Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w15 15/5 sah. 3—8
  • Ilkinji söýgim maňa çydamly bolmaga kömek edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ilkinji söýgim maňa çydamly bolmaga kömek edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Sözbaşylar
  • URUŞ ÝYLLARY
  • HUDAÝYŇ GÖZLEGINDE
  • ÝEHOWA BOLAN ILKINJI SÖÝGIM
  • ÝEHOWANYŇ BERÝÄN BEREKETLERI
  • BATYRGAÝLYK WE SYPAÝYÇYLYK
  • MAŞGALAM WE DOST-ÝARLARYM
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
w15 15/5 sah. 3—8
Entoni Morris işinde

TERJIMEHAL

Ilkinji söýgim maňa çydamly bolmaga kömek edýär

Entoni Morris III gürrüň berdi

1970-NJI ÝYLYŇ tomus aýlarydy. Men Walli-Forj Jenerel keselhanasynda (Pensilwaniýa, ABŞ) ýatyrdym. Şepagat dogany meniň gan basyşymy her ýarym sagatdan barlap durýardy. Men 20 ýaşly esgerdim we agyr ýokanç keselden ejir çekýärdim. Şepagat dogany menden birnäçe ýaş uludy we örän aladaly görünýärdi. Men gan basyşymyň peselýändigini bilip, ondan: «Sen ölüm ukusyna gidip barýan adamy görüpmidiň?» diýip soradym. Onuň ýüzi ak tam ýaly bolup: «Ýok, görmedim» diýip jogap berdi.

Meniň gelejegim tüm garaňky bolup görünýärdi. Men keselhana nädip düşdüm? Geliň, men size ony gürrüň bereýin.

URUŞ ÝYLLARY

Men uruş ýyllary Wýetnamda operasiýa otagynda işleýärdim. Şonda maňa ýokanç kesel geçdi. Men hirurg lukmany bolmak isleýärdim, sebäbi syrkaw, ýaralanan adamlara kömek etmegi gowy görýärdim. 1969-njy ýylda men Wýetnama geldim. Täze gelenlere we maňa gije-gündiziň üýtgemegine hem-de yssy howa öwrenişer ýaly bir hepde wagt berildi.

Meni Dong Tamyň Mekong Deltada hirurgiýa keselhanasyna bellediler. Işe başlan günüm dikuçarlar bilen ençeme ýaralanan esgerleri getirdiler. Men Watanymy we işimi söýýändigim üçin şol bada işe girişdim. Ýaralanan adamlary operasiýa etmek üçin derrew kiçijik otaglara, ýagny demir konteýnerlere geçirýärdiler. Ol ýerde howa sowadyjy enjam işläp durýardy. Hirurg, anesteziolog we iki şepagat dogany adamlary halas etmek üçin dar ýerde jan aýaman işleýärdiler. Men dikuçarlarda gara haltalara salnan ýükleri gördüm. Soňra olaryň uruşda parça-parça bolan esgerleriň bedenleridigini bildim. Şonda men ilkinji sapar urşuň nämedigine göz ýetirdim.

HUDAÝYŇ GÖZLEGINDE

Entoni Morris ýetginjekgä

Men ýetginjekgäm Ýehowanyň Şaýatlaryny tanaýardym

Men Ýehowanyň Şaýatlaryny ýetginjekgäm tanaýardym. Sebäbi meniň mähriban ejem olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärdi, ýöne ruhy taýdan ösmändigi üçin suwda çokundyrylmandy. Ejem okuw geçende, menem diňläp oturýardym. Günleriň birinde men öweý kakam bilen Patyşalyk zalynyň ýanyndan geçip barýarkam: «Bu näme?» diýip soradym. Şonda kakam: «Ol adamlaryň ýanyna hiç haçan baraýmagyn!» diýdi. Men kakama gulak asdym, sebäbi ony söýýärdim we oňa ynanýardym. Şondan soň men Ýehowanyň Şaýatlary bilen aramy üzdüm.

Men Watanyma dolanamsoň Hudaýy gözläp başladym. Sebäbi ajy ýatlamalar meniň ýüregimi para-para edýärdi. Wýetnamda bolýan zatlara hiç kim düşünmeýän ýalydy. Habarlara görä, ABŞ-nyň esgerleri uruşda günäsiz çagalary gyrýardylar. Gozgalaňçylaryň olara çagalaryň ganhory diýýän sözleri häli-şindi gulagymda ýaňlanyp durdy.

Men her hili ybadathanalara baryp gördüm, çünki men Hudaýy söýýärdim we ruhy taýdan teşnedim. Emma ybadathanalar teşne kalbymy gandyrmady. Ahyrsoňy, men Floridanyň Delra Biç şäherindäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň Patyşalyk zalyna bardym. Şol gün 1971-nji ýylyň fewral aýynyň ýekşenbesidi.

Men Patyşalyk zalyna girenimde, jemagat nutugy tamamlanyp barýan eken. Şondan soňra «Garawul diňi» duşuşygy geçirildi; men ony diňlemek üçin galdym. Onda näme barada gürrüň berilendigi ýadyma düşmeýär, ýöne çagajyklaryň aýatlary tapmak üçin Mukaddes Ýazgylaryň sahypalaryny eýläk-beýläk açyşy entegem göz öňümden gidenok. Muňa men haýran galdym! Men ünsli diňleýärdim we syn edýärdim. Patyşalyk zalyndan çykyp barýarkam, 80 ýaşlaryndaky garryja Jim Gardner dogan ýanyma geldi. Ol «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat» atly kitaby maňa uzadyp, mähir bilen: «Bu saňa!» diýdi. Şeýlelikde, penşenbe güni irden Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi gepleşdik.

Şol ýekşenbe güni agşam men işe gitmelidim. Men Floridanyň Boka-Raton şäherindäki hususy keselhananyň tiz kömek bölüminde işleýärdim. Meniň iş wagtym gije 23:00-dan irden 7:00-a çenli dowam edýärdi. Şol gije kän iş bolmansoň «Hakykat» kitabyny okamaga mümkinçiligim boldy. Uly şepagat uýasy ýanyma gelip, elimdäki kitaby kakyp aldy-da, adyny okap: «Sen olaryň biri bolaýmarsyň!» diýip gygyrdy. Menem kitaby kakyp aldym-da: «Entek kitabyň ýarysyny okadym, eýýäm, olaryň biri bolup barýarmykam!» diýip jogap berdim. Ol ýanymdan gitdi, menem kitaby şol gije okap boldum.

Jim Gardner Morris dogan bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçdi

Çarlz Rasseli tanaýan we mesh edilen Jim Gardner meniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçdi

Men Gardner dogandan: «Biz nämeden sapak geçeris?» diýip soradym. Ol hem: «Saňa beren kitabymdan» diýdi. Menem: «Ony okap boldum ahyryn» diýdim. Gardner dogan mähir bilen: «Berekella, gel, onda birinji baba seredeli» diýdi. Şonda men köp zada üns bermändigime haýran galdym. Ol meniň Mukaddes Ýazgylaryň gyzyl reňkli harplar bilen ýazylan «King Jeýms Wýoşn» terjimesinden köp aýatlary okatdy. Men hak Hudaý Ýehowany indi tanap başladym. Men dogana mähir bilen diňe Jim diýip adyny tutýardym. Biz şol gezek «Hakykat» kitabynyň üç babyny okadyk. Şeýdip, hepdäniň her penşebe güni kitabyň üç babyny geçip başladyk. Men Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi örän gowy görýärdim. Mesh edilen we Çarlz Rasseli tanaýan dogan bilen okuw geçmek meniň üçin uly hormat!

Birnäçe hepdeden soň men wagyzçy boldum. Jim maňa köp kynçylyklarda, öýden-öýe wagyz etmekde kömek edýärdi (Res. iş. 20:20). Men onuň bilen wagyz edenimde köp şatlyk tapýardym. Men häzirem wagyz etmegi gowy görýärin. Hawa, Ýehowanyň işdeşi bolmak uly hormat! (1 Kor. 3:9).

ÝEHOWA BOLAN ILKINJI SÖÝGIM

Indi men size Ýehowa bolan ilkinji söýgimiň ýüregimde aýratyn orun eýeländigi barada gürrüň bereýin (Ylh. 2:4). Bu söýgi urşuň salan tygyny we başga-da köp kynçylyklary ýeňmäge kömek etdi (Iş. 65:17).

Ýehowa bolan söýgim urşuň ajy ýatlamalaryna we başga kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär

Entoni Morris şu kon­gresde suwda çokundyryldy

Ýanki stadionynda geçirilen «Hudaýyň ady» atly etrap kongresinde suwda çokundyryldym (1971 ý.)

1971-nji ýylyň ýaz paslynda ýatdan çykmajak waka boldy. Men ata-enem bilen köp otagly jaýda ýaşaýardym, ýöne olar meni öýden kowdular. Sebäbi öweý kakam Ýehowanyň Şaýadyny ýaşatmak islemeýärdi. Şol wagtlar meniň pulum hem azdy. Men iş hakymy her iki hepdeden alýardym. Ýehowanyň mynasyp gullukçysy bolmak üçin gowy egin-eşik satyn aldym. Men Miçiganda önüp-ösdüm we ol ýerdäki bankda biraz pul goýupdym. Men birnäçe gün ulagymda ýaşamaly boldum we ýangyç guýulýan ýerleriň hajathanalarynda ýuwnup, sakgal-murtumy alýardym.

Bir gün men Patyşalyk zalynda geçirilýän wagyz duşuşygyna örän ir gelipdirin. Men işden çykyp gaýdypdym. Men Patyşalyk zalynyň arka tarapynda hiç kimiň görmejek ýerine geçip oturdym. Şonda Wýetnam urşunda ýanan ynsan bedeniniň ysy, dökülen gandyr ýaralar göz öňüme gelip başlady. Ýaş ýigitleriň «Men diri galarynmy? Men ýaşarynmy?» diýen soraglary gulagymda ýaňlanýardy we olaryň ýüz-keşbi göz öňüme gelýärdi. Men olaryň diri galmajagyny bilýärdim. Ýöne muny bildirmejek bolup, teselli bermäge jan edýärdim. Ajy ýatlamalar meni öz penjesinden goýbermän ruhdan düşürýärdi.

Kynçylyklarda we synaglarda Ýehowa bolan ilkinji söýgimi unutmajak bolup jan edýärin

Men doga edenimde, gözýaşlarymy saklap bilmedim (Zeb. 56:8). Şonda direlişe bolan umyt barada çynlakaý oýlanyp başladym. Birdenem kelläme bir pikir geldi: Ýehowa Hudaý meniň gören elhenç gyrgynçylyklarymy, adamlaryň çeken jebir-jepasyny direliş arkaly aýrar. Hudaý aradan çykan ýaş ýigitleri direldende, olara hakykaty bilmäge mümkinçilik berer (Res. iş. 24:15). Şu zatlar barada oýlananymda, ýüregimde Ýehowa bolan söýgim has-da möwç urup, kalbymda wajyp orun tutdy. Şol gün meniň ýadymdan çykmajak gün boldy. Şondan bäri men kynçylyklara ýa-da synaglara duşsam-da, Ýehowa bolan ilkinji söýgimi sowatmajak bolup jan edýärin.

ÝEHOWANYŇ BERÝÄN BEREKETLERI

Adamlar uruşda erbet işleri edýärdi. Menem olardan kem galmaýardym. Emma iki aýat maňa teselli berýär. Birinjisi, Ylham 12:10, 11-nji aýatlar. Onda Iblisi diňe bir şaýatlyk etmek bilen däl-de, eýsem, Guzynyň gany bilen ýeňip bolýandygy barada aýdylýar. Ikinjisi, Galatýalylar 2:20-de Isa Mesih janyny «meniň» üçin berendigi aýdylýar. Ýehowa Isanyň gany arkaly meniň günämi geçýär. Bu maňa ynsabymy arassa saklamaga we adamlara rehimdar Ýehowa Hudaý barada wagyz etmäge höweslendirýär (Ýew. 9:14).

Men yzyma ser salyp, Ýehowanyň hemişe aladamy edýändigini görýärin we minnetdar bolýaryn. Meselem, Jim meniň ulagda ýaşaýandygymy bilende, ol meni kiçiräk myhmanhananyň eýesi bolan bir uýa bilen tanyşdyrdy. Ol uýa we Jim maňa gowy ýerde ýaşamaga mümkinçilik döretdi. Elbetde, men munda Ýehowanyň eliniň bardygyna şübhelenmeýärdim. Ýehowa örän mähirli we hemişe wepaly gullukçylarynyň aladasyny edýär.

BATYRGAÝLYK WE SYPAÝYÇYLYK

1971-nji ýylyň maý aýynda Miçigana iş sapary bilen gitmeli boldum. Floridanyň Delra Biçdäki ýygnagyndan gaýtmazymdan öň ulagymy edebiýatdan doldurdym we «Intersteýt-75» ýolundan demirgazyga tarapa ugradym. Jorjiýa ştatyna ýetmänkäm, edebiýatlardan ýekejesi-de galmady. Men Patyşalyk baradaky hoş habary ähli ýerde yhlasly wagyz edýärdim. Men türmelerde we dynç alyş ýerleriň hajathanalarynda adamlara wagyz edip, kitapçalary paýlaýardym. Belki, şol eken tohumlarymyň käbiri gögerendir (1 Kor. 3:6, 7).

Dogrumy aýtsam, ilkibaşda maşgala agzalaryma gödeklik bilen wagyz edýärdim. Ýehowa bolan ilkinji söýgim şeýle bir güýçlüdi welin, men batyrgaý we gönümel wagyz edýärdim. Men agalarym Jon bilen Rony gowy görýärdim. Olar hakykaty diňlemek islemeseler-de aýdýardym. Soňra men gödekligim üçin olardan ötünç soradym. Men olaryň hakykaty kabul etmegi üçin dyngysyz doga edýärin. Ýehowanyň berýän tälimi maňa sypaýyçylykly wagyz etmäge kömek etdi (Kol. 4:6).

MAŞGALAM WE DOST-ÝARLARYM

Men Ýehowany, maşgalamy we dost-ýarlarymy söýýärin. Meniň kalbymda aýalym Sýuzana bolan söýgim ikinji orny eýeledi. Patyşalyk işlerinde meni goldajak gyza öýlenmek isleýärdim. Sýuzan ruhy taýdan berk we dogumly uýady. Duşuşyp ýören günlerimiziň biri meniň hiç haçan ýadymdan çykmaýar. Sýuzan Kranston Rod-Aýlend şäherinde ýaşaýardy. Men olara baranymda, Sýuzan öýleriniň öňünde Garawul diňi duşuşygynda öwrenilmeýän makalalaryň birini okap oturan eken. Onuň makaladaky her bir aýady açyp okaýşy meni haýran galdyrdy. Men şonda: «Ol ruhy taýdan berk uýa!» diýip pikir etdim. Biz 1971-nji ýylyň dekabr aýynda toý tutdyk. Men onuň berýän goldawyna örän minnetdar! Ol Ýehowany mendenem köp söýýär. Men munuň gadyryny bilýärin.

Entoni we Sýuzan ogullary bilen bile

Aýalym Sýuzan we ogullarym Pol bilen Jessi

Ýehowa bize Jessi bilen Poly sowgat berdi. Ýehowa ogullarymy hemişe goldaýardy (1 Şam. 3:19). Biz olaryň hakykata ýürekden ýapyşandygyna begenýäris. Olaryň Ýehowa bolan ilkinji söýgüsi yhlasly gulluk etmäge höweslendirýär. Jessi bilen Pol 20 ýyldan bäri doly wagt gulluk edýärler. Şeýle-de men owadan gelinlerim Stefani bilen Reýçeli gyzlarym ýaly görýärin. Ogullarymyň gelinleri Ýehowany bütin jany, bütin ýüregi bilen söýýärler (Efes. 6:6).

Entoni Morris etrap gözegçisi bolup gulluk edende wagyz duşuşygyny geçirýär

Biz az wagyz edilýän ýerlerde wagyz etmegi halaýardyk

Men suwda çokundyrylanymdan soň Rod-Aýlentde 16 ýyl gulluk etdim we köp dostlary tapdym. Men ukyply ýygnak ýaşululary bilen gulluk eden ýyllarymy mähir bilen ýatlaýaryn. Ençeme etrap gözegçileri-de maňa ruhy taýdan berk bolmaga kömek etdi. Ýehowa bolan ilkinji söýgüsini unutmaýan dogan-uýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek uly hormat! 1987-nji ýylda biz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine, ýagny Demirgazyk Karolina göçüp bardyk we köp dogan-uýalar bilen dostlaşdyka.

Etrap gözegçisi bolup gulluk edenimde wagyz duşuşygyny geçirýärin

2002-nji ýylyň awgust aýynda meni aýalym bilen Pattersonyň Beýtelinde gulluk etmäge çagyrdylar (ABŞ). Men Gulluk bölüminde, Sýuzan bolsa kir ýuwulýan ýerde işleýärdi. Aýalym ol ýerde işlemegi gowy görýärdi. 2005-nji ýylyň awgust aýynda meni Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy edip bellediler. Bu meniň üçin uly hormat! Ýöne men özümi mynasyp görmeýärdim. Aýalym bolsa işiň köplügini, jogapkärçiliklidigini we syýahat etmelidigini bilende aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Sýuzan uçara münmegi halamasa-da, biz uçar arkaly köp syýahat etdik. Sýuzan maňa Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň aýallary mähir bilen goldap ruhlandyrandygyny aýtdy. Aýalymyň meni goldamak üçin elinde baryny edýändigini görenimde, oňa bolan söýgim has-da artýar.

Men iş otagymda köp suratlary goýdum. Olar meniň üçin örän gymmatly! Suratlar meniň nähili durmuş geçirendigimi ýatladýar. Men Ýehowa bolan ilkinji söýgimi unutmaz ýaly köp tagalla edendigim üçin ençeme bereketleriň eýesi boldum!

Entoni Morris maşgalasy bilen naharlanýar

Men maşgalam bilen dynç almakdan şatlyk tapýaryn

a Morris doganyň doly wagt gullugy barada bilmek üçin «Garawul diňi» žurnalyna serediň (w06-U 15/3 sah. 26).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş