ARHIWIMIZDEN
«Ýaradylyş fotodramasyna» 100 ýyl boldy!
«Bä, onuň Rassel dogana meňzäýşini!» 1914-nji ýylda «Fotodramany» gören adamyň aýdan sözleri
ŞU ÝYL «Ýaradylyş fotodramasyna» 100 ýyl doldy. Bu film adamlaryň Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine iman etmegi üçin ýörite çykarylypdy. Ewolýusiýa taglymatynyň öňe sürülýän döwründe Hudaýa degişli ähli zatlar ýazgarylyp tankytlanylýandygy üçin köp adamlar Hudaýa iman etmegini bes edipdiler. Şeýle wagt «Fotodrama» filmiň çykarylmagy Ýehowany Ýaradyjy hökmünde şöhratlandyrdy.
Çarlz T. Rassel Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topara ýolbaşçylyk edýärdi. Ol elmydama Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň has täsirli we çalt ýaýratmagyň dürli usullaryny gözleýärdi. Bu kiçi topar otuz ýyldan bäri köp edebiýatlary çap edýärdi. Indi bolsa, olaryň ünsüni täze zat, ýagny hereketli şekiller çekdi.
HOŞ HABAR FILM ARKALY ÝAÝRAÝAR
1890-njy ýyllarda adamlar sessiz filmleri görýärdiler. 1903-nji ýylda Katolik buthanasy Nýu-Ýork şäherinde dini film görkezdi. 1912-nji ýylda hereketli şekilleriň ýaňy dörän mahaly, Rassel dogan «Fotodrama» atly filmiň üstünde erjellik bilen işleýärdi. Ol adamlaryň ýüregine edebiýatlar arkaly täsir etmedik hakykatyň täze tehnologiýa arkaly edip bolýandygyna düşündi.
Sekiz sagat dowam edýän «Fotodrama» filmi köplenç dört bölüme bölünip görkezilýärdi. Filmiň arasynda ady belli nutukçy hemmelere tanyş bolan sesi bilen Mukaddes Ýazgylara esaslanan 96 sany gysgaça nutuk bilen çykyş edýärdi. Film görkezilende, onuň ýany bilen klassyky saz çalynýardy. Ökde operatorlar fonogramma ýazylan sesi we sazy suratly slaýdlar bilen sinhronlap (baglanyşdyryp), Mukaddes Ýazgylardaky belli wakalary janlandyrýardylar.
1914-nji ýylyň gelmegi bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň halkara guramasy ýeriň ujuna çenli wagyz etmegi ýüregine düwdi. Şol sebäpli olar «Ýaradylyş fotodrama» atly filmi çykarmak üçin wagtyny, güýjüni we serişdesini sarp etdiler.
Düşürilen plýonkalaryň we çüýşe slaýdlaryň köpüsi hususy kärhanalarda taýýarlanyldy. Filadelfiýanyň, Nýu-Ýorkyň, Parižiň we Londonyň ökde suratçylary çüýşe slaýdlaryna we plýonkalara ýekeme-ýeke surat çekip, olary reňklediler. Şeýle-de Beýteliň şekillendiriş bölüminde işleýän dogan-uýalar döwlen slaýdlaryň ýerine täzesini ýasap, olaryň ençemesini reňklemäge kömek etdiler. Mundan başga-da Beýtel maşgalasynyň agzalary Ýonkers şäheriniň golaýynda filmiň käbir böleklerini düşürdiler. Meselem, olar Ybraýym pygamberiň ogly Yshagy gurban getirişi we perişdäniň muňa päsgel berşi baradaky wakany oýnadylar (Gel. çyk. 22:9—12).
1914-nji ýylda «Fotodrama» filmini gören 14 ýaşly F. Stýuart Barnz şeýle diýdi: «Bu filmde ýyldyzlaryň ýaradylyşyndan tä Isanyň Müňýyllyk Patyşalygyna çenli ähli wakalar gowy beýan edilýär»
Rassel doganyň kömekçisi metbugat işgärlerine: «(Bu film) geçmişde çykarylan dini filmlerden tapawutlylykda, ýüz müňlerçe adamlary Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklandyryp biler» diýdi. Ruhy taýdan aç adamlary doýurmak üçin oýlanyp tapylan bu täze usuly buthana ýolbaşçylary makulladylarmy? Ýok, gaýtam, hristian dünýäsiniň tarapdarlary «Ýaradylyş fotodramasyny» ýazgardylar, hatda käbirleri ony adamlara görkezmezlik üçin mekir we edepsiz usullary tapýardylar. Bir gezek olar filmiň görkezilýän ýerinde togy öçürdiler.
Tejribeli operatorlar uzynlygy takmynan 3 km bolan plýonkalary, 26 sany gramplastinkany we 500 sany çüýşe slaýdlaryny ökdelik bilen sazlaşdyryp görkezýärdiler
Those in attendance also received “Pax” pins with a picture of the boy Jesus. The pins reminded the wearer to be a “son of peace”
Muňa garamazdan, köp adamlar «Fotodramany» görmek üçin teatrlarda arkaýyn ýygnanyşýardylar. Bu film her gün ABŞ-nyň 80-e golaý şäherinde görkezilýärdi. Köpleri ilkinji sapar «sesli filmi» görýändigine geň galýardylar. Plýonkalaryň çalt-çalt geçip durýandygy sebäpli, olar jüýjäniň ýumurtgadan çykyşyny we gülleriň owadan edip açylyşyny görüp bilýärdiler. Ylmyň ösmegi bilen şeýle filmiň çykarylmagy Ýehowanyň ajaýyp akyldarlyk häsiýetini şöhratlandyrdy. Ýokarda agzalyşy ýaly, Rassel dogany mawy ekranda görenleriň biri: «Bä, onuň Rassel dogana meňzäýşini!» diýdi.
TÄLIM BERMEK ÜÇIN GEÇIRILEN ÄGIRT ULY IŞ
The “Photo-Drama” premiered on January 11, 1914, at this fine New York City theater then owned and staffed by the International Bible Students Association
Ýazyjy we taryhçy Tim Darks «Fotodrama» barada şeýle diýdi: «Bu hereketli şekilleri ses bilen baglanyşdyrylyp görkezilen ilkinji reňkli filmdir». Şeýle tehniki usullar «Fotodramadan» öň çykarylan filmlerde-de ulanylypdy, ýöne bu aýratynlyklaryň ählisi, esasan-da, Mukaddes Ýazgylardaky wakalar bilen baglylykda ilkinji gezek şu filmde görkezildi. Bir ýylyň içinde bu filmi Demirgazyk Amerikada, Ýewropada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada dokuz milliona golaý adam gördi. Hiç bir filmi şeýle köp adam görmändi!
1914-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda «Fotodrama» filmi ilkinji gezek Nýu-Ýorkda görkezildi. Ýedi aý geçenden soňra, Birinji Jahan urşy başlandy. Muňa garamazdan, adamlar «Fotodrama» filmini görmek üçin ýygnanyşýardylar. Olar filmde Hudaýyň Patyşalygynyň getirjek bereketlerini görüp, teselli tapýardylar. Dogrudan-da, 1914-nji ýylda çykarylan «Fotodrama» filminiň deňi-taýy ýokdy!
Demirgazyk Amerikada «Fotodrama» filminiň 20 sany nusgasy görkezildi