TERJIMEHAL
Ýehowanyň patasy göz öňüme getirişimden hem üýtgeşik boldy
«MEN pioner bolmaly. Ýöne pioner gullugy maňa şatlyk berermi?» Şeýle pikirler meni biynjalyk edýärdi. Men işimi gaty gowy görýärdim. Men Afrikanyň Dar-es-Salam, Elizabetwil we Asmara ýaly şäherlerine Germaniýadan iýmit daşaýardym. Ýöne Afrikada Ýehowa uzak wagtly gulluk ederin diýip, ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi.
Biynjalyk edýän pikirlerimi bir gyra goýup, pioner gullugyna başlanymda, öňümde hiç haçan pikir etmedik gapym açyldy (Efes. 3:20). Ýöne siz bu nähili beýle bolduka diýýänsiňiz. Geliň, men size başyndan gürrüň bereýin.
Men 1939-njy ýylda Germaniýanyň Berlin şäherinde II Jahan urşunyň başlanyna birnäçe aý geçensoň, dünýä indim. 1945-nji ýylda urşuň gutarmagyna biraz wagt galanda, Berlin şäherini bombalap başladylar. Bir gezek biziň ýaşaýan köçämizi hem bombaladylar. Şonda biz maşgalamyz bolup gizlendik. Soňra ejemiň dogduk şäheri Erfurda gitdik. Sebäbi ol ýerde bize howp abanmaýardy.
Ejem, kakam we gyz jigim bilen Germaniýada (1950-nji ýyl)
Ejemiň hakykaty bilesi gelýärdi. Ol filosoflaryň ýazan kitaplaryny okaýardy we hakykaty her dürli dinden gözleýärdi. Ýöne soraglaryna jogap tapmaýardy. 1948-nji ýylda öýümize iki sany Ýehowanyň Şaýady geldi. Ejem olary öýümize saldy-da, üstlerine sorag baryny ýagdyryp başlady. Bary-ýogy bir sagat geçmänkä, ejem jigim ikimize: «Men hakykaty tapdym!» diýdi. Şeýdip, biraz wagtdan ejem, men we jigim Erfurtdaky ýygnaga gatnap başladyk.
1950-nji ýylda biz Berline dolandyk we şol ýerdäki «Berlin-Kroýsberg» atly ýygnaga gatnap başladyk. Soňra ýene başga ýere göçdük we «Berlin-Tempelhof» ýygnagyna gatnap başladyk. Wagtyň geçmegi bilen, ejem suwa çümdürildi. Emma men muňa heniz taýyn däldim. Näme üçin?
ÇEKINJEŇLIGIMI ÝEŇIP, HÖWESIMI ARTDYRÝARYN
Çekinjeň bolandygym üçin, Ýehowa köpräk gulluk edip bilmeýärdim. Wagza çyksam-da, iki ýyllap hiç kime wagyz edip görmändim. Emma batyrgaýlygyny we Ýehowa wepalylygyny görkezen dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanymda, ähli zat başgaça boldy. Şol dogan-uýalaryň käbiri faşistleriň konslagerinde, käbiri bolsa Germaniýanyň türmesinde oturypdy. Käbiri janyny howp astyna salyp, gizlinlikde edebiýatlarymyzy daşaýardy. Olaryň göreldesi maňa örän güýçli täsir etdi. Men öz-özüme: «Eger olar Ýehowa we dogan-uýalar üçin janyny hem-de azatlygyny orta goýan bolsa, onda men çekinjeňligim bilen hökman göreşmeli» diýdim.
1955-nji ýylda ýörite wagyz kampaniýasyna gatnaşamsoň, özümi hasam ynamly duýup başladym. «Habarçyda»a Neýtan Norr doganyň haty bardy; onda bu wagyz kampaniýasynyň taryhda iň uly kampaniýa bolmalydygy aýdylýardy. Norr dogan eger hemme wagyzçylar muny goldasa, onda «bu bütin dünýäde hoş habaryň uly möçberde wagyz edilen ýatdan çykmajak aýy bolar» diýdi. Bu, dogrudanam, şeýle boldy. Şondan köp wagt geçmänkä, men özümi Ýehowa bagyş etdim. 1956-njy ýylda bolsa, kakam we gyz jigim bilen bile suwa çümdürildim. Ýöne soňra men başga bir wajyp karara gelmeli boldum.
Köp ýyllaryň dowamynda pioner gullugyna başlamalydygymy bilsem-de, muny soňa goýýardym. Başda men Berlinde işläp, harytlary alyp-satmagy öwrenmegi ýüregime düwdüm. Soňra bu işde köpräk tejribe toplamak isleýärdim. Şonuň üçin 1961-nji ýylda Germaniýanyň gämi gatnawly uly şäherleriniň biri Gamburgda işimi ýola goýdum. Ýöne işime näçe köp wagt sarp etdigimçe, şonça-da pioner gullugyna başlamak maksadym yza tesýärdi. Maňa işime dümtünip ýörmezlige näme kömek etdi?
Men Ýehowanyň doganlar arkaly Özüne gulluk etmegiň has wajypdygyna düşünmäge kömek edendigi üçin köp minnetdar. Birnäçe dostum pioner gullugyna başlap, maňa ajaýyp görelde görkezdi. Şeýle-de konslagerde bolan Erik Mundt dogan meni Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi. Ol: «Konslagerdäki doganlaryň käbiri özüne bil baglandygy üçin ruhy taýdan gowşady. Ýöne Ýehowa doly bil baglanlar imanda berk durdular we ýygnagyň diregi boldy» diýdi.
Pioner gullugyna başlanymda (1963-nji ýyl)
Soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolan Martin Pýotsinger dogan hem doganlary hemişe ruhlandyryp durýardy. Ol: «Batyrgaýlyk — bu siziň iň gerekli zadyňyz» diýerdi. Bu ruhlandyryjy sözlerden soň, men işimi goýup, 1963-nji ýylyň iýun aýynda pioner gullugyna başladym. Bu meniň durmuşymda gelen iň gowy kararlarymyň biri boldy. Şondan bary-ýogy iki aý geçensoň, özüme heniz täze iş tapmankam, maňa ýörite pioner bolmagy teklip etdiler. Birnäçe ýyldan soň bolsa Ýehowa maňa ýene bir garaşmadyk sowgadymy taýýarlapdyr. Meni Gilead mekdebiniň 44-nji klasynda okamaga çagyrdylar.
GILEADDA ÖWRENEN GYMMATLY SAPAGYM
Gilead mekdebindäki sapaklaryň birinde: «Derrew ýan bermäň!» diýip maslahat berildi. Neýtan Norr we Laýman Suingl dogan köplenç bu sözleri gaýtalardy. Olar bizi gullugymyzda nähili kynçylyk bolaýanda-da, ýan bermezlige höweslendirýärdi. Bir gezek Neýtan Norr dogan: «Siz nämä üns berersiňiz: Hapaçylyga, garyplyga we bir giden mör-möjekleremi ýa-da owadan agaçlara, güllere hem-de daş-töweregiňizdäki güler ýüzli adamlara? Hawa, adamlary söýmegi öwreniň!» diýdi. Suingl dogan bolsa bir sapar bir wakany gürrüň berdi. Ol käbir doganlaryň gullugyny näme üçin derrew bes edendigini aýtdy. Şonda onuň gözüne ýaş aýlanyp, özüni saklap bilmedi. Biraz köşeşýänçä, ol hatda çykyşyny az wagtlyk goýmaly hem boldy. Men muňa diýseň geň galdym we Mesihi hem-de onuň doganlaryny gynandyrmazlygy berk ýüregime düwdüm (Mat. 25:40).
Kloud we Genrih dogan bilen Lubumbaşide missioner bolup gulluk eden mahalym (1967-nji ýyl)
Bizi gulluk etjek ýerlerimize bellänlerinde, beýtelçileriň käbiri nirä bellenendigimizi bilesigelijilik bilen sorap başladylar. Haçanda her kim öz bellenen ýurduny aýdanda, olar begenişip, guş bolup uçaýjak bolýardy. Ýöne men Konga bellenendigimi aýdanymda, dym-dyrslyk boldy. Olar: «Wiý, Kongomy... Ýehowa güýç bersin-dä» diýdiler. Şol döwürler täzeliklerde Kongoda (Kinşasa) uruş gidip durandygy we adamlaryň bir-birini zalymlyk bilen öldürýändigi habar berilýärdi. Ýöne men Gilead mekdebinde öwrenen zatlarymy hiç ýadymdan çykarmaýardym. Gilead mekdebini tamamlanymyzdan biraz wagt geçensoň, ýagny 1967-nji ýylyň sentýabrynda meni Genrih Denbostel we Kloud Lindsaý dogan bilen Kongonyň paýtagty Kinşasa şäherine bellediler.
MISSIONERLERE TÄLIM BERILÝÄN MEÝDANÇA
Kinşasa baranymyzdan soň, biz üç aýlap fransuz dilini öwrendik. Soňra Lubumbaşi (öňki ady Elizabetwil) şäherine gitdik. Ol Kongonyň günortasynda Zambiýanyň serhedine golaý ýerleşýärdi. Biz şäheriň merkezinde ýerleşýän missionerler öýüne bardyk.
Lubumbaşiniň käbir ýerlerinde heniz wagyz edilmändi. Şonuň üçin biz şol ýerdäki adamlara ilkinji bolup hakykaty aýdýarys diýip begenişýärdik. Soňabaka okuw geçmäge isleg bildirýän adamlaryň köplüginden ýaňa biz ýetişmän başladyk. Biz öň hökümetde ýa polisiýada işlän adamlara hem wagyz edýärdik. Olaryň köpüsi Hudaýyň Sözüne we wagyz işimize çuňňur hormat goýýardy. Adamlaryň köpüsi suahili dilinde gepleýärdi. Şonuň üçin Kloud Lindsaý dogan ikimiz şol dili öwrenip başladyk. Biraz wagtdan bizi suahili dilindäki ýygnaga bellediler.
Biz köp gyzykly wakalary başdan geçirdik. Ýöne kynçylyklaram bolýardy. Biz köplenç eli ýaragly hem içgili esgerlere, şeýle-de gaharjaň polisiýa işgärlerine duşýardyk. Olar bize ýalan töhmet ýapjak bolýardy. Bir gezek ýygnak bolup durka, elleri ýaragly birtopar polisiýa işgärleri geldi. Bizi polisiýa bölümine äkitdiler. Ol ýerde bizi hapa ýerde agşam sagat 10-a çenli saklap, soňra goýberdiler.
1969-njy ýylda meni etrap gözegçisi edip bellediler. Meniň idemeli territoriýama Afrikanyň jeňňellik ýerleri degişlidi. Käwagt men palçykly ýodajyklardan we uly otlaryň arasyndan geçmeli bolýardym. Bir gezek men bir obada galmaly boldum. Şonda krowadymyň aşagyna jüýjeleri bilen bir towuk giripdir. Ol gygyryp, daň bilen ukudan oýardy. Muny hiç haçan ýadymdan çykarmaryn. Gijelerine doganlar bilen oduň başynda ýygnanyşyp, Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlary paýlaşan pursatlarym hiç göz öňümden gidenok.
Iň uly kynçylyklaryň biri aramyzda ýalan mesihçiler bardy. Olar Kitawalab atly topary goldaýardy. Olaryň käbiri hatda ýygnakda jogapkärli borçlary hem ýerine ýetirýärdi. Ýöne bu «suwuň astynda ýatan gaýalar» berk imanly dogan-uýalara täsir edip bilmedi (Ýahd. 12). Ahyrsoňy, Ýehowa ýygnagy arassalady we köp adamlar hakykata geldi.
1971-nji ýylda meni Kinşasadaky filialda gulluk etmäge çagyrdylar. Ol ýerde men dürli borçlary ýerine ýetirýärdim. Hatlar bölümi, edebiýatlary sargyt etmek we wagyz gullugy bilen bagly işleri edýärdim. Beýtelde gulluk edip, men köp zatlaryň guramaçylykly gurnalmadyk şeýle uly döwletinde wagyz işimizi nädip ýola goýmalydygyny öwrendim. Käwagt poçta arkaly ýygnaklara iberýän hatlarymyz birnäçe aýlap barmaýardy. Olar başda samolýotda, soňra birnäçe hepdeläp gamyşlaryň arasyndan ýüzýän gämide ýatýardy. Ýöne şeýle kynçylyklara garamazdan, wagyz işimiz öňe barýardy.
Doganlaryň kän puly bolmasa-da, uly kongresleri gurnamagy meni hasam haýran galdyrýardy. Olar çykyş etjek doganlaryň durjak ýerini taýýarlamak üçin sary garynjanyň öýüni ulanýardylar, uzyn-uzyn gamyşlardan bolsa diwar we oturar ýaly ýer ýasaýardylar. Esasy sütünleri hem diregleri bambuk agajyndan edýärdiler. Üçegi we stollary bolsa gamyşdan ýasaýardylar. Agajyň gabygyny bolsa berkitme hökmünde ulanýardylar. Ýadamany bilmeýän we ugurtapyjy dogan-uýalara men gaty guwanýardym. Men olaryň hemmesini ýürekden gowy görýärdim. Täze borç berlendigi üçin başga ýurda gitmeli bolanymda, olardan aýrylasym gelmedi.
KENIÝADA GULLUK EDEN ÝYLLARYM
1974-nji ýylda meni Naýrobidäki (Keniýa) filiala geçirdiler. Filialda iş gaty köpdi. Sebäbi bu filial 10 sany goňşy döwletlere-de gözegçilik edýärdi, olaryň käbirinde wagyz işimiz gadagan edilendi. Men birnäçe gezek şol döwletlere gidipdim. Esasanam, imandaşlarymyzyň güýçli yzarlamalara duçar bolýan ýurdy Efiopiýa köp gidýärdim. Şol ýerdäki dogan-uýalaryň köpüsi ýowuz garşylyklara duçar bolýardy. Olary türmä basýardylar, hatda öldürilenlerem bardy. Emma olar şeýle kynçylyklara garamazdan, synaglarda berk durdular. Sebäbi olaryň Ýehowa hem-de birek-birek bilen dostlugy gaty berkdi.
1980-nji ýylda durmuşymda begençli waka boldy. Men asly kanadaly Geil Mateson atly uýa öýlendim. Biz onuň bilen Gilead mekdebinde bile okapdyk we köp wagtlap bir-birimiz bilen hat alyşýardyk. Ol Boliwiýada missioner bolup gulluk edýärdi. 12 ýyldan soň biz ýene-de Nýu-Ýorkda görüşdik. Şondan biraz wagt geçensoň, Keniýada toý etdik. Men Geiliň ruhy garaýşyny we baryna kaýyl bolup ýaşaýandygyny örän gymmat saýýaryn. Häzire çenli ol meniň iň gowy kömekçim hem dostum.
1986-njy ýylda Geil ikimiz etrap gözegçilik gullugyna başladyk. Şol wagt men filialyň komitetinde hem gulluk edýärdim. Biz Keniýadaky filiala degişli köp ýurtlara aýlandyk.
Asmarada kongresde çykyş edýärin (1992-nji ýyl)
1922-nji ýylda Asmarada (Eritreýa) geçiriljek kongrese taýýarlyk görşümiz henizem göz öňümden gidenok. Şol wagt Eritreýada wagyz işimiz gadagan edilendi. Gynansak-da, kongres geçirmek üçin köne ammardan başga ýer tapmadyk. Ýöne olam daşy jäjek, içi möjekdi. Kongres güni men gaty haýran galdym. Doganlar ol ýeri Ýehowa sežde edilýän mynasyp ýere öwrüpdirler. Köp dogan-uýalar owadan örtgileri getirýärdi, ol ýeri bezäp, tanar ýaly etmediler. Bu ajaýyp kongrese 1 müň 279 adam gatnaşdy.
Etrap gözegçisi bolup gulluk etmek aňsat bolmasa-da, gaty gyzyklydy. Sebäbi sen bir gün okeanyň kenarynda owadan öýde bolsaň, başga bir gün hajathana çenli 100 metr aralygy bolan çatmada ýaşamaly bolýarsyň. Ýöne biziň üçin esasy zat nähili şertlerde ýaşaýandygymyz däl-de, yhlasly hem hyjuwly pionerler we wagyzçylar bilen eginme-egin hoş habary wagyz etmekdi. Bize täze borç berlende, köp dostlarymyz bilen hoşlaşmaly bolduk. Olary häzirem gaty göresimiz gelýär.
EFIOPIÝADA ALAN AJAÝYP BEREKETLERIMIZ
1980-nji ýyllaryň ahyrynda we 1990-njy ýyllaryň başynda Keniýadaky filialyň gözegçiligindäki käbir ýurtlarda wagyz işimiz kanun taýdan resmileşdirildi. Netijede, şol ýerlerde filiallar we ofisler peýda boldy. 1993-nji ýylda bizi Efiopiýanyň Addis Ababa şäherine bellediler. Ol ýerde wagyz işimiz köp ýyllap gizlinlikde alnyp barylýardy, häzir bolsa kanun taýdan rugsat edilen.
Efiopiýada etrap gözegçisi bolup gulluk eden mahalym (1996-njy ýyl)
Ýehowa Efiopiýada wagyz işimizi bolluk bilen patalady. Dogan-uýalaryň köpüsi pioner gullugyna başlady. 2012-nji ýyldan başlap, her ýyl wagyzçylaryň 20 göterimi pioner bolup gulluk edýärdi. Teokratik mekdepler geçirilýärdi, şeýle-de 120-den gowrak Ýygnak jaýy guruldy. 2004-nji ýylda beýtelçiler täze ýere göçdüler. Ol ýerde täze Kongresler köşgi hem guruldy.
Geil ikimiz Efiopiýadaky dogan-uýalaryň arasynda köp dostlary edindik. Olaryň söýgüsi we mähirliligi bize gaty güýçli täsir etdi. Saglygymyz erbetleşendigi üçin, bizi Merkezi Ýewropanyň filialyna bellediler. Ol ýerde imandaşlarymyz ýürekden aladamyzy edýär. Ýöne şonda-da Efiopiýadaky köne dostlarymyzy gaty küýseýäris.
ÝEHOWA RUHY ÖSÜŞI PATALAÝAR
Biz Ýehowanyň ekilen hakykat tohumyny nädip ösdürýändiginiň diri şaýady bolduk (1 Kor. 3:6, 9). Meselem, men Konga işlemäge gelen ruandaly şahtaçylara wagyz edenimde, Ruandada bir wagyzçy hem ýokdy. Häzir ol ýerde 30 müň dogan-uýa bar. 1967-nji ýylda Kongoda (Kinşasa) 6 müň wagyzçy bardy. Häzir ýurtda 230 müň dogan-uýa bar. 2018-nji ýylda geçirilen Ýatlama agşamyna bolsa 6 milliondan gowrak adam gatnaşdy. Öň Keniýadaky filiala degişli bolan ýurtlarda häzir 100 müňden gowrak wagyzçy gulluk edýär.
50 ýyl töweregi mundan öň, Ýehowa dürli doganlar arkaly meni uzak wagtly gulluga başlamaga höweslendiripdi. Dogrymy aýtsam, çekinjeňligim bilen häzirem göreşýärin. Ýöne men Ýehowa doly bil baglamagy öwrendim. Afrikada gulluk edip, alan tejribäm maňa sabyrly hem-de baryma kaýyl bolmaga kömek etdi. Geil ikimiz bizi ýürekden myhman alan, hiç haçan ýan bermedik we hemişe Ýehowa bil baglan gadyrdan dogan-uýalarymyza diýseň buýsanýarys. Bildiren merhemeti üçin Ýehowa ýürekden minnetdar! Dogrudanam, Ýehowanyň patasy göz öňüme getirişimden hem üýtgeşik boldy! (Zeb. 37:4).
a «Hudaýa gullugymyz», häzir «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi» diýip atlandyrylýar.
b «Kitawala» sözi suahili dilinden gelip çykyp, «agalyk etmek, ýolbaşçylyk etmek ýa-da höküm sürmek» diýmegi aňladýar. Bu toparyň maksady syýasat bilen bagly bolup, Belgiýadan garaşsyz ýaşamaklygy öňe sürýärdi. Toparyň agzalary Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlaryny alyp, başga adamlara okap berýärdi ýa-da ýaýradýardy. Olar syýasy işlerini, öz adatlaryny we ahlaksyz durmuşyny aklamak üçin, Ýazgylardaky taglymatlary ýoýýardy.