berkidip, Ýehowa bil baglamaga kömek etdi. Bu waka bizi-de ruhlandyryp biler (15.9. sahypa 16).
Biz Isanyň eden dogasyna görä nädip ýaşap bileris?
Biz Isanyň wagyz etmek we şägirt taýýarlamak babatda tabşyran işini yhlasly ýerine ýetirip, oňa tabyn bolmaly. Şeýle-de gymmatly agzybirligimizi saklamak üçin jan etmeli (15.10. sahypa 30).
Mika 5:5-däki «ýedi çopan we sekiz serdar» baradaky pygamberlik şu günler nädip ýerine ýetýär?
Mika 5:5-de agzalýan «ýedi çopan we sekiz serdar» ýygnagyň ýaşulularyny aňladýar. Olar Hudaýyň halkyny gelejekde boljak hüjüme taýýarlaýarlar we olara imanyny berkitmäge kömek edýärler (15.11. sahypa 20).
Pawlusyň selaniklilere ýazan hatynda nähili ýerlikli duýduryş bar?
Pawlusyň selaniklilere ýazan hatynda çaklamalar ýa-da şübheli pikirler babatda möhüm duýduryş berilýär (15.12. sahypa 10).