Olar höwes bilen gulluk edýärler. Mikroneziýa
KATERINA ABŞ-da önüp-ösdi. Ol 16 ýaşynda suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Şaýady boldy. Katerina yhlasly wagyz etse-de, onuň wagyz edýän ýerinde Patyşalyk baradaky hoş habara az adam seslenýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men käbir adamlaryň Hudaýa doga edip, ony tanamaga kömek etmek üçin, kimdir birini ibermegini haýyş edendikleri barada okapdym. Men şeýle adamlary tapmak isleýärdim, emma hiç haçan olara duşmaýardym».
Katerina şeýle territoriýada birnäçe ýyl wagyz edensoň, hoş habara köp adamlaryň seslenýän ýerine göçmek barada oýlanýar. Emma ol muny başararmykam diýip alada edýär. Sebäbi ol öýünden ýekeje gezek, onda-da bary-ýogy iki hepdelik bir ýere gidende, öýüni örän küýsäpdi. Emma onuň Ýehowany gözleýän adamlara kömek edip, şatlyk tapmak islegi has güýçlüdi. Katerina nirä göçmelidigi barada oýlanansoň, Guamdaky filiala hat ýazyp, gerekli maglumaty alýar. Ol 2007-nji ýylyň iýul aýynda öýünden 9 650 km uzaklykda ýerleşýän Ýuwaş okeandaky Saýpan adasyna göçýär. Şonda ol 26 ýaşyndady. Katerina şol ýere göçensoň näme bolýar?
IKI DOGA BERLEN JOGAP
Katerina täze ýygnaga baranyna biraz wagt geçensoň, 45 ýaşlaryndaky Doris atly aýala duşýar. Doris Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşýar. Olar «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň ilkinji üç babyny geçensoň, Katerina alada edip başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Doris şeýle yhlas bilen öwrenýärdi welin, men onuň höwesini gaçyrasym gelmeýärdi. Men öň hiç haçan Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygiderli geçirmändim. Şol sebäpli Dorise onuň öz ýaşlaryndaky, has tejribeli uýa okuw geçse gowy bolar öýdýärdim». Katerina şeýle uýany tapmak üçin, Ýehowa doga edip, kömek soraýar. Soňra ol okuw geçmegi başga bir uýa berjek bolýandygyny Dorise aýtmakçy bolýar.
Katerina şeýle gürrüň berýär: «Men söze başlamankam, Doris kynçylygy barada meniň bilen gepleşmek isleýändigini aýtdy. Men ony diňläp, Ýehowanyň maňa şonuň ýaly kynçylyga döz gelmäge nädip kömek edendigini gürrüň berdim. Doris maňa minnetdarlyk bildirdi». Soňra Doris Katerina şeýle diýýär: «Ýehowa seniň üstüň bilen maňa kömek etdi. Sen öýüme ilkinji gezek geleniňde, men Mukaddes Ýazgylary birnäçe sagatlap okap otyrdym. Men aglap, Hudaýdan Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek etmek üçin kimdir birini ibermegini haýyş etdim. Şol wagt sen gapymy kakdyň. Ýehowa meniň dogama jogap berdi!» Katerina şol tolgundyryjy wakany ýatlap, gözüne ýaş aýlady. Ol şeýle diýýär: «Ýehowa Dorisiň aýdan sözleri arkaly meniň dogama jogap berdi. Hudaý maňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny özümiň geçirip biljekdigimi görkezdi».
Doris 2010-njy ýylda suwda çokundyryldy. Häzir ol birnäçe adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär. Katerina şeýle diýýär: «Men akýürekli adamlara Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek etmek islegimiň ahyry amala aşandygyna örän begenýärin!» Şu günler Katerina Ýuwaş okeandaky Kusaiýe adasynda ýörite pioner bolup şatlykly gulluk edýär.
ÜÇ KYNÇYLYK. OLARA NÄDIP DÖZ GELMELI?
19—79 ýaşlaryndaky ýüzden gowrak dogan-uýalar Mikroneziýada wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýärler. Şol yhlasly wagyzçylaryň şatlygyny 19 ýaşly Erika atly uýa gürrüň berýär. Ol 2006-njy ýylda Guam adasyna göçüpdi. Ol şeýle diýýär: «Hakykata suwsan adamlaryň ýerinde pioner bolup gulluk etmek örän gyzykly. Men Ýehowanyň gullugyň şu görnüşine gatnaşmaga kömek edýändigine örän minnetdar. Bu durmuşda iň gowy ýoldur!» Şu günler Erika uýa Marşal adalarynyň birinde, ýagny Ibaý adasynda ýörite pioner bolup şatlyk bilen gulluk edýär. Elbetde, daşary ýurtda gulluk edeniňde, kynçylyklar hem bolýar. Geliň, şol kynçylyklaryň üçüsine we Mikroneziýa göçen dogan-uýalaryň olara nädip döz gelendigine seredeliň.
Erika (sag suratda)
Ýaşaýyş şertleri. 2007-nji ýylda 22 ýaşly Saýmen atly dogan Palau adasyna göçýär. Soňra ol göçen ýerinde öňki ýaşan ýurdy Angliýadaky ýaly köp gazanç edip bolmaýandygyna göz ýetirýär. Saýmen şeýle gürrüň berýär: «Men islän zadymy satyn almazlygy öwrendim. Häzir men azyk önümlerini ünsli saýlap alýaryn we olary amatly bahadan almak üçin birnäçe dükana aýlanýaryn. Bir zadym döwülse, onuň gerek bölegini ulanylan harytlaryň satylýan ýerinden alyp, ussa bejerdýärin». Sada ýaşamaklyk Saýmene nähili täsir etdi? Ol şeýle diýýär: «Men ýaşamak üçin esasan nämäniň gerekdigini bildim we baryňa kaýyl bolmagy öwrendim. Men köp ýagdaýlarda Ýehowanyň aladamy edýändigini duýýardym. Bu ýerde ýedi ýyldan bäri gulluk edip, meniň hemişe iýmäge zadym we ýaşamaga ýerim bar». Hawa, Ýehowa Patyşalygy birinji orunda goýup, sada ýaşaýanlary goldaýar (Matta 6:32, 33).
Öýüňi küýsemek. Erika uýa şeýle diýýär: «Biziň maşgalamyzda ysnyşykly gatnaşyklar bardy. Şol sebäpli men öýümi küýsäp, gowy wagyz edip bilmerin öýdüp alada edýärdim». Erika näme etdi? Ol şeýle diýýär: «Men göçmezimden öň, „Garawul diňi“ žurnalyndan öýüňi küýsemek barada makalalary okadym. Şeýdip, men kynçylyklara döz gelmäge taýýarlandym. Bir makalada ejesiniň gyzyna aýdan sözleri meni örän ruhlandyrdy. Ejesi gyzyna: „Ýehowa seniň aladaňy mendenem gowy eder“ diýýär». Anna bilen onuň ýanýoldaşy Patrik dogan Marşal adalarynyň birinde, ýagny Majuro adasynda gulluk edýär. Anna öýüni küýsemez ýaly, ýygnakdaky dogan-uýalara köp üns berýär. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa bütindünýä doganlygymyz üçin hemişe minnetdarlyk bildirýärin. Sebäbi olar hem meniň maşgalam. Olar meni söýgi bilen goldamadyk bolsa, men hiç haçan wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip bilmezdim».
Saýmen
Dost tutunmak. Saýmen dogan şeýle diýýär: «Başga ýurda baranyňda, ähli zadyň başgaça bolýandygyna göz ýetirýärsiň. Men käte degişmek isleýärdim, emma maňa doly düşünmeýärdiler». Erika uýa şeýle diýýär: «Ilkibaşda, meniň ýüregim gysýardy, ýöne näme maksat bilen göçüp gelendigimi ýadyma salanymda biraz köşeşýärdim. Men öz bähbidim üçin däl-de, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin göçüp geldim. Wagtyň geçmegi bilen, men birnäçe dogan-uýalar bilen gowy dostlaşdym. Men olar bilen dostlugymy örän gymmat saýýaryn». Saýmen dogan palau dilini öwrenmek üçin jan edip, şol ýerdäki dogan-uýalar bilen dostlaşdy (2 Kor. 6:13). Dogan-uýalar hem Saýmeniň dil öwrenmek üçin edýän tagallalaryny görüp, ony gowy gördüler. Hawa, ýerli dogan-uýalaram, ýygnaga gulluk etmek üçin gelen täze doganlaram eginme-egin hyzmatdaşlyk edip, dostlukly gatnaşykdan şatlyk tapýarlar. Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde höwes bilen gulluk edýänler ýene-de nähili bereketler alýarlar?
«KÖP ORÝARLAR»
Pawlus resul: «Köp eken köp orar» diýdi (2 Kor. 9:6). Bu prinsip wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gidip gulluk edýänlere-de degişli. Mikroneziýa göçüp giden dogan-uýalar nähili bol hasyl «ordular»?
Patrik bilen Anna
Mikroneziýada Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga köp mümkinçilikler bar. Şeýle-de Hudaýyň Sözündäki hakykaty öwrenýän we oňa eýerýän adamlaryň ruhy taýdan ösýändigini görse bolýar. Patrik bilen Anna Anjaur adasynda-da gulluk etdiler. Bu kiçijik adada 320 sany adam ýaşaýar. Patrik bilen Anna ol ýerde iki aý wagyz edensoň, ogluny ýeke terbiýeleýän bir aýala duşýarlar. Ol aýal derrew Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Ol hakykat suwundan ganyp, durmuşynda köp özgerişikler edýär. Anna şeýle diýýär: «Biz her gezek okuw geçenimizden soň, öýümize tigirli gaýdanymyzda, biri-birimize seredip: „Ýehowa minnetdar!“ diýýärdik. Elbetde, Ýehowa bu aýaly islendik usul bilen ýa-da başga adam arkaly Özüne çekip bilerdi. Emma biz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz edip, şeýle pesgöwünli adamy tapdyk we Ýehowa bilen tanyşdyryp bildik. Bu biziň durmuşymyzda alan bol bereketlerimiziň biridi!» Erika hem: «Adama Ýehowa barada bilmäge kömek edip tapýan şatlygyňy söz bilen beýan edip bolmaýar» diýýär.
SEN BAŞGA ÝERE GÖÇÜP BILERMIŇ?
Köp ýerlerde wagyzçylar ýetmezçilik edýär. Senem wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp bilermiň? Ýehowa köpräk gulluk etmek islegiňi artdyrar ýaly, oňa doga et. Şeýle-de bu barada ýygnak ýaşululary, etrap gözegçisi ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän dogan-uýalar bilen maslahatlaş. Belli bir karara geleniňden soň, göçjek bolýan ýeriňdäki filiala hat ýazyp, köpräk maglumat alyp bilersiňa. Senem höwes bilen gulluk edip, «köp ormakdan» şatlyk tapýan ýaş we gartaşan, durmuş guran hem-de gurmadyk müňlerçe dogan-uýalaryň hataryna goşulyp bilersiň.
a 2011-nji ýylyň awgust aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzdaky» «Siz Makedoniýa gelip bilermisiňiz?» diýen makala serediň.