Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Noýabr sah. 18—19
  • «Sahy adam bereket tapar»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Sahy adam bereket tapar»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Meňzeş maglumat
  • «Edilmeli iş... uly»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Noýabr sah. 18—19
Hanna ýaş Şamuweli çadyra getirýär

«Sahy adam bereket tapar»

HUDAÝA gurban bermeklik hakyky seždäniň wajyp bölegi bolup durýar. Meselem, ysraýyllylar mal gurbanlaryny, mesihçiler bolsa «öwgi gurbanlaryny» berýärdiler. Emma Hudaýa ýaraýan başga gurbanlar hem bar (Ýew. 13:15, 16). Aşakdaky mysallardan görnüşi ýaly, olar adama hem şatlyk, hem bereket getirýär.

Geçmişde ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçysy Hanna oglunyň bolmagyny isleýärdi. Emma ol önelgesizdi. Bir gezek ol Ýehowa doga edende: «Bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin» diýip, wada berýär (1 Şam. 1:10, 11). Biraz wagtdan Hanna göwreli bolup, bir ogul dogurýar we onuň adyna Şamuwel dakýar. Çaga süýtden aýrylanda, Hanna ony Hudaýa söz berşi ýaly, çadyra alyp barýar. Ýehowa Hannany janaýamazlyk ruhy üçin patalaýar. Onuň Şamuwelden başga ýene-de bäş çagasy bolýar. Şamuwel bolsa Hudaýyň pygamberi hökmünde saýlanýar we Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryny ýazmaga mynasyp bolýar (1 Şam. 2:21).

Şu günlerem mesihçiler Hanna we Şamuwel ýaly ömrüni Ýaradyjysyna bagyş edýärler. Isa Ýehowa sežde etmek üçin edýän islendik tagallamyzyň bolluk bilen sylaglanjakdygyny wada berdi (Mar. 10:28—30).

I asyrda ýaşan Dorka atly uýa «köp ýagşy işleri edip, garyplara ýardam edýärdi». Ol «syrkawlap, aradan çykanda», ýygnakdakylar gaty gynanýarlar. Şägirtler Petrusyň şol töwerekdedigini eşidenlerinde, ondan gelmegini haýyş edýärler. Petrus Dorkany ölümden direldende, olaryň nähili begenendigini göz öňüne getirip görüň! Bu resullar tarapyndan direldilen ilkinji adamdy (Res. iş. 9:36—41). Hawa, Hudaý Dorkanyň eden ýagşylygyny unutmady (Ýew. 6:10). Onuň sahylyk bilen eden ýagşylygy Hudaýyň Sözünde ýazylyp, bize görelde bolup hyzmat edýär.

Pawlus resul hem hakyky sežde üçin wagtyny gysganman sarp etmek bilen, ajaýyp görelde galdyrdy. Ol Korinfdäki doganlara ýazan hatynda: «Maňa gezek galsa, bar zatlarymy, özümi-de siziň ugruňyzda höwes bilen harçlaryn» diýdi (2 Kor. 12:15). Pawlus başgalara kömek etmek üçin özünden geçmegiň kanagat berýändigine, iň wajyby bolsa, Ýehowanyň berekedini we razylygyny gazanýandygyna düşünýärdi (Res. iş. 20:24, 35).

Görşümiz ýaly, Patyşalygyň bähbidini ileri tutmak we imandaşlarymyza kömek etmek üçin wagtymyzy hem-de güýjümizi sarp edenimizde, Ýehowa örän begenýär. Eýsem, wagyz işini goldamagyň başga-da usullary barmy? Elbetde! Biz pul sadakalaryny bermek bilen, Hudaýa diňe bir söýgimizi däl, eýsem, ony hormatlaýandygymyzy görkezip bileris. Berilýän sadakalar bütindünýä wagyz işini, missionerleri we ýörite pionerleri goldamak üçin ulanylýar. Şeýle-de olar edebiýatlary, wideolary taýýarlamak, betbagtçylyk bolan ýerlerde kömek etmek, Ýygnak jaýlaryny gurmak üçin harçlanýar. Biz «sahy adamyň bereket tapjakdygyna» şübhelenmän bileris. Galyberse-de, gymmat saýýan zatlarymyzy Ýehowa bagyş etmek bilen, ony şöhratlandyrýarys (Sül. tym. 3:9; 22:9).

Bütindünýä wagyz işi üçin nädip sadaka berilýär?

Pawlus resulyň günlerinde bolşy ýaly, şu günlerem köpleri «göwnünden çykaranyny aýryp goýýarlar» we ony ýygnagyndaky «Bütindünýä wagyz işi üçin sadaka» diýen guta atýarlar (1 Kor. 16:2). Ýygnaklar her aý berilýän bu sadakalary Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli filialyna ýollaýarlar. Şeýle-de sadakany ýurduňyza gözegçilik edýän filiala özüňiz hem ugradyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin salgyny www.jw.org saýtyndan tapyp bilersiňiz. Aşakda filiala ugradyp bolýan sadakalaryň käbir görnüşleri görkezilýär.

FILIAL BILEN HABARLAŞMAN BERILÝÄN SADAKALAR

  • Bankyň üsti bilen debet ýa-da kredit karty arkaly sadaka berip bolýar. Käbir filiallarda şunuň ýaly sadakalary www.jw.org ýa-da şu maksat üçin döredilen saýt arkaly berip bolýar.

  • Pul sadakalary. Şeýle sadakalaryň ýany bilen meýletin berýändigiňizi tassyklaýan gysgaça haty filiala ugradyň.

FILIAL BILEN HABARLAŞYP BERILÝÄN SADAKALAR

Aşakda Patyşalygyň işlerini goldamak üçin berip bolýan sadakalaryň sanawy getirilýär. Eger siz şeýle sadakalary bermekçi bolsaňyz, onda ilki ýurduňyza gözegçilik edýän filial bilen habarlaşyň.Her ýurduň kanuny tapawutlanýar, şol sebäpli iň amatly usulyny saýlamak üçin ökde ýuristlere we salgyt maslahatçylaryna ýüz tutuň.

Ätiýaçlandyryş tölegleri. Ömrüňi ýa-da pensiýaňy ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapyň adyny görkezip bilersiňiz.

Bank goýumlary. Bankyň düzgünine laýyklykda, pul goýulýan kitapçaňyzy ýa-da pensiýa depderçäňizi Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapa wesýet edip bilersiňiz.

Aksiýalar we gymmatly kagyzlar. Şeýle resminamalary Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapa sadaka berse ýa-da wesýet etse bolýar.

Gozgalmaýan emläk. Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi sadaka hökmünde Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapa berse bolýar.

Wesýetnama we emlägi dolandyrmak babatda şertnama baglaşmak. Emlägi ýa-da puly Ýehowanyň Şaýatlarynyň wekili bolan ýuridiki tarapa wesýet etse bolýar. Emlägi dolandyrmak babatdaky şertnamada hem onuň ady görkezilmeli. Şeýle şertnama salgyt salynmakda peýdaly bolup biler.

Ýokarda agzalan sadakalary wesýet edýän adam käbir zatlar hakda öňünden pikirlenmeli. Ýehowanyň Şaýatlary tarapyndan alnyp barylýan bütindünýä wagyz işini goldamak isleýän adamlar üçin iňlis we ispan dilinde «Patyşalyk işi üçin sadaka bermegi meýilleşdirmek» («Charitable Planning to Benefit Kingdom Service Worldwide») diýen broşýura çap edildi. Onda sadaka bermegiň usullary, şol sanda wesýetnamany dogry ýazmak barada maglumat berilýär. Ýurtlaryň salgyt we beýleki kanunlary tapawutlanýandygy üçin, broşýuradaky käbir maglumatlar siziň ýagdaýyňyza gabat gelmezligi mümkin. Şeýle usullar biziň dini we ynsanperwerlik işimizi goldamak isleýän adamlara salgyt salynmak meselesinde kömek edip biler. Eger bu broşýura siziň ýurduňyzda elýeterli bolsa, ony Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli ýygnagynyň kätibinden alyp bilersiňiz.

Köpräk bilmek üçin jw.org saýtymyzdaky esasy sahypalaryň aşagynda görkezilen «Bütindünýä wagyz işi üçin sadaka bermek» diýen salga girip bilersiňiz. Şeýle-de ýurduňyza gözegçilik edýän filiala ýüz tutup bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş