Okyjylaryň sowallary
Mattanyň we Lukanyň hoş habarynda Isanyň dogluşy hem-de çagalyk döwri hakda aýdylan zatlar näme üçin tapawutlanýar?
Sebäbi olar bu wakalary dürli tarapdan beýan edýärler.
Matta, esasan, Ýusup bilen bagly wakalara köp üns berýär. Ol Ýusubyň başda Merýemiň göwrelidigini eşidende, oňa nähili garandygyny, düýşünde perişdäniň gelip, bolan ýagdaýy düşündirendigini we Ýusubyň muňa razy bolandygyny gürrüň berýär (Mat. 1:19—25). Şeýle-de düýşünde perişdäniň Ýusuba Müsüre gaçmalydygy barada duýduryşyny, ol ýere maşgalasy bilen gaçyşyny, perişdäniň oňa Ysraýyl ýurduna dolanmalydygy barada aýdandygyny we soňra dolanyp, maşgalasy bilen Nazaretde ornaşandygyny ýazýar (Mat. 2:13, 14, 19—23). Mattanyň hoş habarynyň başdaky baplarynda Ýusubyň ady 13, Merýemiň ady bolsa 10 gezek agzalýar.
Emma Lukanyň hoş habarynda Merýem bilen bagly wakalara köp üns berilýär. Onda Merýemiň ýanyna Jebraýyl perişdäniň gelşi, onuň garyndaşy Elizabetiň ýanyna gidişi we Ýehowany şöhratlandyryp aýdan sözleri hakda gürrüň berilýär (Luka 1:26—56). Şeýle-de Luka Şimgonyň gelejekde Isanyň ejir çekjekdigi barada Merýeme aýdan sözlerini agzaýar. Hatda 12 ýaşly Isanyň bütin maşgalasy bilen ybadathana barandygy baradaky wakany agzanda-da, ol Ýusubyň däl-de, Merýemiň sözlerini getirýär. Ol bu wakalaryň ählisiniň Merýeme güýçli täsir edendigini hem aýdýar (Luka 2:19, 34, 35, 48, 51). Luka ilkinji iki babynda Merýemiň adyny 20 gezek, Ýusubyň adyny bolsa bary-ýogy 8 gezek agzaýar. Görşümiz ýaly, Matta Ýusup bilen bolan wakalara has köp üns berýär. Luka bolsa Merýem bilen bolan wakalary jikme-jik gürrüň berýär.
Bu iki «Hoş habardaky» Isanyň nesil şejeresi hem bir-birinden tapawutlanýar. Matta Ýusubyň ata-babalaryny agzap, onuň ogullygy bolan Isanyň Dawut patyşanyň tagtyny eýelemäge hakynyň bardygyny, ýagny kanuny mirasdüşerdigini görkezýär. Näme üçin? Sebäbi Ýusup Dawut patyşanyň ogly Süleýmanyň neslindendi (Mat. 1:6, 16). Emma Luka Merýemiň ata-babalaryny agzap, Isanyň «Dawudyň nesli bolup doglandygyny», ýagny hakyky mirasdüşerdigini tassyklaýar (Rim. 1:3). Näme üçin? Sebäbi Merýem Dawut patyşanyň ogly Natanyň neslindendi (Luka 3:31). Onda näme üçin Luka Isanyň nesil şejeresini ýazanda, Merýemi Eliniň gyzy edip görkezmeýär? Sebäbi nesil şejerede diňe erkek adamlaryň atlary agzalmalydy. Şonuň üçin ol Ýusuby Eliniň ogly diýip aýdýar. Bu nädogry däldi, sebäbi ol Eliniň giýewsidi (Luka 3:23).
Görşümiz ýaly, Matta bilen Lukanyň hoş habary Isanyň wada edilen Mesihdigini aýdyň subut edýär. Isanyň kimiň neslinden geljekdigi şeýle aýdyňdy welin, hatda fariseýler we saddukeýler hem muny inkär edip bilmediler. Şu günler Mattanyň we Lukanyň hoş habarynda aýdylýan Isanyň nesil şejeresi biziň imanymyzy berkidýär we Hudaýyň wadalarynyň ygtybarlydygyna güwä geçýär.