Hudaý bilen işleşip şatlanýarys
«Biz hem Hudaýyň işdeşleri hökmünde size Hudaýdan alan merhemetiňize sowuk-sala garamazlygy ündeýäris». 2 KOR. 6:1
1. Ýehowa Beýik Hudaý bolsa-da, başgalara nähili mümkinçilik berýär?
ÝEHOWA hemmelerden Beýik we ähli zady ýaradan Hudaý. Onuň akyldarlygynyň we güýjüniň çägi ýok. Eýýup pygamberem muňa düşünýärdi. Ýehowa öz ýaradan zatlary barada Eýýuba sorag berende, ol şeýle jogap berdi: «Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, Göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň» (Eýp. 42:2). Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin hiç kimiň kömegine mätäç bolmasa-da, bizi söýýändigi üçin özi bilen işleşmäge mümkinçilik berýär.
2. Ýehowa Ogluna nähili wajyp işi ynandy?
2 Hudaý ähli zady ýaratmazdan öň ýeke-täk Ogly Isany ýaratdy. Ýehowa oňa galan ähli zatlary ýaratmaga mümkinçilik berdi (Ýah. 1:1—3, 18). Pawlus resul Isa barada şeýle diýdi: «Ol görünmez Hudaýyň keşbi we ähli ýaradylan zatlaryň ilkinjisidir. Sebäbi ähli zatlar, ýagny gökde ýa ýerde bolsun, görünýän we görünmeýän zatlar, tagtlardyr baştutanlyklar, hökümetlerdir ygtyýarlyklar ol arkaly ýaradyldy. Hawa, ähli zat ol arkaly we onuň üçin ýaradylandyr» (Kol. 1:15—17). Görşümiz ýaly, Ýehowa Ogluna diňe bir hemme zady ýaratmaga mümkinçilik bermän, eýsem, muny hemmeler biler ýaly Mukaddes Ýazgylarda ýazdyrdy.
3. Ýehowa Adam ata nähili iş tabşyrdy we näme üçin?
3 Ýehowa adamlara-da özi bilen işleşmäge mümkinçilik berdi. Meselem, ol Adam ata haýwanlara at dakmagy tabşyrdy (Gel. çyk. 2:19, 20). Bu iş onuň üçin diýseň gyzykly bolandyr! Adam ata haýwanlara syn edendir, olaryň häsiýetlerini öwrenip, şoňa görä at dakandyr. Elbetde, haýwanlara Ýehowanyň özi-de at dakyp bilerdi. Ýöne Hudaý Adam atany söýýändigi üçin, bu gyzykly işi oňa ynandy. Şeýle-de Ýehowa oňa Jenneti giňeltmäge mümkinçilik berdi (Gel. çyk. 1:27, 28). Gynansak-da, biraz wagtdan Adam ata Hudaý bilen işleşmegiň gadyryny bilmän, özüniň we nesliniň başyna betbagtçylyk indirdi (Gel. çyk. 3:17—19, 23).
4. Kimler Hudaý bilen işleşip, onuň islegini ýerine ýetirdi? Mysal getiriň.
4 Wagtyň geçmegi bilen, Hudaý başga adamlara-da öz islegini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Meselem, Nuh pygamber gämi gurup, Tupanda özüni we maşgalasyny halas etdi. Musa pygamber ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi. Ýeşuwa bolsa ysraýyllylary Wada edilen diýara eltdi. Süleýman patyşa Iýerusalimde ybadathana gurdy. Merýem Isa Mesihiň ejesi boldy. Bu wepaly gullukçylar we başga-da köp adamlar Ýehowa bilen işleşip, onuň islegini ýerine ýetirdiler.
5. Ýehowa bize nähili işi ynandy we näme üçin? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
5 Şu günler Ýehowa bize-de gökdäki Patyşalygyny goldamaga mümkinçilik berýär. Biz doly wagtly gullugyň her dürli görnüşine gatnaşyp bilýäris. Käbirimiz olara gatnaşyp bilmesek-de, Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edip bilýäris. Elbetde, muny Ýehowanyň özi-de başarardy; ol öz islegini adamlara gökden göni aýdyp bilerdi. Isa Ýehowanyň hatda daşlary hem «gygyrdyp», Patyşalygynyň Patyşasy barada aýdyp biljekdigini belläp geçdi (Luka 19:37—40). Emma Ýehowa bize «işdeşleri» bolmaga mümkinçilik berýär (1 Kor. 3:9). Pawlus resul: «Biz hem Hudaýyň işdeşleri hökmünde size Hudaýdan alan merhemetiňize sowuk-sala garamazlygy ündeýäris» diýip ýazdy (2 Kor. 6:1). Ýehowa bilen işleşmek uly hormat. Bu bizi, hakykatdanam, bagtly edýär. Näme üçin? Geliň, munuň birnäçe sebäplerine seredeliň.
HUDAÝ BILEN IŞLEŞMEK BIZI BAGTLY EDÝÄR
6. Gökdäki Atasy bilen işleşmek Isa nähili täsir edýärdi?
6 Gadymy döwürden bäri Ýehowanyň gullukçylary onuň bilen işleşip şatlanýardylar. Ýehowanyň ilkinji ýaradan Ogly ýer ýüzüne gelmänkä, şeýle diýdi: «Reb meni ýolunyň başlangyjynda... eýeledi. Şonda men bir ussa kimin Onuň gapdalyndadym; her gün Onuň begenjidim; her wagt Onuň huzurynda şatlanardym» (Sül. tym. 8:22, 30). Isa gökdäki Atasy bilen ähli zady ýaradandygyna we Ýehowanyň ony söýýändigine diýseň begenýärdi. Hudaý bilen işleşmäge biz nähili garaýarys?
Hakykaty öwredip, köp şatlyk tapýarys (7-nji abzasa seret)
7. Wagyz etmek bize näme üçin şatlyk berýär?
7 Isa Mesih bermegiň almakdan has bagtly edýändigini aýdypdy (Res. iş. 20:35). Biz hakykaty eşidip diýseň begendik, ony adamlara gürrüň berip hem şatlyk tapýarys. Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty wagyz edenimizde, adamlaryň oňa düşünip, ruhy teşneligini gandyrýandygyny we Hudaýa minnetdar bolup, Sözündäki gyzyldan gymmatly maslahatlarynyň gadyryny bilip başlaýandygyny görýäris. Olaryň pikirini we durmuşyny özgerdýändigini görenimizde gaty begenýäris. Biz hoş habary wagyz etmegiň örän ähmiýetlidigine düşünýäris. Sebäbi bu adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga we Hudaý bilen ýaraşmaga kömek edýär (2 Kor. 5:20). Adamlara ebedi ýaşaýşa eltýän ýoly tapmaga kömek etmekden uly şatlyk ýokdur.
8. Ýehowa bilen işleşmegiň şatlyk berýändigi barada iki dogan näme diýýär?
8 Adamlar wagyz edýän hoş habarymyzy kabul edenlerinde, biz muňa begenýäris. Emma edýän tagallalarymyz Ýehowanyň göwnünden turýandygy bizi hasam begendirýär (1 Korinfliler 15:58-i okaň). Italiýada ýaşaýan Marko şeýle diýýär: «Edýän işlerimi hiç haçan unutmajak Hudaýa iň gowy zadymy berýändigime gaty begenýärin». Şol ýurtda gulluk edýän Franko hem şeýle diýýär: «Edýän zatlarym ujypsyz bolup görünse-de, Ýehowa bizi söýýändigini we edýän işimizi wajyp saýýandygyny Sözi we berýän ruhy zatlary arkaly her gün ýatladyp durýar. Ine, şonuň üçinem men Hudaý bilen işleşip, özümi bagtly duýýaryn. Bu durmuşymy-da manyly edýär».
HUDAÝ BILEN IŞLEŞIP, OŇA WE ADAMLARA ÝAKYNLAŞÝARYS
9. Ýehowa bilen Isanyň arasy nähilidi we näme üçin?
9 Biz gowy görýän adamlarymyz bilen işleşenimizde, olary ýakyndan tanap, häsiýetlerini bilip başlaýarys. Biz olaryň diňe bir maksatlaryny däl, eýsem, olara ýetmek üçin nähili tagallalary edýändigini görýäris. Isa Ýehowa bilen milliardlarça ýyl işleşen bolsa gerek. Şol wagt olaryň birek-birege bolan söýgüsi örän berkedi. Isa Ýehowa bilen ýakyn dostlugy barada şeýle diýdi: «Atam ikimiz birdiris» (Ýah. 10:30). Olar örän agzybirdi, hemişe biri-biri bilen ylalaşyp işleşýärdi.
10. Wagyz bizi Ýehowa we dogan-uýalara nädip ýakynlaşdyrýar?
10 Isa Ýehowa doga edip, şägirtlerini goramagy haýyş etdi. Näme üçin? Ol dogasynda: «Şonda biziň birlikde bolşumyz ýaly, olar hem birlikde bolarlar» diýdi (Ýah. 17:11). Biz Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşanymyzda we wagyz edenimizde, onuň ajaýyp häsiýetlerini has gowy bilip başlaýarys. Biz Hudaýa bil baglamagyň we onuň görkezmesine eýermegiň näme üçin paýhaslydygyna düşünýäris. Biz Hudaýa ýakynlaşsak, ol hem bize ýakynlaşar (Ýakup 4:8-i okaň). Şeýle-de biz dogan-uýalara has ýakynlaşýarys. Sebäbi bizem olaryňky ýaly kynçylyklara duş gelýäris, şatlykly günleri başdan geçirýäris we bir maksada ymtylýarys. Hawa, biz eginme-egin işleşenimizde, birek-biregiň şatlygyna şatlanyp, gynanjyna gynanýarys. Angliýada ýaşaýan Oktawiýa şeýle diýýär: «Ýehowa bilen işleşip, men oňa we dogan-uýalara ýakynlaşýaryn hem-de dostlaşýaryn. Sebäbi Ýehowa gulluk etmek maksady bizi birek-birege ýakynlaşdyrýar». Sizem şeýle duýgulary başdan geçirensiňiz. Ýehowany begendirmek üçin, dogan-uýalaryň edýän tagallalaryny göreniňizde, siz olara has-da ýakynlaşýansyňyz.
11. Täze dünýäde dogan-uýalarymyz we Ýehowa bilen näme üçin hasam dostlaşarys?
11 Hudaýa we adamlara bolan söýgimizi häzirden ösdürip bilýän bolsak, täze dünýäde ony hasam berkideris. Bize ajaýyp gelejek garaşýar. Şonda biz direlen adamlary garşy alyp, Ýehowa barada öwrederis. Ýer ýüzüni bolsa Jennete öwreris. Biz Hudaýyň patyşalygynyň hökümdarlygy astynda eginme-egin işleşip, kämillige ýeteris. Adamlar biri-biri bilen hem-de «ähli dirileri islegleri boýunça doýurýan» Hudaý bilen hasam dostlaşar (Zeb. 145:16).
HUDAÝ BILEN IŞLEŞMEK BIZI GORAÝAR
12. Wagyz edip, özümizi nädip goraýarys?
12 Biz özümizi ruhy taýdan berkidip durmaly. Sebäbi biz Şeýtan Iblisiň golastyndaky dünýäde ýaşaýarys. Biz bikämildigimiz sebäpli zalym dünýäniň täsirine düşüp, erbet pikirde bolmagymyz ýa-da nädogry işleri etmegimiz mümkin. Zalym dünýäni güýçli akýan derýa meňzetse bolýar. Biz derýanyň ugruna akyp gitmez ýaly, akyma garşy ýüzmek üçin jan etmeli. Şonuň ýaly Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine düşmez ýaly elimizde baryny etmeli. Biz wagyz edip, bar ünsümizi imanymyzy gowşadýan zatlara däl-de, ruhy, ýagny wajyp we peýdaly zatlara gönükdirýäris (Flp. 4:8). Bu imanymyzy berkidýär we Hudaýyň wadalaryny hem-de kada-kanunlaryny ýatladýar. Şeýle-de biz wagyz edip, ruhy ýaraglary dakynýarys (Efesliler 6:14—17-nji aýatlary okaň).
13. Awstraliýada ýaşaýan dogan wagyz barada näme diýýär?
13 Biz yhlasly wagyz etsek we ýygnagyň beýleki işleri bilen meşgullansak, aladalarymyz barada çendenaşa biynjalyk bolmaga wagtymyz bolmaz. Awstraliýada ýaşaýan Joýel dogan şeýle diýýär: «Wagyz maňa boş arzuwlaryň kölüne gark bolup ýörmez ýaly kömek edýär. Men adamlaryň nähili kynçylyklara duş gelýändigini görüp, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermegiň peýdalydygyna göz ýetirýärin. Şeýle-de men wagyz edip, pesgöwünli bolmagy öwrenýärin. Sebäbi Ýehowa we dogan-uýalara bil baglamaly bolýaryn».
14. Hudaýyň ruhunyň bize kömek edýändigi nämeden görünýär?
14 Wagyz edenimizde, Hudaýyň mukaddes ruhunyň bize kömek edýändigine doly göz ýetirýäris. Aýdaly, size ýaşaýan ýeriňizde çörek paýlamagy tabşyrýarlar. Munuň üçin size iş haky tölenmeýär, hatda çykdajyňyz hem ödelmeýär. Üstesine-de, wagtyň geçmegi bilen, köp adamlaryň çörek almak islemeýändigini, hatda ony paýlaýandygyňyz üçin sizi ýigrenýändiklerini görýärsiňiz. Şeýle işde uzak wagt işläp bilerdiňizmi? Adamlaryň özüni şeýle alyp barmagy sizi lapykeç edip, işe bolan höwesiňizi gaçyrardy. Şonuň ýaly-da gadyr bilmez adamlar Ýehowanyň gullukçylaryny ýigrenýärler we üstünden gülýärler. Muňa garamazdan, mesihçileriň köpüsi birnäçe ýyllap dyngysyz wagyz edýärler. Bu Hudaýyň ruhunyň bize kömek edýändigini subut etmeýärmi näme?!
HUDAÝ BILEN IŞLEŞIP, OŇA WE ADAMLARA BOLAN SÖÝGIMIZI GÖRKEZÝÄRIS
15. Hoş habary wagyz edip, Hudaýyň niýetini nädip ýerine ýetirýäris?
15 Biz hoş habary wagyz edip, Ýehowanyň adamzat babatdaky niýetini berjaý edýäris. Adam ata günä eden bolsa-da, Hudaý niýetinden el çekmedi. Ol henizem adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşamagyny isleýär (Iş. 55:11). Ýehowa adamlary günäden we ölüm gulçulygyndan azat etmek üçin Isany ýer ýüzüne iberdi. Isa Hudaýa gulak asýan adamlar üçin janyny berip, Hudaýyň islegini ýerine ýetirdi. Adamlar Hudaýa gulak asar ýaly, onuň näme talap edýändigine düşünmeli. Şonuň üçin Isa adamlara Hudaýyň talaplaryny öwredip, olara-da şägirt taýýarlamagy tabşyrdy. Biz adamlara Hudaý bilen ýaraşmaga kömek edip, Ýehowanyň olary günäden we ölümden halas etmek niýetini berjaý edýäris.
16. Wagyz etmekligiň we Hudaýyň iň uly tabşyrygynyň nähili baglanyşygy bar?
16 Biz adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek etmek bilen, Ýehowany söýýändigimizi görkezýäris. Sebäbi ol «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär» (1 Tim. 2:4). Bir sapar Isadan ysraýyl halky üçin berlen iň uly tabşyryk barada soranlarynda, ol: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“. Bu birinji we iň wajyp tabşyrykdyr. Ikinji tabşyryk hem şuňa meňzeşdir: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“» diýdi (Mat. 22:37—39). Biz wagyz etmek bilen, şu iki tabşyrygy berjaý edýäris (Resullaryň işleri 10:42-ni okaň).
17. Siz hoş habary wagyz etmegi näme üçin uly hormat saýýarsyňyz?
17 Ýehowanyň bize tabşyran işi köp şatlyk berýär, oňa hem-de adamlara ýakynlaşdyrýar we bizi ruhy taýdan goraýar. Bu biziň üçin uly bereketdir! Hudaýyň gullukçylarynyň ýagdaýy biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Olaryň millionlarçasy ýaş ýa gartaşandygyna, baý ýa garypdygyna, gujurly ýa ejizdigine garamazdan, mümkinçilik gözläp, imany barada adamlara gürrüň berýärler. Fransiýada ýaşaýan Çantal uýamyz şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan älemde iň beýik Hudaý maňa şeýle diýýär: “Bar-da, men barada ýürekden gürrüň ber. Men saňa güýç bererin, perişdeler arkaly goldaryn, ýer ýüzünde hyzmatdaşlyk etmäge adam we Sözümi bererin, ökdeleşmegiň üçin tälim hem-de wagtynda gerekli görkezme bererin“. Ýehowanyň ynanan işini onuň bilen bilelikde ýerine ýetirmek biziň üçin uly hormatdyr!»