Sowally bukja
◼ Biz ýygnakda berlen ýumuşlara nähili garamaly?
Ýygnakda tertip-düzgüniň bolmagy üçin, Ýehowanyň halkynyň her bir agzasy goşant goşmaly (1 Kor. 14:33, 40). Bir duşuşygy geçirmek üçin näçe işiň edilýändigi barada oýlanyp görüň! Ýygnak duşuşygyny geçirmekden başga-da, dogan-uýalar ýygnagyň öňünden we soňundan köp işleri edýärler. Göze ilmeýän işler barada oýlanmak hem wajypdyr. Bu işlere biziň her birimiz nädip öz goşandymyzy goşup bileris?
Kömek ediň. Kömek etmek isleýän adama hemişe iş tapylar (Zeb 110:3). Ýarawsyzlaryň we gartaşanlaryň aladasyny ediň. Patyşalyk zalynyň arassaçylyk işine kömek ediň. «Seniň kömegiň gerek» diýmänkäler hem köp ýagşy işleri edip bolýar. Iň esasy zat, adamda kömek etmek islegi bolmaly.
Pesgöwünli boluň. Pesgöwünli adam başgalara höwes bilen hyzmat edýär (Luka 9:48). Bu häsiýet bize edip biljek işimizden artyk zatlary boýun almazlyga kömek edýär. Mundan başga-da, pesgöwünli adam özüne berlen borçdan başga işlere goşulmaýar (Sül. tym. 11:2).
Ynamdar boluň. Gadymy ysraýyl halkynyň arasyndan «dogruçyl» we ynamdar adamlary jogapkärli borja bellemek babatda Musa pygambere maslahat berildi (Müs. çyk. 18:21). Ynamdarlyk häsiýeti şu günler hem gymmat saýylýar. Siz tabşyrylan her bir işi ak ýürekden ýerine ýetiriň (Luka 16:10). Eger siz berlen ýumşy bir sebäbe görä ýerine ýetirip bilmeseňiz, onda ony başga birine tabşyrmagyň aladasyny ediň.
Yhlasly boluň. Mesihçiler dünýewi işinde hem yhlas bilen zähmet çekýärler (Kol. 3:22—24). Şol sebäpli biz hakyky seždäniň ýaýramagy üçin has-da yhlasly bolmaly. Eger biz ujypsyz ýumuşlary hem gowy ýerine ýetirsek, dogan-uýalara köp peýda getirer.
Her bir berlen täze ýumuş Ýehowa we dogan-uýalara söýgimizi bildirmäge mümkinçilik döredýär (Mat. 22:37—39). Geliň, bize tabşyrylan ähli ýumuşlary yhlas bilen ýerine ýetireliň!