Siz synaglarda pespäl bolup bilersiňiz
«Hudaýyňyzyň öňünde kiçigöwünli geziň». MIKA 6:8
1—3. Ýahudadan gelen pygamber nähili ýalňyşlyk goýberdi we netijede näme boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
BIR gezek Ýehowa Ysraýylyň imandan dänen patyşasy Ýarabgamyň ýanyna pygamberini iberýär. Ol ýörite Ýahudadan gelip, oňa höküm habaryny yglan etmelidi. Kiçigöwünli pygamber habary gorkman aýdandygy üçin, Ýehowa ony Ýarabgamyň gazabyndan goraýar (1 Pat. 13:1—10).
2 Pygamber öýüne barýarka, Beýteliň ýanynda bir garry adama sataşýar. Ol özüniň Ýehowanyň pygamberidigini aýdyp, ony aldaýar. Şeýdip, ýaş pygamber Ýehowanyň Ysraýylda «çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma» diýen tabşyrygyny bozýar. Onuň bu hereketi Ýehowa ýaramaýar. Şonuň üçin ýolda öňünden ýolbars çykyp, ony öldürýär (1 Pat. 13:11—24).
3 Pesgöwünli pygamber näme üçin özüne bil baglap, ýalançy garry adama ynandyka? Bu barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylmaýar. Ol «Hudaýyň öňünde kiçigöwünli gezmegi» bütinleý unudan bolmaly (Mika 6:8-i okaň)a. «Ýehowanyň öňünde gezmek» diýlende, Hudaýa bil baglamak, onuň hökümdarlygyny goldamak we görkezmesine eýermek göz öňünde tutulýar. Pespäl adam öz ýagdaýyna dogry düşünýär we söýgüli hem-de gudratygüýçli Atasy bilen hemişe dogada gepleşýär. Pygamber doga edip, Ýehowadan anyk görkezme sorap bilerdi, emma Ýazgylarda onuň şeýle edendigi aýdylmaýar. Käte bizem belli bir karara gelmeli bolanymyzda, näme etmelidigini bilmeýäris. Şonda pesgöwünlilik bilen Ýehowanyň görkezmesini agtarsak, agyr günäleri etmeris.
4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
4 Geçen makalada mesihçiler üçin pespäl bolmagyň wajypdygy we onuň nämäni aňladýandygy barada bildik. Pespälligimiz haýsy ýagdaýlarda synalyp biler? Synaglarda pespäl bolar ýaly, bu ajaýyp häsiýeti nädip ösdürip bileris? Bu soraglara jogap bermek üçin, geliň, pespälligimiz synalanda, nädip paýhasly hereket edip biljekdigimizi görkezýän üç ýagdaýa seredeliň (Sül. tym. 11:2).
ÝAGDAÝYMYZ ÜÝTGÄNDE
5, 6. Barzyllaý pesgöwünli adamdygyny nädip görkezdi?
5 Adamyň ýagdaýy ýa-da borçlary üýtgände, onuň pespälligi synalyp biler. Dawut patyşa Barzyllaý atly 80 ýaşly adama şa köşgünde ýaşamagy teklip edende, ol muny uly hormat hasaplan bolmaly. Çakylygy kabul etse, ol hemişe patyşanyň ýanynda bolup bilerdi. Emma ol çakylygy kabul etmeýär. Näme üçin? Ol garrydy we Dawut patyşa ýük bolmak islemeýärdi. Şonda Barzyllaý özüne derek Kimhamy alyp gitmegi maslahat berýär. Kimham Barzyllaýyň ogly bolan bolmaly (2 Şam. 19:31—37).
6 Barzyllaý pespäl adam bolany üçin paýhasly karara gelip bildi. Ol «jogapkärli işleri edip bilmerin ýa-da garry adamyň köşkde näme işi bar?» diýip pikir etmeýärdi. Ol ýaşynyň bir çene barandygyna düşünýärdi we köp zatlary edip bilmejekdigini boýun alýardy. Ol ünsüni edip bilýän zatlaryna gönükdirmek isleýärdi (Galatýalylar 6:4, 5-nji aýatlary okaň). Eger biz özümize ýa-da başgalaryň bize goýýan hormatyna has köp üns bersek, onda tekepbirligiň, bäsdeşligiň duzagyna düşüp, ahyrsoňy, lapykeçlige uçrarys (Gal. 5:26). Emma pesgöwünli bolsak, bar ukyplarymyzy Hudaýa şöhrat getirmek we başgalara kömek etmek üçin ulanmaga jan ederis (1 Kor. 10:31).
7, 8. Pespällik özüňe bil baglamakdan gaça durmaga nädip kömek edýär?
7 Ygtyýary uly adamyň jogapkärçiligi-de köp bolýar, şeýle ýagdaýda onuň pespälligi synalyp biler. Nehemýa Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň kyn ýagdaýdadygyny eşidende, Ýehowa gyzgyn doga edýär (Neh. 1:4, 11). Ýehowa onuň dogasyny eşidýär we Artakserks patyşa arkaly ony şol ýeriň häkimi edip belleýär. Ol ygtyýarly, baý adam bolsa-da, öz tejribesine ýa-da ukyplaryna bil baglamady. Ol Hudaýyň öňünde kiçigöwünli gezýärdi. Nehemýa Ýehowa doga edip, onuň Kanunyndan görkezme agtarmagyny dowam etdi (Neh. 8:1, 8, 9). Ol başgalaryň üstünden agalyk etmedi, gaýtam, olary öz hasabyna iýmit bilen üpjün etdi (Neh. 5:14—19).
8 Nehemýanyň mysaly bize borçlarymyz üýtgände ýa-da goşmaça ýumuş berlende, özümize bil baglaman, pespäl bolmaga kömek edip biler. Meselem, ýaşuly dogan ýygnagyň aladasyny edende, Ýehowa doga etmegiň deregine, öz tejribesine bil baglamagy mümkin. Käbiri bolsa ilki karara gelýär, soňra Ýehowadan gelen kararyna pata bermegi dileýär. Eýsem, şeýle adamlara pespäl diýse bolarmy? Adatça, pespäl adam, ilki bilen, Hudaýyň öňündäki orny we guramasyndaky borçlary hakda oýlanýar. Sebäbi bu biziň ukyplarymyzdan has wajypdyr. Şeýle ýagdaýlarda özümize bil baglamakdan gaça durmaly (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary okaň). Biz maşgaladaky ýa-da ýygnakdaky borçlarymyzy berjaý edenimizde, muny dereje gazanmak üçin etmeli däldigi barada oýlanmaly (1 Tim. 3:15).
ÝAZGARANLARYNDA ÝA-DA ÖWENLERINDE
9, 10. Nähak ýere ýazgaranlarynda, pespällik nädip kömek edip biler?
9 Bizi nähak ýere ýazgaranlarynda, özümize erk etmek kyn bolmagy mümkin. Hanna köplenç gündeşi Peninnanyň ýaňsylaýandygy üçin gününi aglap geçirýärdi. Elkana Hannany gowy görýärdi, ýöne onuň çagasy bolmaýardy. Bir gezek ol çadyrda Ýehowa doga edende, baş ruhany Eli oňa serhoşdyr öýdýär. Bu Hanna nähili agyr degendir! Muňa garamazdan, ol ruhany bilen özüni örän sylaşykly alyp barýar. Mukaddes Ýazgylarda ýazylan Hannanyň dogasyndan onuň imanyny, Ýehowa alkyş aýdyşyny we minnetdarlygyny görse bolýar (1 Şam. 1:5—7, 12—16; 2:1—10).
10 Pespällik bize-de «ýamanlygy... hemişe ýagşylyk bilen ýeňmäge» kömek eder (Rim. 12:21). Şeýtanyň dünýäsinde häli-şindi adalatsyzlyga duş gelýäris. Şol sebäpli zalym adamlaryň edýän işi zerarly gahar-gazaba ýol bermän, özümize erk etsek gowy bolar (Zeb. 37:1). Dogan-uýalaryň arasynda düşünişmezlik dörese, bu has-da agyr degip biler. Emma pesgöwünli adam Isadan görelde alar. Mukaddes Ýazgylarda: «Oňa sögenlerinde, sögmedi... gaýtam, özüni adalatly höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy» diýilýär (1 Pet. 2:23). Isa ar almaga diňe Ýehowanyň hakynyň bardygyna düşünýärdi (Rim. 12:19). Şol sebäpli mesihçilere kiçigöwünli bolmak we «ýamanlyk edene ýamanlyk etmeli» däldigi barada maslahat berilýär (1 Pet. 3:8, 9).
11, 12. a) Bizi öwenlerinde nädip özümizi pespäl alyp baryp bileris? b) Egin-eşik, daş keşp meselesinde we edim-gylymymyzda nädip pespäl bolup bileris?
11 Pespälligimiz bizi öwenlerinde-de synalyp biler. Esteriň mysalyna seredeliň. Onuň durmuşy birden üýtgedi. Ol örän owadandy. Şa köşgüne getirilende, oňa bir ýyllap dürli ýaglar, atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berdiler. Ol bütin Pars imperiýasyndan patyşa üçin getirilen ýaş gyzlar bilen her gün gürrüňdeş bolýardy. Emma Ester gyzlaryň arasyndaky bäsdeşligiň täsirine düşmedi. Patyşa ony şa aýaly edip saýlansoňam, ol özüni ýokary tutmady (Est. 2:9, 12, 15, 17).
Egin-eşigimiz we daş keşbimiz Ýehowa hem-de başgalara hormat goýýandygymyzy görkezýärmi ýa-da pespälligi ýitirendigimizi görkezýär? (12-nji abzasa serediň)
12 Şeýle-de pespällik bize salykatly geýinmäge we özümizi sylaşykly alyp barmaga kömek eder. Biz adamlaryň hormatyny özümizi öwüp däl-de, «ýuwaş we ýumşak häsiýet» bilen gazanyp biljekdigimize düşünýäris (1 Petrus 3:3, 4-nji aýatlary okaň; Ýer. 9:23, 24). Eger tekepbirligiň ýüregimizde kök urmagyna ýol bersek, onda ol iru-giç aýan bolar. Meselem, edýän gürrüňlerimizden hormatly borçlary ýerine ýetirýändigimize, başgalaryň bilmeýän maglumatyny bilýändigimize ýa-da jogapkär doganlar bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigimize buýsanýandygymyz görünmegi mümkin. Ýa-da edýän işlerimizi başgalaryň kömegi bilen etsek-de, ony diňe öz güýjümiz bilen etdik diýýändiris. Bu babatda-da Isa ajaýyp görelde galdyrdy. Ol hemişe Ýewreý ýazgylaryna salgylanýardy. Şeýle-de aýdýan sözleriniň we akyldarlygynyň özüniňki däl-de, Ýehowanyňkydygyny açyk aýdýardy (Ýah. 8:28).
ÖZÜMIZE BAGLY BOLMADYK ÝAGDAÝDA
13, 14. Pespällik dogry karara gelmäge nädip kömek edýär?
13 Pespälligimiz belli bir karara gelmeli bolanda-da synalyp biler. Pawlus resul Kaýsariýadaka, Ýahudadan Agabus pygamber gelip, oňa Iýerusalime gitse, tussag ediljekdigini aýdýar. Ony öldürmekleri-de mümkindi. Doganlar ol ýere gitmezligi üçin ýalbaranda, Pawlusa has-da kyn bolandyr. Emma Pawlusy yrar ýaly däldi. Ol özüne bil baglamaýardy, gorka-da düşmedi. Pawlus bütinleý Ýehowa bil baglap, nirä gitmeli bolsa-da, berlen tabşyrygy berjaý etmäge taýyndy. Şondan soň doganlar pespäl bolup, Pawlusyň Iýerusalime gitmek baradaky karary bilen ylalaşýarlar (Res. iş. 21:10—14).
14 Pespällik bize näme etjegimizi bilmedik ýagdaýymyzda ýa-da özümize bagly bolmadyk ýagdaýlarda-da dogry karara gelmäge kömek eder. Aýdaly, biz doly wagtly gulluk edýäris. Saglyk ýagdaýymyz ýaramazlaşsa näme ederis? Garry ene-atamyza seretmeli bolsak näme? Belki-de, «Garranymda aladamy kim ederkä?» diýip oýlanýandyrys. Şeýle ýagdaýda dyngysyz doga edip, edebiýatlarymyzy çuňňur özleşdirsek, dogry karara gelip bileris (Wag. 8:16, 17). Ýehowa doly bil baglasak, mümkinçiligimiziň çäklidigini diňe bir boýun alman, eýsem, şoňa görä hereket ederis. Galyberse-de, başgalar bilen maslahatlaşyp, Ýehowa doga edensoň, mukaddes ruhuň görkezmesine görä hereket etmäge jan etmeli (Wagyz kitaby 11:4—6-njy aýatlary okaň)b. Şonda Ýehowa dogamyza jogap berip, dogry karara gelmäge kömek eder (Sül. tym. 16:3, 9).
PESPÄLLIGI ÖSDÜRIŇ
15. Ýehowa hakda oýlanmak pesgöwünli bolmaga nädip kömek eder?
15 Görşümiz ýaly, pespälligiň peýdasy gaty köp. Pespälligi ösdürmek üçin näme etmeli? Geliň, munuň dört usulyna seredeliň. Birinjiden, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri, beýik derejesi barada oýlanyp, oňa bolan minnetdarlygymyzy we hormatymyzy artdyrmaly (Iş. 8:13). Biz perişdäniň ýa-da adamyň däl-de, Gudratygüýçli Hudaýyň öňünde gezýändigimizi unutmaly däl. Bu bize «Hudaýyň güýçli elleriniň astynda pesgöwünli bolmaga» kömek eder (1 Pet. 5:6).
16. Ýehowanyň söýgüsi barada oýlanmak pespäl bolmaga nädip kömek edýär?
16 Ikinjiden, Ýehowanyň söýgüsi hakda oýlanmaly. Pawlus resul Ýehowanyň «owadan görünmeýän agzalarymyzy has görkli» edýändigini aýdýar (1 Kor. 12:23, 24). Hawa, Ýehowa mümkinçiligimiziň çäklidigine garamazdan, her birimiziň aladamyzy edýär. Ol ýalňyşanymyzda bizi başgalar bilen deňeşdirmeýär ýa-da söýmegini bes etmeýär. Biz nähili gullugy ýerine ýetirsek-de, özümizi howpsuz duýýarys, sebäbi Ýehowa bizi söýýär.
17. Dogan-uýalaryň gowy taraplaryna üns bermegiň nähili peýdasy bar?
17 Üçünjiden, Ýehowanyň göreldesine eýerip we başgalaryň gowy taraplaryna üns berip, Hudaýyň guramasyndaky edýän işlerimize minnetdarlygymyzy ösdürmeli. Şonda başgalara görünjek bolmarys, gaýtam, doganlardan maslahat gözläris we olar bilen iş salşanymyzda eglişikli bolarys (Sül. tym. 13:10). Olara hormatly borç berlende begeneris. Ýehowanyň «bütin dünýädäki doganlarymyza» bereket berşini görüp, oňa alkyş aýdarys (1 Pet. 5:9).
18. Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmek üçin ynsabymyzy nädip terbiýeläp bileris?
18 Dördünjiden, ynsabymyzy Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň esasynda terbiýeläp, özümizi sypaýy we sylaşykly alyp barmagy öwrenmeli. Pespällik ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga we düşünjämizi çuňlaşdyrmaga höweslendirer. Şahsy okuwyny yzygiderli geçirsek, doga etsek we öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulansak, ynsabymyzy terbiýeläris (1 Tim. 1:5). Başgalary özümizden ýokary saýmagy öwreneris. Şonda Ýehowa bize «doly tälim berip», pespälligi we başga-da gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (1 Pet. 5:10).
19. Ebedi ýaşaýşa gowuşmaga pespällik nädip kömek eder?
19 Ýahudadan gelen pygamberiň ýekeje gezek özüne bil baglamagy ony ýaşaýşyndan we Ýehowanyň öňündäki abraýly ornundan mahrum etdi. Emma bu ýagdaý adamyň synaglarda pespäl bolup bilmejekdigini görkezmeýär. Muny geçmişde ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçylary subut etdiler, häzirem şeýle adamlar az däl. Biz Ýehowa näçe köp gulluk etsek, pespälligimiz şonça-da köp aýan bolmaly (Sül. tym. 8:13). Nähili ýumşy berjaý edýändigimize garamazdan, Ýehowa gulluk etmek uly hormat. Geliň, gullugymyzy gymmat saýyp, Ýehowanyň öňünde ebedi pespäl gezmek üçin elimizde baryny edeliň.
a Mika 6:8 Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçigöwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
b Wagyz kitaby 11:4 Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz. 5 Ýeliň ýoluny we hamyla enäniň göwresindäki çaga nädip jan girýänini bilmeýşiň ýaly, sen hemme zady ýaradan Hudaýyň işlerini-de bilýän dälsiň. 6 Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.