Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Oktýabr sah. 3—6
  • Ýehowanyň islegini berjaý etmek bol bereket berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň islegini berjaý etmek bol bereket berýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • TÄZE DURMUŞA GADAM BASÝARYN
  • «BIZ TAÝYN!»
  • ANGLIÝA DOLANÝARYS, SOŇRA ŞOTLANDIÝA GIDÝÄRIS
  • IRLANDIÝADA GULLUK EDÝÄRIS
  • TARYHY WAKA
  • DÜÝPLI ÖZGERIŞIK
  • Ýüz ýyl mundan öň (1921)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Men wepaly adamlaryň bereket alýandygyny gördüm
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Biz ençeme gezek Ýehowanyň merhemetini gördük
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýüz ýyl mundan öň (1922)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Oktýabr sah. 3—6
Oliw Matýus

TERJIMEHAL

Ýehowanyň islegini berjaý etmek bol bereket berýär

Oliw Matýus gürrüň berdi

«Biz taýyn!» Şeýle sözler bilen ýanýoldaşym ikimiz, doganym we onuň aýaly edilen teklibi biragyzdan kabul etdik. Biz oňa näme üçin seslendik we Ýehowa nähili bereketleri berdi? Geliň, ilki men size mundan öňki bolan wakalary gürrüň bereýin.

MEN 1923-nji ýylda Ýorkşirdäki Hemswort (Angliýa) şäherinde dünýä indim. Meniň Bob atly doganym bardy. Kakam ýalan diniň ikiýüzlüligini görüp, ony paş etmek üçin birnäçe kitaplary alýar. Şonda men dokuz ýaşlarymdadym. Okan zatlary kakama güýçli täsir edýär. Birnäçe ýyldan soň Bob Atkinson atly bir adam öýümize gelip, patefonda Ruterford doganyň bir nutugyny diňletdi. Şonda biz kakamyň alan kitaplarynyň şu adamlara degişlidigine düşündik. Kakam bilen ejem Atkinson dogany her gün agşam myhmançylyga çagyrýardy; ol hem biziň Mukaddes Ýazgylar babatda berýän ähli soraglarymyza jogap berýärdi. Soňra bizi birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän bir doganyň öýünde geçirilýän ýygnaga çagyrdylar. Biz bu çakylyga şol bada seslendik we Hemswortda kiçijik topar açyldy. Biraz wagtdan ýygnagymyzy zonal gullukçylary (häzir etrap gözegçileri) idäp başladylar. Biz olary hem-de golaýda ýaşaýan pionerleri nahara çagyrýardyk. Şeýle mähirli gürrüňdeşlik ýüregimde öçmejek yz galdyrdy.

Biz öz kärhanamyzy açyp, onda işläp başlasak-da, kakam doganyma: «Pioner bolup gulluk etmek isleseň, biz bu işi goýarys» diýdi. Bob razylaşdy we 21 ýaşynda pioner gullugyna başlady. Iki ýyl geçensoň, 16 ýaşymda menem pioner boldum. Dynç günlerini hasaba almasaň, men köplenç ýeke özüm, esasan, kartoçkalar we patefon arkaly wagyz edýärdim. Ýehowa maňa bir gyz bilen okuw geçmäge mümkinçilik berdi. Ol ruhy taýdan çalt ösüş edip, suwa çümdürildi. Wagtyň geçmegi bilen onuň maşgala agzalarynyň köpüsi hem hakykaty kabul etdi. Bir ýyldan meni ýörite pioner edip bellediler. Pioner ýoldaşym Meri Henşel ikimizi Çeşirde wagyzçylaryň ýok ýerinde gulluk etmäge iberdiler.

II Jahan urşuň ortalarydy; şol döwürde aýallary urşa kömek etmäge çagyrýardylar. Ýörite pionerler hökmünde beýleki dini gullukçylar ýaly bizi-de harby gullukdan azat ederler öýtdük. Emma kazyýet muňa rugsat bermedi, şonda men 31 gün tussaglykda oturdym. Bir ýyldan, ýagny 19 ýaşymda meni «dini ynançlary sebäpli harby işlerden boýun gaçyrýar» diýip bellige aldylar. Bu işe iki kazyýet tarapyndan seredilse-de, meni ahyry akladylar. Şol döwürde men mukaddes ruhuň güýjüni we Ýehowanyň elini gördüm (Iş. 41:10, 13).

TÄZE DURMUŞA GADAM BASÝARYN

1946-njy ýylda men Artur Matýusa duşdum. Ol hem dini ynançlary sebäpleri 3 aý tussaglykda oturypdyr. Soňra ol Hemswortda ýörite pioner bolup gulluk edýän süýtdeş dogany Dennis bilen wagyz etmäge geldi. Olar hakykaty çagalykdan bilýärdiler we ýetginjek wagtlary suwa çümdürilipdiler. Tizden Dennisi Irlandiýa wagyz etmäge bellediler. Şonda Artur ýoldaşsyz galdy. Ýaşdygyna garamazdan, pioner bolup gulluk edýändigini görenlerinde, kakam bilen ejem ony ýanlaryna aldylar. Men öýe baranymda, Artur ikimiz nahardan soň gap-çanaklary ýuwýardyk. Biraz wagtdan biz hat alşyp başladyk. 1948-nji ýylda Artury ýene-de tussag edip, 3 aý türmä basdylar. Biz 1949-njy ýylyň ýanwar aýynda durmuş gurduk we mümkin boldugyndan pioner gullugyny dowam etmekçidik. Ýehowanyň kömegi bilen we paýhasly hereket edip, biz dynç günleri ir-iýmiş satyp gazanç edýärdik.

Artur we Oliw Matýus, 1949 ýyl

Durmuş guranymyzdan biraz soň, Hemswortda 1949-njy ýyl

Bir ýyldan bizi Irlandiýanyň demirgazygynda ýerleşýän ilki Armah, soňra Nýuri şäherlerinde wagyz etmäge iberdiler. Ol ýerde esasan katolikler ýaşaýardy. Bu şäherlerde ýagdaý örän dartgynlydy, şol sebäpli adamlara wagyz etmek üçin gaty seresaplylyk we düşgürlilik gerekdi. Ýygnak duşuşyklary ýaşaýan ýerimizden 16 km uzaklykda ýerleşýän bir dogan-uýanyň öýünde geçirilýärdi. Biz takmynan 8 adam bolup ýygnanyşýardyk. Bir gezek bizden gijäni şol ýerde geçirmegi haýyş etdiler. Biz krowatda däl-de, ýerde ýatmaly bolsak-da, ertesi irden çaý başynda edilen ruhy gürrüňdeşlik örän berkitdi. Häzir ol ýerde ençeme dogan-uýalaryň gulluk edýändigini bilmek göwnüňi göterýär.

«BIZ TAÝYN!»

Doganym Bob bilen aýaly Lotti öňden bäri Irlandiýanyň demirgazygynda ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. 1952-nji ýylda biziň dördimizem Belfastdaky welaýat kongresine gatnaşdyk. Bir mähirli dogan bizi öýüne aldy. Ýanymyzda Praýs Hýuz dogan hem bardy. Ol soň Britaniýanyň Beýtelinde-de gulluk edipdi. Bir gün gije biz ýörite Irlandiýada ýaşaýan adamlar üçin çap edilen «Söýgi—Hudaýyň ýoly» diýen broşýurany ara alyp maslahatlaşdyk. Şonda Hýuz dogan hoş habary katolikleriň ýüregine ýetirmegiň aňsat däldigini aýtdy. Adamlar ruhanylaryň gepine gidip, doganlarymyzy zalym märekäniň eline tabşyrýardylar. Praýs dogan: «Şu broşýurany bütin ýurda paýlamak üçin, bize är-aýal bilen ulag gerek» diýdia. Biz biragyzdan seslenip: «Biz taýyn!» diýdik. Men bu hakda başda gürrüň beripdim.

Artur we Oliw Matýus motosikl hem-de birikdirilen ulagda beýleki poinerler

Pionerler bilen arabaly motosiklde

Adatça, pionerler Dubline gelende, ençeme ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýän Mab Rutlant uýanyň öýünde galýardylar. Biz onuň öýüne baranymyzda, käbir zatlarymyzy satyp, soňra Bobyň motosikline we oňa birikdirilen ulaga münüp, ýene bir ulagyň gözlegine çykdyk. Biz bir köneräk ulagy tapyp, satyjydan ony öýe getirip bermegi haýyş etdik. Sebäbi hiç birimiz ulag sürüp bilmeýärdik. Şol gün agşam Artur krowata münüp, ony sürşüni göz öňüne getirýärdi. Ertesi irden ol maşyny ulagjaýdan çykarjak bolup durka, Mildred Uillet atly (soňra ol Jon Barr dogana durmuşa çykdy) missioner uýa geldi. Ol asyl ulag sürüp bilýän eken! Biz biraz taýýarlyk görüp, soňra ýola düşdük.

Artur we Oliw Matýus ulagynyň we jaýynyň öňünde

Ulagymyz we ýaşan jaýymyz

Indi ýaşamak üçin jaý gerekdi. Bize tigirli jaýda ýaşamagy maslahat bermediler, sebäbi duşmanlar ony otlap bilýärdi. Şonuň üçin biz başga jaý gözledik, emma bary biderek boldy. Şol gije barymyz maşynda ýatdyk. Ertesi iki kiçijik krowat sygýan jaý ýasadyk. Ine, şeýdip, biz jaýly bolduk. Obadaky mähirli adamlaryň kömegi bilen ýaşaýyş jaýymyza hiç kim el degirmeýärdi. Biz 16—24 km aralykda wagyz edýärdik. Birnäçe wagtdan bolsa yzymyza dolanyp, gyzyklanan adamlary gaýtadan ideýärdik.

Biz ýurduň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän ähli öýlere baryp wagyz edenimizde, kän bir kynçylyklara duş gelmedik. Biz ol ýerde 20 müňden gowrak broşýura paýladyk we gyzyklanan adamlaryň atlaryny Britaniýanyň Beýteline iberýärdik. Häzir ol ýerde Ýehowanyň ýüzlerçe Şaýatlary gulluk edýär.

ANGLIÝA DOLANÝARYS, SOŇRA ŞOTLANDIÝA GIDÝÄRIS

Biraz wagtdan bizi Londonyň günortasynda gulluk etmäge bellediler. Birnäçe hepdeden Artura Britaniýanyň Beýtelinden hat gelip gowuşdy. Ol ertirden etrap gözegçisi bolup gulluga başlamalydy! Bir hepde okuw geçensoň, biz Şotlandiýadaky ýygnaklary idemäge gitdik. Arturyň nutuk taýýarlamaga wagty-da bolmaýardy, ýöne onuň Ýehowa gulluk edende uçraýan kynçylyklaryna döz gelşini görüp, men örän ruhlanýardym. Biz etrap gullugyny höwes bilen berjaý edýärdik. Şeýle-de biz birnäçe ýyl wagyz işi üçin bellenilmedik territoriýada gulluk etdik. Häzir ol ýerde ençeme dogan-uýalar bar.

1962-nji ýylda Artur 10 aý Gilead mekdebinde okamaga çagyrylanda, biz wajyp karara gelmeli bolduk. Sebäbi ol okuwa mensiz gitmelidi. Muňa garamazdan, biz bu hormatly çakylygy höwes bilen kabul etdik. Ýeke özüm galýandygym üçin, meni ýörite pioner edip Hemsworta iberdiler. Bir ýyldan soň Artur dolanyp gelende, bizi Şotlandiýa, Angliýanyň demirgazygyna we Demirgazyk Irlandiýa welaýat gözegçisi edip bellediler.

IRLANDIÝADA GULLUK EDÝÄRIS

1964-nji ýylda Artur Irlandiýa Respublikasyndaky Beýtelde gulluk etmäge bellenýär. Biz aýlanýan gözegçi bolup gulluk etmegi gowy görýärdik. Şonuň üçin bu habary eşidenimizde, başda biraz biynjalyklandyk. Häzir bolsa Beýtelde gulluk eden ýyllarymy ýatlap, Ýehowa minnetdarlyk aýdýaryn. Dogrudanam, täze tabşyryk berlende, başarmaryn öýtseňem, ony ýerine ýetirjek bolmaly. Sebäbi Ýehowa hökman patalar. Men Beýtelde hat-pet işlerini edýärdim, edebiýatlary gaplaýardym, nahar bişirýärdim we arassaçylyk işlerini edýärdim. Biz Beýtelde gulluk eden döwrümiz birnäçe wagt welaýat gözegçisi bolup hem gulluk etdik. Şonda bütin ýurtdaky dogan-uýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik boldy. Olaryň arasynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçen adamlarymyzyň ruhy taýdan ösüp, Ýehowanyň Irlandiýadaky maşgalasynyň agzasy bolandygyny görüp begendik. Bu biziň üçin uly bereketdi!

TARYHY WAKA

1965-nji ýylda ilkinji gezek Irlandiýanyň Dublin şäherinde halkara kongresi geçirildic. Duşmanlaryň güýçli garşylyklaryna garamazdan, ol üstünlikli geçdi. Oňa 3 müň 948 adam gatnaşyp, 65-si suwa çümdürildi. Kongrese gelen 3 müň 500 adamy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etdiler we olara Beýteliň adyndan minnetdarlyk haty gowşuryldy. Özlerini göreldeli alyp barandyklary üçin, öýüne alan adamlar olara öwgüli sözleri aýtdylar. Bu Irlandiýa üçin, dogrudan-da, taryhy waka boldy.

Arthur Matýus bilen Neýton Norr, 1965-nji ýyl

Artur 1965-nji ýylda kongrese baranda, Neýton Norr dogan bilen görüşýär

Artur «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» kitabynyň gael dilinde çykarylandygyny yglan edýär, 1983-nji ýyl

Artur «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» atly kitabynyň gael dilinde çykarylandygyny yglan edýär, 1983-nji ýyl

Irlandiýanyň demirgazyk we günorta taraplary syýasy hem-de dini taýdan örän tapawutlanýar. Muňa garamazdan, 1966-njy ýylda olaryň ikisine-de Dublindäki Beýtel gözegçilik edip başlady. Ençeme katolikleriň hakykata gelip, öň protestant dinine uýan dogan-uýalar bilen bile wagyz edýändigini görmek diýseň ruhlandyrýardy.

DÜÝPLI ÖZGERIŞIK

2011-nji ýylda Britaniýadaky we Irlandiýadaky Beýtel Londona geçirilende, biziň durmuşymyzda düýpli özgerişik boldy. Bizi Londondaky Beýtelde gulluk etmäge bellediler. Ýoldaşym Artur «Parkinson» keseline uçrap, onuň saglyk ýagdaýy örän ýaramazlaşdy. 2015-nji ýylyň 20-nji maýynda 66 ýyl bile ýaşaşan mähriban ýoldaşym aradan çykdy.

Soňky bir-iki ýylyň içinde men göwnüçökgünlik, gam-gussa, hasrat ýaly duýgular bilen göreşýärin. Öň Artur hemişe ýanymda bolýardy, şonuň üçin onsuz ýüregim gaty gysýar. Emma şeýle kyn ýagdaýlarda men Ýehowa has-da ýakynlaşýaryn. Şeýle-de Artury gowy görýän dogan-uýalaryň bardygy ýüregime teselli berýär. Irlandiýada, Britaniýada, hatda ABŞ-da ýaşaýan dost-ýarlarymyzdan hat alýaryn. Arturyň dogany Dennis we aýaly Mawisiň hem-de ýegenlerim Rut bilen Judiniň ruhlandyryjy sözleri ýüregime has-da melhem bolýar.

Işaýa 30:18-däki: «Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!» diýen sözler meni örän ruhlandyrýar. Ýehowanyň bizi sylaglamak üçin sabyr edýändigi we täze dünýäde gyzykly ýumuşlary berjekdigi barada oýlananymda, göwnüm göterilýär.

Yzyma ser salanymda, men Ýehowanyň Irlandiýada wagyz işine nädip gözegçilik edip, bereket berendigini görýärin. Şol ýurtda wagyz işiniň ilerlemegi üçin goşan ujypsyz goşandymy men uly hormat hasaplaýaryn. Hawa, Ýehowanyň tabşyran işini etmek hemişe bereket berýär!

a Ýehowanyň Şaýatlarynyň 1988-nji ýylda çykaran «Ýyllyk kitabyna» (sah. 101, 102) serediň.

b Dogan-uýalaryň köpüsi Rutlant uýa «Ma», ýagny eje diýýärdiler.

c 1988-nji ýylda çykan «Ýyllyk kitabyna» (sah. 109—112) serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş