Ýehowanyň işleri barada gürrüň beriň!
1 Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan Zebur kitabynyň 48-nji babynda ysraýyllylara: «Sion töwereginde geziň, onuň daşyndan aýlanyň, onuň galalaryny sanaň. Onuň berkitmelerine üns beriň; geljek nesle aýdar ýaly» diýilýär. Ysraýyllylar Ýehowany söýýändigi üçin ýer ýüzündäki teokratik dolandyryş bilen gyzyklanýardylar. Ýehowanyň öz ady bilen baglanyşdyran şäheriň ähli aýratynlyklaryny bilmek wajyp! Ysraýyllylar bu bilimiň gadyryny bilýärdiler we olary nesline aýtmagy elden gidirmeýärdiler (Zeb. 48:12, 13).
2 Biziň günlerimizde Ýehowanyň Mesh edilen Patyşasy Sion dagynda däl-de, asmandaky Iýerusalimde, tagtda oturdy (Ýew. 12:22). 1914-nji ýylda Ýehowanyň teokratik Patyşalygynda Isa Mesih höküm sürüp başlady (Ylh. 12:10). Biz Patyşalygyň işleri barada köpräk bilmek isleýäris. Şeýle-de Ýehowanyň ýer ýüzündäki gullukçylary, ýagny Onuň islegini ýerine ýetirýän, göze görünýän Hudaýyň Patyşalygynyň wekillerine nädip ýolbaşçylyk edýändigini bilmek isleýärsi. Bu barada gyzykly wakalar «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» atly kitapda jikme-jik berilýär. Bu kitap iki ýyldan gowrak mundan öň çap edildi. Bu biziň üçin, örän täsin waka!
3 Maşgalaňyzda bu kitap barmy? Siz ony okaýarsyňyzmy? Ondaky gyzykly pikirleri gürrüň berýärsiňizmi?
4 Dogan-uýalaryň köpüsi suratlara we onuň aşagyndaky ýazgylara seredip, derrew kitaby okap başladylar. Olar nähili gyzykly wakalary gürrüň berýärler? Ine, olardan birnäçe seslenmeler.
5 Bir uýa şeýle ýazýar: «Bu üýtgeşik kitap. Men ondan gözümi aýrasym gelmeýär. Kitaby okap bolansoň, ýene-de ony täzeden okap başlamakçy. Häzir men 25-nji baby okaýaryn. Käwagt ony okanymda aglaýaryn. Men Ýehowa bolan söýgimiň artýandygyny duýýaryn. Bu kitap meni örän ruhlandyryp, imanymy berkidýär».
6 Ýehowa kyrk ýyldan gowrak gulluk edýän dogan şeýle gürrüň berýär: «Bu kitabyň meni şeýle gyzyklandyrjakdygyny bilmedim. Men ony irden giç agşama çenli okadym, şeýdip, iki hepdäniň içinde okap boldum. Kitap maňa ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu uly gözleg geçiriş we ruhlandyryjy kitapdyr».
7 Kitaby okamagy planlaşdyryň. Kitaby tiz okap bolanlar, ýene-de täzeden howlukman okamagy ýüregine düwdüler.
8 Maşgalaňyzda sizden başga-da hakykaty kabul eden bar bolsa, onda kitaby maşgala okuwynda geçip bilersiňiz. Käbirleri edebiýata jogapkär dogandan kitaby alan badyna, derrew maşgalasy bilen okap başladylar. Emma «Garawul diňi» žurnalyny öwrenip, ýygnak duşuşygyna taýýarlanmagyň deregine, ony okamaly däl. «Wagyzçylar» kitabyny okamak we ara alyp maslahatlaşmak üçin 15—20 minut goşmaça wagt sarp etse bolar.
9 Maşgalalaryň käbir agşamlyk naharyndan soňra, kitabyň iki-üç sahypasyny ýa-da bir-iki sözbaşyny okaýarlar. Maşgalanyň her bir agzasy kitabyň köp bölegini okan bolsa-da, maşgalasy bilen bilelikde howlukman okap, ara alyp maslahatlaşsalar, hemmeler üçin peýdaly bolar. Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýänler bu kitaby okanda, olaryň ýadyna ýakymly wakalar düşýär. Olar özleriniň gatnaşan wakalary hakynda okanda, şatlykdan ýaňa tolgunýarlar.
10 «Wagyzçylar» kitabyny maşgalasy bilen okamaga mümkinçiligi bolmadyk mesihçileriň özleri okaýarlar. Bir uýa filiala şeýle hat ýazýar: «Men gije uklamazdan öň, kitapdan birazajyk okaýaryn. Bu kitap hakykata bolan söýgimi we minnetdarlygymy artyrdy. Men Ýehowa has ýakynlaşdym we onuň guramasyna degişlidigime örän begenýärin. Men her bir sahypany höwes bilen okaýaryn».
11 Bu uly kitap kiçi bölümlerden ybarat. Birinji bölümde Habylyň günlerinden başlap, tä 1992-nji ýylda bolan taryhy wakalary gysga, emma gyzykly beýan edilýär. Biriji bölüm 108 sahypadan ybarat. Başga bölümleri 13 sahypa ýa-da 150 sahypa çenli bolýar. Her bölümde birnäçe bap bar. Bir bölümden, bapdan ýa-da sözbaşydan okaň. Bu kitaby okamak size ýakymly hem peýdaly bolsun.
12 Okan zatlaryňyz hakynda oýlanyň. Bu kitaby haýsy maksat bilen okamaly? Kitaby ýöne bir başdan-aýak okap çykmak ýeterlikli däl. «Wagyzçylar» kitabynda ruhy mirasymyz hakynda gürrüň berilýär. Biz ony gowy bilmeli. Şol sebäpli okan zadyňyz hakynda oýlanyň. Gadymy döwürdäki Ýehowanyň güwäçileriniň gullugy barada okap, olaryň imanyndan nähili görelde alyp boljakdygy barada pikirleniň (Ýew. 12:1, 2). Imandan dänmekligiň döreýşi barada okap, käbirleriniň düşen duzaklaryna aýratyn üns beriň we onuň sizi nädip ruhy taýdan gorap biljekdigi barada oýlanyň. Ýehowanyň gullukçylarynyň häzirki taryhyny seredip, olaryň haýsy ruhy häsiýetleri we Hudaýyň islegini ýerine ýetirmegiň wajypdygyny nädip görkezdendigine üns beriň. Şeýle-de Hudaýyň ýol beren dürli, käte örän kyn ýagdaýlary nädip olaryň ýeňendigine üns beriň (Ýew. 13:7).
13 Ýehowanyň halkyna Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty nädip kem-kemden açandygy barada giňişleýin öwreniň. Bu siziň imanyňyzy berkider. Siz Ýehowanyň göze görünýän guramasynyň döredilşi barada bilip, onuň has-da gadyr-gymmatyny bilersiňiz. Siz Mukaddes Ýazgylardaky hoş habaryň ýeriň ähli künjegine ýetmegi baradaky pygamberligiň berjaý bolýandygyny okap, örän ruhlanarsyňyz. Bütin dünýäde hoş habary yhlasly wagyz edýän wepaly gullukçylar bilen bolan wakalar barada okamak örän tolgundyrýar. Dogan-uýalaryň Ýehowany söýýändigi sebäpli wepaly galandyklary baradaky wakalar, size synaglara döz gelmäge kömek eder.
14 Kitabyň bir bölegini okanyňyzdan soňra, ony maşgalaňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň we ondan näme öwrenip boljakdygy barada oýlanyň. Çagalar suratlarda näme görýändigi we suratdaky adamlar hakynda näme bilýändigi barada aýdyp biler. Kitaby ýeke özüňiz okaýan bolsaňyz, okan zatlaryňyz barada başgalara gürrüň beriň. Okan zatlaryňyz hakynda, mümkin boldugyndan, ikilenç ideg edeniňizde ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde aýdyň. Şonda okan zatlaryňyz ýadyňyzda gowy galar we başgalara-da peýdasy deger.
15 Jikme-jiklikler bilen gyzyklanyň. «Wagyzçylar» kitabyny okamak gyzykly we peýdaly bolmaly.
16 Siz maşgalaňyz bilen Ýehowanyň Güwäçileriniň filialyna barmak isleýärsiňizmi? Bu kitabyň 208, 209-njy sahypalarynda guramanyň Pittsburg şäherinde ýüz ýyl mundan gowrak öň ulanan jaýynyň suraty bar, 216, 217-nji sahypalarynda Bruklin şäherinde soňky ulanan jaýlarynyň suraty görkezilen. Şu günler bütindünýä baş edaranyň ýerleşýän jaýlaryny 352—356-njy sahypalarynda görse bolýar. 26, 27-nji baplarda Beýtelde edilýän işler hakyndy jikme-jik beýan edilýär, 295—298-nji sahypalarda bolsa, beýteldäki ýaşaýyş hakynda gürrüň berilýär.
17 Köp mesihçilerde filiallaryň köpüsine barmaga mümkinçiligi bolmaýar. Emma biz 357—401-nji sahypalardaky suratlara howlukman seretsek, bütin dünýä syýahat edip bileris. Her bir ýurdyň gözelliginden lezzet alyň. 415—417-nji sahypalarda görkezilýän ýurtlary kartadan tapyň. Filiallaryň suratynyň aşagyndaky ýazgylary okaň. Belgi arkaly, her bir ýurt barada gyzykly maglumat tapsa bolýar. Şeýdip, biz başga ýurtdaky ruhy dogan-uýalar bilen tanyşyp bileris.
18 Adamlar bile dynç alanlarynda, käwagt taryhy wakalar bilen bagly oýunlary oýnaýarlar. Ýehowanyň halkynyň häzirki taryhynyň esasy senelerini hem-de wakalaryny bilmek peýdaly. Olaryň köpüsi kitabyň 718—723-nji sahypalardaky sanawda agzap geçilýär we kitapda jikme-jik beýan edilýär. Bu sanawy, esasy seneleri we wakalary gaýtalamak üçin ulansa bolar. Ýaşlar ony tiz ýadynda saklap biler. Uly ýaşdaky adamlara bolsa, ony ýatda saklamak üçin köpräk wagt gerek bolar. Biziň ählimiz teokratik taryhyny gowy bilmeli. Ýöne esasy seneleri we wakalary bilmeklik ýeterlikli däl. Jikme-jikligiň ählisini ýatda saklamaga tagalla ediň. Şol wakalaryň Ýehowanyň isleginiň amala aşmagy bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny, siziň durmuşyňyza we Ýehowa gulluk etmegiňize nähili täsir edendigi barada başgalara gürrüň beriň.
19 Siziň öňüňizde dörän mümkinçiliklere üns beriň. Siz «Ýehowanyň Güwäçileri— Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» atly kitaby okap we ara alyp maslahatlaşyp, Işaýa 60:22-däki pygamberligiň uly möçberde berjaý bolýandygyna göz ýetirersiňiz. Kitabyň 519-njy sahypasynda şeýle ýazylan: «Kiçiden müňlerçesi bolar» diýen wada, şübhesiz ýerine ýetdi! 50-den gowrak ýutlaryň her birinde, 1919-njy ýylda «kiçiniň», ýagny hiç hili Ýehowanyň Güwäçileri bolmadyk ýurtlarda hem-de wagyz edilmedik ýerlerinde, şu günler müňden gowrak adam Ýehowany şöhratlandyrýar. Şol ýutlaryň käbirinde bolsa, eýýäm, onlarça müň, hatda ýüz müňden gowrak Ýehowanyň Güwäçileri Hudaýyň Patyşalygyny, yhlasly wagyz edýärler! Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri «güýçli halk» boldy. Olaryň birleşen bütindünýä ýygnagy san boýunça, takmynan 80 sany aýratyn döwletleriň ilatynyň sanyndan köp».
20 Patyşalyk baradaky wagyz işi dowam edýär. Ýehowa ony tizleşdirýär we şu günler ol görlüp-eşidilmedik möçberde bolýar. Siz oňa nähili gatnaşýarsyňyz? Öňüňizde döreýän mümkinçiliklere üns berýärsiňizmi? Başgalaryň nähili gulluk edýändikleri barada bilip, söýgüden doly Hudaýymyzyň Isa arkaly ýolbaşçylyk edýän bu uly işine ýürekden we doly gatnaşmaga tagalla ediň.