Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/06 sah. 1
  • Arassaçylyk Hudaýy şöhratlandyrýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Arassaçylyk Hudaýy şöhratlandyrýar
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý arassa adamlary söýýär
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Ýehowa arassa adamlary söýýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Ýaraşykly daş keşp
    Wagyz mekdebi
  • Hudaýa sežde edilýän ýeri gymmat saýyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 11/06 sah. 1

Arassaçylyk Hudaýy şöhratlandyrýar

1 Musanyň kanuny arassaçylygy berk talap edýärdi. Beden we ruhy taýdan arassaçylygyň ysraýyllylardan talap edilmegi, olary beýleki halklardan düýpgöter tapawutlandyrýardy (Lew. 11:35, 36; 15:1—11; Iş. 52:11). Şeýlelikde, olaryň arassaçylygy Hudaýy şöhratlandyrýardy hem-de ähli halkyň saglyk ýagdaýyny gowy saklamaga kömek edýärdi.

2 Şu günler hem Ýehowanyň halky arassaçylygy bilen tapawutlanýar. Eýsem, biziň her birimiz arassaçylygymyz bilen tapawutlanýarysmy? Egin-eşigimiziň arassalygy hakda näçe alada etsek, şonça-da Ýehowanyň talaplarynyň gadyryny bilýändigimizi görkezýäris.

3 Öýümiziň arassaçylygy nähili? Hoş habarymyza ysnat getirenokmy? Wagyzda ýer ýüzüniň Jennete öwrüljekdigini aýtsak, ýöne öz öýümiz hapa bolsa, howlyny haşal otlar we zir-zibil basyp ýatan bolsa, onda adamlar bize ynanarmy? Eýsem, olar aýdýan sözlerimize şübhelenmezmi? Eger-de öýümizdäki zatlar bulam-bujar bolup, tertip-düzgün bolmasa ýa-da hapysalyk sebäpli ýakymsyz ys bolsa, onda biz Hudaýyň Patyşalygy astyndaky täze dünýäde boljak arassaçylygyň nusgasy boýunça ýaşaýarys diýip bilerismi? (od-U 136—138).

4 Wagyz etmäge gidýän maşynyň nähili ýagdaýda? Mümkin boldugyça, onuň içi hem daşy arassamy? Hoş habaryň abraýyny gaçyranokmy? Egin-eşigimiz, sumkamyz, daşky keşbimiz we saçymyzyň timarlanşy nähili? Tämizmi, ýaraşyklymy hem-de utandyrmaýarmy? Wagtly-wagtynda suwa düşüp, eşigimizi ýuwup, özümizi we egin-eşigimizi arassa saklamaly (w89-U 1.6. sah. 16—19).

5 Eger-de dogan özüne üns bermese, üsti-başy we öý-içerisi hapa bolsa, şol sebäpli ýygnaga dil ýetirilýän bolsa näme etmeli? Belki-de, oňa garrylyk ýa saglygynyň gowşaklygy sebäpli kömek gerekdir. Şeýle ýagdaýda oňa kömek etsek, ýagşylyk etdigimiz bolar. Käbir doganlar özlerinde şeýle ýagdaýyň bardygyndan habarsyzdyrlar. Bu barada olara mähir bilen maslahat berseň, onda ýagdaýy düzedip bilerler. Arassaçylyk babatda gowy görelde görkezmeýän dogan-uýalara ýygnakda jogapkärçilikli işler tabşyrylmaz. Elbetde, ýaşulular hem ýygnaga arassaçylyk babatda öz şahsy düzgünlerini we talaplaryny etdirjek bolmazlar.

6 Ýerlikli bolsa, biz hakykat bilen ýaňy gyzyklanyp başlan adamlary ruhy näzi-nygmatlardan datmaga Patyşalyk Zalyna ýa-da ýygnak geçirilýän hususy jaýa çagyrýarys. Biz olary arkaýyn çagyryp bilýäris, sebäbi Patyşalyk Zaly ýa-da ýygnak geçirilýän hususy jaý göze ýakymly hem arassa. Elbetde, şeýle arassaçylygy saklamak üçin zähmet çekmeli. Patyşalyk Zalyny ýa-da ýygnak geçirilýän jaýy gözden geçir. Oturgyçlary, poly we diwary arassamy? Hajathana wagtly-wagtynda ýuwulýarmy? Biz hapalanan halyny ýa reňki öçen diwary hemişe görüp ýörsek, onda tizden olara gözümiz öwrenişer. Ýöne bu ýagdaý duşuşyga ilkinji sapar gelen adamlarda ýakymsyz duýgy galdyrmagy mümkin. Biz arassalamagyň ýa-da bejeriş işleri etmegiň wagty gelende, Patyşalyk Zaly owadan hem ýakymly bolar ýaly, güýjümizi gaýgyrmaly däl.

7 Elbetde, biz üsti-başymyzyň, jaýymyzyň, maşynymyzyň we Patyşalyk Zalymyzyň arassaçylygy bilen Hudaýy gepsiz-gürrüňsiz şöhratlandyryp bileris. Biziň gowy göreldämiz hiç kimi büdretmän, gaýtam, Hudaýa edýän seždämiziň arassa hem dogrudygyna güwä geçer (1 Kor. 10:31, 32; Ýakup 1:27).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş