Ýygnagyň gözegçileri — Ýaşulular maslahatynyň koordinatory
1, 2. Koordinator nähili esasy borjy ýerine ýetirýär we ol näçe wagtlyk bellenilýär?
1 Ýygnakda gözegçi bolup gulluk etmek, örän jogapkärli borçdur (Res. iş. 20:28; 1 Tim. 3:1). Şu we indiki makalalarda ýygnak ýaşulularynyň ýerine ýetirýän dürli borçlary barada gürrüň ediler. Bu makalalar ýaşulularyň biziň üçin edýän wajyp işlerini gymmat saýmaga kömek eder.
2 Ýaşulular maslahatynyň kooridnatory gurama tarapyndan belli bir möhletsiz bellenilýär. Ýygnagyň ýaşululary öz borçlaryny gowy ýerine ýetirer ýaly, koordinator ýaşulular maslahatynyň işini gurnaýar. («Guramaçylykly» (rus.) sah. 39—42). Nädip?
3. Koordinator ýene-de nähili işleri edýär?
3 Ýygnaga degişli hatlar koordinatora gelýär we ol hatlary derrew kätibe berýär. Koordinator ýaşulular maslahatynyň duşuşygyna taýýarlyk görende, olaryň teklip edýän soraglaryny ýygnaýar we duşuşygyň meýilnamasyny düzýär. Şeýle-de ol duşuşygy alyp barýar we gelnen kararlaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär. Koordinator gulluk duşuşyklarynyň taýýarlanmagyna we jemagat nutuklarynyň tertibine gözegçilik edýär. Ol ýygnakda aýdylmaly ähli bildirişlere we ýygnak üçin edilen çykdajylary tölemäge rugsat berýär hem-de her üç aýdan pul hasabatyny barlaýar.
4. Koordinatoryň başga-da nähili borçlary bar?
4 Ýaşulular maslahatynyň koordinatory ýygnagyň gulluk komitetiniň işine gözegçilik edýär. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam wagyzçy bolmak ýa-da wagyzçy suwda çokundyrylmak islese, koordinator onuň ýaşulular bilen duşuşmagynyň aladasyny edýär. Şeýle-de ol ýygnaga etrap gözegçisiniň gelen hepdesinde, dogan-uýalara peýdaly bolar ýaly, taýýarlyk işlerine gözegçilik edýär.
5. Koordinatoryň kiçigöwünli bolmagy näme üçin wajyp?
5 Ýaşulular maslahatynyň koordinatory köp borçlary ýerine ýetirýär. Onuň borçlaryny kiçigöwünlilik we «gaýrat bilen» berjaý edişi ýaly, biz hem ýaşulular bilen işleşip, öz goşandymyzy goşup bileris (Rim. 12:8). Eger biz ýygnagyň gözegçilerine «gulak assak» we «tabyn bolsak», şonda olar edýän işinden köp şatlyk taparlar (Ýew. 13:17).