Gulluk duşuşygynyň tertibi
Magtymguly aýynyň 12-sinde başlanýan hepde
13-nji aýdym.
10min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» bildiriş. 4-nji sahypadaky teklipleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany teklibi sahnalaşdyryň.
15min. Biz dürli synaglary ýeňip bileris! 2005-nji ýylyň Oguz aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 30, 31-nji sah. esasynda çykyş. Käbir wagyzçylardan synagy ýeňmäge Ýehowanyň nädip kömek edendigi barada gürrüň bermegi haýyş ediň.
20min. Siz tomus aýlary kömekçi pioner bolup gulluk edip bilersiňizmi? Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» atly kitabyň 112, 113-nji sah. kömekçi pionerlerden näme talap edilýändigine serediň. Kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin işden rugsat alan wagyzçylaryň nähili bereketler alandygy barada gürrüň bermegini haýyş ediň. Mekdepde okaýan wagyzçylaryň kanikulda kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin ata-eneleriniň we başga wagyzçylaryň nädip ruhlandyryp, kömek edendigi barada gürrüň bermegi haýyş ediň. Bu gulluk olary nädip ruhy taýdan berkitdi? Olar nähili şatlyk tapdylar? Wagyzçylary tomus aýlary kömekçi pioner bolup gulluk etmäge ruhlandyryň.
17-nji aýdym.
Magtymguly aýynyň 19-ynda başlanýan hepde
7-nji aýdym.
10min. Ýerli bildirişler. Sowally bukja serediň.
15min. Ýerli zerurlyklar.
20min. «Siz baý bolup bilersiňiz!»a. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» atly kitabyň 113-nji sah. esasynda pioner bolup gulluk etmek üçin näme talap edilýändigini gürrüň beriň. Ruhnama aýynyň 1-inden pioner bolup gulluk etmek isleýänler arzasyny mümkin boldugyndan tiz dolduryp bermelidigi, barada aýdyň.
23-nji aýdym.
Magtymguly aýynyň 26-synda başlanýan hepde
6-njy aýdym.
10min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Magtymguly aýynyň wagyz hasabatyny tabşyrmagy ýatladyň. 4-nji sahypadaky teklipleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany teklibi sahnalaşdyryň.
15min. «Meniň boýuntyrygymy dakynyň»b. Berlen wagtyň çäginden çykman, Mukaddes Ýazgylardan getirlen aýatlary diňleýjilerden düşündirmegi haýyş ediň.
20min. Oguz aýynda «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitaby hödür ederis. Çykyş we sahna. 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» goşmaça sahypalaryndaky, käbir tekliplere serediň. Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin nädip ikilenç ideg etmelidigini sahnalaşdyryň.
25-nji aýdym.
Oguz aýynyň 2-sinde başlanýan hepde.
27-nji aýdym.
15min. Ýerli bildirişler. Nowruz, Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda näçe wagyzçynyň kömekçi pioner bolup gulluk edendigini aýdyň we olary öwüň. Şeýle-de näçe sany Mukaddes Ýazgylar okuwynyň başlanandygyny hem-de wagyz gullugynda nähili üstünlikler gazanylandygyny habar beriň. Diňleýjilerden Ýatlama agşamy bilen bagly wakalary gürrüň bermegi haýyş ediň. Bir-iki kömekçi pionerlerden gullukda alan bereketler barada gysgaça gürrüň bermegi haýyş ediň.
15min. «Ýehowanyň işleri barada gürrüň beriň!» (I bölüm, 1—11 abz.)c. Sorag-jogap arkaly söhbetdeşlik.
15min. «Her bir oňat işe taýýar» bolmakd. Diňleýjilerden öýden-öýe wagyz etmäge nädip we haçan taýýarlyk görýändikleri barada gürrüň bermegi haýyş ediň.
11-nji aýdym.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçiriň.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçiriň.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçiriň.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçiriň.