Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w19 Mart sah. 29—31
  • Ýehowa siziň «omyn» sözüňizi gymmat saýýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa siziň «omyn» sözüňizi gymmat saýýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «ÄHLI HALK „OMYN!“ DIÝSIN»
  • «TUTUŞ HALK „OMYN“ DIÝIP, REBBI ŞÖHRATLANDYRDY»
  • NÄME ÜÇIN «OMYN» DIÝÝÄRIS?
  • Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • «Dilegleriňizi... Hudaýa bildiriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
w19 Mart sah. 29—31
Dogan-uýalar ýygnakda doga etmek üçin başyny egýärler

Ýehowa siziň «omyn» sözüňizi gymmat saýýar

ÝEHOWA biziň seždämizi örän gymmat saýýar. Ol gullukçylarynyň aýdýan zatlaryny «üns berip diňleýär» we nähili ujypsyz hem bolsa, olaryň her biriniň edýän tagallasyny gymmat saýýar (Mal. 3:16). Mysal üçin, günüň dowamynda ençeme gezek aýdýan bir sözümizi, ýagny «omyn» sözüni alyp göreliň. Eýsem, Ýehowa biziň aýdýan bu ýönekeý sözümizi hem gymmat saýýarmy? Hawa, ol muny juda gymmat saýýar. Munuň sebäbine düşünmek üçin, geliň, şol sözüň näme aňladýandygyny we Mukaddes Ýazgylarda ol hakda näme diýilýändigini bileliň.

«ÄHLI HALK „OMYN!“ DIÝSIN»

Ýewreý dilinden terjime edilen «omyn» diýen söz «goý şeýle bolsun» ýa-da «hakdyr» diýmegi aňladýar. Bu söz ýewreýçe «wepalylyk» hem «ynamdar» diýen sözlerden gelip çykýar. Käte ol kazyýet bilen bagly meselelerde ulanylýardy. Meselem, adam bir zady söz berende, aýdýanlarynyň dogrudygyny tassyklamak hem-de sözüni berjaý etmedik ýagdaýynda özüne garşy aýdylan zatlar bilen ylalaşýandygyny görkezmek üçin «omyn» diýmelidi (San. 5:22). Ol köpçüligiň öňünde «omyn» diýende, beren wadasyna hasam jogapkär hasaplanýardy (Neh. 5:13).

Kanun taglymaty kitabynyň 27-nji babynda «omyn» sözüniň haýsy ýagdaýlarda aýdylandygy görkezilen. Ysraýyllylar Wada edilen diýara girensoň, olar Eýbal bilen Gerizim dagynyň aralygynda Kanundaky sözleri eşitmek üçin ýygnanyşypdylar. Olar Kanuny diňe bir diňlemän, eýsem, ondaky ýazylan zatlary kabul edýändiklerini hem biragyzdan yglan etdiler. Kanunda aýdylanlara gulak asmaýan adama garşy aýdylan her bir näleti «Omyn!» sözi bilen tassykladylar (Kan. tag. 27:15—26). Müňlerçe erkekdir aýallaryň we çagalaryň batly ses bilen şeýle diýendiklerini göz öňüne getiriň! (Ýeş. 8:30—35). Elbetde, olar şol gün aýdan sözlerini hiç wagt ýadyndan çykaran däldir. Şol ysraýyllylar beren wadasynda durdular. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýeşuwanyň ýaşan döwründe ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi. Ýeşuwadan soň ýaşap, Rebbiň Ysraýyla eden ähli ägirt işlerini gözi bilen gören garrylaryň döwründe-de ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi» diýilýär (Ýeş. 24:31).

Isa-da aýdýanlarynyň dogrudygyny tassyklamak üçin, «omyn» diýýärdi, ýöne ol muny üýtgeşik usul bilen edýärdi. Ol şol bir zady gaýtalap durman, «omyn» (ýagny «dogrusyny aýdýaryn») diýýärdi. Käte bolsa, ol «omyn» sözüni iki gezek gaýtalap aýdýardy (Mat. 5:18; Ýah. 1:51). Şeýdip, ol aýdýanlarynyň hakykatdygyny görkezýärdi. Isanyň şeýle diýmäge doly haky bardy, sebäbi Hudaýyň ähli wadalary ol arkaly berjaý bolmalydy (2 Kor. 1:20; Ylh. 3:14).

«TUTUŞ HALK „OMYN“ DIÝIP, REBBI ŞÖHRATLANDYRDY»

Ysraýyllylar Ýehowany şöhratlandyranlarynda we oňa doga edenlerinde, «omyn» diýýärdiler (Neh. 8:6; Zeb. 41:13). Muny diňleýän adamlar hem aýdylanlar bilen razylaşýandygyny görkezmek üçin «omyn» diýýärdi. Şeýdip, olaryň ählisi agzybirlikde Ýehowa sežde edýändiklerini görkezýärdi. Dawut patyşa Ýehowanyň äht sandygyny Iýerusalime getirende hem şeýle bolupdy. Bu wakanyň yzysüre başlanan baýramçylykda ol Ýehowany şöhratlandyryp, ýürekden doga edipdi. Dawudyň bu dogasy 1 Ýyl ýazgylary 16:8—36-njy aýatlarda nagma hökmünde ýazylan. Şonda ýygnanan märeke Dawudyň «tutuş halk „Omyn“ diýsin» diýen sözlerini ýürekden kabul edip, Ýehowany şöhratlandyrdy. Hawa, olar şol gün Ýehowa agzybirlikde sežde etmek isleýändiklerini aýan etdiler.

I asyrdaky mesihçiler hem Ýehowa sežde edenlerinde, «omyn» diýen sözi ulanýardylar. Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar hatlarynda köplenç «omyn» sözüni agzap geçýär (Rim. 1:25; 16:27; 1 Pet. 4:11). Ylham kitabynda hatda gökdäki perişdeleriň hem Ýehowany şöhratlandyryp: «Omyn! Ýahy şöhratlandyryň!» diýýändikleri aýdylýar (Ylh. 19:1, 4). I asyrdaky mesihçiler ýygnakda doga edilensoň, köplenç «omyn» diýýärdiler (1 Kor. 14:16). Emma olar bu sözüň manysy hakda oýlanman aýtmaýardy.

NÄME ÜÇIN «OMYN» DIÝÝÄRIS?

Hudaýyň halkynyň taryhyna ser salyp, biz doga edilenden soň, aýdylýan «omyn» sözüniň çuň manysynyň bardygyna göz ýetirdik. Biz ýekelikde doga edenimizden soň, «omyn» diýenimizde, aýdan zatlarymyzyň hakykatdygyny we ähmiýetlidigini görkezýäris. Köpçülikde doga edilende bolsa, hatda içimizden «omyn» diýsek-de, dogadaky ýürekden aýdylan sözlere goşulýandygymyzy aýan edýäris. Geliň, «omyn» diýmegiň ýene näme üçin wajypdygyna seredeliň.

Ünsümizi Ýehowa edýän seždämize gönükdirýäris. Doga Ýehowa edýän seždämiziň bir bölegi hasaplanýar. Doga edilenden soň, «omyn» diýmek bilen, biz aýdylýan sözler bilen razylaşýandygymyzy görkezýäris. Ýöne dogany ünsli diňlemek bilen hem Ýehowa sežde edýändigimizi görkezýäris. Şol sebäpli ýürekden «omyn» diýip biler ýaly, biz ünsümizi dogada aýdylýan zatlara gönükdirmeli.

Agzybir sežde edýändigimizi görkezýäris. Köpçülikleýin edilýän doga ünsümizi ýygnakda aýdyljak zatlara gönükdirmäge kömek edýär (Res. iş. 1:14; 12:5). Haçanda biz imandaşlarymyz bilen biragyzdan «omyn» diýenimizde, agzybirligimizi hasam berkidýäris. Şol sebäpli daşymyzdan ýa-da içimizden «omyn» diýsek-de, agzybirlikde haýyş edýändigimizi görkezýäris. Bu bolsa şol haýyşymyzy bitirmäge Ýehowa esas berýär.

Uýamyz ýygnagy telefon arkaly diňlese-de, doga edilende başyny egýär

Biziň aýdýan «omyn» sözümiz Ýehowany şöhratlandyrýar

Ýehowany şöhratlandyrýarys. Ýehowa hakyky seždäni goldamak üçin edýän ujypsyz zatlarymyza hem üns berýär (Luka 21:2, 3). Ol biziň ýüregimize we niýetimize seredýär. Biz hatda ýygnagy telefon ýa-da başga usul bilen diňlemeli bolsak-da, pesgöwünlilik bilen aýdýan «omyn» sözümiziň Ýehowanyň nazaryndan sypmaýandygyna ynamly bolup bileris. Hawa, «omyn» diýmek bilen, biz Ýehowany agzybirlikde şöhratlandyrýarys.

Dogrudan-da, biziň aýdýan «omyn» sözümiziň känbir ähmiýeti ýok ýaly bolup görünse-de, onuň çuň manysy bar. Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Bu sözi aýtmak bilen Hudaýyň gullukçylary Oňa bolan ynamynyň we ýüregindäki umydynyň berkdigini görkezýärler». Hawa, goý, biziň aýdýan her bir «omyn» diýen sözümiz Ýehowanyň göwnünden tursun (Zeb. 19:14).

BIZ HEMIŞE «OMYN» DIÝMELIMI?

Biz «omyn» sözüne ýöne bir ähmiýetsiz zat hökmünde garamaýarys. Ýöne aýdaly, biri dogasynda nädogry bir zat aýdýar. Şeýle ýagdaýda biz «omyn» diýmän durmalymy? Elbetde, ýok. Ýehowa ählimiziň geplänimizde ýalňyşýandygymyzy bilýär we olara üns berip durmaýar. Şonuň üçin kimdir biri doga edende, çendenaşa tankytçyl bolman, adamyň ýürekden aýdýan sözlerine üns bersek, «omyn» diýmäge gorkmarys.

Ýöne şol bir wagtyň özünde Ýehowa gulluk etmeýän adam doga-dileg edende, biz daşymyzdan ýa-da içimizden «omyn» diýmeýäris. Ýöne şeýle adam ýanyňyzda doga etse näme? Meselem, toýa ýa başga bir ýere baranyňyzda dünýewi biri Hudaýa dileg etse näme etmeli? Ýa-da Ýehowa gulluk etmeýän maşgalabaşy doga etse näme edip bilersiňiz?

Şeýle ýagdaýda biz ýöne sesimizi çykarman durup bileris we olara hormat goýýandygymyzy görkezeris. Biz «omyn» diýmeris ýa-da el galdyrmarys. Ýogsam, olaryň edýän dogasyny goldadygymyz bolar. Biz içimizden Ýehowa doga edip bileris. Ýöne daşymyzdan «omyn» diýmesek gowy bolar. Sebäbi şeýle ýagdaýda olaryň edýän dogasyny goldaýan ýaly bolup görünmegi mümkin. Eger oturanlar ýerinden tursalar, bizem ýerimizden turmalymy ýa-da turmaly däldigini özümiz çözüp bileris. Ýeriňden turmak ýa-da başyňy egip durmak olaryň seždesine goşulýandygyňy aňlatmaýar. Şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigini her bir mesihçiniň özi çözýär we hiç kim ony eden hereketi üçin ýazgarmaly däl.

Ýokarda agzalan ýagdaýlar biziň «omyn» diýen sözümiziň Ýehowa üçin wajypdygyny aýan edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş