TERJIMEHAL
Ýehowa ähli zady başarýandyr
BIR gezek aýalym Maýrambibi awtobusda barýarka, kimdir biriniň «ölüm gaýdyp bolmaz, hatda ölen adamlar hem direler» diýen sözlerini eşidýär. Bu sözler aýalymy gaty gyzyklandyrýar we ol köpräk bilmek isleýär. Awtobus duralga baryp, içindäki adamlar düşüp ugranda, ol ýaňky aýalyň yzyndan ylgaýar. Onuň ady Apun Mämbetsadykowady we ol Ýehowanyň Şaýadydy. Şol döwürde Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürrüňdeş bolmak örän howpludy. Emma biziň ol aýaldan eşiden habarymyz durmuşymyzy düýbünden üýtgetdi.
IR ERTIRDEN GIÇ AGŞAMA ÇENLI IŞLEÝÄRIN
Men 1937-nji ýylda Gyrgyzystanyň Tokmok şäheriniň golaýynda ýerleşýän kolhozda dünýä indim. Maşgalamyz gyrgyz bolansoň, biz gyrgyz dilinde gepleýärdik. Enem-atam daýhandy we ir ertirden giç agşama çenli kolhozda işleýärdi. Olara ýylda diňe bir gezek aýlyk haky tölenilýärdi, galan wagty bolsa iýer-içer ýaly zat berilýärdi. Gyz jigim ikimiziň aladamyzy etmek ejeme aňsat däldi. Bäşinji klasy tamamlap, menem kolhozda günuzyn işläp başladym.
Teskeý Ala-Too daglyk ýerleri
Biziň obamyzda adamlar gaty hor ýaşaýardy; daýhançylyk bilen meşgullanmak hem bar güýjüňi alýardy. Men ýaş bolansoň, ýaşaýşyň manysy we gelejek barada känbir pikirlenmeýärdim. Ýehowa Hudaý we onuň niýetleri baradaky ajaýyp hakykatlaryň durmuşymy düýpgöter üýtgeder diýip asla pikirem etmeýärdim. Gyrgyzystana ajaýyp hoş habary kimiň getirendigi we nädip ýaýrandygy sizi örän gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bar zat meniň ýaşaýan obamdan, ýagny Gyrgyzystanyň demirgazyk böleginden başlapdy.
SÜRGÜN EDILENLER HAKYKATY GETIRÝÄR
Ýehowa Hudaý baradaky hakykat Gyrgyzystana 1950-nji ýyllarda gelipdi; ol kommunistik taglymaty ýeňmelidi. Näme üçin? Sebäbi şol wagtlar Gyrgyzystan SSSR-e degişlidi. Bütin SSSR-de Ýehowanyň Şaýatlary syýasy meselelerde bitaraplygyny saklaýardy (Ýah. 18:36). Şonuň üçin olar kommunistleriň duşmany hökmünde ýowuz yzarlanýardy. Emma hiç hili taglymat Hudaýyň Sözüniň akýürekli adamlaryň ýüregine täsir etmegine päsgel berip bilmez. Durmuşymda öwrenen iň gymmatly zatlarymyň biri — bu Ýehowanyň «ähli zady başarýandygyna» göz ýetirmegimdir (Mar. 10:27).
Emil Ýansen
Yzarlamalaryň netijesinde hoş habar Gyrgyzystana gelip ýetdi. Näme üçin şeýle diýse bolýar? Sibir SSSR-iň çägine degişlidi; tussag edilen adamlary ol ýere sürgün edýärdiler. Boşan tussaglaryň köpüsi Gyrgyzystana geldiler. Olaryň käbiri bolsa Ýehowanyň Şaýatlarydy. Sürgün edilen Emil Ýansen atly Ýehowanyň Şaýady 1919-njy ýylda Gyrgyzystanda doglupdy. Ony zähmet lagerine ugradanlarynda, Ýehowanyň Şaýatlary bilen tanyşýar. Ol şol ýerde hakykaty kabul edip, 1956-njy ýylda öýüne dolanýar. Emil biziň obamyzyň golaýyndaky Sokulukda ýaşap başlaýar. 1958-nji ýylda Gyrgyzystan boýunça birinji ýygnak şol ýerde döreýär.
Wiktor Winter
Takmynan bir ýyldan Sokuluga Wiktor Winter dogan göçüp gelýär. Bu wepaly dogan hakykat üçin köp kynçylyklary başdan geçiripdi. Ony ilki üç ýyldan iki gezek, soňra on ýyla türmä basýarlar. Ahyrynda-da bäş ýyl sürgünde bolýar. Şeýle yzarlamalar hakyky seždäniň ýaýramagyna päsgel berip bilmedi.
HAKYKATYŇ ÝAÝRAMAGY
Eduard Warter
1963-nji ýylda Gyrgyzystanda takmynan 160 sany Ýehowanyň Şaýady bardy; olaryň köpüsi nemes, ukrain we rusdy. Olaryň arasynda Eduard Warter dogan hem bardy. Ol 1924-nji ýylda Germaniýada suwa çümdürilipdi. 1940-njy ýyllarda faşistler ony konslagere, birnäçe ýyldan bolsa SSSR-däki kommunistler sürgüne iberýär. 1961-nji ýylda bu wepaly dogan biziň obamyza golaý ýerleşýän Kant şäherine göçüp gelýär.
Elizabet Fot; Aksamaý Sultanalyýewa
Elizabet Fot atly Ýehowanyň wepaly gullukçysy hem Kant şäherinde ýaşaýardy. Ol tikinçilik bilen meşgullanyp, gününi görýärdi. Elizabet işine ökde bolansoň, lukmanlar we mugallymlar ýaly abraýly adamlar oňa egin-eşik tikdirýärdi. Bir gezek onuň ýanyna adamsy prokuraturada işleýän Aksamaý Sultanalyýewa diýen aýal köýnek tikdirmäge gelýär. Aksamaý Elizabete ýaşaýşyň manysy we ölen adamlaryň ýagdaýy barada köp soraglary berýär. Elizabet onuň soraglaryna Mukaddes Ýazgylardan jogap berýär. Wagtyň geçmegi bilen, Aksamaý hoş habaryň yhlasly wagyzçysy bolýar.
Nikolaý Çimpoýeş
Şol wagtlar moldowaly Nikolaý Çimpoýeş dogany etrap gözegçisi edip belleýärler. Ol bu gullugy 30 ýyldan gowrak ýerine ýetirýär. Nikolaý dogan-uýalary diňe bir ideg etmek bilen çäklenmän, eýsem, edebiýatlary çap edip, köpeldýärdi. Ol yhlasly bolansoň, derrew hökümet işgärleriniň gözüne ilýär. Şonda Eduard Warter Nikolaýa şeýle maslahat berýär: «Döwlet işgärleri edebiýat barada bir zat sorasa, olary Bruklindäki Baş edaradan alýarys diýip, açyk-aýdyň jogap ber. Özem göni ýüzüne seredip geple. Hiç zatdan gorkma» (Mat. 10:19).
Şol gürrüňdeşlikden biraz wagt geçensoň, Nikolaýy Kantdaky KGB-niň baş edarasyna çagyrýarlar. Ol näme bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «KGB-niň işgäri menden edebiýatlary nireden alýandygymyzy sorady. Men oňa Bruklinden alýandygymyzy aýtdym. Ol näme diýjegini bilmän, meni boşadyp goýberdi we şondan soň maňa jaň etmedi». Şeýle gaýduwsyz Şaýatlaryň kömegi bilen hoş habar meniň ýaşaýan ýerime, ýagny Gyrgyzystanyň demirgazyk tarapyna gelip ýetdi. Şeýdip, 1980-nji ýyllarda meniň maşgalam hem Ýehowa baradaky gymmatly hakykaty eşitdi. Ony ilkinji bolup eşiden aýalymdy.
AÝALYM HAKYKATY DERREW KABUL EDÝÄR
Maýrambibi Gyrgyzystanyň Naryn diýen ýerindendi. 1974-nji ýylyň awgust aýynda ol gyz jigimiň ýanyna gelende, men ony birinji gezek gördüm. Ony gören badyma haladym we biz şol tanşan günümiz toý etdik.
Apun Mämbetsadykowa
Makalanyň başynda gürrüň berşim ýaly, aýalym 1981-nji ýylyň ýanwar aýynda awtobusda bazara barýarka, hakykaty eşidýär. Ol bu barada köpräk bilmek isleýär. Şonuň üçin aýalyň adyny we öý salgysyny soraýar. Ol aýal adynyň Apundygyny aýtsa-da, özüni örän seresaply alyp barýar. Sebäbi 1980-nji ýyllarda-da Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi gadagan edilendi. Apun uýa aýalyma özüniň öý salgysyny bermän, biziň salgymyzy alýar. Şol gün aýalym öýe gelende, begenjinden uçaýjak bolýardy.
Aýalym Maýrambibi şeýle diýdi: «Men ajaýyp zatlary eşitdim. Bir aýal maňa adamlaryň indi ölmejekdigini aýtdy. Hatda ýyrtyjy haýwanlar hem bize zyýan ýetirmezler». Emma aýalymyň aýdýan zatlary meniň üçin erteki ýalydy. Şol sebäpli men oňa: «Gel, ol aýal bize ähli zady jikme-jik düşündirýänçä, garaşaly» diýdim.
Apun uýa üç aýdan soň bizi ideg etdi. Soňra biz Gyrgyzystanda ilkinji bolup Ýehowanyň halkyna goşulan başga-da Şaýatlar bilen tanyşdyk. Olar bize Ýehowa, onuň ilkibaşdaky niýeti barada ajaýyp hakykatlary gürrüň berdiler we «Ýitirilen Jennet dikeldilera» atly kitaby okap berdiler. Tokmokda bu kitabyň diňe bir neşiri bolany üçin, biz ony elde ýazyp göçüripdik.
Biziň ilkinji öwrenen zatlarymyzyň biri Gelip çykyş 3:15-däki pygamberlikdi. Ol Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa arkaly ýerine ýetmelidi. Bu wajyp habary her bir adam eşitmeli! Diýmek, bizem bu habary yglan edýän adamlara goşulmaly (Mat. 24:14). Şeýdip, Mukaddes Ýazgylardaky hakykat biziň durmuşymyzy özgerdip başlady.
GADAGAN EDILEN DÖWRI ÝYGNAKLARA BARÝARYS WE SUWA ÇÜMDÜRILÝÄRIS
Bir gezek Tokmokda ýaşaýan dogan bizi toýa çagyrdy. Ýehowanyň Şaýatlarynyň özüni alyp barşy aýalym ikimiziň ünsümizi derrew özüne çekdi. Toýda spirtli içgiler ýokdy we oturylyşyk parahat ýagdaýda geçýärdi. Ol biziň gatnaşan beýleki toýlarymyzdan düýbünden tapawutlanýardy. Sebäbi olarda içhä-içişlik bolýardy, adamlar özlerini gaty erbet alyp barýardy, paýyş sözleri aýdýardy.
Biz Tokmokda ýygnak duşuşyklaryna hem gatnaşdyk. Eger howa gowy bolsa, duşuşyklar tokaýda geçirilýärdi. Dogan-uýalar polisiýa işgärleriniň yzarlaýandyklaryny bilýärdiler. Şol sebäpli käbir doganlary garawul goýýardylar. Gyşda bolsa öýlerde ýygnanyşýardyk. Polisiýa işgärleri birnäçe gezek ýygnak geçirilýän öýe gelip, biziň näme edýändigimizi biljek boldular. Aýalym Maýrambibi ikimiz 1982-nji ýylyň iýul aýynda Çüý derýasynda suwa çümdürilenimizde, gaty seresap hereket etmeli bolduk (Mat. 10:16). Biz tokaýda ýygnanyşypdyk, doganlar bolsa az-azdan geldiler. Biz Patyşalyk aýdymyny aýtdyk we suwa çümdüriljekler üçin nutugy diňledik.
KÖPRÄK GULLUK ETMEK ÜÇIN ÖZGERIŞLIK EDÝÄRIS
1987-nji ýylda bir dogan menden Balykçy şäherindäki gyzyklanýan adamlary idemegi haýyş etdi. Ol ýere barmak üçin otluda dört sagat ýol sökmelidi. Balykçy şäherine birnäçe gezek wagyz etmäge baranymyzdan soň, gyzyklanýan adamlaryň sany köpelip ugrady. Şeýdip, bizde Ýehowa köpräk gulluk etmäge mümkinçilik döredi.
Aýalym Maýrambibi ikimiz Balykçy şäherine ýygy-ýygydan gidýärdik. Biz ol ýerde birnäçe hepde galyp, wagza çykýardyk we ýygnak duşuşyklaryna barýardyk. Edebiýatlarymyzy okamak isleýän adamlaryň sany birden köpeldi. Biz edebiýatlarymyzy Tokmokdan kartoşka salynýan halta salyp getirýärdik. Her aý getirýän iki halta edebiýatymyz zordan ýetýärdi. Hatda otluda Balykçydan yzymyza gaýdanymyzda hem adamlara şaýatlyk etmäge gowy mümkinçilik bolýardy.
Balykçy şäherine gatnap başlanymyza sekiz ýyl bolanda, ýagny 1995-nji ýylda ol ýerde ýygnak döredi. Şol döwürde Tokmokdan Balykça gatnamak üçin ýola köp pul sarp etmeli bolýardy. Biziň bolsa artyk zadymyz ýokdy. Onda biz puly nireden alýardyk? Bir dogan bize hemişe diýen ýaly pul berýärdi. Ol ýolumyza artygy bilen ýetýärdi. Ýehowa köpräk wagyz etmäge bolan islegimizi görüp, biziň üçin «gögüň penjirelerini... açdy» (Mal. 3:10). Dogrudanam, Ýehowa ähli zady başarýandyr!
ÜNSÜMIZI MAŞGALAMYZA WE GULLUGYMYZA GÖNÜKDIRÝÄRIS
1992-nji ýylda meni Gyrgyzystanda ilkinji ýaşuly edip bellediler. Şeýdip, öýümizdäki ýygnakda, ýagny Tokmok şäherinde täze mümkinçilikler döredi. Biz ýokary okuw jaýynda okaýan köp ýaş gyrgyz talyplary bilen okuw geçýärdik. Olaryň biri häzir filialyň komitetinde, ýene ikisi bolsa ýörite pioner bolup gulluk edýär. Biz ýygnagymyzyň beýleki agzalaryna hem ruhy taýdan kömek etdik. 1990-njy ýyllaryň başlarynda ýygnaklarda öwrenilýän edebiýatlar rus dilindedi. Ýöne ýygnaga gelýän adamlaryň köpüsi öz ene dili bolan gyrgyz dilinde gepleýärdi. Şol sebäpli men aýdylýan zatlary terjime edýärdim. Bu bolsa olara hakykata aňsatlyk bilen düşünmäge kömek etdi.
1989-njy ýylda aýalym we 8 çagam bilen
Maýrambibi ikimiz çagalarymyzy hakykatda terbiýelemäge jan edýärdik. Olary ýanymyz bilen wagza we ýygnak duşuşyklaryna äkidýärdik. 12 ýaşly gyzymyz Gülzira Ýazgylardan öwrenen zatlaryny ýolda geçip barýan adamlara höwes bilen gürrüň berýärdi. Çagalarymyz aýatlary ýat tutmagy gowy görýärdi. Şeýdip, olar we soňra agtyklarymyz ýygnagyň yhlasly wagyzçylary bolup ýetişdi. Biziň 9 çagamyzdan we 11 agtygymyzdan 16-sy ene-atasy bilen Ýehowa gulluk edip, ýygnak duşuşyklaryna barýarlar.
TÄSIN ÖZGERIŞLER
1950-nji ýyllarda biziň ýaşaýan ýerimizde gulluk edip başlan gadyrly dogan-uýalar bolan özgerişleri görüp, haýran galdylar. Meselem, 1990-njy ýyldan başlap, biz hoş habary aç-açan wagyz edip bilýäris we köpçülik bolup arkaýyn ýygnanyşýarys.
Aýalym bilen wagyzda
1991-nji ýylda aýalym ikimiz ilkinji sapar Gazagystanyň Alma-Ata (häzirki Almaty) şäherinde geçirilen kongrese gatnaşdyk. Gyrgyzystanda bolsa ilkinji sapar 1993-nji ýylda Bişkek şäherindäki «Spartak» stadionynda geçirildi. Wagyzçylar kongres geçiriljek ýeri bir hepdeläp arassaladylar. Bu stadionyň başlygyna şeýle bir güýçli täsir etdi welin, ol enjamlary mugt ulanmaga rugsat berdi.
1994-nji ýylda gyrgyz dilinde ilkinji edebiýatyň çap edilmegi hem ýene bir ýatdan çykmajak täsin özgerişlik boldy. Häzir Bişkekdäki filialda gulluk edýän terjimeçiler toparynyň kömegi bilen edebiýatlarymyz gyrgyz diline yzygider terjime edilýär. 1998-nji ýylda bolsa biziň wagyz işimiz Gyrgyzystanda kanun taýdan resmileşdirildi. Şondan bäri Şaýatlaryň sany has-da artdy. Häzir Gyrgyzystanda 5 müňden gowrak wagyzçy, 83 ýygnak we hytaý, iňlis, gyrgyz, rus, rus dilindäki lal, türk, uýgur hem-de özbek dillerinde 25 sany topar bar. Bu dürli milletden bolan söýgüli dogan-uýalarymyz bir agzybir maşgala ýaly Ýehowa gulluk edýärler. Hawa, bu täsin özgerişleriň hemmesi diňe Ýehowanyň kömegi bilen boldy.
Ýehowa meniňem durmuşymy özgertdi. Men sada daýhan maşgalasynda önüp-ösdüm we bary-ýogy 5 klas bilimim bar. Emma Ýehowa maňa ýygnak ýaşulusy bolup gulluk etmäge we özümden has bilimli adamlara Ýazgylardaky gymmatly hakykaty öwretmäge mümkinçilik berdi. Dogrudanam, Ýehowa täsin zatlary edýär. Bu meni mundan beýläk-de Ýehowa barada wepaly şaýatlyk etmäge höweslendirýär. Sebäbi Ýehowa üçin «ähli zat mümkindir» (Mat. 19:26).
a Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşiri, häzir ol çap edilmeýär.