MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa arassa adamlary söýýär
«Eliňi ýuw. Otagyňy arassala. Poly ýuw. Hapany döküp gel». Şeýdip, ene-atalar çagalaryna arassa bolmagy öwredýär. Aslynda, arassaçylyk babatda ähli düzgünleri mukaddes Hudaýymyz Ýehowa öwredýär (2Ms 30:18—20; 5Ms 23:14; 2Kr 7:1). Üst-başymyzy we ulanýan zatlarymyzy arassa saklasak, Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezýäris (1Pe 1:14—16). Öýümizi we daş-töweregini arassa saklaýarysmy? Köçeleri we seýilgähleri hapalaýan adamlardan tapawutlylykda, mesihçiler ýer ýüzüni öz öýi ýaly arassa saklaýar (Zb 115:16; Ylh 11:18). Süýjiň daşy, suwuň gaby we sakgyç ýaly kiçi zatlary zyňjak bolanymyzda-da arassaçylygymyz görünmeli. Biz durmuşyň ähli ýagdaýynda «Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris» (2Kr 6:3, 4).
«HUDAÝ ARASSA ADAMLARY SÖÝÝÄR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Käbirleri zadyny hapa saklap, özüni nädip aklamagy mümkin?
Musanyň kanunyndan Ýehowanyň arassaçylyga garaýşy nädip görünýär?
Biz nädip Ýehowa barada sözsüz şaýatlyk edip bilýäris?
Men Ýehowanyň öwredişi ýaly arassa bolmak üçin näme edip bilerin?