Sowally bukja
◼ Täzeden ýygnaga kabul edilen adam barada bildiriş aýdylanda, el çarpmaklyk ýerliklimi?
Ýehowa merhemete baý Hudaýdyr. Ol Mukaddes Ýazgylaryň esasynda, toba eden günäkäre Öz razylygyny gazanmaga we oňa ýene-de mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmaga mümkinçilik berýär (Zeb. 51:12, 17). Şeýle ýagdaýda biz toba eden günäkäre söýgimizi bildirmek isleýäris (2 Kor. 2:6—8).
Dogan-garyndaşymyz ýa-da tanyş adamymyz täzeden ýygnaga kabul edilende, biz örän begenýäris. Emma bu barada bildiriş edilen wagty özümize erk etsek gowy bolardy. Bu babatda «Garawul diňi» žurnalynda (w98-U 1.10. 17) şeýle diýilýär: «Mesihçiniň näme sebäpden ýygnak gatnaşygyndan kesilendigini we täzeden kabul edilendigini ýygnak agzalarynyň köpüsiniň bilmeýändigini unutmaly däl. Mümkin, günäkäriň eden işi sebäpli kimdir biri zyýan çekendir ýa-da şu günlere çenli ejir çekýändir. Şeýle dogan-uýalaryň duýgularyny göz öňünde tutup, ýygnaga täzeden kabul edilen adamy jemagatyň öňünde däl-de, ikiçäk ýagdaýda gutlap bileris».
Biz hakykata dolanan adam üçin örän begenýäris, emma ol barada bildiriş edilende, el çarpmaklyk ýerliksiz bolardy.