Ynsabyňyz size dogry ýoly salgy berýärmi?
«Buýrugyň maksady sap ýürekden, dogry ynsapdan, hilesiz imandan ugur alan söýgüdir». 1 TIM. 1:5
1, 2. Bize ynsaby kim berdi we biz oňa näme üçin minnetdar bolmaly?
ÝEHOWA HUDAÝ ynsany erkin edip ýaratdy. Şol sebäpli her bir adamyň özi karara gelýär. Allatagala Adam ata bilen How enä we olaryň nesline ýagşy-ýamany saýgarmaga kömek edýän hem görkezme berýän ynsaby berdi. Eger biz ynsabymyzy diňlesek, ol ýagşy işleri etmäge we erbetlikden gaça durmaga kömek eder. Hudaý bize ynsap bermek bilen söýgüsini görkezýär we dogry işleri etmäge höweslendirýär.
2 Şu günler käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryny bilmeseler-de, erbetligi ýigrenip, ýagşy işleri edýärler (Rimliler 2:14, 15-nji aýatlary okaň). Näme üçin? Sebäbi olaryň ynsaby bar. Ynsap adamlara hetdenaşa zalym bolmaga ýol bermeýär. Eger ynsap bolmadyk bolsa, bütin dünýä erbetlikden we zalymlykdan dolardy. Biz Ýehowanyň beren bu sowgadyna minnetdar bolmaly dälmi näme?!
3. Ynsap ýygnakdaky dogan-uýalara nähili täsir edýär?
3 Ýehowanyň halky bu dünýäniň adamlaryndan tapawutlylykda, ynsabyny terbiýelemäge jan edýär. Olar ynsabyny Hudaýyň Sözi esasynda terbiýeläp, ýagşy-ýamany saýgarýarlar we ýygnakda agzybirligi saklaýarlar. Ynsaby terbiýelemek üçin diňe bilim almak ýeterlikli däl. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda terbiýelenen ynsabyň, imanyň we söýginiň biri-biri bilen baglanyşyklydygy aýdylýar. Pawlus resul: «Bu buýrugyň maksady sap ýürekden, dogry ynsapdan, hilesiz imandan ugur alan söýgüdir» diýýär (1 Tim. 1:5). Biz terbiýelenen ynsabymyza görä ýaşasak, Ýehowa bolan söýgimiz artyp, imanymyz berkär. Ynsap ruhy saglygymyzy, ýüregimizi we Ýehowany razy etmek üçin nähili tagalla edýändigimizi aýan edýär. Ol aýna kimin adamyň içki dünýäsini görkezýär.
4. Ynsaby terbiýelemäge näme kömek edýär?
4 Ynsaby terbiýelemäge näme kömek edýär? Munuň üçin biz doga edip, Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamaly we okan zatlarymyz barada oýlanyp, olary durmuşymyzda ulanmaly. Emma biz Mukaddes Ýazgylary we onuň kada-kanunlaryny öwrenmek bilen çäklenmän, Ýehowanyň häsiýetlerini, halaýan hem-de ýigrenýän zatlaryny bilmäge çalyşmaly. Biz ynsabymyzy näçe köp terbiýelesek, şonça-da Ýehowanyň ýolundan ýöremek isläris.
5. Şu makalada näme barada gürrüň ederis?
5 Belki-de, biz özümize şeýle soraglary berýändiris: «Mukaddes Ýazgylara görä terbiýelenen ynsap paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär? Biz dogan-uýalaryň ynsabyna görä gelen kararyna hormat goýýarysmy? Ynsap ýagşy işleri etmäge nädip ýardam berýär?» Geliň, bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin ynsabyň: 1) saglyk, 2) dynç almak we 3) wagyz etmek babatda dogry karara gelmäge nädip kömek edýändigini bileliň.
PAÝHASLY KARARA GELIŇ
6. Biz nähili mesele babatda karara gelmeli bolýarys?
6 Mukaddes Ýazgylar bizi horanlyk, serhoşluk ýaly erbet zatlardan we endiklerden gaça durmaga höweslendirýär (Sül. tym. 23:20; 2 Kor. 7:1). Biz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersek, paýhasly karara geleris we jan-saglygymyzy gorarys. Muňa garamazdan, biziň ählimiz garrylykdan ýa-da keselden ejir çekýäris. Käbir ýurtlarda däri-dermanlar ýa-da başga usullar bilen bejergi alyp bolýar. Käte dogan-uýalar dogry bejergini saýlamak babatda filiallara hat ýazýarlar. Olar: «Ýehowanyň gullukçysy şeýle bejergini alsa bolýarmy?» diýen soragy berýärler.
7. Biz bejergi almak babatda nähili karara gelmeli?
7 Dogan-uýalar filialdan ýa-da ýygnak ýaşululardan bejergi babatda maslahat soranlarynda, olar imandaşlaryna derek özleri karara gelmeýärler (Gal. 6:5). Emma olar bu babatda Ýehowanyň garaýşyny düşündirip, dogan-uýalara paýhasly karara gelmäge kömek edýärler. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda «gandan... gaça durmalydygy» aýdylýar (Res. iş. 15:29). Mesihçi bu tabşyrygy okap, gan ýa-da onuň esasy dört bölegi bilen baglanyşykly bejergileri alyp bilmeýändigine düşünýär. Şulary göz öňüne tutup, ganyň fraksiýalaryny (ganyň has kiçi bölejiklerini) ulanmak babatda mesihçiler ynsabyna görä karara gelýära. Mukaddes Ýazgylarda bejergi babatda ýene-de nähili maslahat berilýär?
8. Filipililer 4:5-de bejergi babatda nähili maslahat berilýär?
8 Süleýmanyň tymsallary 14:15-de: «Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir» diýilýär. Käbir keselleri hiç hili bejerip bolmaýar. Adamlar bejerginiň käbir görnüşlerini öwseler-de, olaryň peýdasyna doly göz ýetirmän ulanmakdan seresap bolmaly. Pawlus resul: «Siziň ýumşaklygyňyz (paýhaslylygyňyz, TD) bütin ynsanlara belli bolsun» diýip ýazdy (Flp. 4:5). Paýhasly adam ruhy işleri birinji orunda goýýar we saglygy barada çendenaşa alada etmeýär. Biz bejergi bilen gümra bolsak, diňe özümiz hakda oýlanmagy endik edineris (Flp. 2:4). Emma ruhy işleri birinji orunda goýsak, bejergi babatda paýhasly karara gelip bileris (Filipililer 1:10, 11-nji aýatlary okaň).
Siz dogry hasaplaýan zatlaryňyzy adamlara etdirjek bolýarsyňyzmy? (9-njy abzasa serediň)
9. Rimliler 14:13, 19-njy aýatlar bejergi babatda dogry karara gelmäge nädip kömek edýär we dogan-uýalaryň arasynda agzalalyk nädip döräp biler?
9 Paýhasly mesihçi özüniň dogry hasaplaýan zatlaryny adamlara etdirjek bolmaýar. Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan är-aýal adamlara dermanlyk otlary içmegi we berhiz tutmagy maslahat berýärdi. Käbir dogan-uýalar olaryň maslahatyna eýerdiler, käbirleri eýermediler. Wagtyň geçmegi bilen, bu bejerginiň hiç hili peýdasynyň ýokdugy mälim boldy we dogan-uýalaryň arasynda agzalalyk döredi. Är-aýalyň berhiz tutmak ýa-da dermanlyk otlary içmek babatda özleri karara gelip bilerdiler, ýöne başgalara maslahat bermeli däldiler. Dogan-uýalaryň arasynda bejergi babatda agzalalyk döremegine sebäp bolmak paýhassyzlyk dälmi näme?! Gadymy Rimde ýaşaýan mesihçiler käbir iýmitlere ýa-da belli bir baýramçylyklara dürli-dürli garaýardylar. Pawlus resul olara nähili maslahat berdi? Ol: «Biri bir güne beýlekiden parh goýýandyr; başga biri bolsa, ähli günleri deň görýändir. Ýöne her kesiň öz garaýşyna ynamy bolsun» diýdi. Geliň, adamlaryň büdremegine sebäp bolmakdan seresap bolalyň (Rimliler 14:5, 13, 15, 19, 20-nji aýatlary okaň).
10. Biz imandaşymyzyň gelýän kararyna näme üçin hormat goýmaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
10 Biz şahsy meselelerde bir imandaşymyzyň gelýän karary bilen ylalaşmasak, ony derrew ýazgaryp, pikirini üýtgetmegi talap etmekden ägä bolmaly. Megerem, ol «ejiz» ynsabyny terbiýelemelidir ýa-da käbir meselelerde ynsaby gowşaklyk edýändir (1 Kor. 8:11, 12). Belki-de, biz öz ynsabymyzy Hudaýyň prinsiplerine görä barlamalydyrys. Bejergi babatda gelýän kararyna we onuň netijesine her bir adamyň özi jogap berýändir.
DYNÇ ALMAKDAN LEZZET ALYŇ
11, 12. Mukaddes Ýazgylarda dynç almak babatda nähili maslahat berilýär?
11 Ýehowa adamlaryň dynç almakdan lezzet almagyny we onuň peýdaly bolmagyny isleýär. Süleýman patyşa «gülmegiň» we «tans etmegiň öz wagty» bar diýdi (Wag. 3:4). Emma göwün açmagyň ähli görnüşleri peýdaly, ruhlandyryjy we ýakymly bolmaýar. Şeýle-de dynç almaga köp wagt sarp etmeklik ýa-da ýygy-ýygydan dynç almaklyk paýhasly däldir. Ynsap dynç almagyň lezzetli we peýdaly bolmagyna nädip kömek edýär?
12 Mukaddes Ýazgylar «ten işlerinden» gaça durmagy maslahat berýär. Olara «zynahorluk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlar» degişlidir. Pawlus «bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny» aýtdy (Gal. 5:19—21). Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Meniň ynsabym gahar-gazaba, bäsdeşlige, milletparazlyga we zalymlyga iterýän sport görnüşlerinden gaça durmaga kömek edýärmi? Meniň ynsabym pornografiýany, ahlaksyzlygy, serhoşlugy we jadygöýligi wasp edýän kinolary görmezligi ýatladýarmy?
13. 1 Timoteos 4:8-de we Süleýmanyň tymsallary 13:20-de nähili maslahatlar berilýär?
13 Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler dynç almak babatda ynsabymyzy terbiýelemäge kömek edýär. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda: «Beden maşkynyň peýdasy azdyr» diýilýär (1 Tim. 4:8). Köp adamlar beden we akyl taýdan sagdyn bolmak üçin yzygiderli maşk edýärler. Biz birnäçe adam bilen maşk etmegi gowy görýän bolsak näme? Şonda biz kimler bilen maşk ederis? Süleýmanyň tymsallary 13:20-de: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» diýilýär. Biz bu maslahatlara eýersek, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen ynsabymyz paýhasly dynç almaga kömek eder.
14. Mesihçi maşgala Rimliler 14:2—4-nji aýatlara nädip eýerdi?
14 Kristian bilen Daniýelanyň iki sany ýetginjek gyzy bardy.Kristian şeýle gürrüň berýär: «Biz maşgala okuwynda dynç almak barada gürrüň etdik. Şonda biz mesihçileriň göwün açmagyň käbir görnüşlerini saýlap, käbirlerinden gaça durýandyklaryny sanap geçdik. Men: „Siz kim bilen gatnaşmaly?“ diýen soragy berdim. Şonda gyzlarymyň biri mekdepde arakesme wagty käbir mesihçileriň özlerini edepsiz alyp barýandygyny, we özüni hem şeýle işleri etmäge mejbur edilýän ýaly duýýandygyny aýtdy. Soňra biziň her birimiziň öz ynsabymyzyň bardygyny we kim bilen gatnaşmalydygyny özümiziň çözmelidigimiz hakda söhbet etdik» (Rimliler 14:2—4-nji aýatlary okaň).
Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen ynsap erbetlikden goraýar (14-nji abzasa serediň)
15. Matta 6:33-de dynç almak babatda nähili maslahat berilýär?
15 Siz dynç almaklyga näçe wagt sarp edýärsiňiz? Ýygnak duşuşyklaryna barmagy, wagyz etmegi we şahsy okuwyny birinji orunda goýýarsyňyzmy ýa-da dynç almagy? Siziň üçin haýsy wajyp? Isa: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» diýdi (Mat. 6:33). Siziň ynsabyňyz dynç almak babatda Isanyň maslahatyna eýermäge höweslendirýärmi?
YHLASLY WAGYZ EDIŇ
16. Biziň ynsabymyz wagyz etmäge nädip höweslendirýär?
16 Terbiýelenen ynsap bize diňe bir erbet işlerden gaça durmagy duýdurman, eýsem, dogry işleri etmäge höweslendirýär. Biz öýden-öýe we resmi däl ýagdaýda wagyz edip, adamlara ýagşylyk edýäris. Pawlus resul hem wagyz edýärdi. Ol: «Bu maňa wajypdyr; çünki eger Hoş Habary wagyz etmesem, waý meniň halyma!» diýdi (1 Kor. 9:16). Biz hem Pawlusdan görelde alyp, ýagşy işleri etsek, arassa ynsaply bolarys. Biz adamlara hoş habary wagyz edip, öz göreldämiz bilen hakykaty bilmäge kömek edýäris. Pawlus resul: «Hakykaty aýan edip, özümizi Hudaýyň huzurynda ähli adam ynsabyna maslahat berýäris» diýdi (2 Kor. 4:2).
17. Bir uýa ynsabyna görä nähili karara geldi?
17 Jaklin uýa 16 ýaşyndaka biologiýa mugallymyň ewolýusiýa taglymatyny jikme-jik düşündirişini ýatlap, şeýle gürrüň berýär: «Men mekdepde gowy okaýardym. Emma ewolýusiýa taglymatyny gürrüň bermäge ynsabym çatmaýardy. Sebäbi men oňa hiç hili ynanmaýardym we mugallyma öz garaýşymy düşündirdim. Mugallym maňa okuwçylara ýaradylyş barada gürrüň bermegi teklip etdi». Jaklin Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen ynsabyna görä karara gelendigine begenýär. Siziňem ynsabyňyz dogry işleri etmäge höweslendirýärmi?
18. Biz näme üçin ynsabymyzyň gowy gural bolmagyny isleýäris?
18 Biz Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asyp ýaşaýandygymyza guwanýarys! Ynsap — gymmatly gural. Biz Ýehowanyň Sözüni her gün okap, oýlansak we durmuşymyzda ulansak, ynsabymyzy terbiýeläp bileris. Şonda bu ajaýyp gural hakykat ýolunda ýöremäge kömek eder!