Siz hakykaty tapandygyňyza näme üçin ynanýarsyňyz?
«Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlaň». RIM. 12:2
1. Uruş döwri hristian dininiň ýolbaşçylary näme etdiler?
HUDAÝ öz gullukçylarynyň urşa gatnaşmagyny we başga milletdäki adamlary öldürmegini isleýärmi? Geçen asyrda bolan uruşlarda hristian dinine uýýanlaryň köpüsi biri-birini öldürdiler. Katolik dinine uýýanlar katoliklere, protestant dinine uýýanlar protestantlara garşy söweşdiler. Katolikleriň we protestantlaryň dini ýolbaşçylary urşa gitjek esgerlere we olaryň ýaraglaryna ak pata berdiler. II Jahan urşy döwründe hristianlaryň arasynda zorluk-sütem yzly-yzyna bolýardy.
2, 3. II Jahan urşy döwründe hem ondan soňra Ýehowanyň Şaýatlary näme etdiler we näme üçin?
2 Uruş döwründe Ýehowanyň Şaýatlary näme etdiler? Taryhy maglumatlara görä, olar bitaraplygyny sakladylar. Näme üçin? Sebäbi olar Isanyň öwreden zatlaryna gulak asyp, onuň yzyna eýermek isleýärdiler. Isa: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:35). Şeýle-de olar Pawlus resulyň korintoslylara ýazan hatyndaky sözlere eýerdiler (2 Korintoslylar 10:3, 4-nji aýatlary okaň).
3 Şol sebäpli mesihçiler Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen ynsabyna görä hereket edip, uruşmagy öwrenmeýärler. Ýehowanyň Şaýatlarynyň bitaraplygyny saklandygy üçin, olaryň müňlerçesini yzarladylar. II Jahan urşy döwründe Germaniýada faşistler höküm sürýärkä, mesihçi ýaşlar we gartaşanlar, erkekdir aýallar yzarlandylar. Olaryň köpüsi türmelerde we konslagerlerde horluk çekdiler, hatda käbirini öldürdiler. Ýewropada Ýehowanyň Şaýatlaryny güýçli yzarlasalar-da, olar Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmegi unutmadylar. Olar nirede bolsalar-da: türmede, konslagerde we sürgün edilen ýerlerinde-de wagyz edýärdilera. Soňra Ýehowanyň Şaýatlary 1994-nji ýylda Ruandada bolan uly gan döküşikli urşa hem gatnaşmadylar. Şeýle-de olar öňki Ýugoslawiýanyň dargamagyna getiren uruşda bitaraplygyny sakladylar.
4. Ýehowanyň Şaýatlarynyň bitaraplygyny saklamagy adamlara nähili täsir etdi?
4 Ýehowanyň Şaýatlarynyň berk durup bitaraplygyny saklandygy üçin bütin dünýäde olara syn edýän müňlerçe adamlar olaryň Hudaýa we ýakynyna hakyky söýgini görkezýändigine göz ýetirdiler. Başgaça aýdanyňda, adamlar Şaýatlaryň Hudaýyň hakyky gullukçylarydygyna düşündiler. Emma adamlar ýene-de haýsy sebäplere görä Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň hakyky gullukçylarydygyna ynanýarlar?
TARYHDA IŇ ÝOKARY BILIM
5. I asyrda nähili uly özgerişik boldy?
5 Isa ýer ýüzündäki gullugyna başlanda, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyny görkezdi. Ol 12 resulyny saýlap, olara wagyz etmegi öwretdi. Sebäbi wagtyň geçmegi bilen, bütin dünýäde wagyz edilmelidi. Şondan soňra Isa 70 şägirdine-de tälim berdi (Luka 6:13; 10:1). Şeýlelikde, olar, ilki bilen, ýehudylara hoş habary wagyz etmegi öwrendiler. Soňra Isa şägirtlerine özge milletlerden bolan adamlara-da wagyz etmegi tabşyrýar. Bu yhlasly ýehudy şägirtleri üçin uly özgerişik boldy! (Res. iş. 1:8).
6. Petrus resul Ýehowanyň adamlary ala tutmaýandygyna nädip göz ýetirdi?
6 Petrus resul özge milletli Korneliusyň öýüne iberilende, Ýehowanyň hiç kimi ala tutmaýandygyna göz ýetirdi. Kornelius we onuň öýündäkiler suwda çokundyryldy. Sebäbi Hudaý ähli adamlaryň hakykaty eşidip, kabul etmegini isleýärdi (Res. iş. 10:9—48). Şol günden başlap, Petrus we Isanyň beýleki şägirtleri ähli milletden bolan adamlara wagyz etdiler.
7, 8. Ýehowanyň Şaýatlary adamlara hoş habary ýetirmek üçin näme edýärler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
7 Şu günler Ýehowanyň guramasyna ýolbaşçylyk edýänler hoş habary bütin dünýäde wagyz etmek we tälim bermek işini yhlasly goldap, gözegçilik edýärler. Häzir bütin dünýäde sekiz milliondan gowrak Ýehowanyň Şaýatlary bar. Olar 600-den gowrak dilde wagyz edýärler we munuň sany barha artýar! Ýehowanyň Şaýatlary öýden-öýe, köçede, käwagt bolsa edebiýat goýlan stol ýa-da tigirli stend arkaly wagyz etmegi bilen tanalýar.
8 Ýehowanyň guramasynda iki müň dokuz ýüzden gowrak dogan-uýalara Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary terjime etmek üçin ýörite tälim berilýär. Edebiýatlar diňe esasy dillere terjime edilmeýär. Käbir dilleriň ýüzlerçesi kän bir belli bolmasa-da, olaryň hersinde millionlarça adam gepleýär. Şonuň üçin edebiýatlar şol dillere terjime edilýär. Mysal üçin, Ispaniýada ýaşaýan katalanlaryň millionlarçasy hemişe öz ene dilinde gürleýärler. Soňky wagtlar Walensiýa we Alikante welaýatlarynda, Balear adalarynda hem-de Andorra ýurdunda katalan diline aýratyn üns berilýär. Ýehowanyň Şaýatlarynyň katalan diline terjime edýän edebiýatlary we geçirýän ýygnak duşuşyklary katalanlaryň ýüregine täsir edýär.
9, 10. Hudaýyň guramasynyň ähli adamlaryň hakykaty bilmegini isleýändigini haýsy mysallar görkezýär?
9 Edebiýatlary adamlaryň ene diline terjime etmek we tälim bermek işi bütin dünýäde amala aşyrylýar. Meselem, Meksikada, esasan, ispan dilinde gepleseler-de, ýerli halkyň köpüsi başga dillerde gürleýär. Maýýa dili hem şeýle dilleriň biridir. Meksikadaky filial maýýa diliniň terjimeçiler toparyny şol dilde gepleýän adamlaryň ýaşaýan ýerine göçürdi. Sebäbi terjimeçileriň her gün maýýa dilinde geplemäge we ony diňlemäge mümkinçiligi bolýar. Şeýle-de 29 million ilaty bolan Nepalda adamlar, esasan, nepal dilinde gürleýärler. Şol ýurtda takmynan 120 sany dil bar. Emma 10 milliondan gowrak adamlar nepal dilinde gepleýär we beýleki adamlaryň köpüsi hem şol dili bilýär. Şol sebäpli biziň edebiýatlarymyz nepal diline terjime edilýär.
10 Ýehowanyň guramasy bütin dünýädäki terjimeçileriň toparlaryny goldap, hoş habary wagyz etmek işine çynlakaý garaýandygyny görkezýär. Bütin dünýäde geçirilýän kampaniýalarda millionlarça kitapçalar, broşýuralar we žurnallar mugt paýlanylýar. Çykdajylar Ýehowanyň Şaýatlarynyň meýletin sowgatlary arkaly ödelýär. Sebäbi olar Isanyň: «Mugt aldyňyz, mugt beriň» diýen tabşyrygyna eýerýärler (Mat. 10:8).
Terjimeçi topar edebiýatlary sada nemes diline terjime edýär (10-njy abzasa serediň)
Paragwaýda sada nemes dilindäki edebiýatlary ulanýarlar (Makalanyň başyndaky surata serediň)
11, 12. Ýehowanyň Şaýatlarynyň bütindünýä wagyz işi adamlara nähili täsir edýär?
11 Ýehowanyň Şaýatlary hakykaty tapandygyna ýürekden ynanyp, ähli milletden we taýpadan bolan adamlara hoş habary ýetirmek üçin köp zatdan geçýärler. Olaryň köpüsi bu wajyp işe gatnaşmak üçin ýaşaýşyny sadalaşdyrýarlar, dil öwrenýärler we başga milletiň medeniýetine öwrenişýärler. Bütindünýä wagyz işi arkaly köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isanyň şägirdidigine ynanýarlar.
12 Ýehowanyň Şaýatlary hakykaty tapandygyna ynanýandyklary üçin, wagyz edip, tälim berýärler. Emma millionlarça adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynda hakykatyň bardygyna ýene-de näme üçin ynanýarlar? (Rimliler 14:17, 18-nji aýatlary okaň).
OLAR HAKYKATY TAPANDYGYNA NÄME ÜÇIN YNANÝARLAR?
13. Ýehowanyň Şaýatlary guramany nädip arassa saklaýar?
13 Biz dogan-uýalaryň hakykaty tapandygyna näme üçin ynanýandygy barada aýdan sözlerine seretsek peýdaly bolar. Köp ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýän bir dogan şeýle diýýär: «Ýygnakda käbirine maslahat ýa-da düzediş bermeli bolsa-da, dogan-uýalaryň her bir edýän tagallasy Ýehowanyň guramasyny ahlak taýdan arassa hem-de tämiz saklamaga ýardam edýär». Ýehowanyň halky bu ýokary ahlak kadalaryny nädip saklap bilýär? Olar Hudaýyň Sözündäki kadalara we Isanyň hem-de onuň şägirtleriniň göreldesine eýerýärler. Şaýatlaryň diňe sanlyjasy Hudaýyň kadalaryna boýun bolmak islemeýändigi üçin ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň aglabasy öň Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamadyk bolsa-da, indi durmuşyny üýtgetdiler we ahlak taýdan arassa ýaşap, başgalara görelde görkezýärler (1 Korintoslylar 6:9—11-nji aýatlary okaň).
14. Ýygnak gatnaşygyndan kesilenleriň köpüsi soňra näme etdiler we netijesi näme boldy?
14 Mukaddes Ýazgylardaky görkezmelere gulak asman, ýygnak gatnaşygyndan kesilenler barada näme diýse bolar? Olaryň müňlerçesi öz eden günäsine toba edip, ýygnaga dolandylar (2 Korintoslylar 2:6—8-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň Sözündäki ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygy üçin ýygnak arassa galýar. Şol sebäpli olar Hudaýyň öz guramasyny makullaýandygyna ynanýarlar. Adamlaryň köpüsi buthanalara garanyňda, Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygyny görüp, olarda hakykatyň bardygyna ynanýarlar.
15. Bir dogan hakykaty tapandygyna nädip göz ýetirdi?
15 Başga dogan-uýalar hakykaty tapandygyna näme üçin ynanýarlar? 54 ýaşly bir dogan şeýle diýýär: «Men ýetginjekligimden bäri imanymyň şu üç zada esaslanýandygyna ynanýaryn: 1. Hudaý, dogrudan-da, bar; 2. Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň Sözi; 3. Şu günler ýer ýüzünde Hudaýyň islegini Ýehowanyň Şaýatlary berjaý edýär. Men ençeme ýyllap, Mukaddes Ýazgylary öwrenenimde, hemişe şol üç zadyň dogrudygyna göz ýetirmek üçin özüme sorag berýärdim. Ýyllar geçdigi saýyn, subutnamalaryň artýandygy üçin, meniň imanym berkäp, hakykaty tapandygyma ynamym artýardy».
16. Bir uýa hakykaty tapandygyna näme üçin ynanýar?
16 Nýu-Ýorkdaky bütindünýä baş edarada gulluk edýän bir uýa hakykaty tapandygyna näme üçin ynanýandygyny gürrüň berýär. Ol Mukaddes Ýazgylarda takmynan ýedi müň gezek duş gelýän Hudaýyň ady barada diňe Ýehowanyň guramasynyň wagyz edýändigini belläp geçýär. Şeýle-de uýany 2-nji Ýyl ýazgylary 16:9-daky şu sözler ruhlandyrypdyr: «Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär». Ol uýa şeýle diýýär: «Men hakykaty bilip, Hudaýa nädip bütin ýüregiň bilen gulluk edip bolýandygyny öwrendim. Ýehowa maňa güýç-kuwwat berýär. Men Ýehowa bilen dostlugymy gymmat saýýaryn we Isa arkaly Hudaýy ýakyndan tanap bilýändigime örän minnetdar».
17. Öň Hudaýa ynanmadyk bir dogan nämä göz ýetirdi we näme üçin?
17 Öň Hudaýa ynanmadyk bir dogan şeýle diýýär: «Hudaýyň ýaradan zatlary adamlaryň ýaşaýyşdan lezzet alyp ýaşamagyny isleýändigini görkezýär, şol sebäpli ol horluklaryň ebedi bolmagyna ýol bermez. Bu zalym dünýädäki adamlaryň imany gün-günden gowşasa-da, Ýehowanyň halky imanda, yhlasda we söýgüde berkeýär. Biziň günlerimizde şeýle gudrat diňe Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly bolýar» (1 Petrus 4:1—4-nji aýatlary okaň).
18. Iki dogan hakykaty tapandygyna näme üçin ynanýar we bu size nähili täsir edýär?
18 Köp ýyldan bäri gulluk edýän bir dogan biziň hakykaty wagyz edýändigimize näme üçin ynanýandygyny şeýle düşündirýär: «Men ýyllar boýy öwrenen zatlarymdan, Ýehowanyň Şaýatlarynyň I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýermek üçin elinde baryny edýändigine göz ýetirdim. Men dünýäniň köp künjegine syýahat edenimde, Ýehowanyň Şaýatlarynyň agzybirligini gördüm. Mukaddes Ýazgylardaky hakykat göwnüme jaý bolup, maňa şatlyk berýär». 60 ýaşyndan geçen bir dogandan hakykaty tapandygyna näme üçin ynanýandygyny soranlarynda, ol şeýle diýdi: «Biz Isanyň durmuşy we gullugy barada çuňňur öwrenip, onuň galdyran göreldesini gymmat saýýarys. Şeýlelikde, biz Isa arkaly Hudaýa ýakynlaşmak üçin durmuşymyzy üýtgedýäris. Biz Isanyň töleg gurbany arkaly halas bolup bilýändigimize düşünýäris we onuň ölümden direlendigini bilýäris. Sebäbi muny öz gözi bilen gören adamlaryň degerli subutnamalary bar» (1 Korintoslylar 15:3—8-nji aýatlary okaň).
ADAMLARA HAKYKAT BARADA GÜRRÜŇ BERIŇ
19, 20. a) Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda nähili jogapkärçilik barada aýtdy? b) Ýehowanyň Şaýatlarynyň ählisine nähili hormatly iş ynanyldy?
19 Biz adamlary söýýändigimiz üçin, olara gymmatly hakykat barada aýtmaly. Pawlus resul Rimdäki dogan-uýalara şeýle ýazdy: «Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň ony ölümden direldenine ýüregiň bilen ynansaň, gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir» (Rim. 10:9, 10).
20 Biz, Ýehowanyň Şaýatlary hakykaty tapandygymyza ynanýarys we Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmegiň uly hormatdygyna düşünýäris. Şol sebäpli, geliň, adamlara diňe bir wagyz etmän, hakykaty tapandygymyza ynanýandygymyzy özümizi alyp barşymyz bilen hem görkezeliň.
a «Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýär» (rus.) diýen kitabyň 191—198, 448—454-nji sahypalaryna serediň.