Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Fewral sah. 3—7
  • Ýehowa niýetini hökman amala aşyrar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa niýetini hökman amala aşyrar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝARADYJYNYŇ ILKIBAŞDAKY NIÝETI
  • NÄHILI KYNÇYLYK ÝÜZE ÇYKDY?
  • TÖLEG GURBANY HUDAÝ BILEN ÝARAŞDYRÝAR
  • ÝEHOWA BIZIŇ ÜÇIN ÝOL AÇDY
  • Soňky duşman ölüm ýok ediler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Töleg — Hudaýyň iň uly sowgady
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Töleg gurbany Atamyzyň beren «kämil sowgady»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Fewral sah. 3—7
Adam ata bilen How ene Erem bagynda; ýylan How ene bilen gepleşýär, ol miweden iýýär we Adam ata⁠-⁠da berýär

Ýehowa niýetini hökman amala aşyrar

«Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony». IŞ. 46:11

AÝDYMLAR: 147, 149

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowa adamlary näme maksat bilen ýaratdy?

  • Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna näme päsgel berip bilmedi?

  • Ýehowanyň niýeti nädip amala aşar?

1, 2. a) Ýehowa bize nämäni aýan etdi? b) Işaýa 46:10, 11; 55:11-nji aýatlardaky sözler nämäni görkezýär?

MUKADDES ÝAZGYLAR: «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýen sözler bilen başlanýar. Bu ýönekeý sözleriň çuň manysy bar (Gel. çyk. 1:1). Olardan Hudaýyň älem, ýagtylyk, dartyş kanuny ýaly ençeme zatlary ýaradandygyny bilse bolýar. Biz onuň älem-jahanda ýaradan zatlarynyň diňe ujypsyzja bölegini görüp bilýäris (Wag. 3:11). Emma Ýehowa ýer ýüzi we adamzat babatdaky niýetini doly aýan etdi. Ol ýer ýüzüni öz keşbinde ýaradan ilkinji ynsan maşgalasyna ajaýyp öý hökmünde sowgat berdi (Gel. çyk. 1:26). Olaryň çagalary dogulmalydy, Ýehowa-da olaryň Atasy bolmalydy.

2 Gelip çykyş kitabynyň üçünji babynda Ýehowanyň niýeti babatda ýüze çykan kynçylyk hakda aýdylýar (Gel. çyk. 3:1—7). Bu Hudaýyň niýetiniň amala aşmajakdygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Sebäbi Oňa hiç kim we hiç zat päsgel berip bilmez (Iş. 46:10, 11; 55:11). Hawa, Ýehowanyň ilkibaşdaky niýeti öz wagtynda hökman amala aşar!

3. a) Biz Mukaddes Ýazgylardan nähili hakykaty bilýäris? b) Biz näme üçin bu hakda gürrüň ederis? ç) Şu makalada haýsy soraglara serederis?

3 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ýer ýüzi we adamzat baradaky niýeti hem-de bu babatda Isa Mesihiň esasy orun tutýandygy aýdylýar. Biz bu wajyp hakykaty Hudaýyň Sözüni okap başlanymyzda bilipdik. Bu hakykaty akýürekli adamlaryň hem bilmegini isleýäris. Bu makala bizi Ýatlama agşamyna mümkin boldugyndan köp adamlary çagyrmaga höweslendirer (Luka 22:19, 20). Çakylyga seslenen adamlar Hudaýyň niýeti barada köp zatlary bilerler. Ýatlama agşamyna wagt az galdy, şol sebäpli, geliň, okuw geçýän we başga-da akýürekli adamlar bilen bu wajyp waka hakda nädip gürrüň etjekdigimiz barada oýlanalyň. Şu makalada üç soraga serederis: Hudaýyň ýer ýüzi we adamlar babatda ilkibaşdaky niýeti nämeden ybaratdy? Nähili kynçylyk ýüze çykdy? Hudaýyň niýetiniň amala aşmagynda Isanyň töleg gurbany nähili orun tutýar?

ÝARADYJYNYŇ ILKIBAŞDAKY NIÝETI

4. Ýaradylan zatlar Ýehowany nädip şöhratlandyrýar?

4 Ýehowa — Gudratygüýçli Ýaradyjy. Onuň ýaradan ähli zatlary adyl talaplaryna laýyk gelýär (Gel. çyk. 1:31; Ýer. 10:12). Ýehowanyň owadan we tertipli ýaradan zatlaryndan nämäni bilse bolýar? Olara syn edeniňde, göwnüň göterilýär we biziň peýdamyz üçin ýaradylandygyna göz ýetirýäris. Eýsem, ýaşyp barýan Günüň, ýyldyzly asmanyň ýa-da aňyrsy-bärsi görünmeýän deňziň owadanlygy gudrat dälmi näme?! Dogrudan-da, bu zatlar özüne çekýär, sebäbi Ýehowa bizi owadan zatlary görmek islegi bilen ýaratdy (Zebur 19:1; 104:24-nji aýatlary okaň).

5. Ýehowa ýaradan zatlarynyň özara sazlaşykly hereket etmegi üçin näme etdi?

5 Ýaradylan zatlardan Ýehowanyň aladamyzy edip, belli bir kanunlary goýandygyny görse bolýar. Ähli zadyň sazlaşykly işlemegi üçin, ol tebigy kanunlaryny we ahlak kadalaryny berdi (Zeb. 19:7—9). Älemde ýaradylan zatlaryň ählisiniň belli bir ýeri bolup, Hudaýyň niýetine görä hereket edýär. Ýehowa olaryň özara sazlaşykly hereket etmegi üçin kada-kanunlary berdi. Meselem, dartyş kanuny Ýer şarynda atmosferanyň bolmagyna we okeanlaryň öz çäginden çykmazlygyna ýardam edýär hem-de ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleri döredýär. Ýaradylan zatlaryň ählisi, şol sanda adamlaram bu kanuna boýun bolýar. Hawa, ähli zatlaryň tertipli ýaradylmagy Hudaýyň ýer ýüzüni we adamzady belli bir niýet bilen ýaradandygyny görkezýär. Biz wagyzda adamlaryň ünsüni şu zatlary ýaradan Hudaýa çekip bilerismi? (Ylh. 4:11).

6, 7. Ýehowa Adam ata bilen How enä nähili sowgatlary berdi?

6 Ýehowa adamlary ýer ýüzünde ebedi ýaşamak üçin ýaratdy (Gel. çyk. 1:28; Zeb. 37:29). Ol Adam ata bilen How enäniň ýaşaýyşdan lezzet almagy üçin dürli sowgatlary berdi (Ýakup 1:17-ni okaň). Ýehowa olary erkin edip ýaratdy, oýlanmak ukybyny berdi, olar söýüp we dostlukly gatnaşykdan lezzet alyp bilýärdiler. Ýaradyjy Adam atanyň gulak asmagy üçin belli bir görkezme berdi. Şeýle-de oňa özüniň, haýwanlaryň we ýeriň aladasyny etmegi öwretdi (Gel. çyk. 2:15—17, 19, 20). Adam ata bilen How ene tagam bilmek, ys almak, görmek we eşitmek ukyby bilen ýaradyldy. Şol sebäpli olar Erem bagyndaky ähli zatlardan lezzet alyp bilýärdiler. Olar edýän işlerinden we öwrenýän täze-täze zatlaryndan hemişe şatlyk tapyp bilerdiler.

7 Şeýle-de Ýehowanyň niýetine görä, Adam ata bilen How enäniň kämil çagalary bolup, ýer ýüzi adamzat maşgalasyndan dolmalydy. Adam ata bilen How ene we olaryň nesilleri çagalaryny Ýehowanyň ilkinji ynsany söýşi ýaly söýmelidiler. Ajaýyp şertler bilen ýaradylan Ýer şary olaryň öýi bolmalydy (Zeb. 115:16).

NÄHILI KYNÇYLYK ÝÜZE ÇYKDY?

8. Gelip çykyş 2:16, 17-nji aýatlardaky kanun näme maksat bilen berlipdi?

8 Hudaýyň niýeti onuň isleýşi ýaly derrew amala aşmady. Näme üçin? Ýehowa Adam ata bilen How enä ýönekeý tabşyryk berdi, bu olaryň erkinligine belli bir çägiň goýlandygyny görkezýärdi. Ol: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň» diýdi (Gel. çyk. 2:16, 17). Bu tabşyryga düşünmek ýa-da ony ýerine ýetirmek kyn däldi. Galyberse-de, bagda iýer ýaly başga-da köp miweler bardy.

9, 10. a) Şeýtan Ýehowa nähili töhmet atdy? b) Adam ata bilen How ene nähili karara geldi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

9 Şeýtan Iblis ýylan arkaly How ene bilen gepleşip, ony Atasy Ýehowa gulak asmazlyga iterdi (Gelip çykyş 3:1—5-nji aýatlary okaňa; Ylh. 12:9). Ol Hudaýyň: «Bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiňiz» diýip, ýer ýüzündäki çagalaryna aýdan sözlerini şübhä goýdy. Başgaça aýdanyňda, Şeýtan: «Wiý, siz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňizmi?» diýdi. Soňra: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz» diýip, göz-görtele ýalan sözledi. Şeýle-de How enäni Hudaýa gulak asmagyň hökman däldigine ynandyrjak bolup: «Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny... bilýär» diýdi. Şeýtanyň aýtmagyna görä, hamala Ýehowa şeýle tabşyryk berip, olardan käbir zatlary gizleýär. Ahyrynda bolsa, Şeýtan: «Edil Hudaý kimin bolarsyňyz hem-de ýagşy-ýamany saýgararsyňyz» diýdi.

10 Adam ata bilen How ene näme etmelidigini özleri çözmelidi. Olar Ýehowa gulak asarmy ýa-da ýylana? Gynansak-da, olar Ýehowa gulak asman, Şeýtanyň pitnesine goşuldylar. Atasy Ýehowadan ýüz öwrüp, özlerini onuň goragyndan mahrum etdiler (Gel. çyk. 3:6—13).

11. Ýehowa Erem bagynda turan pitnä näme üçin biperwaý garamady?

11 Adam ata bilen How ene Ýehowa garşy pitne turzup, kämilligini ýitirdiler. Şeýle-de olar Ýehowadan daşlaşdylar, sebäbi onuň gözleri «pisligi görerden päkdir». Hawa, ol «ýamanlyga seredip bilýän däldir» (Hab. 1:13). Eger ol ýamanlyga sowuk-sala garan bolsa, onda gökdäki we ýerdäki ähli ýaradan zatlaryna howp abanardy. Galyberse-de, Ýehowa Adam ata bilen How enäniň etmişine göz ýuman bolsa, onuň ynamdar Hudaýdygyna şübhe dörärdi. Emma Ýehowa hemişe öz kada-kanunlaryna görä hereket edýär; olary hiç haçan bozmaýar (Zeb. 119:142). Adam ata bilen How enä berlen erkinlik Hudaýyň kanunyny bozmaga esas bermeýärdi. Ýehowa garşy pitne turzandygy üçin, olar öldüler we topraga öwrüldiler (Gel. çyk. 3:19).

12. Adam atanyň çagalaryna näme boldy?

12 Adam ata bilen How ene gadagan edilen miweden iýip, özlerini Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolmakdan mahrum etdiler. Hudaý olary Erem bagyndan kowdy we yzyna dolanmaga mümkinçilik bermedi (Gel. çyk. 3:23, 24). Şeýdip, Ýehowa olara eden işiniň netijesini görkezdi (Kanun taglymaty 32:4, 5-nji aýatlary okaň)b. Indi bikämil adam Hudaýa mahsus häsiýetleri kämil derejede görkezip bilmeýärdi. Adam ata diňe bir özüni gelejege bolan umytdan mahrum etmän, eýsem, çagalaryna bikämilligi, günäni we ölümi miras galdyrdy (Rim. 5:12). Ol nesillerini ebedi ýaşaýyşdan mahrum etdi. Adam ata bilen How ene-de, olaryň çagalary-da kämil ynsany dünýä indirip bilmeýärdi. Şeýtan Iblis Adam ata bilen How enäni Hudaýdan daşlaşdyrandan bäri, adamlary aldamagyny dowam edip gelýär (Ýah. 8:44).

TÖLEG GURBANY HUDAÝ BILEN ÝARAŞDYRÝAR

13. Ýehowa adamzat üçin näme isleýär?

13 Adamlar günäli bolsa-da, Ýehowa olary söýýär. Ol Adam ata bilen How enäniň turzan pitnesine garamazdan, adamlaryň özi bilen dost bolmagyny isleýär; Ýehowa olaryň ölmegini islemeýär (2 Pet. 3:9). Şol sebäpli pitne turan badyna, Hudaý adyl kadalaryna laýyklykda, derrew adamlary özi bilen ýaraşdyrmagyň ugruna çykdy. Ýehowa munuň üçin näme etdi?

14. a) Ýahýa 3:16-a laýyklykda, Hudaý adamzat üçin näme etdi? b) Gyzyklanýan adamlar bilen haýsy soragy ara alyp maslahatlaşsa bolar?

14 Biz adamlary Ýatlama agşamyna çagyranymyzda, köplenç olara Ýahýa 3:16-ny (okaň) okaýarys. Emma olar «Isanyň töleg gurbany nädip ebedi ýaşaýşa ýol açýar?» diýen soragyň jogabyny bilýärmikä? Ýatlama agşamy döwri hakykaty agtarýan adamlaryň şu wajyp soragyň jogabyny bilmäge mümkinçiligi bolar. Akýürekli adamlar töleg gurbany arkaly Ýehowanyň bildiren söýgüsine we akyldarlygyna doly düşünip başlasalar, bu olara güýçli täsir eder. Biz olar bilen töleg gurbany babatda haýsy pikirleri paýlaşyp bileris?

15. Isa Adam atadan nämede tapawutlanýardy?

15 Töleg tölener ýaly, kämil ynsan gerekdi. Ol Ýehowa wepaly galmalydy we adamzat üçin ýaşaýşyny gurban bermäge taýyn bolmalydy (Rim. 5:17—19). Ýehowa töleg tölemek üçin ilkinji ýaradan Ogluny gökden ýer ýüzüne iberdi (Ýah. 1:14). Isa Adam ata ýaly kämil ynsan bolup doguldy. Ýöne Adam atadan tapawutlylykda, ol Ýehowanyň adyl kadalaryna eýerýärdi. Hatda agyr synaglarda-da, Isa ne günä etdi, ne-de Hudaýyň kanunlaryny bozdy.

16. Töleg gurbanyna näme üçin ajaýyp sowgat diýse bolar?

16 Isa kämil adam hökmünde janyny gurban berip, adamzady günäden we ölümden halas edip bilýär. Ol Adam ata ýaly hemme taraplaýyn kämildi we Hudaýa gulak asyp, wepaly boldy (1 Tim. 2:6). Isanyň töleg gurbany «köpler», ýagny erkekdir aýallar we çagalar üçin baky ýaşaýşa ýol açdy (Mat. 20:28). Dogrudan-da, töleg gurbany Hudaýyň ilkibaşdaky niýetiniň amala aşmagynda esasy orun tutýar (2 Kor. 1:19, 20). Töleg gurbany wepaly adamlaryň ählisine ebedi ýaşaýşa umyt berýär.

ÝEHOWA BIZIŇ ÜÇIN ÝOL AÇDY

17. Töleg gurbany nähili mümkinçilik berýär?

17 Ýehowa adamzat üçin gymmatly töleg töledi (1 Pet. 1:19). Ol adamlary güýçli söýýändigi üçin ilkinji doglan Oglunyň ölmegine ýol berdi (1 Ýah. 4:9, 10). Isa Adam atanyň ornuny eýeledi (1 Kor. 15:45). Şeýdip, ol diňe bir ebedi ýaşaýşa ýol açman, eýsem, bize Hudaýyň maşgalasyna dolanmaga mümkinçilik berdi. Hawa, Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowa adyl kadalaryny bozman, adamzady öz maşgalasyna kabul edip bilýär. Eýsem, wepaly adamlaryň kämillige ýetjek wagtlary barada oýlanmak tolgundyrmaýarmy näme?! Hudaýyň gökdäki we ýerdäki maşgalasy doly agzybir bolar. Şonda biz, hakykatdan-da, Hudaýyň çagalary bolarys (Rim. 8:21).

18. Ýehowa haçan «hemmeleriň başy bolar»?

18 Şeýtanyň turzan pitnesi Ýehowanyň adamlara bolan söýgüsini gowşadyp bilmedi, hatda bikämil adamlara-da Hudaýa wepaly galmaga päsgel berip bilmedi. Ýehowa töleg gurbany arkaly ähli çagalaryna hemme taraplaýyn dogry bolmaga kömek eder. «Ogly görüp, oňa iman eden» her bir adamyň ebedi ýaşaýşa gowuşjak döwrüni göz öňüne getirip bir görüň (Ýah. 6:40). Biziň söýgüden doly we akyldar Atamyz ilkibaşda niýet edişi ýaly, ynsan maşgalasyny kämillige ýetirer. Şonda Ýehowa «hemmeleriň başy bolar» (1 Kor. 15:28).

19. a) Töleg gurbanyna minnetdar bolsak näme etmäge höweslendirer? («Mynasyp adamlary gözläliň» diýen çarçuwa serediň). b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

19 Töleg gurbanyna minnetdar bolsak, bu ajaýyp sowgadyň berýän peýdasy hakda adamlara gürrüň bermek üçin elimizde baryny ederis. Adamlar Ýehowanyň töleg gurbany arkaly ebedi ýaşaýşa umyt berýändigini bilmeli. Emma töleg gurbanynyň başga-da peýdasy bar. Indiki makalada Şeýtanyň Erem bagynda orta atan jedelli meselesine Isanyň töleg gurbany arkaly nädip jogap berlendigini bileris.

a Gelip çykyş 3:1 Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. 2 Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar. 3 Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi». 4 Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. 5 Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».

b Kanun taglymaty 32:4 Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr. 5 Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.

Bir Ýehowanyň Şaýady Ýatlama agşamy üçin çakylyk paýlaýar

Mynasyp adamlary gözläliň

ÝATLAMA agşamy üçin paýlanylýan çakylyk iň köp çap edýän edebiýatlarymyzyň biridir. Geçen ýyl onuň takmynan 440 million nusgasy 530-dan gowrak dilde çap edildi. Ýatlama agşamyndan öň paýlar ýaly, sizde şu ýylky çakylyklardan galdymy? Belki-de, siziň paýlajak çakylygyňyz mynasyp adamy Ýatlama agşamyna gelmäge höweslendirer (Mat. 10:11).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş