Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rq sapak 9 sah. 18—19
  • Hudaýyň gullukçylary arassa bolmaly

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň gullukçylary arassa bolmaly
  • Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý arassa adamlary söýýär
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Arassa bol
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • «Mukaddes boluň»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
Hudaý bizden näme talap edýär?
rq sapak 9 sah. 18—19

9-njy sapak

Hudaýyň gullukçylary arassa bolmaly

Näme üçin biz her zatda arassa bolmaly? (1)

Ruhy taýdan arassa bolmak nämedir? (2) ahlak taýdan? (3) pikir taýdan? (4) ten taýdan? (5)

Nähili agzy hapalykdan gaça durmaly? (6)

1. Ýehowa Hudaý arassa we mukaddes. Ol öz sežde edijilerinden ruhy, ahlak, ten we pikir taýdan arassa bolmaklaryna garaşýar (1 Petrus 1:16). Eger biziň Hudaýyň öňünde arassa bolasymyz gelse, bizden çynlakaý tagallalar talap edilýär. Biz hapa dünýäde ýaşaýarys. Onuň daşyndan, biz öz nädogry höweslerimiz bilen hem göreşmeli bolýarys. Emma biz basylmaly däldiris.

2. Ruhy taýdan arassalyk. Eger biziň Ýehowa gulluk edesimiz gelýän bolsa, onda biz ýalan diniň öwretmeleriniň we däpleriniň tarapdary bolmaly däl. Biz ýalan din bilen arany açyp, ony hiç hili goldamaly däl (2 Korintoslylar 6:14—18; Ylham 18:4). Hudaý barada hakykaty bilenimizden soň, ýalan zatlary öwredýän adamlar bizi ýalňyşlyga salmaz ýaly, ägä bolmalydyrys (2 Ýahýa 10, 11).

3. Ahlak taýdan arassalyk. Ýehowa öz sežde edijilerinden, özlerini hakyky mesihçiler ýaly alyp barmaklaryny isleýär (1 Petrus 2:12). Ol biziň hemme edýän zatlarymyzy, hatda gizlin işlerimizi hem görýär (Ýewreýler 4:13). Biz jyns ahlaksyzlygyndan we bu dünýäniň başga erbet endiklerinden hem gaça durmalydyrys (1 Korintoslylar 6:9—11).

4. Pikir taýdan arassalyk. Eger biz öz akylymyzy arassa pikirlerden doldurýan bolsak, onda özümizi alyp barşymyz hem arassa bolar (Filipililer 4:8). Emma akylymyz hapalykdan doly bolsa, netijesi erbet işler bolar (Matta 15:18—20). Biz akylymyza ýaramaz täsir edip bilžek tomaşalardan gaça durmaly. Biz öz akylymyzy Hudaýyň Sözüni öwrenmek bilen arassa pikirlerden dolduryp bileris.

5. Ten taýdan arassalyk. Mesihçiler — Hudaýyň wekilleridir, şol sebäpli, olar öz tenini we egin-eşigini arassa saklamalydyr. Hajathana baranyňdan soň, hem-de nahar taýýarlamazdan we nahar iýmezden öň, eliňi ýuwmak gerek. Eger öýde adaty kanalizasion sistemasy ýok bolsa, nejasadyňy gömmek gerek (Kanunyň Gaýtalanyşy 23:12, 13). Ten taýdan arassalyk — gowy saglygyň girewidir. Mesihçiniň öýi, hem içinden hem daşyndan arassa we päkize bolmaly. Başga adamlaryň öýleri bilen deňeşdireniňde, ol göreldeli bolmalydyr.

6. Arassa gepleýiş. Hudaýyň gullukçylary elmydama hakykaty aýtmaly. Aldawçylar Hudaýyň Patyşalygyna girmez (Efesliler 4:25; Ylham 21:8). Mesihçiler hapa sözler ulanmaýarlar. Olar ýigrenji degişmeleri we edepsiz wakalary gürrüň bermeýärler we diňlemeýärler. Öz arassa gepleýşi bilen, olar işdäki we mekdepdäki, hem-de öz töweregindäki ýaşaýan adamlardan tapawutlanýarlar (Efesliler 4:29, 31; 5:3).

[18, 19-njy sahypadaky surat]

Hudaýyň gullukçylary hemme taraplaýyn arassa bolmalydyrlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş