ARHIWIMIZDEN
«Indiki kongrese haçan gideris?»
1932-NJI ýylyň 27-nji noýabry, Mehiko şäheri. Bary-ýogy bir hepde mundan öň, şäheriň bir milliondan gowrak ýaşaýjylary ilkinji swetoforyň çykarylandygyna begenip, uçaýjak bolýardy. Emma indi bu täzelik yzda galypdy. Şäheriň habarçylary şu hepdäniň täzeligi bilen başagaýdylar. Olar elleri kameraly demirýol menzilinde arzyly myhmana, ýagny «Garawul diňi jemgyýetiniň» prezidenti Jozef Ruterforda garaşýardylar. Ýehowanyň ýerli Şaýatlary hem uly höwes bilen bu dogany garşylamaga çykypdylar. Ol üç günlük halkara kongresini geçirmäge gelmelidi.
«Altyn asyr» žurnalynda: «Meksika respublikasynda hakykatyň gülläp ösmeginde bu kongres taryhda ýatdan çykmajak yz galdyrar» diýip, habar berlipdi. Bary-ýogy 150 adam gatnaşan bu kongres, heý-de, taryhda yz galdyryp bilermi?
Bu wakadan birnäçe wagt öň, Meksikada wagyzçylaryň sany gaty azdy. 1919-njy ýyldan bäri bu kiçijik ýygnaklaryň sany ýyllar geçdigi saýyn artýardy. 1929-njy ýylda Mehiko şäherinde açylan Beýtel muňa güwä geçýär. Emma päsgelçilikler hem boldy. Meselem, wagyz işini söwda-satyk bilen garyşdyrmaly däldigi barada tabşyryk berlende, kitap paýlaýan bir dogan öýkeläp, öz Mukaddes Ýazgylar öwrenilýän toparyny açýar. Şonda Beýteliň gözegçisi bu hereketiň Ýazgylara garşy gelýändigini belläp, ony geçirmezlik babatda görkezme berýär. Görşümiz ýaly, meksikaly wagyzçylara ruhy taýdan kömek gerekdi.
Ruterford dogan ol ýere baranda, wepaly doganlary ruhlandyrmak üçin kongresde iki sany nutuk we radioda bäş sany tolgundyryjy leksiýa bilen çykyş edýär. Ilkibaşda hoş habar Meksikanyň radiostansiýalary arkaly tutuş ýurtda yglan edildi. Kongresden soň bolsa Beýtele täze bellenen gözegçi dogan wagyz işini gurnady. Şeýdip, yhlasly wagyzçylar berkäp, Ýehowanyň patasy bilen bu işi dowam etdiler.
1941-nji ýylda Mehikoda geçirilen kongres
Indiki ýyl ýurtda bir däl-de, iki kongres geçirilýär. Iki kongresiň biri Werakrus, beýlekisi bolsa Mehiko şäherinde geçirildi. Wagyzçylaryň tagallasy gowy netijeler berip başlady. 1931-nji ýylda 82 wagyzçy bardy. Emma on ýyldan olaryň sany 10 esse artdy! 1941-nji ýylda Mehikoda geçirilen teokratik kongrese takmynan 1 000 adam geldi.
«KÖÇÄMIZI DOLDURDYLAR»
1943-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlary «Azat halk» diýen ýazgyly plakatlar bilen Meksikanyň 12 şäherinde teokratik kongresiň geçiriljekdigini yglan edýärdilera. Wagyzçylar iki plakady boýnundan asýardylar; olaryň biri öňünde, beýlekisi bolsa arkasynda bolýardy. Mesihçiler wagzyň bu usulyny 1936-njy ýylda ulanyp başladylar.
1944-nji ýylda gazetde Mehikoda dogan-uýalaryň plakatly çagyryşy görkezildi
Mehikoda plakatly çagyryşyň üstünlikli bolandygy barada «La Nasion» gazetinde şeýle diýildi: «Kongresiň ilkinji güni Ýehowanyň Şaýatlary köp adamlary çagyrdylar. Galan günleri bolsa gelen adamlaryň köplüginden ýaňa, oturmaga-da ýer ýokdy». Emma Ýehowanyň Şaýatlary tarapyndan geçirilen bu kampaniýa Katolik buthanasyna ýaramady. Garşylyklara garamazdan, biziň batyrgaý dogan-uýalarymyz köçelerde plakatly aýlanmaklaryny dowam edýärdi. Gazetde: «Tutuş şäher egni plakatly erkekdir aýallary görýärdi» diýip, habar berlipdi. Makalada Mehikodaky doganlaryň köçede aýlanyp ýören suraty bardy we ol «Köçämizi doldurdylar» diýip atlandyrylypdy.
«DÜŞEGIMIZ BETONDAN-A ÝUMŞAK HEM ÝYLY»
Şol ýyllarda dogan-uýalarymyz Meksikada geçirilýän kongreslere barmak üçin köp tagalla etmeli bolýardy. Olaryň köpüsi uzak obalarda ýaşaýardy; ol ýerde ne otly ýöreýärdi, ne-de ýol bardy. Bir ýygnagyň agzalary: «Poçta eltýän ýekeje ýodajyk bar» diýip ýazdylar. Şol sebäpli dogan-uýalar kongres geçirilýän şähere barmak üçin demirýol menziline çenli birnäçe günläp eşekli ýa-da pyýada ýöremeli bolýardylar.
Şaýatlaryň aglabasy garyp ýaşaýandygy üçin, olar diňe bir tarapyna töläp, kongrese geldiler. Köpüsi olary höwes bilen garşy alan ýerli dogan-uýalaryň öýlerinde galdylar. Başgalary bolsa gijäni Ýygnak jaýlarynda geçirdiler. Bir gezek filialda takmynan 90 dogan-uýany ýerleşdirdiler. Olaryň hersi kitap salynýan korobkalaryň ýigrimisini ýere ýazyp, onuň üstünde ýatdylar. «Ýyllyk kitabynda» bu minnetdar myhmanlaryň: «Düşegimiz betondan-a ýumşak hem ýyly» diýen sözleri getirilipdi.
Kongrese gelen Şaýatlar eden ähli tagallalarynyň ýerine düşendigini aýdýarlar. Şu günler Meksikada wagyzçylaryň sany bir milliona ýetip barýar. Olar henizem minnetdarlygy bilen tapawutlanýarlarb. 1949-njy ýylda Meksikadan gelen hasabatda doganlar barada şeýle diýilýärdi: «Olaryň kyn döwürlerde-de hakykata bolan yhlasy gowşamady. Sebäbi her ýylky kongreslerdäki pikirleri uzak wagtlap paýlaşýardylar we bir-birlerine: „Indiki kongrese haçan gideris?“ diýýärdiler». Bu sözler şeýle ynandyryjy welin, hamala düýn aýdylan ýaly! (Merkezi Amerikadaky arhiwimizden).
a 1944-nji ýylyň «Ýyllyk kitabynda» Meksikada Ýehowanyň Şaýatlarynyň adamlary kongrese plakatly çagyrandyklary aýdylýar.
b Meksikada 2016-njy ýylda Ýatlama agşamyna 2 million 262 müň 646 adam geldi.