Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/2 sah. 24—28
  • Olar Guzynyň «yzyna düşýär»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Olar Guzynyň «yzyna düşýär»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa sadyk hyzmatkäre ynanýar
  • Isa sadyk hyzmatkäre ynanýar
  • Hyzmatkär sadyk hem akylly
  • Guzynyň yzyna düşýän mesh edilenler «bilen gidiň»
  • Hyzmatkäre gulak asýanlar ak pata alýar
  • «Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Isa Mesihe we onuň sadyk hyzmatkärine wepaly bolmak
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Sadyk iş dolandyryjy we onuň ýolbaşçylyk maslahaty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/2 sah. 24—28

Olar Guzynyň «yzyna düşýär»

«Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýändir» (YLH. 14:4).

1. Isanyň şägirtleri onuň yzyna düşmegi nähili gymmat saýýardy?

ISA takmynan iki ýarym ýyl gulluk edenden soň, «Kapernaumda sinagogada ders berýär». Şägirtleriň köpüsi Isanyň aýdanlary bilen razylaşman «Onuň bilen tirkeşmegi goýdular». Isa on iki resulyndan: «Siz hem Meni terk etjekmisiňiz?» diýip sorady. Simun Petrus Oňa jogap berdi: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn. Biz seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik, muny açyk bilýäris» (Ýahýa 6:48, 59, 60, 66—69). Isanyň wepaly şägirtleri ony terk etmediler. Olar mukaddes ruh bilen mesh edilenden soňam Isanyň görkezmesine eýerdiler (Res. iş. 16:7—10).

2. a) «Sadyk hem akylly hyzmatkär» ýa-da «sadyk... iş dolandyryjy» kim? b) Bellenen hyzmatkär haýsy manyda köp wagtdan bäri Guzynyň «yzyna düşýär»?

2 Şu günki mesh edilen mesihçiler barada näme diýse bolar? Isa özüniň «gelmeginiň we ahyrzaman» baradaky pygamberliginde ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçiler toparyna «sadyk hem akylly hyzmatkär» hem-de «sadyk... iş dolandyryjy» diýdi (Mat. 24:3, 45; Luka 12:42). Bu bellenen hyzmatkär topary köp wagtdan bäri «Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýär» (Ylh. 14:4, 5-nji aýatlary okaň). Onuň agzalary ýalan diniň imperiýasy «Beýik Babylyň» ynanç we däp-dessurlary bilen hapalanman ruhy taýdan päk galýarlar (Ylh. 17:5). Olaryň «agyzlaryndan ýalan» taglymatlar çykmaýar, şol sebäpli olar zalym dünýäde müýnsüz galýar (Ýahýa 15:19). Ýer ýüzündäki mesh edilenleriň galyndysy gelejekde göge Guzynyň yzyndan gider (Ýahýa 13:36).

3. Biz näme üçin hyzmatkär toparyna ynanmaly?

3 Isa hyzmatkärler «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny berer» ýaly, sadyk hem akylly hyzmatkäri «olaryň üstünden» goýdy. Şeýle-de ol hyzmatkärine «bütin mal-mülküni» ynandy (Mat. 24:45—47). Ol «mal-mülke» gün-günden köpelýän «başga goýunlaryň» «uly märekesi» degişli (Ylh. 7:9; Ýahýa 10:16). Mesh edilenler we «başga goýunlar» olaryň üstünden goýlan hyzmatkäre ynanmaly dälmi? Hyzmatkär toparyna ynanmak üçin birnäçe sebäpler bar. Olardan iň wajyp iki sebäbi: 1) Ýehowa hyzmatkär toparyna ynanýar. 2) Isa-da hyzmatkäre ynanýar. Geliň, Ýehowa bilen Isanyň sadyk hem akylly hyzmatkäre doly ynanýandygy baradaky subutnamalara seredeliň.

Ýehowa sadyk hyzmatkäre ynanýar

4. Biz «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän ruhy iýmitine näme üçin doly ynanyp bileris?

4 Sadyk hem akylly hyzmatkäriň ruhy iýmiti wagtly-wagtynda nädip berip bilýändigine seredeliň. Ýehowa: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» diýýär (Zeb. 32:8). Ýehowanyň hyzmatkäre görkezme berýändigi aýdyň. Şol sebäpli, biz hyzmatkärden alýan Mukaddes Ýazgylardaky hakykata, düşünjä we nesihata doly ynanyp bileris.

5. Hudaýyň ruhy hyzmatkär toparyna güýç berýändigi nämeden görünýär?

5 Ýehowa hyzmatkär toparyna mukaddes ruh arkaly ak pata berýär. Mukaddes ruh göze görünmeýän bolsa-da, onuň adamlara täsir edişi hemmelere aýan bolýar. Sadyk hem akylly hyzmatkär bütin dünýäde Ýehowa, onuň Ogly we Patyşalygy barada güwälik edip, nähili netijeler gazanandygy barada oýlanyp görüň. Ýehowanyň gullukçylary 230-dan gowrak ýurtlarda we ýerlerde Patyşalyk baradaky habary yhlasly wagyz edýär. Bu Hudaýyň ruhunyň hyzmatkäre güýç berýändigini aç-açan subut etmeýärmi näme? (Resullaryň işleri 1:8-i okaň). Bütin dünýäde Ýehowanyň halky üçin wagtly-wagtynda ruhy iýmiti taýýarlamakda hyzmatkär topary ençeme wajyp meseleleri çözmeli bolýar. Şeýle meseleleri çözende, olar söýgi, ýumşaklyk we ruhuň başga miwelerini hem görkezýärler (Gal. 5:22, 23).

6, 7. Ýehowa nähili derejede sadyk hyzmatkärine ynanýar?

6 Ýehowanyň sadyk hyzmatkäre nähili derejede ynanýandygyna düşünmek üçin, onuň agzalaryna beren wadasyna üns bereliň. Pawlus resul şeýle diýdi: «Surnaý çalynjak, ölüler çüýremez bolup, direljek, biz üýtgediljekdiris. Sebäbi bu çüýreýän çüýremezlik donuny geýmelidir, bu ölümli ölmezlik donuny geýmelidir» (1 Kor. 15:52, 53). Hudaýa wepaly gulluk eden Isanyň mesh edilen şägirtleri çüýreýän ynsan bedeninde ölüp, ebedi ýaşaýyş üçin ruhy şahsyýet bolup direlýär. Olara ölmezlik dony, ýagny tükeniksiz we mukaddes ýaşaýyş berler. Galyberse-de, olara çüýremezlik dony berler. Olaryň ýaşaýşy hiç kime bagly bolman teni hem çüýremez. Ylham 4:4-de olar tagtyň üstünden oturan we başlary altyn täçli suratlandyrylýar. Mesh edilen mesihçiler patyşalykda şöhratly hökümdarlyk eder. Hudaýyň olara ynanmagynyň ýene-de bir sebäbi bar.

7 Ylham 19:7, 8-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Guzynyň toýy başlanýar. Onuň gelni taýýarlandy. Geýsin diýip, oňa parlak, tämiz we nepis keteni berildi». Nepis keteni mukaddesleriň adyl işleridir». Ýehowa mesh edilenleri gelejekde Oglunyň gelni bolmaga saýlady. Çüýremezlik, ölmezlik, patyşalyk tagty we «Guzynyň toýy» — bulardan başga ajaýyp sowgat barmy näme! «Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýän» mesh edilenlere Hudaýyň ynanýandygyna hiç hili şübhe ýok.

Isa sadyk hyzmatkäre ynanýar

8. Isa mesh edilen şägirtlerine ynanýandygyny nädip görkezýär?

8 Isanyň mesh edilen şägirtlerine doly ynanýandygyny näme subut edýär? Isa ýerdäki ýaşaýşynyň iň soňky gijesi, on bir wepaly resulyna şeýle wada berdi: «Synaglarymda Meniň bilen birlikde durnuklylyk görkezenler sizsiňiz. Siz Meniň Patyşalygymda saçagymyň başynda oturyp, iýip-içer ýaly, tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykarar ýaly, Atamyň Maňa belleýşi kimin, Men-de size bir patyşalyk belleýärin» (Luka 22:28—30). Isanyň on bir şägirdi bilen baglaşan ähti 144 müň mesh edilen mesihçilerede degişli (Luka 12:32; Ylh. 5:9, 10; 14:1). Isa olara ynanmadyk bolsa, äht baglaşyp, patyşalygyna saýlarmydy?

9. Isanyň «bütin mal-mülküne» nämeler degişli?

9 Galyberse-de, Isa Mesih sadyk hem akylly hyzmatkäre «bütin mal-mülküni» — ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygynyň işleri bilen bagly ähli zadyny ynandy (Mat. 24:47). Bu mal-mülke Ýehowanyň Güwäçileriniň baş edarasy, dürli ýurtlardaky filiallary, bütin dünýädäki Kongres we Patyşalyk zallary, şeýle-de Hudaýyň Patyşalyk baradaky wagyz hem-de şägirt taýýarlamak işi degişli. Kimdir biri ynanmaýan adamyna gymmatly emlägini saklamaga we ulanmaga berermi?

10. Isanyň mesh edilen şägirtlerini goldaýandygy nämede görünýär?

10 Isa direlip, göge galmazyndan öň wepaly şägirtlerine görnüp, şeýle wada berdi: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:20). Isa beren wadasynda durdumy? Soňky 15 ýylyň içinde bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnak sany takmynan 70 müňden 100 müňe çenli köpelip, 40 göterimden hem ýokary ösdi. Täze şägirtleriň sany näçe bolduka? Soňky 15 ýylyň içinde 4,5 milliona golaý — günde ortaça 800-den gowrak şägirt suwda çokundyryldy. Bu uly ösüş Isanyň mesh edilen şägirtleri ýygnak duşuşyklaryny geçirende we şägirt taýýarlamak işine gatnaşanda goldaýandygyny subut edýär.

Hyzmatkär sadyk hem akylly

11, 12. Hyzmtkär sadyk hem akyllydygyny nädip subut etdi?

11 Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesih sadyk hem akylly hyzmatkärine ynanýan bolsa, bizem ynanmaly dälmi? Çünki hyzmatkär tabşyrylan ýumşy wepaly ýerine ýetirýändigini subut etdi. Meselem, «Garawul diňi» žurnaly 130 ýyldan bäri çap edilýär. Olaryň geçirýän ýygnak duşuşyklary we kongresleri bizi ruhy taýdan berkidýär.

12 Şeýle-de sadyk hyzmatkär akylly, çünki özüne daýanyp, Ýehowadan öň ýöremeýär, emma käbir meselede Hudaý aýdyň görkezme berende, yzda-da galmaýar. Mysal üçin, zalym dünýäde ýalan dini ýolbaşçylar adamlaryň edýän günäsini we diňe özüňi bilmekligi goldaýar, emma hyzmatkär topary Şeýtanyň duzaklary barada yzygiderli duýduryp durýar. Hyzmatkäriň paýhasly we wagtly-wagtynda duýduryp durmagynyň sebäbi, oňa Ýehowa Hudaý hem-de Isa Mesih ak pata berýär. Diýmek, sadyk hyzmatkär biziň doly ynamymyza mynasypdyr. Biz sadyk hem akylly hyzmtkäre ynanýandygymyzy nädip görkezip bileris?

Guzynyň yzyna düşýän mesh edilenler «bilen gidiň»

13. Zakarýanyň pygamberligine görä, sadyk hem akylly hyzmatkäre ynanýandygymyzy nädip görezip bileris?

13 Zakarýa kitabynda «on adamyň... ýehudynyň» ýanyna baryp: «Biz siziň bilen gitjek» diýjekdigi ýazylan (Zakarýa 8:23-i okaň)a. Ýehuda «siz» diýip köplük sanda aýdylany sebäpli, ol biziň günlerimizde mesh edilenleriň galyndysyny — «Hudaýyň Ysraýylynyň» bir bölegini suratlandyrýar (Gal. 6:16). «Dürli dilde gepleýän halklardan on adam» başga goýunlaryň uly märekesini aňladýar. Mesh edilenler Isa nirä gitse, onuň yzyna düşýändigi üçin uly märeke sadyk hem akylly hyzmatkär «bilen» ýöreýär. Uly märekäniň agzalary «asmandan gelen çakylyga şärik bolanlaryň» ýoldaşlarydygyna utanmaly däl (Ýew. 3:1). Isa mesh edilenlere «dogan» diýmäge utanmaýar (Ýew. 2:11).

14. Biz nädip Isanyň doganlaryna kömek edip bileris?

14 Biz Isanyň doganlaryny goldasak, Isany goldadygymyz bolar (Matta 25:40-y okaň). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler Isanyň mesh edilen doganlaryna nädip kömek berip biler? Esasanam, olar Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip kömek edýär (Mat. 24:14; Ýahýa 14:12). Soňky onlarça ýylyň dowamynda ýer ýüzünde mesh edilenleriň sany azaldy, emma başga goýunlaryň sany köpelýär. Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler wagyz edip, mümkin boldugyndan, doly wagtly gulluk edip, mesh edilenlere şägirt taýýarlamak işini ýerine ýetirmäge kömek berýär (Mat. 28:19, 20). Şeýle-de bu işi pul serişdesi bilen goldamagyda unutmaly däl.

15. Mesihçiler hyzmatkäriň wagtly-wagtynda berýän ruhy iýmitine we guramaçylyk işleri bilen baglanyşykly kararlaryna nähili garamaly?

15 Mesihçiler sadyk hyzmatkäriň Mukaddes Ýazgylar esasynda edebiýatlary, ýygnak duşuşyklary arkaly wagtly-wagtynda berýän ruhy iýmitine nähili garamaly? Biz ruhy iýmiti minnetdarlyk bilen kabul edip, alan bilimimizi höwes bilen durmuşda ulanýarysmy? Biz hyzmatkäriň guramaçylyk işleri bilen baglanyşykly kararlaryna nähili garaýarys? Olaryň görkezmesine ýürekden gulak asyp, Ýehowanyň guramasyna ynanýandygymyzy subut edýäris (Ýakup 3:17).

16. Mesihçiler Isanyň doganlaryna näme üçin gulak asmaly?

16 Isa: «Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler» diýdi (Ýahýa 10:27). Mesh edilen mesihçilerde şeýle edýär. Olar «bilen» ýöreýänler barada näme diýse bolar? Olar hem Isany, hem doganlaryny diňlemeli. Sebäbi mesh edilenlere Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan ösmeginiň aladasyny etmek ynanyldy. Isanyň doganlarynyň sesine gulak asmak nämäni aňladýar?

17. Hyzmatkär toparyna gulak asmak nämäni aňladýar?

17 Şu günler sadyk hem akylly hyzmatkär Ýolbaşçylyk maslahatydyr. Ýolbaşçylyk maslahaty bütin ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy baradaky wagyz işine ýolbaşçylyk hem gözegçilik edýär. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary tejribeli mesh edilen ýaşululardan ybarat. Olara «ýolbaşçylar» diýilýär (Ýew. 13:7). Bu mesh edilen gözegçiler bütin dünýäde 100 müň ýygnakdaky ýedi milliondan hem köp wagyzçylaryň aladasyny edip, «Rebbiň işine yhlasly ýapyşýarlar» (1 Kor. 15:58). Hyzmatkäre gulak asmak Ýolbaşçylyk maslahaty bilen doly işleşmekdir.

Hyzmatkäre gulak asýanlar ak pata alýar

18, 19. a) Sadyk hem akylly hyzmatkäre gulak asýan mesihçiler nähili bereketler alar? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

18 Sadyk hem akylly hyzmatkäre ýumuş tabşyrylandan bäri, olar «köp adamlary dogrulyga getirýärler» (Dan. 12:3). Olara bu zalym dünýä ýok edilende diri galmaga umyt edýän adamlar degişli. Hudaýyň öňünde dogry adam bolmak olar üçin, gör, nähili bereket!

19 Gelejekde 144 müňden ybarat «mukaddes şäher täze Iýerusalim» «adamsy üçin taýýarlanan bezegli gelin ýaly, gökden Hudaýyň ýanyndan aşak iner». Şonda sadyk hyzmatkäriň sesine gulak asýanlar nähili bereketler alar? Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» diýilýär (Ylh. 21:2—4). Şol sebäpli, geliň, Isa we mukaddes ruh bilen mesh edilen ynama mynasyp doganlara gulak asalyň.

a Zakarýa 8:23 Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Şol günler dürli dilde gepleýän halklardan on adam ýehudynyň eteginden tutup: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik» diýerler».

Siz näme öwrendiňiz?

• Ýehowanyň sadyk hem akylly hyzmatkäre ynanýandygyny näme subut edýär?

• Isanyň sadyk hyzmatkäre ynanýandygy nämede görünýär?

• Biz sadyk iş dolandyryja näme üçin ynanmaly?

• Biz sadyk hyzmatkäre ynanýandygymyzy nädip görkezýäris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş