Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w15 15/10 sah. 14—17
  • Ol ýaşlygynda gelen kararyna asla ökünmeýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ol ýaşlygynda gelen kararyna asla ökünmeýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HAKYKATY KABUL EDIŞI
  • EDEBIÝATLARYŇ ÇAP EDILIŞI
  • ÝERZEMINDE DÖRÄN KYNÇYLYKLAR
  • NIKOLAÝYŇ TUSSAG EDILIŞI
  • OL AÝYPSYZLYGYNY SAKLADY
  • Ýehowa ähli zady başarýandyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
w15 15/10 sah. 14—17
Nikolaý Dubowinskiý

TERJIMEHAL

Ol ýaşlygynda gelen kararyna asla ökünmeýär

Ilwe Apanýuk gürrüň berdi

Ilwe Apanýuk

KAKAMYŇ daýysy Nikolaý Dubowinskiý ömrüniň soňky ýyllarynda başdan geçiren agyr we şatlykly günleri barada ömür beýanyny ýazýar. Ol Sowet Soýuzynda wagyz işi gadagan edilen döwründe Ýehowa gulluk edýärdi. Nikolaý daýym synaglara, kynçylyklara duş gelse-de, lapykeç bolmaýardy we hemişe Hudaýa wepalydy. Ol özüniň geçmişi hakda ýaşlaryň bilmegini isleýärdi. Şol sebäpli men size onuň durmuşy barada gürrüň bereýin. Ol 1926-njy ýylda Ukrainanyň Çernowiskiý welaýatynda ýerleşýän Podworýewka obasynda daýhan maşgalada dünýä inýär.

HAKYKATY KABUL EDIŞI

Nikolaý daýymyň ýazgylarynda şeýle gürrüň berilýärdi: 1941-nji ýyldy. Bir güni Iwan agam öýe «Hudaýyň arfasy» we «Hudaýyň niýetleri» kitaplaryny, birnäçe kitapçalary hem-de «Garawul diňi» žurnallaryny getirdi. Men olaryň ählisini we Injil kitabyny okap, hakykaty tapandygyma göz ýetirdim. Şonda men dünýädäki kynçylyklara Hudaýyň däl-de, Iblisiň günäkärdigine düşündim. Men Patyşalyga bolan umydym hakda höwes bilen adamlara gürrüň berýärdim. Edebiýatlary öwrendigim saýy, hakykata gowy düşünip başladym we Ýehowa gulluk etmek islegim has-da artdy.

Emma men imanym üçin yzarlanjakdygyma düşünýärdim. Şol wagt uruş döwrüdi. Men hiç kimi öldürmek islemeýärdim. Men synaglara özümi öňünden taýýarlamak üçin Mukaddes Ýazgylaryň Matta kitabynyň 10:28 we 26:52-nji ýaly aýatlaryny ýat tutdum. Men ölmeli bolsam-da, hemişe Ýehowa wepaly galmagy ýüregime berk düwdüm.

1944-nji ýylda meniň 18 ýaşym dolanda harby gullugyna çagyrdylar. Şonda men ilkinji gezek doganlar bilen tanyşdym. Bu ýaş doganlar hem harby gullugyna çagyrylypdyr. Biz döwlet işgärlerine urşa gatnaşmaýandygymyzy aýtdyk. Olaryň muňa gahary gelip, sizi aç goýarys, garym gazdyrarys ýa-da atuw jezasyny bereris diýip gorkuzdylar. Emma biz: «Ine, biz siziň eliňizde! Siz näme etseňiz-de, Allanyň „Adam öldürme“ diýen tabşyrygyny bozmarys» diýip, mertlik bilen jogap berdik (Müs. çyk. 20:13).

Olar meni we iki dogany Belorussiýada ekin-dikin etmäge, uruş zerarly zeper ýeten jaýlarda abatlaýyş işlerini geçirmäge ugratdylar. Minsk şäheriniň çet ýerlerinde urşuň ýetiren zyýany henizem göz öňümden gidenok. Köçäniň gyralarynda oda ýanan agaçlar ýatyrdy. Ýaplar we jeňňeller wepat bolan adamlaryň jesedinden, oda ýanan atlaryň maslygyndan doludy. Şeýle-de men galan-gaçan ýaraglary, arabalary we bölek-büçek bolan uçarlary gördüm. Bularyň ählisi Hudaýyň tabşyrygyny bozmagyň näme eltýändigini görkezýärdi.

1945-nji ýylda uruş tamamlandy. Emma bitaraplygy saklandygymyz üçin bizi 10 ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Şonda biz 3 ýyllap bir-birimizi bilen görşüp we ruhy iýmit alyp bilmedik. Ýöne biz uýalaryň käbiri bilen hat arkaly habarlaşyp durýardyk. Emma soňra olary hem 25 ýyla tussag edip, zähmet lagerine ugratdylar.

Emma biz berlen möhletden öň, ýagny 1950-nji ýylda azatlyga çykdyk. Men öýe gelenimde ejem bilen jigim Mariýanyň Ýehowanyň Şaýady bolandygyny bilip begendim. Agalarym bolsa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärdiler, ýöne heniz Ýehowa özüni bagyş etmändiler. Sowet Soýuzynyň howpsuzlyk gullugy yhlasly wagyz edýändigim üçin meni ýene-de türmä basjak boldy. Emma şol wagt wagyz işine gözegçilik edýän doganlar maňa ýerzeminde edebiýatlary çap etmegi haýyş etdiler. Şonda men 24 ýaşymdadym.

EDEBIÝATLARYŇ ÇAP EDILIŞI

Ýehowanyň Şaýatlary: «Eger Patyşalyk işi bütin dünýäde gadagan edilse, onda bu iş ýerzeminde dowam eder» diýýärdiler (Sül. tym. 28:28). Şol döwürde biziň edebiýatlarymyz ýerzeminlerde gizlin çap edilýärdi. Meniň ilkinji «iş otagym» Dmitriý agamyň ýaşaýan hususy meýdanynda ýerleşýärdi. Käte men iki hepdeläbem bukudan çykmaýardym. Kislorodyň ýoklugy sebäpli kerasin çyrasy öçende, men jaý arassa howadan dolýança garaşyp ýatýardym.

Jaýyň aşagyndaky gizlin ýerzeminiň suraty. Ol ýerde Nikolaý edebiýatlary çap edýärdi

Jaýyň aşagyndaky gizlin ýerzeminiň suraty. Ol ýerde Nikolaý edebiýatlary çap edýärdi

Bir gün meniň bilen işleşýän dogan: «Nikolaý, sen suwda çokundyryldyňmy?» diýip sorady. Men Ýehowa 11 ýyldan bäri gulluk etsem-de, suwda çokundyrylmandym. Şol gije ol meniň bilen sorag-jogap alyşdy we men 26 ýaşymda kölde suwda çokundyryldym. Üç ýyldan soňra maňa jogapkärli ýumuşlar tabşyryldy we Ýurduň komitetiniň agzasy boldum. Şol günler Patyşalygyň işi dyngysyz dowam edýärdi, sebäbi azatlykda gezip ýören doganlar tussag edilen doganlaryň ýerine işleýärdiler.

ÝERZEMINDE DÖRÄN KYNÇYLYKLAR

Ýerzeminde edebiýatlary çap etmek türmede oturmakdan has kyndy. Men Döwlet howpsuzlyk komitetiniň (KGB öňki ady) eline düşmezlik üçin ýygnak duşuşyklaryna ýedi ýyllap baryp bilmedim. Şol sebäpli men öz-özümi ruhy taýdan berkitmeli bolýardym. Men ata-enemi we doganlarymy käte myhmançylyga baranymda görýärdim. Olar meniň ýagdaýyma düşünýärdiler, bu bolsa meni ruhlandyrýardy. Emma hemişe hüşgär bolup, dartgynly ýagdaýda ýaşamak bar güýjümi alýardy. Biz ähli zada taýýar bolmalydyk. Meselem, bir gün agşam iki polisiýa işgäri meniň myhmançylykda bolan öýüme geldiler. Şonda men arka tarapdaky aýnadan böküp, tokaýa tarap ökjäni göterdim. Birdenkä men üýtgeşik sykylyk eşitdim. Ýöne ok atylýandygyny eşidenimde, bu sesiň sapançadan gelýändigini aňdym. Yzymdan atly kowup gelýänleriň biri tä oky gutarýança meni atýardy we bir ok gelip elime degdi. Men 5 km ylganymdan soňra, ahyry tokaýa baryp ýetdim. Umuman, men 32 sapar atylandygymy kazyýetiň öňünde duranymda bilip galdym!

Köp wagtymy ýerzeminde geçirensoň ýüzüm ap-akdy. Meniň Gün görmän işleýändigimi derrew bilse bolýardy. Şol sebäpli men köp wagtymy Günüň aşagynda geçirmäge çalyşýardym. Meniň saglygymyň hem ugry ýokdy. Hatda bir gezek doganlaryň duşuşygyna gidibem bilmedim. Sebäbi meniň hem burnumdan, hem agzymdan gan gelýärdi.

NIKOLAÝYŇ TUSSAG EDILIŞI

Nikolaý Dubowinskiý zähmet lagerinde (Mordowiýa, 1963 ýyl)

Zähmet lagerinde (Mordowiýa, 1963 ýyl)

Men 1957-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda tussag edildim we alty aýdan soňra Ukrainanyň Ýokary kazyýeti maňa atuw jezasyny berdi. Emma atuw jezasy ýatyrylansoň, maňa 25 ýyl kesdiler. Meni we ýedi dogany Mordowadaky zähmet lagerine iberdiler. Ol ýerde 500-e golaý Ýehowanyň Şaýady bardy. Biz «Garawul diňi» duşuşygyny kiçijik topar bolup geçirýärdik. Türmäniň garawuly biziň elimizden alan žurnallaryň käbirini okap: «Siz şulary okasaňyz, hiç haçan imanyňyz gowşamaz» diýdi. Biz hemişe jan aýaman zähmet çekýärdik we tabşyrylan ýumuşdanam köp işleri edýärdik. Şonda-da lageriň başlygy zeýrenip: «Siziň köp işläniňiz gerek däl. Biz siziň imandan dänmegiňizi isleýäris» diýdi.

«Biz hemişe jan aýaman zähmet çekýärdik we tabşyrylan ýumuşdanam köp işleri edýärdik»

OL AÝYPSYZLYGYNY SAKLADY

Welikiý Lukidäki Patyşalyk zaly

Welikiý Lukidäki Patyşalyk zaly

1967-nji ýylda Nikolaý daýym zähmet lagerinden boşadyldy. Soňra ol Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde we Estoniýada ýygnaklaryň gurnalmagyna ýardam berýärdi. 1991-nji ýylyň başlarynda 1957-nji ýylda kazyýet tarapyndan subutnamasyz çykarylan karar ýatyryldy. Şol döwürde zalymlarça yzarlanan Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi aklanyldy. 1996-njy ýylda Nikolaý Sankt-Peterburgdan takmynan 500 km uzaklykda ýerleşýän Pskow welaýatynyň Welikiý Luki şäherine göçýär. Ol kiçijik jaýy satyn aldy we 2003-nji ýylda öz melleginde Patyşalyk zalyny gurdy. Şu günler iki uly ýygnak şol Patyşalyk zalynda duşuşyk geçirýär.

Men ýanýoldaşym bilen Russiýadaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialynda gulluk edýärin. 2011-nji ýylyň mart aýynda Nikolaý daýym bize soňky sapar myhmançylyga geldi. Ol begenip: «Alamatlardan görnüşi ýaly, Ýeriha şäheriniň daşyndan aýlanylýan ýedinji güni başlandy gerek» diýende biziň inimiz tikenekläp gitdi (Ýeş. 6:15). Birnäçe aý geçenden soňra ol 85 ýaşynda aradan çykdy. Daýym kyn günleri başdan geçirse-de, ol: «Men ýaşlygymda Ýehowa gulluk etmegi ýüregime düwendigime begenýärin. Men asla ökünmeýärin!» diýýärdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş