Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/6 sah. 20—24
  • Sadyk iş dolandyryjy we onuň ýolbaşçylyk maslahaty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sadyk iş dolandyryjy we onuň ýolbaşçylyk maslahaty
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gadymy döwürdäki Ýehowanyň gullukçylary
  • Sadyk hyzmatkär peýda bolýar
  • Şu döwürdäki sadyk hyzmatkär
  • Dogry garaýyş
  • Isa Mesihe we onuň sadyk hyzmatkärine wepaly bolmak
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Olar Guzynyň «yzyna düşýär»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň»
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/6 sah. 20—24

Sadyk iş dolandyryjy we onuň ýolbaşçylyk maslahaty

«Wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim?» (LUKA 12:42).

1, 2. Isa soňky günleriň alamatyny aýdanda nähili möhüm sorag berdi?

ISA soňky günleriň alamatlary barada aýdyp, şeýle sorag berdi: «Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim?» Soňra Isa şol hyzmatkäriň wepaly bolany üçin, oňa Agasynyň bütin mal-mülküni ynanjagyny aýtdy (Mat. 24:45—47).

2 Birnäçe aý mundan öň Isa şuna meňzeş soragy beripdi (Luka 12:42—44-nji aýatlary okaň). Ol hyzmatkärine «iş dolandyryjy» diýýär. Iş dolandyryjy agasynyň hyzmatkärleriniň üstünden goýlan hyzmatkärdir. «Wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýän hyzmatkär ýa-da iş dolandyryjy kim? Biziň ählimiz ruhy iýmiti berýän hyzmatkäre ynanmalydyrys.

3. a) Hristian dünýäsi Isanyň «hyzmatkär» barada aýdan sözlerini nähili düşündirýär? b) «Hyzmatkär» bilen «iş dolandyryjy» kim we «hyzmatkärler» kimi aňladýar?

3 Hristian dünýäsi Isanyň bu sözlerini, köplenç buthanalarda jogapkärli borjy ýerine ýetirýänlere degişli diýip düşünýär. Emma Isa özüne «aga» diýmek bilen, dürli hristian dinlerde birnäçe hyzmatkäriniň boljagy barada aýtmandy. Ol bütin mal-mülküni diňe bir «iş dolandyryja» ýa-da hyzmatkäre ynanjagyny anyk aýtdy. «Garawul diňi» žurnalynda iş dolandyryjy mesh edilen şägirtleriň «kiçi sürüsiniň» toparyny aňladýandygyny ençeme gezek düşündirildi. Lukanyň hoş habarynda Isa olar barada eýýäm aýdypdy (Luka 12:32). «Hyzmatkärler» şol topara degişli, emma Mukaddes Ýazgylarda olaryň aýratynlykda ýerine ýetirýän işi nygtalýar. Şeýle sorag ýüze çykýar: hyzmatkär toparynyň ähli agzalary ruhy taýdan nahar paýlaryny bermäge gatnaşýarmy? Mukaddes Ýazgylary ünsli öwrensek, bu soragyň jogabyny bileris.

Gadymy döwürdäki Ýehowanyň gullukçylary

4. Ýehowa gadymy ysraýyl halkyna näme diýýär we nämä üns bermek wajyp?

4 Ýehowa gadymy ähli ysraýyl halkyna gullukçym diýýärdi. «Ýehowa şeýle diýýär: «Siz meniň güwäçilerim (köplük sanda), meniň saýlan gulum (birlik sanda)» (Iş. 43:10). Ysraýylyň ähli raýatlary hyzmatkär toparyna degişlidi. Emma halka Hudaýyň kanunlaryny diňe ruhanylar we ruhany däl lewililer öwredýärdi. Muňa üns bermek wajyp (2 Tar. 35:3; Mal. 2:7).

5. Isanyň aýtmagyna görä nähili özgeriş bolmalydy?

5 Isanyň aýdan hyzmatkäri ysraýyl halkydymy? Ýok. Sebäbi Isanyň ýehudylara şeýle sözleri aýdanyny bilýäris: «Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» (Mat. 21:43). Görşümiz ýaly, özgeriş bolmalydy. Ýehowanyň täze halky saýlamak niýeti bardy. Emma Isanyň mysalyndaky hyzmatkäre ruhy taýdan öwretmäge berlen ýumuş, gadymy ysraýylda Hudaýyň «gullukçysyna» berlen ýumşy ýatladýar.

Sadyk hyzmatkär peýda bolýar

6. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni nähili täze millet peýda boldy we kim onuň agzasy?

6 Täze halk, ýagny «Hudaýyň Ysraýyly» ruhy ysraýyllardan ybarat (Gal. 6:16; Rim. 2:28, 29; 9:6). Bu halk b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Hudaýyň mukaddes ruhy inende mälim boldy. Indi ähli mesh edilen mesihçiler şol milletiň agzasydy. Olar Agasy Isa Mesih tarapyndan belenen hyzmatkär topary hökmünde gulluk edýär. Bu halkyň her bir agzasyna hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işi tabşyryldy (Mat. 28:19, 20). Emma bu toparyň her bir agzasy wagtly-wagtynda ruhy iýmiti paýlamak işine gatnaşýarmy? Geliň, Mukaddes Ýazgylaryň bu soraga nähili jogap berýändigine seredeliň?

7. Resullar ilki başda nähili esasy işi ýerine ýetirýärdi we olara ýene-de nähili borç berildi?

7 Isa hoş habary wagyz etmäge on iki resulyny iberdi. Bu olaryň esasy işidi (Markus 3:13—15-nji aýatlary okaň). Bu ýumuş grekçe «apostolos» diýen sözüniň manysyna gabat gelýär. Bu söz «ibermek» diýen sözden gelip çykýar. Emma wagtyň geçmegi bilen, mesihçi ýygnagynyň döremeginiň öň ýanynda, resullara gözegçilik etmek «wezipesi» berildi (Res. iş. 1:20—26).

8, 9. a) On iki resul ilki bilen nämäniň aladasyny edýärdi? b) Ýolbaşçylyk mashlaty ýene-de kime jogapkärli borç berdi?

8 On iki resul ilki bilen nämäniň aladasyny edýär? Bu soragyň jogabyny Pentikost gününden soň bolan wakalardan bilse bolýar. Dul hatynlara gündelik çöregi paýlamak barada nägilelik dörände, on iki resul şägirtleri çagyryp, şeýle diýdi: «Hudaýyň sözüni taşlap, saçak başynda hyzmatkärlik etmegimiz bize gelşikli däl» (Resullaryň işleri 6:1—6-njy aýatlary okaň). Resullar ruhy taýdan başga ýetişen doganlary «bu işiň başynda» goýup, özleri «sözüň gullugyna berildi». Ýehowa olaryň bu eden işine bereket berdi, çünki «Hudaýyň sözi ýaýylyp, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi» (Res. iş. 6:7). Ruhy iýmiti paýlamak, esasanam resullaryň borjudy (Res. iş. 2:42).

9 Soňra başga mesihçilere-de jogapkärli borç berildi. Antakiýa ýygnagy mukaddes ruha tabyn bolup, Pawlus bilen Barnabasy missioner gullugyna iberýär. Olar Isanyň saýlan on iki resulyň hataryna girmese-de, resullar hökmünde tanalýardy (Res. iş. 13:1—3; 14:14; Gal. 1:19). Olaryň borjuny Iýerusalimdäki Ýolbaşçylyk maslahaty tassyklaýar (Gal. 2:7—10). Tizden Pawlus Hudaý tarapyn ilkinji hatyny ýazyp, ruhy iýmiti paýlamaga gatnaşdy.

10. I asyrda mesh edilenleriň ählisi ruhy iýmiti taýýarlamaga gatnaşdymy? Düşündiriň.

10 Mesh edilen mesihçileriň ählisi wagyz işine gözegçilik edip, ruhy iýmit taýýarlaýarmy? Ýok. Pawlus resul: «Hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir?» diýdi (1 Kor. 12:29). Mesh edilen mesihçileriň ählisi wagyz işine gatnaşsalar-da, diňe birnäçesi, ýagny sekiz adam Injiliň 27 kitabyny ýazdy.

Şu döwürdäki sadyk hyzmatkär

11. Hyzmatkäre nähili «mal-mülk» ynanyldy?

11 Matta 24:45-de Isanyň aýdan sözleri soňky günlerde sadyk hem akylly hyzmatkär toparyň boljakdygyny görkezýär. Ylham 12:17-de bu toparyň agzalaryna «aýalyň neslinden galan» diýilýär. Bu topara Isanyň ýer ýüzündäki «mal-mülki» ynanyldy. Sadyk iş dolandyryja ynanylan «mal-mülk» — Agasynyň ýer ýüzündäki patyşalyk emlägidir. Oňa Patyşalygyň ýerdäki raýatlary we hoş habary wagyz etmek işinde ulanylýan jaýlar hem enjamlar degişli.

12, 13. Mesihçi dogan ýa-da uýa göge çagyrylandygyny nireden bilýär?

12 Mesihçi dogan ýa-da uýa gökde ýaşamaga umydynyň bardygyny we ruhy Ysraýylyň galyndysyna degişlidigini nireden bilýär? Bu soragyň jogabyny gökde ýaşamaga umydy bolan Pawlus resulyň sözlerinden bilse bolýar. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Ruhy arkaly ideklenýänleriň bary Hudaýyň ogludyr. Çünki siz ýene-de gorky üçin gulluk ruhuny däl-de, ogullyk ruhuny alansyňyz. Biz şol ruh bilen: «Abba, Ata» diýip seslenýäris. Biziň Hudaýyň perzendidigimize şol ruhuň özi ruhumyz bilen güwä geçýär. Perzent bolan bolsak, onda hem mirasçydyrys - Hudaýyň mirasçylary, Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys; Isa bilen görgi görýän bolsak, bile şöhratlandyrmagymyz üçindir» (Rim. 8:14—17).

13 Umuman aýdanyňda, olar mukaddes ruh bilen bellenildi we «asmandan gelen çakylygy» aldylar (Ýew. 3:1). Hudaý mesh edilen mesiçileri çagyrýar. Olar şübhelenmän we gorkman Hudaýyň ogullary hökmünde dogulmaga razy bolýar (1 Ýahýa 2:20, 21-nji aýatlary okaň). Görşümiz ýaly, bu umydy olaryň özleri saýlamady. Olara Ýehowa mukaddes ruhy berip, möhür basýar (2 Kor. 1:21, 22; 1 Pet. 1:3, 4).

Dogry garaýyş

14. Mesh edilenler çakylyga nähili garaýar?

14 Gökde ýaşamaga umyt edýän mesh edilen mesihçiler özi barada nähili pikirde bolmaly? Olar bu täsin çakylygy alan bolsalar-da, onuň entek diňe bir çakylykdygyna düşünýär. Olar sylagy almak üçin ömrüniň ahyryna çenli wepaly galmaly. Olar pesgöwünli Pawlusyň aýdan sözleri bilen razylaşýarlar. Ol şeýle diýdi: «Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin. Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn» (Flp. 3:13, 14). Mesh edilenleriň galyndysy pesgöwünli, «gorky hem titreme bilen», «çagyrylyşyna mynasyp gezmäge» jan etmeli (Efes. 4:1, 2; Flp. 2:12; 1 Sel. 2:12).

15. Mesihçiler Ýatlama agşamynda nyşandan dadýanlara nähili garamaly we mesh edilenler özleri barada nähili pikir edýär?

15 Ýatlama agşamynda nyşandan dadyp, mesh edilendigini bildirýän mesihçä başga doganlar nähili garamaly? Mesihçiler dogany ýazgarmaly däl. Bu onuň Ýehowa bilen gatnaşygy (Rim. 14:12). Hakyky mesh edilen doganlar özüne aýratyn üns bermegi talap etmeýär. Olar mesh edilendigi sebäpli, «uly märekäniň» käbir tejribeli agzalaryna garanyňda, özlerine aýratyn düşgürlik berilýär diýmeýär (Ylh. 7:9). Olar «başga goýunlara» garanyňda, özlerine has köp mukaddes ruh berilýändir öýtmeýär (Ýahýa 10:16). Olar aýratyn üns berilmegine garaşmaýar we nyşandan dadany üçin, özlerini ýygnakdaky bellenen ýaşululardan beýik tutmaýar.

16—18. a) Täze ruhy hakykat mesh edilen ähli mesihçileriň üsti belen açylýarmy? Mysal getiriň. b) Näme üçin Ýolbaşçylyk maslahaty ähli mesh edilen mesihçiler bilen maslahatlaşmaýar?

16 Ýer ýüzündäki ähli mesh edilen mesihçiler bütindünýä ulgamy arkaly täze ruhy hakykaty açýarmy? Ýok. Hyzmatkär topary «hyzmatkärlere» ruhy iýmiti bermekde jogapkärli bolsa-da, hyzmatkär toparynyň ähli agzalary birmeňzeş borjy we ýumşy ýerine ýetirmeýär (1 Korintoslylar 12:14—18-nji aýatlary okaň). Ýokarda belläp geçilişi ýaly, I asyrda hemmeler wajyp wagyz işine gatnaşýardy. Emma mesihçilerden diňe birnäçesi Mukaddes Ýazgylary ýazdy we mesihçiler ýygnagyna gözegçilik etdi.

17 Meselem, Mukaddes Ýazgylarda «ýygnagyň» käbir meseleleri çözýändigi barada aýdylýar (Mat. 18:17). «Ýygnak» diýlende, ýygnakda jogapkärli borjy ýerine ýetirýän ýaşulular göz öňünde tutulýar. Ýaşulular bir karara gelmezden öň, ýygnagyň ähli agzalarynyň pikirini bilmek üçin, olar bilen maslahatlaşmaýar. Olar teokratik prinsipe görä, ýygnagyň adyndan hereket edip, borçlaryny ýerine ýetirýär.

18 Şeýle-de şu günler hyzmatkär toparynyň borjuny diňe birnäçe mesh edilen doganlar ýerine ýetirýär. Olar Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahatyna degişli. Bu mesh edilen doganlar wagyz işine we ruhy iýmite gözegçilik edýär. I asyrda bolşy ýaly, Ýolbaşçylyk maslahaty bir karara gelmezden öň sadyk hyzmatkäriň her bir azgasyndan maslahat soramaýar (Resullaryň işleri 16:4, 5-nji aýatlar). Emma ähli mesh edilen Güwäçiler şu günler geçirilýän wajyp orak işine gatnaşýar. «Sadyk hem akylly hyzmatkär» bir topary aňlatsa-da, olar aýratynlykda dürli ýumşy ýerine ýetirýär (1 Kor. 12:19—26).

19, 20. Uly märeke «sadyk hem akylly hyzmatkäre» we onuň Ýolbaşçylyk maslahatyna nähili garamaly?

19 Ýokarda aýdylanlar ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän uly märekä nähili täsir etmeli? Olar Patyşanyň emlägi hökmünde «sadyk hem akylly hyzmatkäri» aňladýan Ýolbaşçylyk maslahatyň düzgünine şatlyk bilen eýerýärler. Uly märekäniň agza lary Ýolbaşçylyk maslahatynyň gözegçiligi astynda taýýarlanýan ruhy iýmiti gymmat saýýar. Olar hyzmatkäre topar hökmünde hormat goýsa-da, özlerini hyzmatkär toparyna degişli hasaplaýan mesihçileri beýgeltmeli däldigini unutmaýar. Hakykatdan-da, Hudaýyň ruhy bilen mesh edilen mesihçiler özlerine aýratyn üns berilmegine garaşmaýar (Res. iş. 10:25, 26; 14:14, 15).

20 Biz mesh edilen mesihçileriň galyndysyna ýa-da uly märekäniň agzalaryna degişli bolsak-da, sadyk iş dolandyryjy we onuň Ýolbaşçylyk maslahaty bilen işleşmegi ýüregimize düweliň. Biziň her birimiz «oýa bolup», soňuna çenli wepaly galalyň! (Mat. 24:13, 42).

Ýadyňyzdamy?

• «Sadyk hem akylly hyzmatkär» we hyzmatkärler kim?

• Mesihçi dogan ýa-da uýa göge çagyrylandygyny nireden bilýär?

• Ruhy iýmitiň taýýarlanmagyna, esasanam kim jogapkär?

• Mesh edilen mesihçiler özlerine nähili garamaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş