ÖWRENILÝÄN MAKALA 46
Siziň «uly iman galkanyňyz» berkmi?
«Eliňize uly iman galkanyny hem alyň» (Efes. 6:16).
54-NJI AÝDYM Imanymyzy berkideliň
MAKALANYŇ MAZMUNYa
1, 2. a) Efesliler 6:16-a görä, näme üçin bize «uly iman galkany» gerek? b) Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
SIZIŇ «uly iman galkanyňyz» barmy? (Efesliler 6:16-ny okaň). Elbetde, bardyr! Uly galkanyň esgeriň tutuş bedenini goraýşy ýaly, iman hem bizi azgyn dünýäniň ahlaksyz we zalym işlerinden hem-de Hudaýyň talaplaryna garşy gelýän täsirinden goraýar.
2 Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys, şonuň üçin imanymyz hemişe synalar (2 Tim. 3:1). Iman galkanymyzyň berkdigini nädip barlamaly? Imany berkitmäge näme kömek eder? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.
SIZIŇ GALKANYŇYZ BERKMI?
Esgerler söweşden soň galkanlaryny barlap, döwlen ýerlerini bejerýärler (3-nji abzasa serediň)
3. Esgerler galkanyna näme edipdirler we näme üçin?
3 Gadymy döwürde esgerler galkanyny deri bilen örtüpdirler. Galkanyň derisiniň guramazlygy we demriniň poslamazlygy üçin, ony ýaglap durupdyrlar. Esger galkanynyň döwlendigini gören badyna, ony bejertmegiň ugruna çykypdyr we söweşe taýýar bolupdyr. Şu mysalyň iman bilen nähili baglanyşygy bar?
4. Iman galkanymyzy näme üçin barlamaly we muny nädip edip bileris?
4 Bizem esgerler ýaly iman galkanymyzy barlap we abatlap dursak, hemişe söweşe taýýar bolarys. Biz ruhy söweşi alyp barýarys, duşmanlarymyz bolsa zalym ruhlar (Efes. 6:10—12). Hiç kim bize derek iman galkanymyzy berkidip bilmez. Biz synagda ýykylmaz ýaly, iman galkanymyzyň berkdigini nädip anyklap bileris? Ilki bilen, Hudaýdan kömek sorap doga etmeli. Soňra Mukaddes Kitaby okap, Hudaýyň isleýşi ýaly iman edýändigimizi barlamaly (Ýew. 4:12). Mukaddes Kitapda: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma» diýilýär (Nak. 3:5, 6). Ýaňy-ýakynda durmuşyňyzda bolan waka hakda oýlanyp görüň. Belki, siz pulsuzlykdan kösenensiňiz. Şonda Ýehowanyň Ýewreýler 13:5-däki: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýen wadasy ýadyňyza düşdümi? Şu aýat Ýehowanyň size kömek etjekdigine ynamyňyzy berkitdimi? Eger şeýle bolsa, siziň iman galkanyňyz berk diýse bolar.
5. Imanyňyzy barlanyňyzda nämä üns bermegiňiz mümkin?
5 Imanyňyzy barlanyňyzda, öň üns bermedik gowşak taraplaryňyzy görüp, geň galmagyňyz mümkin. Meselem, gaýgy-aladalar, ýalan gürrüňler we göwnüçökgünlik sebäpli imanyňyzyň gowşandyr. Eger şeýle bolsa, imanyňyz has gowşamaz ýaly näme edip bilersiňiz?
IMANYŇYZY GOWŞADÝAN ZATLARDAN ÄGÄ BOLUŇ
6. Haýsy ýagdaýlarda alada etmek peýdaly?
6 Käbir ýagdaýlarda alada etmek peýdaly. Meselem, biz Ýehowany we Isany razy etmek üçin aladalanýarys (1 Kor. 7:32). Eger biz agyr günä etsek, Ýehowa bilen dostlugymyzy dikeltmek üçin hem alada edýäris (Zeb. 38:18). Biz ýanýoldaşymyzyň, maşgala agzalarymyzyň we imandaşlarymyzyň hem aladasyny edýäris (1 Kor. 7:33; 2 Kor. 11:28).
7. a) Çendenaşa alada etmek näme üçin imanymyzy gowşadyp biler? b) Nakyllar 29:25-e görä, biz näme üçin adamdan gorkmaly däl?
7 Ýöne çendenaşa alada etmek imanymyzy gowşadyp biler. Meselem, biz: «Näme iýeris? Näme geýeris?» diýip, hemişe aladalanyp ýörmegimiz mümkin (Mat. 6:31, 32). Netijede, biz köp zat edinmek hakda pikirlenip başlamagymyz ahmal. Hatda pula bolan söýginiň ýüregimizde kök urmagy mümkin. Eger biz şeýle zatlara ýol bersek, Ýehowa bolan imanymyz gowşar we dostlugymyza zyýan ýeter (Mar. 4:19; 1 Tim. 6:10). Şeýle-de adamlaryň biz hakda näme pikir edýändigi barada aşa köp aladalanmagymyz mümkin. Biz üstümizden gülerler ýa-da yzarlarlar öýdüp, Ýehowadan däl-de, adamdan gorkup bileris. Şeýle duzaga düşmez ýaly, iman we batyrgaýlyk sorap, Ýehowa dileg etmeli (Nakyllar 29:25-i okaň; Luka 17:5).
(8-nji abzasa serediň)b
8. Ýalan zatlary eşidenimizde näme ederis?
8 Şeýtan «ýalanyň atasy». Ol golastyndaky adamlar arkaly Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar barada ýalan gürrüňleri ýaýradýar (Ýah. 8:44). Meselem, imandan dänen adamlar internetiň, telewizoryň we beýleki habar beriş serişdeleriň üsti bilen hakykaty ýoýup, Ýehowanyň guramasy barada ýalan zatlary aýdýarlar. Şu zatlar Şeýtanyň «otly oklaryna» degişli (Efes. 6:16). Eger guramamyz hakda ýalan zatlary gürrüň berseler näme ederis? Olary diňlemeris! Näme üçin? Sebäbi Ýehowa iman edýäris we doganlara ynanýarys. Biz imandan dänenler bilen hiç hili gatnaşyk saklamarys. Imandan dänenleriň gürrüňini diňlemäge hiç kime we hiç zada, hatda öz bilesigelijiligimize-de ýol berdirmeris.
9. Göwnüçökgünlik bize nähili täsir edip biler?
9 Göwnüçökgünlik imanymyzy gowşadyp biler. Elbetde, biz kynçylyklara göz ýumup bilmeris. Eger göz ýumsak, jogapkärçiliksiz adamdygymyzy görkezeris. Käte biz ruhdan düşsek-de, kynçylyklaryň pikirimizi ýesir almagyna ýol bermeli däl. Eger ýol bersek, Ýehowanyň beren ajaýyp wadalaryny unudyp bileris (Ylh. 21:3, 4). Biz göwnüçökgünlige düşsek, güýç-kuwwatdan gaçyp, hatda Ýehowa gulluk etmegimizi bes etmegimiz mümkin (Nak. 24:10). Muňa hiç haçan ýol bermäliň!
10. Uýamyzyň ýazan hatyndan näme öwrenýäris?
10 Geliň, ABŞ-da ýaşaýan uýamyzyň imanyny nädip berkidendigini bileliň. Ol agyr keselden ejir çekýän äriniň aladasyny edýärdi. Uýa baş edara şeýle hat ýazdy: «Käte ruhdan düşürýän kyn ýagdaýlara duş gelýäris, ýöne biziň berk umydymyz bar. Imanymyzy berkitmek we ruhlandyrmak üçin Ýehowanyň berýän ähli zatlaryna minnetdar. Biz şeýle maslahatlara we ruhlandyryjy sözlere örän mätäç. Bular gullugymyzy dowam etmäge we Şeýtanyň synaglaryna döz gelmäge güýç berýär». Uýanyň sözlerinden görnüşi ýaly, biz hem göwnüçökgünligi ýeňip bileris. Nädip? Başymyza inýän kynçylyklara Şeýtanyň synagy hökmünde garalyň, Ýehowanyň berýän ruhy iýmitleriniň gadyryny bileliň we Onuň teselli berýän Hudaýdygyny unutmalyň.
Siziň «uly iman galkanyňyz» berkmi? (11-nji abzasa serediň)c
11. Imanymyzy barlamak üçin özümize haýsy soraglary bermeli?
11 Siziň iman galkanyňyzyň döwlen ýeri barmy? Soňky birnäçe aýyň içinde aşa köp alada etdiňizmi? Imandan dänenleriň ýaýradýan ýalan gürrüňlerini diňlediňizmi ýa-da olar bilen gepleşdiňizmi? Göwnüçökgünligiň pikiriňizi ýesir almagyna ýol berdiňizmi? Eger şu soraglara «ýok» diýip jogap berýän bolsaňyz, onda siziň imanyňyz berk. Emma biz seresap bolmaly, sebäbi Şeýtanyň ulanýan başga-da ýaraglary bar. Geliň, olary bileliň.
BAÝLYGYŇ DUZAGYNA DÜŞMÄŇ
12. Baýlygyň yşkyna düşmeklik nämä elter?
12 Baýlygyň yşgyna düşsek, imanymyz gowşar we öňkimiz ýaly Ýehowa yhlasly gulluk edip bilmeris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Esger söwda-satyk işlerine baş goşýan däldir, ony esgerlige alan adamyň göwnünden turjak bolýandyr» (2 Tim. 2:4). Rim esgerlerine söwda-satyk etmäge rugsat berilmeýärdi. Esger şu tabşyryga gulak asmasa netijesi nähili bolar?
13. Esgerler näme üçin söwda-satyk etmeli däldi?
13 Şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň. Esgerler ir bilen türgenleşik geçýärler. Ýöne bir esger türgenleşige gelmän, bazarda söwda-satyk bilen başagaý bolup ýör. Esgerler agşam düşende ýaraglaryny barlaýarlar we gylyçlaryny ýiteldýärler. Beýleki esger bolsa ertirki satjak harytlaryny taýýarlaýar. Emma daň atanda duýdansyz duşman çozýar. Serkerdebaşy haýsy esgerden razy bolar? Siz ýanyňyzda haýsy esgeriň durmagyny islärdiňiz? Söweşe taýýarlanan esgeriňmi ýa-da söwda-satyk eden esgeriň?
14. Mesihiň esgerleri nämäni wajyp hasaplaýar?
14 Söweşe taýýar esgerler ýaly, biziň hem esasy maksadymyz Serkerdebaşy Ýehowany we Isa Mesihi razy etmek. Biz muny Şeýtanyň hödürleýän islendik zadyndan wajyp hasaplaýarys. Biz ýeterlikli wagt hem güýç sarp edip, Ýehowa gulluk etmeli, iman galkanymyzy we beýleki ruhy ýaraglarymyzy abatlamaly.
15. Pawlus nähili duýduryş berdi we näme üçin?
15 Biz hemişe ünsli bolmaly. Näme üçin? Pawlus resul: «Baýajak bolýanlaryň... imany gowşar» diýip duýdurdy (1 Tim. 6:9, 10). Şu sözler ähmiýetsiz zatlaryň yzynda hars ursak, «imanymyzyň gowşajakdygyny» görkezýär. Netijede, biz «akylsyz we erbet höwesleriň toruna düşeris». Biz ýüregimizde erbet höwesleriň döremegine ýol bermeli däl we şeýle höwesleriň Şeýtanyň ulanýan ýaraglarydygyna düşünmeli.
16. Markus 10:17—22-nji aýatlar haýsy soraglar hakda oýlanmaga höweslendirýär?
16 Aýdaly, biziň köp zatlary satyn almaga pulumyz bar. Gowy görýän, ýöne zerur bolmadyk zatlary satyn almak nädogrumy? Ýok. Ýöne şu soraglar hakda oýlanyň: biziň satyn almaga ýagdaýymyz bolsa-da, ony ulanmaga we abat saklamaga ýeterlik wagtymyz we güýjümiz barmy? Satyn alan zadymyzy çendenaşa gowy görýärismi? Biz Isanyň Hudaýa köpräk gulluk etmek çakylygyny kabul etmedik ýaş ýigidiň ýalňyşyny gaýtalarysmy? (Markus 10:17—22-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin güýjümizi we wagtymyzy sarp etmekden, sada ýaşamakdan gowy zat ýokdur.
IMAN GALKANYŇYZY BERK TUTUŇ
17. Biz nämäni unutmaly däl?
17 Biz söweş meýdanyndadygymyzy unutmaly däl. Şonuň üçin söweşe her gün taýýar bolmaly (Ylh. 12:17). Dogan-uýalar biziň iman galkanymyzy götermez. Galkanymyzy biziň özümiz berk tutmaly.
18. Esgerler näme üçin galkanyny berk tutýardy?
18 Gadymy döwürde batyrgaý söweşen esgerlere uly hormat goýupdyrlar. Emma söweşde galkanyny taşlap gaýdan esgerleri kemsidip, üstünden gülüpdirler. Rim taryhçysy Tasit şeýle ýazýar: «Söweşde galkanyňy taşlap gaýtmak uly masgaraçylyk hasaplanypdyr». Şonuň üçin esgerler söweşde galkanyny berk tutmaga jan edipdirler.
Uýa uly iman galkanyny berk tutmak üçin doga edip, Mukaddes Kitaby okaýar, ýygnaklara yzygiderli barýar we yhlasly wagyz edýär (19-njy abzasa serediň)
19. Iman galkanymyzy nädip berk tutup bileris?
19 Biz ýygnaklara yzygiderli baryp, adamlara Ýehowanyň ady we Patyşalygy barada gürrüň berip, iman galkanymyzy berk tutup bileris (Ýew. 10:23—25). Şeýle-de biz her gün doga edip, Hudaýyň Sözüni okamaly we maslahatlaryna eýerip ýaşamaly (2 Tim. 3:16, 17). Şonda Şeýtanyň hiç bir ýaragy düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmez (Işa. 54:17). «Uly iman galkanymyz» bizi gorar. Eger dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşsek, söweşde berk durarys, her gün ýeňiş gazanarys we imanymyzy berkideris. Iň esasy zat bolsa, Isa Şeýtanyň we jynlarynyň üstünden doly ýeňiş gazananda, biz onuň tarapynda bolarys (Ylh. 17:14; 20:10).
48-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýolundan ýöräliň
a Galkan söweşde esgeri goraýar. Iman hem galkan kimin bizi goraýar. Esger galkanyny abatlap durýar. Şonuň ýaly bizem «uly iman galkanymyzy» berkitmeli. Şu makalada «uly iman galkanymyzy» nädip berkidip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.
b SURAT: telewizorda Ýehowanyň Şaýatlary barada ýalan gürrüňleri ýaýradýan imandan dänenler görkezilýär. Şonda maşgalabaşy derrew telewizory öçürýär.
c SURAT: soňra dogan maşgala okuwynda Mukaddes Kitap arkaly maşgalasynyň imanyny berkidýär.